"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Şu günler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy maslahat berýäris.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyzda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy günsaýyn kämilleşýär. Paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar hem-de sport desgalary guruldy we bu ugurda ägirt uly işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň sakasynda saglyk durýar. Saglyk bu biziň elýetmez baýlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşaýşyň sakasynda saglygyň durandygyny nygtap, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäni durmuşa geçirmekde düýpli özgertmelere badalga berýär. Ýurdumyzda bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilip, welaýatymyzda hem dünýä nusgalyk iri hassahanalar, saglygy goraýyş merkezleri hem-de saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýat merkezimizde sebitde iň uly köpugurly hassahana işleýär. Ähli mümkinçilikleri bolan bu iri saglygy goraýyş merkezinde çylşyrymly operasiýalaryň onlarçasy üstünlikli geçirildi. Merkeziň lukmanlary ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäki kärdeşleri bilen onlaýn maslahatlaryny geçirip, bilelikdäki kämilleşigi ýola goýdular.

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Her bir adam şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir. Şeýle edilse, onda birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyp bolar. Keseller hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmit önümlerinden we arassalanylmadyk suwdan hem geçýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin biziň her birimiz kadaly iýmitlenmelidiris, zähmet we dynç alşy sazlaşykly gurap, yzygiderli fiziki maşklar bilen meşgullanmalydyrys.

Saglyk - baş baýlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe boldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ilatyň jan saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine yhlasly zähmet çekmäge itergi berdi. Häzirki wagtda bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ählisinde, şol sanda, şypahana ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda bolsa «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş işgärleriniň ýol görkezijisi bolup hyzmat edýär. Sanlyja ýyllaryň içinde dünýä derejesinde enjamlaşdyrylyp ulanylmaga berlen hassahanalaryň we saglyk merkezleriň, köpsanly sagaldyş-dynç alyş öýleriň, sport desgalaryň, şypahanalaryň, türkmen topragynyň müň bir derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralaryň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamyny uly ösüşlere eýe etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde buýan köküniň adamyň saglygyna edýän netijeli täsiri dogrusynda aýratyn nygtady. Il arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 g

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Ýaşaýan, işleýän otagyňyzda üzärligi tütetmeli, otagyň içini, mebelleri, gapy tutawaçlaryny, pollary ýörite arassalaýjy serişdeler bilen arassalap durmaly. Şeýle hem, nahar iýilýän gap-gaçlary ulanmazdan öň we soň akar suwda gowy arassalamak, ýuwmak maslahat berilýär. Durmuşda arassaçylyk düzgünleriniň şertlerine biperwaý seredilmegi adamyň saglyk ýagdaýynyň we işe ukyplylygynyň pese düşmegine getirýär. Elbetde, munuň ilki bilen, öz saglygyňa, soňra daş-töweregiňizdäki adamlaryň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýändigini unutmaň. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmeklik uzak hem sagdyn ýaşamaklygyňyza şert döredýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gymmatly baýlygyň aladasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Soňky wagtlarda ýokanç keselleriň öňüni almakda uly işler bitirilýär. Bu babatda degerli çäreler düşündiriş, wagyz-nesihat işleri bilen utgaşdyrylýar. Ýokanç keselleriň ýaýramazlygy ugrunda etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminde uly işler alnyp barylýar.

Dograma

Halkyň arasynda dürli tagamlar taýýarlanylyp, olar halk köpçüligine hödürlenilýär. Şol naharlaryň arasynda dograma nahary meşhurlygy bilen ir wagtdan bäri bize mälimdir. Dograma naharynyň düzüminde adam bedenine zerur bolan witaminleriň esasylary bar. Ony iýen adam gurply we sagdyn bolup, iş ukyby beýleki adamlaryňkydan has ýokary bolýar. Dograma nahary, esasan, öý şertlerinde goýun malynyň kellebaşaýagyny arassalap, gazana salyp, gowy bişenden soň onuň etlerini sylap alyp, petir nany we ýeterlik mukdarda düýp sogany dograp, oňa goşup, mazaly garyşdyrylyp, gazanda gaýnap, gowy bişen kellebaş-aýagyň çorbasy guýlup iýilýär. Dograma nahary öý şertlerinde we toýdur sadakalarda ähli kişä etiň, soganyň, dogralan petir nanyň we çorbanyň deň derejede bolmagyny doly üpjün edýär.

Ýiti respirator kesellerinden goranmak

Ýylyň dowamynda pasyllaryň çalyşmagy adam bedenine belli bir derejede täsir edýär. Howanyň üýtgemegi netijesinde adam bedeninde dürli näsazlyklar ýüze çykýar. Näsag asgyranda, üsgürende we gürlände howa-damja ýoly bilen sagdyn adamlara kesel ýokuşýar. Şeýle hem wirus göni däl galtaşyk arkaly elleriň, hapalanan zatlaryň üsti bilen geçip bilýär. Keseliň alamatlary üşütme, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň döwülýän ýaly bolmagy, bokurdakda agyry döremegi, umumy ysgynsyzlyk, işdä peslik ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli ýokuşan adamlar hem-de çagalar köpçülik ýerlerine, çagalar edaralaryna, köpçülik awtoulaglaryna, lukmançylyk edaralaryna barmaly däl. Maşgala lukmanyny çagyrmaly we lukman maslahatyny ilkinji günlerden doly we dogry berjaý etmeli. Ýiti respirator keselleri bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli bolup, arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek keselden goranmagyň iň ýönekeýje usulydyr. Keselden goranmak üçin elleriňi hemişe arassa saklamaly, hökmany ýagdaýda elleriňi 20 sekundyň dowamynda sabyny köpürjikledip, akar suwuň aşagynda barmaklaryň arasy bilen eliň iç we daş ýüzlerini, dyrnaklaryň içleri bilen gowy ýuwmaly. Her bir näsaglan adam asgyranda, üsgürende agzyny elýaglyk bilen tutmaly, bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp bolanyňyzdan soň, ýörite niýetlenen bedrelere taşlamaly, elleşip salamlaşmakdan, g

Türkmen buýanynyň taryhy we tarypy

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýeti hakynda giňden durup geçdi. Adam saglygy üçin buýan köküniň diýseň peýdalydygy, köp dertleri bejermekde onuň taýsyz melhemdigi Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem giňden beýan edilýär. Hakyň nazary düşen türkmen topragy tebigy baýlyklara diýseň baý. Şol baýlyklaryň biri-de, lukman Liderimiziň aýdyşy ýaly, köki müň bir derdiň dermany hasaplanýan meşhur buýan ösümligidir. Ol Amyderýanyň jülgelerinde, Daşoguz sebitinde, Tejende giňden ýaýran ösümlikdir. Şeýle-de ol ülkämiziň daglyk we suwarymly ýerlerinde hem ösüp ýetişýär. Aýratyn hem ol soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň çäklerinde ýörite ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýlelikde, buýan köki sözüň doly manysynda biziň milli baýlygymyza öwrüldi.

Itburun

Ýurdumyzda güýz paslynda ýetişýän dermanlyk häsiýete eýe bolan itburnuň şypasy il içinde giňden bellidir. Onuň bişen miwesi ýygnalýar, guradylan görnüşde dermanhanalarda halka hödürlenýär. Tebigy ösümlikleriň peýdasyny bilip, gündelik durmuşda ulanmagy başaran ene-mamalarymyz itburunyň miwesinden ter we gury görnüşinde dürli önümler taýýarlaýarlar. Bu pürli ösümlik bägüller maşgalasyna degişlidir. Oňa „«ýabany bägül» hem diýilýär. Süýrümtik, üljä çalymdaş, gyzyl ýa-da gyrmyzy, sarymtyl gyzyl reňkli miweleri bolýar. Itburnuň dermanlyk häsiýeti gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ol bedeniň immunitetini — kesellere garşy göreşijilik ukybyny berkidýär, bedeniň garramagynyň öňüni alýar. Itburun düzüminde C ýokumyny iň köp saklaýan miwedir. Meselem, C witamini itburnuň miwesinde limondakydan 50 esse, gara smorodinadan 10 esse kändir. Şonuň üçin ony güýz-gyş aýlary, sowuklama ýoňlamasynyň ýaýraýan döwri ulanmak örän peýdalydyr.

Saglyk — bagtyýarlygyň sakasy

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky ýola goýulýan çäreleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmek, şeýle-de ildeşlerimiziň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak we olaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak babatdaky işlerde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeňlik görkezýärler. Häzirki günlerde jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden we saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat wagyz-nesihat toparlary edara-kärhanalaryň, guramalaryň zähmet toparlarynyň arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Ýaşlar guramasynyň işeňňir agzalary bolan ýaş meýletinçiler bolsa, maşgala lukmanlary bilen bilelikde obadyr şäherçelerde bolup, hojalyklaryň arasynda düşündiriş işlerini geçýärler. Wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütlerinden ugur alnyp, ildeşlerimize degerli maslahatlar berilýär. Häzirki wagtda howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, her bir adamyň gorag serişdelerini, şol sanda dem alyş ýollaryna niýetlenen agyz-burun örtüklerini ulanmagy, şahsy gigiýenanyň düz

Sagdynlygyň esasy şertleri

Türkmen halkymyzda ähli gowulyklaryň sakasynyň saglykdygy aýdylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ynsan saglygyny goramagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Şonuň üçin hem keselleriň öňüni almakda, halkyň sagdyn durmuşyny üpjün etmekde uly işler alnyp barylýar. Saglyk, sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Bu bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda alada etmegimize baglydyr. Elbetde, adamyň jan saglygy köp ugurlar bilen baglanyşykly bolýar. Ýagny, sagdyn durmuş ýörelgesini özüňe endik edinmek, kadaly iýmitlenmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek iň derwaýys şertlerdir.

«Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy»

Türkmeniň dana Magtymgulusy «Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy» diýipdir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, ilkinji nobatda, türkmeniň beýik şahyrynyň halk, nesil saglygyny, ruhubelentligini gazanmaga degişli ündewleriniň durmuşa geçirilişini hem şöhlelendirýär. Şeýle bolansoň, mähriban Arkadagymyz alym we lukman hökmünde, dermanlyk ösümlikleri dogry we talabalaýyk ulanmagyň zerurdygyny, däri dermanlar dogry ulanylanda, adamlaryň ondan anyk peýda tapjakdyklaryny öwran-öwran nygtaýar. Alym Arkadagymyz: «Biziň ata-babalarymyz ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler» diýmek bilen, her bir dermanlyk ösümlik hakynda söz açanda, onuň halk lukmançylygyndaky orny baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Ata-babalarymyzyň dürli dertlerde, aýratyn-da, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almakda buýandan emleri taýýarlamagyň ähmiýetini, müň bir derde em bolýan buýanyň köküniň häsiýetini, biologik aýratynlyklaryny we himiki düzümini beýan edeninde, dem alyş ýollarynyň sökelliklerinde, üsgülewükde buýan köküni ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmagyň anyk ýollaryny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndaky maglumatlarda il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýan bu ösümligiň «...ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly

Pasla görä geýinmek — keselleriň öňüni almagyň ygtybarly şerti

Her bir paslyň özüne mahsus gözelligi we aýratynlygy bar. Adam bedeni bolsa pasyllaryň çalşygynda möwsüme görä uýgunlaşmaga çalyşýar. Munda immun hem-de madda alyş-çalyş ulgamy has işjeň herekete girýär. Bedeniň möwsüme görä has gowy uýgunlaşyp bilmegi üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli. Gyşda adam ýokumly tagamlary kabul etmäge has köp isleg bildirýär. Sowuk howada beden ýylamak üçin energiýany has köp sarp edýär. Ýokumly tagamlara et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge we bu önümlerden taýýarlanan dürli milli tagamlarymyz, ýagny, noýbaly el unaşy, mäşli palaw we beýlekiler degişlidir. Gyşyň aýazly günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur.

Ynsan saglygynyň goragynda

Adamlaryň saglygyny gorap saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzda keselleriň görnüşleri görnetin azaldy, adam ömrüniň dowamlylygy bolsa artdy. Bu barada ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz öz raýatlarymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemişe alada etmelidiris, çünki jemgyýetiň sagdynlygy kuwwatly döwletiň esasyny düzýär» diýip nygtaýar. Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda belent sepgitlere ýetildi. Pudagyň düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň milli tejribeler bilen utgaşdyrylmagy we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bu ugurda ajaýyp ösüşleri üpjün etdi. Häzirki wagtda ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan kämil we döwrebap usullar esasynda adamlara saglygy goraýyş hyzmatlarynyň edilmegi, ýerli çig mallardan dürli saglygy goraýyş serişdelerini, melhemlikleri öndürýän döwrebap kärhanalaryň gurulmagy, şypahana hyzmatlarynyň hiliniň düýpli gowulandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

Dertlere melhem ary baly

Adamlar asyrlarboýy üsgülewük, bokurdak agyrylary we adaty sowuklama üçin ary balyndan peýdalanyp gelipdirler. Ary baly babatda alymlar yzygiderli ylmy-barlaglary geçirip durýarlar. Barlaglardan görnüşi ýaly, keselleri bejermekde dermanlara garanyňda balyň has täsirlidigi subut edildi. Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň pikiriçe, lukmanlara näsaglara antibiotikleri bellemegiň ýerine, umumy kesellere garşy göreşmek üçin birnäçe çemçe bal bermek maslahat berilýär. Köp adamlaryň iň halaýan önümi bolan balyň üsgülewügiň ýygylygyny azaltmak täsiri dermanlardan 36 göterim ýokarydyr. Balyň üsgülewük alamatlaryny peseltmek mümkinçiligi dermanlara garanyňda 44 göterim artykdyr. Şeýle hem balyň ýokarky dem alyş ýollarynyň ýokançlardan gutulmagyň möhletini ortaça iki gün gysgaldýandygyny tassyklaýan subutnamalar bar. Balyň elýeterli önümdigi hem-de saglyga zyýanynyň ýokdugy bolsa ählimize mälimdir.

Saglygymyz öz elimizde

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin ýokumly iýmitlere aýratyn üns bermeli, sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli, ýyly egin-eşikleri geýinmeli. Şonuň ýaly-da: •Agyz-burun örtügini dogry we doly dakynmaly. 

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!