"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Agyz-burun örtüklerini ulanmak öz saglygyňy goramakdyr

Şu günler howanyň sowamagy netijesinde, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynyň we möwsümleýin ýokanç keselleriň has ýygjamlaşýan döwrüdir. Howanyň üýtgemegi bilen dürli tozan bölejikleriniň, kesel dörediji mikroblaryň, wiruslaryň dem alyş ýollaryna düşmeginiň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak hemmämiz üçin zerurdyr. Agyz-burun örtügini eliňe almazdan ozal, eliňi hökman sabynlap ýuwmaly we zyýansyzlandyrmaly.

«Bagabat» — ajaýyp mekan

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň sebitlerinde döwrebap saglyk düzümini kemala getirmek işi dowam edýär. Her ýyl täze lukmançylyk hem-de şypahana-dynç alyş ugurly desgalar — sagaldyş merkezleri, şypahanalar hem-de dynç alyş öýleri ulanylmaga berilýär. Şolar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary babatda dünýädäki şeýle desgalardan birjikde pes durmaýar. Ajaýyp künjekde gurlan «Bagabat» şypahanasy munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Täze ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän bu şypahana bardylar.

Saglyk size ýaran bolsun!

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, gündelik ulanýan öý goşlaryňyzy we zähmet gurallaryňyzy hem päkize saklaň! Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň! Ýüzüňizi ellemegi endik edinmäň!

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilim-terbiýeli bagtyýar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp saglygy goraýyş işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Şolaryň hatarynda welaýat çagalar hassahanasynyň rewmokardiologiýa bölüminiň müdiri Gülbahar Nepesowa bilen şepagat uýasy Tawus Permanowany hem agzamak bolar. Olar ýaş nesilleriň saglygyny gorap saklamak ugrunda irginsiz alada edip, hassahananyň dünýä ülňülerine kybap gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň üsti bilen körpeleriň saglygyny bejerýärler.

Saglygyň girewi

Tebigatyň we ynsanyň durmuşynda arassaçylygyň berjaý edilmegi sagdynlygyň berkarar edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Arassaçylyk adamyň saglygy we gelşigi, medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Uzak wagtlardan bäri arassaçylyk medeniýeti ýaşaýşyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Lukmanlar «Sanitariýa medeniýeti bolmazdan, başga medeniýet bolup bilmez» diýip, arassaçylyk medeniýetiniň wajyplygyny örän ýerlikli belleýärler. Bu medeniýeti çaganyň gursagyna ýaşlykdan guýmaga başlamaly. Çaga şol medeniýet bilen ulalyp, ömrüniň ahyryna çenli ony durmuşynyň hemrasyna öwürmeli. Häzirki döwürde ýurdumyzda keselleriň öňüni almak babatda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän çäreler bolsa suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmekligi, akaba suwlaryň daş-töweregini arassa saklamaklygy, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmekligi we saglyk hakynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekligi öz içine alýar. Şeýlelikde, azyk önümlerini ýygnamakda, saklamakda, taýynlamakda hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, söwda we çagalar edaralarynda, mekdeplerde sanitar ýagdaýlary gözegçilikde saklanýar.

Lukman maslahat berýär

Gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak we burç bedeniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän fitonsitlere baýdyr. Elleriňiz o diýen hapa bolmadyk ýagdaýynda bolsa-da, olarda göze görünmeýän kesel döredijiler köp mukdarda bolmagy mümkin, şol sebäpli dürli zyýansyzlandyryş erginler bilen tämizläň ýa-da sabynlap suw bilen ýuwuň.

Arassaçylyk we sagdyn iýmitlenmek

Arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgesi abadan ýaşaýşyň girewidir. Arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi ýokanç kesellerden goranmagyň esasy tärleriniň biridir. Gyş paslynyň gelmegi bilen, möwsümleýin döreýän ýokanç keselleriň aralaşmagy raýatlary has-da ätiýäçly bolmaga borçlandyrýar. Şahsy goranyş serişdeleri bolan agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmek ýokanç keselleriň bedene aralaşmagynyň öňüni almagynyň wajyp şertidir.

Täsirli geçen maslahat

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek dogrusynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Buýan köküniň ähmiýeti» diýen at bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk ösümliklere örän baýdygyny bellemek bilen, il arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan buýan köküniň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onikibarmak içegäniň kesellerini bejermekde dermanlyk serişde hökmünde giňden ulanylýandygy, ylmy çeşmelere salgylanyp, Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlaryň hem dürli kesellerde buýan kökünden peýdalanandyklary barada gürrüň berdiler. Bu ösümligiň düzümindäki glisirrizin turşusynyň ýokanç keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde peýdasynyň uludygyny belläp geçdiler. Buýan köküniň dermanlyk häsiýeti, lukmançylykda ulanylyşy, biologik aýratynlyklary hem-de himiki düzümi barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýändigini nygtadylar.

Köp derdiň dermany Türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti dünýä meşhur bolýar

Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýanyny tapan «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär. Pederlerimizden miras galan bu ýörelge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek: biz milli Liderimiziň ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýändigi, il bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlara badalga berip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterýändigi bilen birlikde, lukman Arkadag, alym Arkadag bolup, öz raýatlarynyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýandygy, ony goramaga uly üns berýändigi, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýandygy üçin hem buýsanmalydyrys. «Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr» diýýändigi üçin buýsanmalydyrys. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Jemgyýetiň sagdynlygy — ýurdumyzyň abadanlygy

Eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde Watanymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýan, sportuň ösýän ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, kabul edilýän kanunlar raýatlaryň saglygyny goramak we sagdyn durmuşyny üpjün etmek baradaky aladadan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimizde halkymyzyň saglygy, abadançylygy, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler döwrümiziň beýik ýörelgeleriniň, maksatlarynyň esasyny düzýär. Bagtyýar raýatlaryň abadan durmuşy hem-de ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Türkmen şypahanalarynyň sagaldyş mümkinçiligi artýar

BAGABAT, 2-nji ýanwar (TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramynda oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şu gün iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu dynç gününde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna baryp gördüler. Bu ýerde ilata ýylyň dowamynda hyzmat etmek üçin ähli zerur şertler döredildi, anyklaýyş hem-de bejeriş bölümleri, şol sanda balneoterapiýa, suw we palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa hem-de SPA bölümleri hereket edýär, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar.

“Bagabat”: sagdynlygyň we tebigat gözelliginiň sazlaşygy

Şu günler, ýagny täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyna baryp, ol ýerde halkymyza hödürlenýän hyzmatlar bilen tanyşýar. Düýn, 3-nji ýanwarda bu ýerde Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we gazet-žurnallaryň redaktorlary hem bolup, şypahananyň köpugurly mümkinçiliklerinden peýdalandylar. Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde bu ýeriň özboluşly tebigaty has-da ajaýyp görnüşe girdi. Türkmen topragy gudratly, şypaly ýerlere baý mekan hasaplanýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak işinde şypahana ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu günki gün şypahanalarda saglygyny dikeldýänleriň sany barha artýar. Ýylyň dört paslynda-da ol ýerler köp adamly.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde adam saglygyny goramak babatda uly alada edilýär. Çünki jemgyýetiň sagdynlygy döwletimiziň pugta binýadydyr. Geçen ýylda, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Bagabat» şypahanasynyň, Gökdepe etrabynda Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Agzalan täze desgalaryň ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, ygtybarly saglygy goraýşy üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň ömrüniň uzak bolmagyna ýardam etmek babatdaky ähmiýeti örän uludyr. «Bagabat» şypahanasynyň tebigatyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşmegi we onda häzirki zaman sagaldyş-şypahana merkezlerine mahsus ýokary derejeli şertleriň bolmagy uly gyzyklanma döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Mejlisiň ýolbaşçylarydyr Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň bu döwrebap şypahana baryp görmekleri hem häzirki zaman şagaldyş merkeziniň ynsan saglygyny berkitmek babatyndaky mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär.

Saglyk — uly baýlyk

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde her bir ene-ata perzentleriniň käbir düzgünleri berjaý etmeklerini gazanmalydyr. Howanyň şu döwürdäki sowuk günlerinde pasyllara görä geýinmek hökmandyr. Pasyllara görä ýyly geýinmek bizi sowuklamadan hem-de dümewden gorar. Kähalatlarda çagalar gyssanmaç halda howul-hara geýnip, daşary çykýarlar. Kämahal, ulularyň hem, dükana ýa-da golaý aralyga bir ýere gidenlerinde, egni ýuka, aýagyna şypbyk geýmek endigi bar. Bular ýaly ýagdaýlara ýol bermeli däldir. Çünki ýyly ýerden çykyp, sowuga aralaşylansoň, beden sowuga has-da ynjyk bolýar. Şonuň üçin çagalara daşary çykylanda gyşky egin-eşikleriniň ählisiniň: başgabyň, possunyň, ädigiň, elligiň bolmalydygyny sargamaly, egni ýuka, şypbykda daş çykmaga asla ýol bermeli däl. Howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, burnuňa oksolin melhemini çalmagyň hem ähmiýeti uludyr. Köpçülige çykylanda 2 metr howpsuz aralygy saklamalydyr. Bakteriýalaryň hem-de wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni almakda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek hökmandyr. Köpçülik ýerlerinden gelnensoň, islendik işiňi edip bolanyňdan soň elleriňi sabynlap ýuwmak zerurdyr. Öýde, iş otagyňda hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti uludyr. Öýde, işde arassaçylyk çärelerini geçirmek, otaga arassa howa girer ýaly, wagt

Sag­lyk — baş baý­ly­gy­myz

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň kämil we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu asylly işlere biziň her birimiz hem işjeň gatnaşmalydyrys, ýagny sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöretmelidiris, arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmelidiris, şeýle hem pasla görä geýnip, öz saglygymyza eserdeň bolmalydyrys.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Saglyk ynsan üçin iň gymmatly hazyna. Şonuň üçin hem saglygymyzyň gadyryny bilmek we goramak hemmämiziň borjumyz. Munuň üçin: Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygyýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň!

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn iýmitlenmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryny, arassaçylyk we beýleki düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Witaminlere we mikroelementlere baý gök önümleri, ter we kakadylan miweleri, süýt we süýt önümlerini iýmeli. Limonly, itburunly, bally çaý, dürli miweleriň ter şireleri örän peýdalydyr. 

Möwsümleýin keselleriň öňüni almakda peýdaly maslahatlar;

Be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­me­li. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn iý­mit­len­me­li. Ir sä­her we ag­şa­ma­ra aras­sa ho­wa­da ýa­rym sa­gat py­ýa­da ýö­re­me­li. Bur­nuň nem­li bar­da­sy­na ok­so­lin mel­he­mi­ni çal­ma­gy en­dik edin­me­li. Pa­syl­la­ra gö­rä ge­ýin­me­li we wi­ta­min С — as­kor­bin tur­şu­sy­na baý bo­lan önüm­le­ri ka­bul et­me­li (mi­we şi­re­le­ri, bal­ly we li­mon­ly çaý, it­bu­run dem­le­me­si, al­ma, pyr­ty­kal mi­we­le­ri, ke­lem, kä­şir we beý­le­ki bak­ja önüm­le­ri). Iş ýe­ri­ňiz­de we öýü­ňiz­de otag­la­ryň ho­wa­sy­nyň tä­miz bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly. Onuň üçin pen­ji­rä­ni ýa­-da ga­py­ny wag­tal-wag­tal açyp, ota­gy ýe­le­ji­re­dip dur­ma­ly. Mil­li ta­gam­la­ry­myz bo­lan gy­zyl burç go­şu­lan una­ş içmeli. Gy­zyl­bur­çuň dü­zü­min­dä­ki fi­ton­sid­ler, efir ýag­la­ry ýa­ly peý­da­ly mad­da­lar ada­myň be­de­ni­niň ke­se­le gar­şy gö­reş uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.