"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Daýhan bazary (Goşgular toplumy)

Ýaşuly çopanlaryň biri ogullaryna her gezek bazara baranlarynda säher bilen goýun bazaryna aýlanyp görmegi, alsalar-almasalar, satsalar-satmasalar hem mal bahalatmagy sargapdyr. Ol: «Goýun bazar pirli bazardyr, ondan döwlet ýokar» diýer eken. Goýun bazarynda

Gelin kömeleginiň ösdürilip ýetişdirilişi

Tebigatyň datly tagamlarynyň biri bolan gelin kömelegini ýylyň islendik paslynda ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek mümkin. Gelin kömelegi köplenç, kömelekhanalarda üsti örtülgi çukurlarda, garaňkyladylan ýyladyşhanalarda we garaňky jaýlaryň tekjelerinde ýylyň dowamynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gelin kömeleginiň tohumy 1 gezek ekilenden soň, topragyň ýüzünden ýokarda gaýçy bilen kesilip ýygylsa, 2 – 3 gezek täzeden gögerip, hasyl bermek mümkinçilikleri bolýar. Gelin kömelegi ekilenden soň, garaňky ýerde +12, +14 gradus ýylylykda, howanyň 80 – 85 göterim we topragyň 74 – 76 göterim çyglylygynda 3 – 5 günden gögerip çykýar. Gögerip çykandan soň, 1 – 2 günden ýygyma taýýar bolýar. Gelin kömelekleri 8 santimetr galyňlykdaky çüýrüntgili toprakly tekjelerde ösdürilip ýetişdirilýär. Tekjeleriň beýikligi 6 – 8 santimetrde bir-biriniň üstünde çekip almak usulynda ýerleşdirilýär. Umumy tekjeleriň sany 15 – 20 sany bolup, kömelekhananyň ortasynda inli ýol goýulýar. Ýoluň iki gapdalynda tekjeler bir-biriniň üstüne örtülen görnüşde ýerleşdirilýär.

250 gektarlyk tokaý döretdi

Şahyr Gara Seýitliýew bir agaç eken adamyň adynyň dünýä kitabyna ýazylýandygyny şygyr bilen nygtapdy. Onda 11 müň düýp nahaly ösdürip-ýetişdirip, 250 gektar ýeri tokaýa öwren adamyň ady has-da uly hormata eýe bolsa gerek. Biz bolsa, häzirlikçe onuň adyny öz habarymyzda buýsanç bilen dile getirýäris. Indoneziýaly Alasan Sadiman atly adam 11 müň düýp nahal oturdyp, takyr depeleri tokaýa öwürdi. Şeýlelikde, Ýawa şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy 250 gektar meýdany agaçdan doldurdy. Elbetde, ol bu işe ömrüniň 24 ýylyny bagyş etdi.

Bir özi 100 işi eder

Öz işlerini Kanadada alyp barýan tehnologiýa kompaniýalarynyň biri tarapyndan işlenip düzülen täze oba hojalyk roboty şeýle bir ukyply welin, onuň başarmaýan işi ýok. Hawa, ol ekini ekibem, tohumlandyrybam, dökünläbem, hatda hasyl ýygybam başarýar. Mehanizatorsyz oba hojalyk tehnikalary — traktorlardyr kombaýnlar indi juda bir uly täsinlik hem däl. Ýöne, ynha, DOT Power Platform diýlip atlandyrylýan robot tehnologiýasynyň bir özi ençeme işiň hötdesinden gelip bilýär. Adam däl diýäýmeseň, ol işine berlen «daýhan».

Äpet pomidorlar ýetişdiriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jorjiýa we Gresiýanyň Afina uniwersitetiniň alymlary görnüşi boýunça has uly we suwly pomidor ýetişdirmegiň usulyny tapdylar. Munuň üçin olar degişli geni işläp taýýarladylar. Ösümlikler dünýäsinde ýa-da gündelik durmuşymyzda bolsun, parhy ýok, pomidor gök-bakja önümleriniň arasynda iň zerurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýöne gök önümleriň beýleki görnüşleri ýaly, pomidor hem taryhyň dowamynda köp sanly özgerişlere sezewar bolupdyr. Gerek bolsa, pomidoryň «ata-babalary» hasaplanylýan ösümlikler oňa asla çalymdaş hem däl. Üstesine-de, bu özgerişlik henizem dowam edýär.

Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hususyýetçiligiň eýeleýän ornunyň yzygiderli giňelmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň maldarçylyk pudagynda hususy işewürleriň gazanýan üstünlikleri hem munuň aýdyň subutnamalarydyr. Bu üstünlige welaýatymyzyň Serdar etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kämilligiň gözbaşy» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy hem saldamly goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň pudaklarynda hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli azyk, şol sanda maldarçylyk önümleri bilen halkymyzyň bereketli saçaklarynyň bolçulygyny üpjün etmek babatda öňde goýýan anyk tabşyryklary, munuň üçin döredýän şert-mümkinçilikleri gara mallary idetmäge, olaryň baş sanyny artdyrmaga ýöriteleşdirilen bu maldarçylyk toplumynyň işiniň ýola goýulmagynyň gözbaşyna öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän aladalara mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermegi hemişelik baş maksadyna öwren hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy süýt berijiligi ýokary bolan sygyrlaryň köpeldilmegini gazanmakda guwandyryjy tejribelere eýe bolýar. Toplumda häzirki wagtda idedilýän gara mallaryň baş sany 620-ä ýetýär. Şolaryň 150-si sagylýan sygyrlar bolup, olardan her günde 1,5 tonna golaý süýt alynýar.

Kömelek barada täsin maglumatlar

Kömelegiň beýleki ösümliklerden tapawutlylykda tohumy bolmaýar. Aslynda, olar ösümlik hem hasaplanmaýar. Kömelekleriň köki, baldagy, ýapragy, güli, miwesi hem bolmaýar. Şol sebäpli janly organizmiň bu görnüşi haýwanlardan we ösümliklerden tapawutly bolup, kömelekleri öwrenýän ylma mikologiýa diýilýär. Kömelekler sporalar arkaly köpelýär. Kömelegiň sporasy onuň telpejiginde bolýar. Şeýle-de bolsa kömelekleriň köp görnüşi ýeriň aşagyndan bir-birleri bilen baglanyşykly bolýar.

Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň!

Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Rana Ýuldaşowa her ýyl ýüpek gurçugyny idetmekde, ondan bol pile öndürmekde oňat netijeleri gazanýar. Elbetde, bereketli pile hasylyny öndürmekde ýüpek gurçugyny tut ýapraklary bilen doly üpjün etmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Kärendeçi zenan bu işe aýratyn ähmiýet berip, mundan üç ýyl ozal daýhan birleşigine degişli 1,5 gektar ýere tut nahallaryny oturdyp, oňa ýyllaryň dowamynda göreldeli ideg etdi. Bu günki gün kärendeçi zenanyň maşgala agzalary bilen çeken göreldeli zähmeti netijesinde şonça ýerde tut agaçlarynyň iri ýaprakly görnüşleriniň 1800 düýbi ösüp ýetişdi. — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem maşgala agzalarymyz bilen ýüpek gurçugyndan ýokary hilli pile öndürmegi göz öňünde tutýarys. Köp zähmet siňdirip ýetişdiren tut agaçlarymyz şu ýyl ýüpek gurçuklaryny tut ýapraklary bilen doly üpjün eder. Hut şunuň üçin ata-babalarymyz: «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň!» diýip, aýdan bolsalar gerek. Ýakynda ýüpek gurçuklaryny idetmäge girişdik. Olaryň iýmitiniň ýeterlik bolmagyna, saklanylýan jaýlarynyň arassaçylygyna uly ähmiýet berýäris, howasynyň kadaly ýagdaýynyň üpjün edilmegi üçin zerur çäreleri görýäris — diýip, Rana Ýuldaşowa gürrüň berdi.

Ýüpekçileriň iş-aladalary

Ýüpek gurçuklaryny idetmek işine gadymy Ahal ýaýlasynda örän jogapkärli çemeleşilýär. Welaýatyň ýüpekçi kärendeçileri şu günler özlerine paýlanan 3941 guty gurçugy talabalaýyk idetmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ideg etmek işine irgözinden taýýarlykly girişilmegi häzirki wagtda möwsümiň talabalaýyk alnyp barylmagyna şert döredýär. Möwsümiň öňüsyrasynda ýörite hünärmenleriň ýerlerde bolup, ýüpek gurçugynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşmagy, kärendeçiler bilen iş üstünde duşuşyp, özara pikir alyşmagy we degerli maslahatlaryny bermegi bu jogapkärli işde uly ähmiýete eýe boldy. Şoňa görä-de, häzirki günlerde kärendeçiler ýüpek gurçugynyň kadaly iýmitlendirilmegini gazanýarlar.

Maýsalar bol hasyl toplaýar

Kaka etrabynda güýzlük däne ekilen meýdanlara ideg etmek işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Etrabyň daýhan birleşikleri boýunça üstümizdäki şanly ýylyň hasyly üçin 41 müň gektarda däne ýetişdirilýär. Barha boý alýan we bol hasyla durýan maýsaly meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly çäreler agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirilýär. Munuň özi ekiniň bol hasyl toplamagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Häzirki agrotehniki çäreleri alyp barmakda etrabyň «Parahat», A.Tahyrow adyndaky daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri has yhlasly işleýärler. Maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly möhüm işde oba hojalyk tehnikalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlar işjeňlik görkezýärler. Etrapda tehnikalary galla oragyna taýýarlamak işleri hem utgaşykly alnyp barylýar. Bu babatda etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bejeriji ussalary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler bellenilmäge mynasypdyr.

Babadaýhan etrabyndan gowşan habarlar

Ýurdumyzyň ýüpekçileriniň durmuşynda möhüm möwsüm bolan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri etrapda gyzgalaňly dowam edýär. Bu jogapkärli işde etrabyň «Hasyl» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer pileçileri has-da tapawutlanmagy başarýarlar. Daýhan birleşigine berlen 560,5 gram gurçugy idetmek tejribeli ýüpekçilere ynanylypdyr. Olardan Gültäç Ataýewa, Ogulnabat Meretdurdyýewa, Täjigül Ataýewa, Annatäç Baýramowa ýaly ussat pileçiler gurçuklara ideg etmekde görelde bolýarlar. * * *

Işler gyzgalaňly barýar

Serdar etrabynyň edermen babadaýhanlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Munuň üçin şu günler ekin meýdanlarynda gyzgalaňly zähmet möwç urýar. Bahar paslynyň amatly günlerinden ýerlikli peýdalanyp, ideg edýän kärende ýerlerinde gowaça ekişini irki möhletlerde tamamlan daýhanlar gögeriş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alyp barýarlar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri-de Balkanabat şäherindäki «Batly gadam» hususy kärhanasydyr. Bu kärhananyň ekerançylary mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan tutulýan ýylynda Serdar etrabynyň çäklerinde 2300 gektar meýdanda gowaça ekişini üstünlikli tamamladylar. Biz hususy kärhananyň ekerançylyk meýdanlaryna baryp, daýhanlaryň zähmeti, kuwwatly daşary ýurt tehnikalary arkaly işleriň alnyp barlyşy bilen gyzyklandyk. Şonda hususy kärhananyň ýolbaşçysy Arazberdi Amanmämmedow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol daşary ýurt tehnikalarynyň 58-si bilen ekin meýdanlarynda iş alyp barýandyklaryny, olardan başga-da ekiş gurallarynyň we beýleki tehniki enjamlaryň hem hususy kärhananyň öz hasabyna degişlidig

Ýaşyl hatarlar köpelýär

Halal kespli daýhanlarymyz şanly ýylyň oba hojalyk möwsümini üstünliklere beslemegi maksat edinip, tutanýerli zähmet çekýärler. Olar gowaça ekişini iň soňky gektarlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirýärler. Şonuň netijesinde ekiş geçirilen meýdanlarda bu tehniki ekiniň ýaşyl hatarlary barha artýar. Şeýle buýsandyryjy görnüş welaýatymyzyň ussat ýer eýeleriniň geljek altyn güýzde Watan harmanyna pagtanyň 320 müň tonnasyny tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine bolan ynamy berkidýär. Üstümizdäki ýylda welaýatymyz boýunça gowaça 130 müň gektar meýdana ekiler. Bu möhüm çäräni ýokary hilli, bellenilen möhletinde geçirmek üçin daýhanlardyr olaryň ýakyn ýardamçylary bolan mehanizatorlar uly tagallalary edýärler. Ekişiň edilýän talaplara laýyklykda geçirilýändigine gowaça ekilen meýdanlaryň 40 müň gektardan gowragynda gowy gögerişiň alnandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mehanizatorlar bolsa gowaçalaryň hatar aralaryny bejermek işlerine hem guramaçylykly girişdiler. Bu möhüm çäreler Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki etraplarynyň hojalyklarynda has guramaçylykly we netijeli alnyp barylýar.

Bu günki hereket — ertirki bereket

Ekerançylyk bilen meşgullanýanlar üçin ýazky ekiş möwsümi iň jogapkärli döwürleriň biri hasaplanýar. Sebäbi geljekki hasylyň bereket-bolçulygy ýaz ekişiniň irki möhletde we ýokary hilli geçirilmegine bagly bolup durýar. Ekişi öz wagtynda we guramaçylykly geçirmegi maksat edinýän babadaýhanlarymyz bu möwsümiň her pursadyndan netijeli peýdalanmak üçin güýç-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Şu günler Watanymyzyň gymmatly baýlygy bolan pagtanyň bereketli hasylyny kemala getirmek maksady bilen, gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna baryp, häzirki döwürde möhüm agrotehniki çäre bolan gowaça ekişiniň ýagdaýy bilen gyzyklananymyzda, etrabyň «Görelde» daýhan birleşiginiň pagtaçy babadaýhanlarynyň ýazky ekiş möwsüminde köplere görelde görkezerlik işleri alyp barýandyklaryny aýtdylar. Biz işiň böwşeňleşen çagydyr diýip çaklap, günortana golaýrak daýhan birleşigine baranymyzda, birleşigiň ähli hünärmenleriniň ekiş geçirilýän ýerdedigine, bu jogapkärçilikli möwsümde bolsa işiň böwşeňleşýän wagtynyň bolmaýandygyna ýene bir gezek anyk göz ýetirdik. Bu ýerde ilki bilen daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Arazgül Çaryýewa bilen söhbetdeş bolduk. Onuň aýtmagyna görä, birleşigiň pagtaçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 1000 gektar ýere gowaça ekmegi göz öňünde tutýarlar. Häzirki wagtda ekiş işleri üç

Oba hojalygy: ýaz aladalary

ÝAŞ GURÇUKLAR PAÝLANYLÝARHormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ýüpekçiligi ösdürmek, pile öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinýän welaýatymyzyň ýüpekçi kärendeçileri, olara degişli goldaw-kömekleri bermek boýunça derwaýys çäreleri amala aşyrýan kärhanalaryň işgärleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň pile öndürmek möwsümine taýýarlykly geldiler. Şeýlelikde, düýn etraplaryň daýhan birleşiklerinde şu möwsümde pile hasylyny kemala getirmek barada şertnama baglaşan ýüpekçi kärendeçilere tohum örüziş merkezlerinde tohumdan çykarylan ýaş ýüpek gurçuklaryny paýlamaga girişildi. Meýilnama boýunça häzirki wagtda tejribeli ýüpekçi kärendeçileriň jemi 12 müňden gowragyna 12711 guty ýaş gurçuklary idetmäge bermek göz öňünde tutulýar. Munuň özi welaýatymyz boýunça şu ýyl Watan harmanyna 500 tonna ýokary hilli pile tabşyrmak baradaky meýilnamanyň doly ýerine ýetirilmeginde esasy aladalaryň biri bolup durýar.Ýörite habarçymyz. * * *

Ýaşyl hatarlar

Welaýatymyzyň obahojalykçylary hormatly Prezidentimiziň bu pudagy çalt depginlerde ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, joşgunly zähmet çekýärler. Olar ösüşli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Döwrüň talabyna laýyk bähbitli işleri ýerine ýetirmekde aýratyn hem Baýramaly etrabynyň obahojalykçylary oňat netijeleri gazanýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan birleşiklerinde täzeçe işlemeklige tutanýerli girişýärler. Munuň özi daýhan hojalyklarynyň döredilýändigini aňladýar. Bu usulda zähmet çekmegiň oňat netijeleri berýändigi bolsa äşgär duýulýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylyk pudagy boýunça “Merdem kuwwat” daýhan hojalygy döredildi. Durdymuhammet Salyhowyň ýolbaşçylygyndaky bu daýhan hojalygy 490 gektar ýerde ýaz ekişini geçirmek işini üstünlikli ýerine ýetirdi. Işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, tehniki üpjünçiligiň artdyrylmagy jogapkärli ýaz ekişiniň öz wagtynda geçirilmegine şert döretdi. Ýaz ekişini geçirmekde mehanizatorlar Agamyrat Rejepow, Jemal Tekäýewa, Ylýas Aşyrow şeýle hem, beýleki tehnika eýeleri tutanýerli işlediler.

Gadamy batly kärendeçi

Toprak maňlaý derini aýaman zähmet çekýäne özüniň bereketini bolluk bilen eçilýär. Muňa oňat düşünýän zähmet adamsy ýere eýe gözi bilen garap, bol hasyl ugrunda aladalanýar. Işine ussat, ýylyň-ýylyna ýokary netije gazanmagy başarýan kärendeçileriň biri hem Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atamyrat Jumabaýewdir. Oba oglany kiçiliginden mellegiň işine, mal-gara kömekleşip, zähmete bişişýär. Toprak bilen iş salyşmagy bilýän A. Jumabaýew daýhan birleşiginden kärendesine ýer alyp, zähmet ýoluny dowam etdirýär. Ol ýaşlygyna garamazdan, kärende ýerine bugdaýdyr pagtany gezekleşdirip ekip, ýokary netijeleri gazanmagy başarýar. Hojalygyň hünärmenleriniň berýän maslahatlaryny iş ýüzünde amala aşyryp, özüniň tejribesini artdyrýar.

Ýaş pileçiler görelde bolýarlar

Her ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, pile tabşyrmagyň meýilnamasyna abraý bilen hötde gelýän Tagtabazar etrabynyň pileçileriniň yhlaslary ýerine düşýär. Geçen ýylky gazanan zähmet üstünlikleri bilen ruhlanan pileçilerimiziň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da gadamlary batly, ümzükleri öňe. Munuň şeýledigine olaryň şu günlerki döredijilikli zähmetlerini göreniňde-de doly göz ýetirýärsiň. Senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan ýokary hilli piläni taýýarlamakda etrabymyzyň pileçileri uly ynam, aýdyň maksat bilen işleýärler. Bu işde ýaş pileçilerimiziň goşantlarynyň uludygy hem buýsandyrýar. Üstümizdäki ýylda etrabymyzyň pileçileri 32851 gram gurçuga ideg edýärler. “Marçak”, “Ýaşlyk”, “Azatlyk”, “Pendi” we beýleki daýhan birleşikleriniň pileçi ýaşlary ýokary hilli pile almak üçin eýeçilik edýän gurçuklaryna yhlasly ideg edýärler. Arassa hem belli bir ýylylykdaky jaýlarda gurçuklar kadaly iýmitlendirilýär.

Zeminiň ýaraşygy topragyň berekedi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly ene topraga oturdyljak 30 million düýp bag nahaly bilen has-da şöhratlanar. Badalgasy 20-nji martda berlen bag ekişlik möwsümi güýze çenli dowam eder. Bu aralykda, bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda ägirt uly tokaýyň düýbi tutular. Bu asylly we sogaply işe Farap etrabynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Sag kenarda gür baglykŞu ýyl Amyderýanyň sag kenaryndaky etrapda ýaş nahallaryň ýüz müňlerçe düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Olaryň eýýäm agramly bölegi oturdylyp, ideg işleri başlandy. Etrapda yglan edilen iki aýlygyň dowamynda her hepdäniň dynç alyş günlerinde köpçülikleýin çäreler geçirilip, şol günlerde baglaryň idegine aýratyn üns berilýär.

Ekiş gyzgalaňly dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, Jeýhun ýakasyndaky ekerançylyk ýerlerinde, şol sanda Farap etrabynda hem gowaça ekişi dowam edýär. Etrapda döredijilik saparynda bolanymyzda, ekişiň barşy bilen tanşyp, gyzykly maglumatlaryň birnäçesini aldyk. Şu ýazgylar bilen ugurdaş synlaýan suratlaryňyz «Farap» daýhan birleşigine degişli meýdanlarda düşürildi. Ýuwuş suwundan soňky agrotehniki çäreler bilen ekişe doly taýýar edilen ýerlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynyň «ak altyn» harmanynyň düýbi üstünlikli tutulýar.