"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mawy ekranyň taryhy

Telewizor häzirki wagtda Ýer ýüzünde iň giň ýaýran elektron enjamlaryň biridir. Grek dilindäki «tele» — uzak we latyn dilindäki «visio» — görmek sözlerinden dörän telewizor sözi XX asyryň başlarynda ulanylyşa girizilýär. Ilkinji mehaniki telewizor 1923-nji ýylda Beýik Britaniýada Jon Logie Baird tarapyndan döredilýär. Şeýle hem, ol 1926-njy ýylda enjamda ak we gara reňklerden ybarat bolan ilkinji şekilleri görkezýär. Bu açyşdan soňra telewizora ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa ýaly döwletler tarapyndan hem uly gyzyklanma bildirilýär. Mehaniki telewizor ilkinji gezek toplumlaýyn esasda «Visionette» ady bilen «Western Television» amerikan kompaniýasy tarapyndan öndürilýär we 1929-njy ýylda satuwa çykarylýar. Bahasy 100 amerikan dollaryna golaý, görkezijilik hili pes bolan bu telewizorlarda sesleri eşitmek üçin goşmaça enjamlary gurnamaly bolupdyr. Telewizorlar döredilen gününden başlap yzygiderli kämilleşdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen elektron telewizorlar hem oýlanyp tapylýar. 1934-nji ýylda Germaniýada «Telefunken» kompaniýasy tarapyndan ilkinji elektron telewizor önümçiligi ýola goýulýar, şeýle hem «DFR» telestudiýasy işläp başlaýar. 1936-njy ýylda Germaniýada geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýurduň ilaty ilkinji gezek telewizorlar arkaly tomaşa edipdirler. Soňra bu enjam Beýik Britaniýa, Fransiýa döwletlerinde hem öndürilip başlanýar. 1930-njy ýyllaryň ahyrynda ABŞ-da 7000, G

Kompýuter — ygtybarly enjam

Kompýuter — häzirki zaman dünýäsinde iň ygtybarly we derwaýys enjamlaryň biridir. Onuň derwaýyslygy islendik işi wagt ýitirmezden, tiz ýerine ýetirmäge ukyplylygy bilen ölçenýär. Geçen asyrlarda akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar çylşyrymly hasaplamalary amala aşyrmaly bolanlarynda, köp wagt sarp etmeli bolupdyrlar. Häzirki ösen zamanada bolsa, bary-ýogy sähelçe wagtyň dowamynda ýüzlerçe amallary ýerine ýetirip bolýar. Meşhur matematik Eýler asman jisimleri bolan kometalaryň traýektoriýalaryny, Lewer Neptun planetasynyň traýektoriýasyny we Uran planetasynyň hereketini hasaplamak üçin birnäçe ýylyny sarp edipdirler. Kompýuterler bolsa bu hasaplamalary sanlyja minutyň içinde ýerine ýetirmäge ukyply. Kompýuterleriň kömegi bilen häzirki döwürde emeli hemralaryň hereketine gözegçilik etmekde uly işler alnyp barylýar.

Tehnologiýa dünýäsi

HALKARA SERGINIŇ IŇ GOWY SMARTFONLARY ■ ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen elektron enjamlaryň halkara sergisinde (CES 2021) dürli enjamlar bilen bir hatarda, smartfonlaryň hem birnäçe görnüşi tanyşdyryldy. Bu ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen sergide görkezilýän smartfonlaryň iň gowulary saýlandy. Taýýarlanan sanawda «OnePlus 8 Pro» birinji orna eýe boldy. Geçen ýyl tanyşdyrylan telefonyň 6,78 dýuým ululygynda QHD+ ekrany bar. «Snapdragon 865» mikroprosessory oturdylan smartfonyň hemişelik ýadynyň göwrümi 128 hem-de 256 gigabaýta deň. Telefonyň yz tarapynda dört sany kamera bolup, olaryň ikisi 48 MP durulygynda surata alýar. Şeýle hem 8 MP durulygynda telefoto we 5 MP durulygynda reňk öwüşginini berýän linzalar bar. Telefonyň öň tarapynda bolsa, 16 MP durulygynda selfi kamerasy ýerleşdirilipdir. «Android 10» amaly ulgamynda işleýän telefon çydamlylyk synagynda hem şowly netije görkezipdi.

Döwrebap ösüşe tarap

Gahryman Arkadagymyzyň tassyklan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy belleniler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz ähli ugurlarda iňňän uly ösüşleri gazandy.

Baky bagtyýarlygyň bagtly miweleriýetilen belent sepgitlerde we ösüşlerde has aýdyň şöhlelenýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmegi ýokary derejede alyp barýar. Dünýäniň häzirki zaman ösen tehnologiýasyndan netijeli peýdalanmak, şeýle hem raýatlara döwrebap hyzmatlary bermek maksady bilen, gullukda resminamalaryň elektron dolanyşygy hem giňden ýola goýlandyr. Elektron resminama dolanyşygy hemra aragatnaşyk ulgamy we optiki süýümli kabel arkaly amala aşyrylýar. Hemra aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we gullugyň ähli birlikleriniň arasynda ýokary hilli ýörite aragatnaşyk tory gurnalan.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Adamzat işini aňsatlaşdyrýan, ýeňillik döredýän zatlary durmuşyna juda çalt depginde ornaşdyrýar. Ylmyň gazananlarynyň mynasyp durmuşa geçirilmegi adamlaryň işini ýeňilleşdirmek, uly mümkinçilikleri döredip bermek bilen birlikde, wagty tygşytlamakda hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle şertleriň döremeginde bolsa, esasy orun sanly ulgama degişli bolup durýar. Sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçilikleri netijesinde adamlar birnäçe amatlyklardan peýdalanýarlar. Häzirki wagtda onuň ýurdumyzyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagy bilen ähli işlerde ençeme ýeňillikler döredi. Onuň netijesinde söwda merkezlerinde bank kartlary arkaly söwda etmekden başlap, dürli harytlary internet arkaly sargamak, zerur bolan tölegleri ýerine ýetirmek, «Türkmenhowaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň halkymyza hödürleýän mümkinçilikleri, ýagny petekleri onlaýn görnüşde satyn almak hem-de nagt däl hasaplaşyklary geçirmek, «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan sanly ulgamyň durmuşymyzdaky geriminiň barha giňeldilmegi ýaly şertler hem ýokarda aýdylanlara aýdyň subutnamadyr. Her gününi ösüşlere we üstünliklere besläp, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuna barýan Watanymyzda bu mümkinçilikler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolan gazetdir žurnallara hem giňden ornaşdyrylýar. Her günki täzeliklerdir habarlar we täsirli makalalar bilen ilkinjileriň hatarynda tanyşmak üçin inter

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýurdumyzyň maglumat giňişliginde öz beýanyny tapýar

Ösüş döwrebaplygy talap edýär. Biz tehnologiýalar eýýamynda ýaşaýarys. Biziň innowasiýa nukdaýnazaryndan çalt depginler bilen özgerýän dünýämiz durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň doly sanlylaşdyrylmagyny ösüşiň baş şerti hökmünde öňe çykarýar. Ösen sanly hyzmatlar ulgamynyň we maglumat giňişliginiň bolmagy durmuşymyzy ähli babatda ýönekeýleşdirmek we ýeňilleşdirmek bilen, gündelik zerurlyklarymyza sarp edilýän wagty hem-de harajatlary tygşytlamaga ýardam berýär. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletde uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmak, ilkinji nobatda, ýurduň öňünde ilatyň isleglerini doly kanagatlandyryp biljek sanly hyzmatlar hem-de giň maglumat üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda sanly hyzmatlar we maglumat üpjünçiligi ulgamy netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda degişli ugurda geçirilýän özgertmeler häzirki wagtda hereket edýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Muňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «www.iirmfa.edu.tm» internet saýtynyň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Multimedia tehnologiýalary we sanly bilim ulgamy

Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şol işleriň güýçli depginde amala aşyrylmagy tejribede özüniň mynasyp netijesini berýär. Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek üçin şol tehnologiýalary ulanyp biljek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talabydyr. Biz hem innowasion tehnologiýalaryň käbiri dogrusynda giňişleýin maglumatlary bermegi makul bildik. Multimedia grafika, tekst, wideo, fotosurat, hereketlenýän şekiller (animasiýa), ses effektleri, ýokary hilli sesi gurnaýjy ýaly birnäçe informasion gurluşlary öz içine alýar.

Aşgabat — geljegiň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ylmy esasly innowasion senagat, jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolan bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly (elektron) ykdysadyýete geçmek boýunça anyk meseleleri durmuşa ornaşdyrmak barada beren tabşyryklary, şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilýär. Häzirki zaman dünýäni sanly tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň ösüşlerine uly ýardam edýär. Täze tehnologiýalar öýde, işde, bilimde, saglygy goraýyşda, umuman, ähli ugurlarda işjeň ulanylýar. Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijes

Innowasion önümçiligiň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol maksat bilen eziz Arkadagymyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryndan ugur almak bilen kesgitlenilýär. Şol artykmaçlyklar, ozaly bilen, ägirt uly tebigy baýlyklaryň bolmagynda jemlenýär. Şolary senagat taýdan işläp taýýarlamak hem-de taýýar önüm görnüşinde çykarmak ýurdumyzyň esasy ykdysady ugruna öwrüldi. Innowasion önümçilige maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň esasy pudaklaryny we ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalaryna netijeliligi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijileri, şol sanda hususy önüm öndürijilerini goldamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem döwletimiziň girdejileriniň çeşmesi bolup durýan, uly isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge kömek edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy ykdysady, senagat, ylmy-tehniki taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri bilen kesgitlenilýän maýa goýum syýasaty halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, jemgyýetiň, her bir raýatyň döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam eder.

Dil öwrenmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy we tejribe toplamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek üçin hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Munuň özi häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryna doly laýyk gelýär.

Elektron aragatnaşyk hyzmatlary täze röwüşde

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda hem uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda berýän tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda möhüm işler alnyp barylýar. «Tmchat» — döwrebap aragatnaşyk

Eltip bermek hyzmaty

Hormatly Prezidentimiz 9-njy dekabrda söwda toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda, ilkinji nobatda, içerki bazarlaryň azyk we zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, şol sanda elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramagyň döwrüň ösen talabydygyna ünsi çekip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy esasynda ählumumy internet ulgamlarynda ýurdumyzyň harytlaryny hödürlemek, söwda kärhanalaryň web-sahypalaryny açmak, onlaýn söwdalary guramak arkaly, ýurdumyzyň harytlaryny ýerlemek, ykjam telefonlaryň degişli goşundylaryny döretmek, harytlary uzak aradan satmak, satyn almak we eltip bermek hyzmatlaryny guramak üçin mümkinçilikler giňelýär. Täze ýyl baýramynyň giňden bellenilen günlerinde bu hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany has-da artdy.

Wirtual muzeý: döwür bilen aýakdaş

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň wirtual muzeýiniň işi ýola goýuldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek açylan bu wirtual muzeý Döwlet muzeýine degişli bolan gymmatlyklary özünde jemleýär. Indi ata Watanymyzyň taryhy bilen tanyşmak isleýän syýahatçylar özleriniň kompýuterlerinde hem-de ykjam telefonlarynda internet arkaly «virtualmuseum.gov.tm» websaýtyna girip, Döwlet muzeýindäki eksponatlary wirtual görnüşde, oturan ýerlerinden hem synlap bilerler.

Kämil innowasion ösüş

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, tehnologiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän döwlet syýasaty ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň baş şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, ähli pudaklarda maglumat giňişligini döretmek, döwrebap we iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda sanly reformanyň geçirilmegi — önümçilige iň täze we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy öndürilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyna, ýokary islegden peýdalanylýan gymmaty ýokary bolan harytlaryň öndürilmegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň dünýä bazaryndaky ornunyň berkemeginiň esasy şerti bolup durýar.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uly drony Amerikanyň «Aevum» hususy kompaniýasy dünýädäki iň uly drony öndürdi. «Ravn X» atly bu dron emeli hemralary ýer togalagynyň orbitasyna çykarmak üçin ulanylar. Doly özbaşdak işleýän, uçarmansyz dron 1,6 kilometr uzynlykdaky uçuş-gonuş zolaklaryndan uçmaga we özbaşdak gonmaga ukyplydyr. Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, «Ravn X» dronynyň uzynlygy 24 metre, ganatlarynyň uzynlygy bolsa 18 metre barabar bolup, ol islendik howa şertlerinde uçmaga ukyplydyr.