Pasla görä geýniň, sagdyn boluň!
Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýnilýän egin-eşikler hem aýratyn üns bermekligi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa, aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.