"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Azajyk derdi aş basar

Uly şowhun bilen geçen toý tamamlandy. Hyzmat edip ýören zenanlaryň biri: — Gyzlar, hany, geliň, unaş keseliň. Çynar, bar, sen gazany atar-da, ho-ol doňduryjydaky jazdan al. Sogandyr pomidor goýaltmasynam taýýarla. Jazy köpräk at, ýaglyja bolsa, süýji bolar. Gülsenem, senem hamyryny taýýarla, birje ýumurtga atmagy-da unutma. Hajar, senem derrewjik noýbany gaýnat — diýip, gyzlara ýüzlendi.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar. Şol maksat bilen her birimiz:

Melhem kök dünýä çykýar

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçirilen Hökümet mejlisleriniň birinde buýan köküniň ynsan saglygyna peýdasy barada aýdanlary diňe bir ýurdumyzda däl, dünýä jemgyýetçiliginde hem giňden goldanylýar. Muny daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen şu günlerde ilata ýetirilýän habarlardyr telegepleşiklerden hem görýäris. Ýurdumyzda, esasan, Amyderýanyň goşa kenarynda bolluk bilen ýetişýän buýan köküniň ynsan saglygyna peýdasy barada aýdylanlar ýakynda Russiýa Federasiýasynyň «MIR-24» teleýaýlymynyň bir gepleşiginiň özenini düzdi. «Gepleşikde, esasan, hormatly Prezidentimiziň bu dermanlyk ösümligiň ýokanç keselleriň öňüni almakdaky pikirlerine salgylanyldy» diýlip, dünýä metbugatynda habar berilýär.

Görk — agyzdan

Ata-babalarymyzdan miras galan nakyllary okanyňda, olaryň örän synçy bolandyklaryna, durmuş wakalaryny akyl eleginden geçirip, olary çuň manyly gysga setirlerde nesillere miras galdyrandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Mysal üçin, «Görk — agyzdan» diýen pähimde iýmitlenmegiň kadalaryny berjaý etmegiň ynsan üçin örän peýdalydygy nygtalýar. Bu ýerde gürrüň diňe bir görk barada däl. Olar çakdanaşa köp iýmezligi ündemek bilen, düzüminde dürli ýokumlary, minerallary we mikroelementleri saklaýan iýmitleriň ynsanyň daşky keşbi üçin hem, saglygy üçin hem peýdalydygyny düşündiripdirler. Bu aýdylanlaryň rastdygyny häzirkizaman ylmynyň hem tassyklaýandygyny göz öňünde tutsak, eždatlarymyzyň iýmit meselesine nä derejede oýlanyşykly çemeleşendikleriniň şaýatlary bolarys. Şonuň üçin hem biz kadaly iýmitiň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny wagyz edip, halk köpçüliginiň arasynda söhbetdeşlikleri yzygiderli guraýarys. Şonda olaryň ünsüni ýurdumyzda ynsan saglygy üçin zerur bolan dürli ýokumlara we mikroelementlere baý bolan ösümlikleriň kändigine çekýäris. Daýhanlaryň ýetişdirýän miwe, gök we bakja önümlerinden başga-da tebigy şertlerde ösýän dermanlyk ösümliklerden hem giňden peýdalanmagy maslahat berýäris. Olaryň bejerijilik häsiýetleriniň, melhemleri taýýarlamagyň we ulanmagyň usullarynyň hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda giňden açyly

Saglyk size ýaran bolsun!

Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň! Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň! Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Şu günler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy maslahat berýäris.

Ynsan saglygy — baş wezipe

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýşyny hil taýdan täze derejä çykardy. Halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, sagdyn iýmitlenmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, zyýanly endiklere garşy işjeň göreşmek boýunça geçirilýän çäreler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy, abadançylygy baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň işjeň syýasaty netijesinde ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ugrunda belent ösüşlere ýetdi hem-de uly üstünlikler gazandy.

Arassaçylyk — saglyk

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi günsaýyn ýokarlanýar. Şunda döwrebap saglyk öýlerinde zähmet çekýän maşgala lukmanlary edara-kärhanalarda we bilim ojaklarynda, ýaşaýjylaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklygyň saglyga edýän oňaýly täsiri barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekligiň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda uly ähmiýetiniň bardygyny düşündirýärler. Aýratyn hem, gyş möwsüminde howanyň çendenaşa sowaýan mahalynda käbir kadalary hökmany suratda berjaý etmek örän zerurdyr. Ilkinji nobatda, bu talaplary gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar, kiçi ýaşly çagalar hökmany ýerine ýetirmelidir. Şonuň üçinem howanyň aşa sowaýan mahalynda daşary çykmaklyk zerurlygy ýüze çykanda möwsüme görä geýinmegi, ýagny, galyň, ýyly eşikleri, aýakgaplary, başgaplary geýmegi, arassa agyz suwuny ýany bilen almagy ýatdan çykarmaly däldir. Gezelenje çykanda kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmalydyr. Soňky günlerde howanyň düzümine seljerme geçirilende tozanjyklaryň howada kadadan agdyklyk edýändigi anyklanyldy. Şoňa görä-de, keselleriň öňüni almak maksady bilen lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmaklyk zerurdyr. Esasan, uly ýaşly adamlaryň özleri arassaçylyk kadalaryny berjaý edip çagalaryna we kiçi ýaşlylar

Lukman maslahat berýär

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Ol hem degişli derman serişdeleriniň haýsysyny içmelidigini, wagtyny we möçberini kabul etmegini näsaga maslahat berip biler.

Agyz-burun örtükleriniň ähmiýeti

Köp sanly wirus ýokançlarynyň adamlara ýokuşma ýollarynyň esasylarynyň biri howa-damja ýoly hasap edilýär. Şonuň üçin-de agyz-burun örtüklerini ulanmak wirus ýokançly keselleriň öňüni almakda iň ygtybarly serişdedir. Çünki agyz boşlugynyň suwuklyklarynyň damjalarynyň düzümindäki wiruslar üsgürilende, asgyrylanda 1,5 - 2 metre çenli ýaýrap, başga bir adamyň agyz ýa-da burun boşlugyna düşmek arkaly wirus ýokançly keselleriň ýokuşmasyny döredýär. Wiruslaryň ýaşamagy üçin nemli barda, iýmit we belli bir derejede gyzgynlyk gerekdir. Olar jansyz jisimleriň üstünde uzak ýaşap bilmeýärler. Şonuň üçin agyz-burun örtükleriniň üstüne düşen wiruslar gysga wagtyň içinde ölýärler. Şeýlelikde, keseliň ýokuşma hadysasy ýüze çykmaýar. Lukmançylyk agyz-burun örtükleri diňe bir ýokanjyň däl-de, köpsanly wirusly ýokançlaryň, şol sanda dümewiň öňüni almakda hem ähmiýetlidir. Lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň adam saglygy üçin başga peýdalary hem bardyr. Olar adamyň dem alandaky howasyny gyzdyrmakda ähmiýetlidir. Gyş hem-de güýz paslynda daşky gurşawyň howasy sowuk bolýar we dem alnanda, agyz, burun we dem alyş ýollarynyň diwarlarynyň nemli bardasynyň gan damarlarynyň gysylmagyna getirýär. Bu bolsa ýerli nemli öýjükleriň goranyş ukybynyň peselmegine getirýär. Netijede, respirator ýokançlarynyň döremegine şert döreýär. Şeýle ýagdaýyň döremezliginde agyz-burun örtükleri howany gyzdyrýanlyg

Agyz-burun örtükleriniň ähmiýeti

Köp sanly wirus ýokançlarynyň adamlara ýokuşma ýollarynyň esasylarynyň biri howa-damja ýoly hasap edilýär. Şonuň üçin-de agyz-burun örtüklerini ulanmak wirus ýokançly keselleriň öňüni almakda iň ygtybarly serişdedir. Çünki agyz boşlugynyň suwuklyklarynyň damjalarynyň düzümindäki wiruslar üsgürilende, asgyrylanda 1,5 - 2 metre çenli ýaýrap, başga bir adamyň agyz ýa-da burun boşlugyna düşmek arkaly wirus ýokançly keselleriň ýokuşmasyny döredýär. Wiruslaryň ýaşamagy üçin nemli barda, iýmit we belli bir derejede gyzgynlyk gerekdir. Olar jansyz jisimleriň üstünde uzak ýaşap bilmeýärler. Şonuň üçin agyz-burun örtükleriniň üstüne düşen wiruslar gysga wagtyň içinde ölýärler. Şeýlelikde, keseliň ýokuşma hadysasy ýüze çykmaýar. Lukmançylyk agyz-burun örtükleri diňe bir ýokanjyň däl-de, köpsanly wirusly ýokançlaryň, şol sanda dümewiň öňüni almakda hem ähmiýetlidir. Lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň adam saglygy üçin başga peýdalary hem bardyr. Olar adamyň dem alandaky howasyny gyzdyrmakda ähmiýetlidir. Gyş hem-de güýz paslynda daşky gurşawyň howasy sowuk bolýar we dem alnanda, agyz, burun we dem alyş ýollarynyň diwarlarynyň nemli bardasynyň gan damarlarynyň gysylmagyna getirýär. Bu bolsa ýerli nemli öýjükleriň goranyş ukybynyň peselmegine getirýär. Netijede, respirator ýokançlarynyň döremegine şert döreýär. Şeýle ýagdaýyň döremezliginde agyz-burun örtükleri howany gyzdyrýanlyg

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglygy ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap hassahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilýär. Mary şäheriniň iç keselleri hassahanasynyň ultrases barlagy otagynyň lukmany Gülälek Atamyradowa hem ýanyna gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alyp, olary ultrases barlagyndan geçirýär.

Baş agyryp, baldyr syzlamasyn diýseň...

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak ugrunda uly tagallalar edilýär. Döwlet derejesinde keselleriň öňüni alyş işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, bu işe uly möçberde döwlet serişdeleri gönükdirilýär. Şonuň üçin hem biziň her birimiz özümiz hakynda edilýän bu aladalary nazara alyp, öz saglygymyza paýhasly çemeleşmäge, ony gorap saklamaga borçludyrys. Jemgyýetçilik ýerlerine barlanda, daşaryk çykylanda, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyp, howpsuz bolan 2 metr aralygy saklamaly, ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy erginleri ulanmaly. Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar saglyk ýagdaýyna has ünsli bolmaly. Pasla görä geýinmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, sagdyn iýmitlenmeli. Iýmit önümlerini maşgala üçin gerek bolan mukdarda taýýarlamaly. Olary ertesi güne galdyrmak maslahat berilmeýär. Täze taýýarlanylan iýmit önümlerini dogry kabul etmeli we sowadyjylarda saklamaly. Eger-de siz bejeriji berhizleri tutýan bolsaňyz, onda tagamlary diňe lukmanyň beren maslahatlary boýunça taýýarlamaga çalşyň! Gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Bedeniň gan basyşy, gandaky süýjiniň mukdary gözegçilikde saklanylmalydyr. Munuň özi garaşylmadyk iýmit zäherlenmelerinden, gan basyşyň beýgelmeginden we ganyň düzümindäki süýjiniň mukdaryny

Almanyň peýdasy

Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma hem witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalary hem-de saglygy goraýyş edaralary tarapyndan ilatyň saglygyny goramak maksady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilip gelinýär. Oba ýerlerinde maşgala lukmanlary bilen bilelikde alnyp barylýan işler has netijeli häsiýete eýe bolýar. Bagtyýar ildeşlerimiziň döwletli ojaklarynda bolup, olara dem alyş ýollaryna niýetlenen agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň ähmiýeti barada gymmatly maslahatlar berilýär.

Saglygyňyzy goraň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, edara-kärhanalarda, guramalarda sanitariýa talaplarynyň ýerine ýetirilmegine we degişli zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Howanyň düzümindäki ynsan saglygyna ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagynyň ähmiýetiniň uly bolşy ýaly, 2 metr howpsuz araçägi saklamak we arassaçylygy berk berjaý etmek hem wajypdyr. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, kadaly iýmitlenmek, sporty wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp, Sarahs etrabynda wagyz-nesihat işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri hem etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlary bilen bilelikde etrabyň ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Şeýle işleriň barşynda gyşyň dowam edýän häzirki günlerinde howa şertlerine laýyk geýinmegi, milli tagamymyz bolan burçly unaşy, şeýle-de witaminlere baý bolan gök-miwe önümlerini köpräk kabul etmegi, öýlerde üzärlik tütetmegi maslahat berýärler. Mundan başga-da, köpçülik ýerlere, ýola çykylanda agyz-burun örtüklerini dogry dakmagyň, spor

Sagdynlygyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak ýola goýlup, halk bähbitli uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatymyzy dürli ýokanç kesellerden gorap, olaryň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýän derman serişdeleriniň, keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Biz saglygy goraýyş işgärleri bolup, adamlara sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk kadalary barada yzygider maslahatlary berýäris, düşündirýäris. Munuň özi ilatymyzyň arasynda arassaçylygyň saklanmagyna oňat täsir edýär. Şeýle hem ilatyň dogry iýmitlenmeklerini, bäbekleri ene süýdi bilen iýmitlendirmeklerini, ondan soň çaganyň aýyna-ýaşyna görä maşgala lukmanlary ýa-da şepagat uýalary bilen maslahatlaşyp, çagalaryna goşmaça iýmiti bermeklerini hem-de olara dogry ideg etmeklerini, çagalary ýaşyna görä dürli oýnawaçlar bilen oýnatmaklaryny ündeýäris. Çagalarymyz bilen dürli oýnawaçlary bilelikde oýnamak, olar uka gitmänkä kitap okap ýa-da erteki aýdyp bermek, has kiçi ýaşly çagalary bolsa hüwdi bilen hüwdüläp ýatyrmak olaryň kiçilikden ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmekde berk bedenli, dürs pikirli, aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ynsan bolup ýetişmeklerinde aýratyn orny bar. Dürli edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, tegelek stollaryň başyndaky söhbetdeşliklerde sportuň dürli görnüşleri bile

Beýi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän, ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şolaryň biri-de dermanlyk häsiýeti bolan beýidir. Alymlaryň bellemeklerine görä, beýi adamlar tarapyndan iň gadymy özleşdirilen ekinleriň biridir. 4000 müň ýyl mundan ozal Aziýada ösdürilip başlanan beýi, gaty we diş gamaşdyryjy miwe hökmünde belli bolupdyr. Halklaryň özara gatnaşyklary sebäpli, bu miwe birnäçe dünýä ýurtlaryna ýaýrapdyr. 100 gr beýiniň düzümini 8.9 gr uglewodlar, 7.0 gr fruktoza hem-de glýukoza, saharoza düzýär. Beýide A, B, B2, B6, C, E, PP witaminlerden başga-da, ençeme minerallar bar. Ol kaliý duzuna baý bolup, onda onuň 144 mg golaý mukdary saklanýar. Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr. Şeýle hem şol maddalaryň ynsanyň ruhy ýagdaýynyň gowulaşmagyna, aşa tolgunmanyň çalt geçmegine oňat täsir edýändigini-de bellemelidiris. Aslynda her miwäniň özboluşly ýakymly ysy bolýar. Beýiniň hem, bişen wagty aýratyn ýakymly, özüne çekiji ysy bardyr. Beýi köp ýurtlaryň naharlarynda ulanylýar. Aslynda ol iýmesi kynrak miwe hasaplanýar. Ýöne soňky döwürde ösümlik dünýäsi bilen iş salyşýan seçgiçi alymlarymyzyň, bagbanlarymyzyň geçiren tejribeleri netijesinde, alma, armyt ýaly miweler bilen sapylan beýiler ýumşak, hatda

Buýan — derde derman

Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde ýurdumyzyň baý tebigy dermanlyk gory, şolaryň hatarynda buýan ösümliginiň ynsan saglygyna peýdasy, onuň ýokanç keselleriň öňüni alyjylyk, bejerijilik aýratynlyklary barada aýtdy. Milli Liderimiz buýanyň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändiginiň hem anyklanylandygyny aýtmak bilen, bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän koronawirus ýokanjyna garşy netijeli serişdeleriň biri bolup biljekdigini nygtady. Ýurdumyzyň «ýaşyl» dermanhanasynyň ähmiýeti, şeýle-de buýan köküniň adam saglygyna peýdasy barada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary şeýle gürrüň berýärler: Muhammetguly ATAGARAÝEW, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty:

Keselden goranmagyň düzgünleri

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy adamyň saglygy, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Howanyň düzüminiň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsiri peseltmek, onuň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdeleri, ýagny agyz-burun örtükleri hökman dakynylmalydyr. Şeýle-de hünärmenleriň belleýşi ýaly, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda öý bikeleri öýüň arassaçylygyna esewan edip, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly, zyýansyzlandyryjy serişdelerden ýerlikli peýdalanmaly. Penjireleri açyp, otagyň içini ýelejiretmeli, ýorgan-düşekleri arassa saklamaly. Nahar taýýarlamazdan, ony saçaga äbermezden öň, daşaryk çykyp gelenden soň, elmydama elleri sabynlap ýuwmagy endik etmeli, üst-başyňy, egin-eşigiňi arassa saklamaly we möwsüme görä geýinmeli. Elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly. Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly. Zerurlyk ýüze çykmasa, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan saklanmaly. Köpçülik ýerlerinde 1,5-2 metr howpsuz aralygy saklamaly.