"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baýramaly şypahanasynyň tebigy aýratynlygy

Hormatly Prezidentimiziň «Adam we onuň saglygy döwletiň iň gymmatly baýlygydyr» diýen baş ýörelgesine eýerilip, häzirki döwürde ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almakda şypahana bejergisi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar. Şu günki gün ýurdumyzda birnäçe şypahanalar hereket edýär. Olar ýylyň dört paslynda-da köp adamly. Adamlaryň saglygy barada döwlet derejesinde edilýän aladalaryň esasynda Baýramaly, Awaza, Arçman, Farap, Mollagara, Berzeňňi, Daşoguz, Bagabat, Ýyly suw şypahanalary dünýä ülňülerine gabat gelýän anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Şypahanalarda tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly raýatlara berilýän şypalar öz öňyn netijesini berýär. Melhemler mekany bolan ýurdumyzyň ajaýyp şypahanalarynyň amatly howa şertleri, Gün şöhlesi, mineral suwlary, gözel tebigaty hem-de bejeriş usullary saglygyňy berkitmekde örän täsirlidir.

Maşklaryň saglyga täsiri

Adamyň saglygyny berkitmekde, fiziki ösüşinde, keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. XX asyryň birinji ýarymyna çenli adamlaryň ýaşaýşynda fiziki iş uly orun tutýardy. Soňky döwürde tehnikanyň güýçli depgin bilen ösmegi we önümçiligiň mehanizasiýalaşdyrylmagy fiziki işjeňlige öz täsirini ýetirýär. Az hereket edilmegi (gipodinaniýa) netijesinde adam bedeninde dürli üýtgemeler bolup geçýär: ganaýlanyş peselýär, myşsa dartgynlylygynyň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Ulular bilen deňeşdireniňde çagalarda we ýetginjeklerde gipodinamiýa aňyň hem-de bedeniň ösüşinde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

Gyşda haýsy miweler peýdaly?

Gyş paslynda pyrtykal, banan, greýpfrut, limon, kiwi, alma, nar, hurma, injir ýaly miweleri gündelik iýmitiňe goşmak peýdalydyr. Olar immuniteti pugtalandyrýar, kesel dörediji mikroorganizmlere garşy durmaga ýardam edýär, ýiti respirator kesellerden goraýar. Sowuk gyş aýlarynda bu miweler adamyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýurdumyzyň derman senagatynyň şypaly melhemlikleri

Türkmenistanyň derman senagaty kärhanalary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli gymmatly ensiklopediki eserinden ugur alnyp, buýanyň kökünden şypaly melhemlik önümleriň onlarçasy taýýarlanylýar. ◊ Arassalanan buýan köki

Saglykdan özge bagt bolmaz

Çagalar, siziň arassa gyş howasynda oýnamagyňyz we gezelenç etmegiňiz saglygyňyz üçin peýdalydyr. Açyk howada oýnalanda ýa-da gezelenç edilende aşa galyň geýinmek maslahat berilmeýär, sebäbi galyň eşikler siziň hereketleriňizi çäklendirýär, bedeniň özara sazlaşygyny üýtgedýär. Gyş paslynyň aýazly howasynda başgap geýmegi, aýakgaplaryňyzy özüňize laýyk, rahat, ýyly hem-de mümkin boldugyça, olaryň dabanynyň düz bolmagyny ýatdan çykarmaň. Siz aýaklaryňyzyň üşemegine ýol bermäň, elmydama ýyly saklamalydygyňyzy unutmaň. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopediki kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içseňiz peýdaly bolar.

“Ähli zadyň sakasy saglyk”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Halkymyzda “Ähli zadyň sakasy saglyk” diýlen pähim bar. Berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar sagdyn jemgyýeti kemala getirýärler. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky hakykatyň güwäsi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

Saglygymyz özümize bagly

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek, raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen, ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hereket edýär. Onuň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almakdan, olaryň garşysyna göreşmekden, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden, raýatlaryň bu ugurdaky habarlylygyny ýokarlandyrmakdan, näsaglary ýokary hilli derman hem-de beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Oňa laýyklykda, raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin deň mümkinçilikler we şertler döredilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sany has-da artýar. Bu bolsa zyýanly endikler sebäpli döreýän ýokanç däl keselleriň azalmagyna getirer. Şeýle hem amaly lukmançylyga netijeli öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we dikeldiş çäreleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde, adam ömrüniň dowamlylygyny ýokarlandyrmakda degişli strategiýanyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Olary azaltmagyň wajyp usullarynyň biri bu keseller bilen baglanyşykly bolan howply ýagdaýlary kemeltmäge tagallalary gönükdirmek bolup durýar. Ilkinji nobatda, bu temmäkä

Bagtyýarlygyň mekany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy milli saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň binýadyny goýdy. Onuň esasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, adam ömrüni uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, halkara ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek ugrunda giň şertler döredildi. Ýurdumyzda keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edildi. Watanymyzda raýatlaryň saglygyny berkitmekde şypahana ulgamynyň uly ähmiýeti bardyr. «Arçman», «Ýyly suw», «Mollagara», «Farap», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Awaza», «Baýramaly» şypahanalarynyň durkunyň täzelenilmegi we täze binalarynyň gurulmagy, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde döwrebap dynç alyş-sagaldyş, sport we syýahatçylyk desgalarynyň ulanmaga berilmegi bilen ildeşlerimiziň saglygyny berkitmekleri üçin oňyn şertler döredildi.

Sagdyn ýaşaýşyň çeşmesi

Daş-töweregimizi gurşap alýan howanyň arassa bolmagy hem-de ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn çäreler görülýär. Howanyň arassalygyny goramak babatda geçirilýän çäreler, tebigy şertleriň gowulanmagyna, ynsan saglygynyň has-da berkemegine getirýär. Dünýä belli alym, zehinli lukman Abu Aly ibn Sina: «Adam saglygy daşky gurşaw bilen baglydyr» diýip belläpdir. Onuň pikiriçe, saglygy saklamak üçin oňa täsir edýän ýagdaýlaryň ýedisiniň sazlaşygyna aýratyn üns berilmelidir. Bedeniň (ýasawyň) sazlaşygy, iýmit saýlamak meselesi, göwräni artykmaç zatlardan arassalamak, beden gurluşyny kadaly saklamak, burundan alynýan demi gowulandyrmak, ynjalykly geýinmek, bedeniň we kalbyň hereketini sazlaşdyrmak (uky bilen oýalyk) onuň esasyny düzýär. Ibn Sina bu ýerde saglyga we kesele, olary döredýän sebäplere we ýardam edýän şertleriň özara baglylygyna aýratyn üns beripdir. Adam saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak üçin kadaly iýmit, uky we beden maşklary möhüm bolup durýar. Ynsan saglygy ýaşaýyş şertine, tebigatyň ýagdaýyna, howanyň, suwuň, iýmitiň, gök önümleriň, ösümlikleriň arassalygyna baglydyr. Zähmet, sagdyn we kadaly iýmit, iş bilen dynç alyş sazlaşdyrylsa, tolgunmalar, ýadawlyk tiz aýrylýar, kadaly durmuş emele gelýär. Nirede tebigat bilen sazlaşyklykda ýaşalsa, şol ýerde adamlar rysgal eýesi, bereket bulagyndan paýly bolýarlar. Biz ruhy,

Saglyk – baş baýlyk

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň! Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmäň!

Gipotireozly göwrelileriň uýgunlaşma mümkinçilikleri we gestasion üýtgemeleri

Мaýa KAKAGELDIÝEWAFiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy Gipotireoz – bu galkan şekilli mäziň işleýşiniň peselmegi zerarly bedende tireoid gormonlaryň ýetmezçiligi bilen şertlenen ýagdaýdyr. Gipotireoz sindromynda funksional bozulmalar patologik destruktiw esasda emele gelýär, ol bolsa, hususan, gipotireozynyň netijesinde bolşy ýaly, bilelikde geçýän iç keselleriň netijesi hökmünde hem emele gelýär. Iň köp ýaýran bilelikde geçýän keseller ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň we daýanç-hereket ulgamynyň keselleridir [1, 4, 7].

Tejribede trombositlere baýlaşdyrylan plazmanyň gyzylödegiň ýanygyndan soňky nagralanmagynyň öňüni almakdaky täsiri

Garabeg GOŞAÝEWM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň ylym bölümi Trombositlere baýlaşdyrylan plazmanyň (TBP) kliniki amalynda ulanylmagy häzirki zaman regeneratiw lukmançylygynyň wajyp gazananlarynyň biridir. Ylmyň bu ugry soňky birnäçe ýylyň dowamynda işjeň kämilleşýär. Munuň netijesinde, TBP lukmançylygyň dürli ugurlarynda ulanylyp başlandy. TBP kombustiologlaryň, kosmetologlaryň, stomatologyň, ortoped-trawmatologlaryň, urologlaryň, umumy hirurglaryň we lukmançylygyň beýleki köp ugurlarynda kliniki tejribede üstünlikli ulanylýar. Häzirki wagtda dürli keselleri bejermekde TBP-ni ulanmak üçin ýeterlik subutnama we ylmy esas bar [1, 5]. Emma TBP-niň köp ulanylýandygyna garamazdan, onuň kliniki täsiri köpdürlüligi bilen tapawutlanýar [2, 6]. Çünki TBP adamyň dermal fibroblastlarynyň köpelmegine itergi berip bilýär we in-vitro görnüşindäki kollageniň I görnüşiniň sintezini artdyryp bilýär. Şeýle-de, gistologiki maglumatlara görä, TBP deriniň içine we deriasty gatlagyň dokumalaryna sanjym edilende, fibroblastyň işjeňleşmegine, täze kollageniň çökmegine we täze gan damarlarynyň döremegine sebäp bolýar [3, 5]. Soňky ýyllar TBP-niň ergini zeperlenen ojaga oňaýly täsir ýetirýänligi, bejerginiň hilini ýokarlandyrýanlygy barada maglumatlar bar, emma onuň gyzylödegiň nagraly daralmalaryna ýetirýän täsiri barada edebi çeşmelerde maglumatlara duşmadyk [4, 7, 8].

Ýiti respirator wirus ýokançlarynyň etiologiki düzüminiň kesgitlenilişi

Jeren KEŞIKOWA, Çarymyrat GARLYÝEW, Mähri ANNABERDIÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň ýokanç çaga keselleri, mikrobiologiýa kafedralary Ýiti respirator wirus ýokançlary (ÝRWÝ) häzirki wagtda derwaýys meseleleriň biri bolmagynda galýar [2].

Peşewakarlaryň daşlarynyň bejerilişinde az inwaziw bejergi usullarynyň netijeliligi

Maksat REMAZANOW, Мämmetberdi ÇARYÝEW, Bazargeldi ÇARYÝEWArkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasy, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa we andrologiýa kafedrasy, S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi Peşew daş keseli (PDK) bilen ejir çekýän näsaglaryň 50%-ne golaýynda daşlaryň peşewakarda ýerleşýän görnüşleri duş gelýär [1, 3, 5].

Psewdoeksfoliatiw alamaty bilen utgaşan ilkinji ýapyk burçly glaukomanyň klinikasy we bejergisi

Güljahan BERDIÝEWA, Aýjamal TAGANOWA, Perhat ÖWEZGYLYJOW, Mähriban KASYMOWA, Leýla GARAJAÝEWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Göz keselleri kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi Ýapyk burçly glaukoma (ÝBG) Türkmenistanda ilkinji glaukomalaryň arasynda 62% eýeleýär [3]. Gipermetropik refraksiýaly gözde ÝBG-niň döremegi nesil yzarlaýanlygy barada birnäçe onýyllyklar mundan ozal aýdylyp geçildi [1]. Öňki kameranyň kiçi, jöwheriň galyň we gözüň öňki-yzky okunyň gysga bolmagy öňki kameranyň böwetlenmegine we ilkinji ÝBG-niň döremegine sebäp bolýan nesil yzarlaýan şert hasaplanýar [5, 7].

Göwrelilerde köpsuwlulyga getirýän howply faktorlar

Miwe AMANGULYÝEWA, Ogulşeker ANNAGYLYJOWA, Şeker BERDIÝEWA, Güljahan KAKAJANOWA Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy Perinatal akuşerçiligiň doly öwrenilmedik bölümleriniň biri köpsuwlulyk bolup durýar. Daşary ýurt alymlarynyň maglumatlaryna laýyklykda, bu gaýra üzülmäniň ýygylygy 0,12%-den 8,4%-e çenli duşýar.

Rewmatoid artritli näsaglarda interleýkin-4-iň gender tapawudy

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Wladimir GURBANOW, Şemşat AMANDURDYÝEWA, Selbi ATDAÝEWA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasy Rewmatoid artrit (RA) – simmetriki periferiki poliartridiň ösmegi bilen häsiýetlenýän we bogunlaryň destruksiýasy, öýkenleriň zeperlenmegi, ýürek-damar keseller bilen bilelikde geçýän dowamly alawlama keselidir [1, 6, 12, 17].

2-nji tipli süýjüli diabetli näsaglarda metaboliki sindrom

Şöhrat HOJAMYRADOWFiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy Metaboliki sindrom (MS) ýürek gan-damar patologiýalarynyň we 2-nji tipli süýjüli diabetiň döremeginiň töwekgellik faktorlarynyň birnäçesi bilen üýtgeşmeleriň metaboliki topary hökmünde kesgitlenilýär.

Süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň bejergisinde Türkmenistanyň endemiki dermanlyk ösümlikleriniň ulanylyşy

Miwe BERDIMYRADOWA, Allamyrat AKMYRADOW, Meretguly JUMAÝEW, Sapargül ARAZMEDOWA, Serdar HAJYÝEWOnkologiýa ylmy-kliniki merkezi, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň medisina biologiýasy we genetika, şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedralary Süýt mäzleriniň howply täze döremelerinden (SMHTD) bolan keselleýjiligiň we ölümçiligiň görkezijileri dünýäniň ähli döwletlerinde dürli derejelerde bellenilýär. Demirgazyk Amerika, Awstraliýa we Günbatar Ýewropa döwletlerinde her 100 000 zenana 99 näsag bellige alynýan bolsa, Gündogar Aziýa we Afrika döwletlerinde bu görkeziji 4 esse pesdir. Gündogar Ýewropa döwletlerinde bu görkeziji orta derejelerde saklanýar [2, 9, 10]. Russiýa döwletinde SMHTD-den bolan keselleýjilik her 100 000 zenana 46 näsaga deň. Ykdysady taýdan ösen we ösüp barýan döwletlerde SMHTD-den bolan keselleýjiligiň ýokarylygy, urbanizasiýanyň ösmegi we şäher durmuş düzgünleriniň zyýanly täsirleri bilen düşündirilýär [5, 8, 10].