"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli oýunlaryň ezberleri

Takylatdy milli oýnumyz boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orna mynasyp bolan ezber türgen Niginabanu Çaryýewa düzzüm boýunça 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Türkmenabat şäheriniň birinjiliginde hem öňdeligi hiç bir garşydaşyna gidirmedi. Welaýat merkezinden 28 türgeni özünde jemlän ýaryşda gyzlaryň arasynda ikinji orny Dilnaza Jumanyýazowa, üçünji orny bolsa Selbi Maşaripowa eýeledi. Ýeňiji gyzlaryň üçüsi hem Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçysy, welaýat merkezindäki 13-nji sport mekdebiň türgenidir. Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda çempion gyzlar bilen bir mekdepde okaýan türgenler Amir Öwezow bilen Sanjar Öwezow birinji we ikinji orunlary paýlaşdylar. Üçünji orny bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Alibek Ulugbekow eýeledi.

Mugallymlar ýaryşdylar

Saýat etrabyndaky orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşy etrap bilim bölümi «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen bilelikde gurady. Etrabymyzdaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryşa mekdepleriň toparlary gatnaşdylar.

Şygryýet bäsleşigi geçirildi

Welaýat çagalar kitaphanasy welaýat baş bilim müdirligi bilen bilelikde Türkmenabat şäheriniň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy — söz şalygynyň soltany» atly şygryýet bäsleşigi geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen bäsleşige çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigine welaýat merkezinden mekdep okuwçylarynyň 30-sy gatnaşmaga isleg bildirdi. Bäsleşigiň başlangyç tapgyrynda olaryň döreden goşgulary toplanyp alnyp, eminler tarapyndan seljerildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen esasy tapgyrynda bolsa okuwçylar eminleriň beren ýumuşlaryny ýerine ýetirip, gysga wagtyň içinde şygyr setirlerini döretmek başarnygyny görkezdiler.

Spartakiadadan ýeňiş bilen

Şu günler «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen at bilen ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda dowam edýän XIII spartakiadada welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. Spartakiadanyň çäklerinde woleýbol boýunça geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça welaýatymyzyň okuwçy oglanlary birinjiligi gazandylar. Toparyň düzüminde Türkmenabat şäherindäki 21, 28, 33-nji orta mekdepleriň we Çärjew etrabyndaky 31, 49-njy orta mekdepleriň okuwçylary çykyş etdiler. Welaýatymyzyň gyzlar topary bolsa ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy. Toparyň düzüminde saýatly mekdep okuwçylary çykyş edip, olary ýaryşa Geldimyrat Halamow we Remezan Öwezow taýýarladylar.

Ökdeler öňe saýlandy

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesi bilen etrapdaky bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda 2009 ― 2011-nji ýylda doglan hem-de ýaryşyň şertlerinde görkezilen agramdaky oglan-gyzlaryň arasynda sportuň Kuraş görnüşi boýunça welaýat birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Etrapdaky 1-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşa oglan-gyzlaryň 250-ä golaýy gatnaşdy. Eminler toparynyň baha bermeginde ýeňijiler yglan edilip, olara TKA-nyň Köýtendag etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ar­ka­dag şä­he­rin­de olim­pia­da ge­çi­ril­di

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 2024-nji ýy­lyň 26-njy mar­tyn­da Arkadag şä­he­rin­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça hal­ka­ra olim­pia­da ba­dal­ga be­ril­di. Hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ho­wan­dar­lyk et­me­gin­de gu­ral­dy.

Ösüş­li men­zil­le­re ba­dal­ga

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hal­ka­ra we Azi­ýa­nyň ten­nis fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny ka­bul et­di

Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­niň bo­sa­ga­syn­da

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Hal­kyň, şol san­da ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de küşt, şaş­ka, düz­züm gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Küşt gör­nü­şi bo­ýun­ça 8, 10 we 12 ýa­şa çen­li og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da Hal­ka­ra Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ra Aş­ga­bat şä­he­rin­den ze­hin­li ça­ga­la­ryň 300-e go­la­ýy gat­naş­dy. Şeý­le-de, mek­dep­de he­re­ket ed­ýän 64 öý­jük­li şaş­ka gör­nü­şi bo­ýun­ça 14 we 18 ýa­şa çen­li og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ra tür­gen­le­riň 62-si, düz­züm, bäş­daş mil­li oýun­lar bo­ýun­ça gu­ra­lan ýa­ryş­la­ra ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä 30-a go­laý oýun­çy gat­naş­dy. Ýe­ňi­ji bo­lan to­par­la­ra we tür­gen­le­re ýa­ry­şyň gu­ra­ma­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan Hor­mat hat­la­ry we sow­gat­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Sport baýramçylygy

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ni baş­dan ge­çir­ýän eziz hal­ky­myz hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň da­şy­na je­bis­le­şip, sport­da ga­zan­ýan şah­sy gö­rel­de­sin­den nus­ga alyp, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport maşk­la­ry bi­len giň­den meş­gul­lan­ýar­lar. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­de gur­lan sport bi­na­la­ryn­da yzy­gi­der­li sport gör­nüş­le­ri bi­len türgenleşýärler, şeý­le-de dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ryn­da üstünlikli çykyş edip, uly ne­ti­jeleri ga­zan­ýar­lar.

Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek spor­tuň fi­ji­tal gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­ýär

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 2024-nji ýy­lyň 1 — 6-njy ap­re­l ara­ly­gyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň we umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da spor­tuň tä­ze fi­ji­tal gör­nüş­le­ri (phy­sical+di­gi­tal) bo­ýun­ça ýa­ryş­lar hem-de «Açyk ga­py­lar» hep­de­li­gi ge­çi­ri­ler.

Türgenleriň taýýarlygy esasynda ýeňiş gazanmagyň ygtybarly ýollary

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esas­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dürmä­ge gö­nük­di­ri­len bi­möç­ber ala­da­lar ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky, şol san­da ýaş­lar ta­ra­pyn­dan be­den­ter­bi­ýä, spor­ta uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da ýaş ýet­gin­jek­le­riň spor­ty saý­lap al­mak­da nus­ga­lyk gör­ke­zi­ji­le­rini yl­my esas­da öz­leş­dir­mek hü­när­men­le­riň we alym­la­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki tür­gen­le­riň sport bäs­le­şik­le­rin­de gör­kez­jek ne­ti­je­le­ri hut şo­nuň bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ha­kyn­da­ky köp­ýyl­lyk mak­sat­na­ma­syn­da hem gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ýet­gin­jek­le­riň be­den ösü­şi­ni we ola­ryň fi­zi­ki he­re­ket­le­re ukyp­la­ry­ny yl­my esa­syn­da öw­ren­mek­ aý­ra­tyn nyg­tal­ýar.

Türkmenistanda geljegiň sporty hasaplanylýan fijital sport ösdürilýär

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Liderimi­ziň ýaş­lar ba­ra­da­ky ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, oňyn ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za we­pa­ly, bi­li­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga, hü­när öw­ren­mä­ge, zäh­met çek­mä­ge hö­wes­li, ru­hu­be­lent ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Ösen komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ez­ber­lik bi­len erk ed­ýän ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bag­ly sport gör­nüş­le­ri uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar.

Hokkeý. Aşgabatda halkara ýaryşy geçiriler

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de gys­ga döw­rüň için­de iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler Ar­ka­dag­ly Gah­ryman Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, döw­le­ti­mi­ziň sport ab­ra­ýy­ny has-da ýo­ka­ry de­re­je­le­re çy­kar­mak­da en­çe­me iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 15 — 20-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da ýe­ne bir iri sport baý­ram­çy­ly­gy — hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ri­ler. Mu­nuň özi hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» di­ýen pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri­niň iş ýü­zün­de do­lu­ly­gy­na ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Sport ähli üstünlikleriň girewidir

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Sport bi­len meş­gul­lan­mak sag­ly­ga peý­da­ly bo­lup, onuň sag­dyn jem­gy­ýe­tiň bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­ýän­di­gi­ni unut­ma­ly däl­di­ris. Ça­ga­lyk­dan spor­tuň öz­le­ri üçin dog­ry gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­mak gel­jek­de il-gü­nü­mi­ze ab­raý, ata Wa­ta­ny­my­za şan ge­tir­jek tür­gen­le­riň ke­ma­la gel­me­gin­de mö­hüm baş­lan­gyç­dy­r. Biz äh­li ün­sü­mi­zi ýaş ne­sil­le­riň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­nyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy­ny üp­jün et­me­gi­ne çek­ýä­ris.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de be­len­de gö­ter­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­ne 2024-nji ýy­lyň 15 — 20-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çir­mä­ge yg­ty­ýar be­ril­di.

«Aşgabat» köpugurly stadiony — döwrebap sport desgasy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Türkmen türgenleriniň halkara giňişliginde geçirilýän ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitler bu günki gün biziň başymyzy göge ýetirýär. Munuň özi ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýdyň görkezýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony şeýle mümkinçilikleriň döredilen ýeridir.

Sport ýa­ryş­la­ry ýurdumyzda giňden ýaý­baň­lan­ýar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pä­him-paý­ha­sy bi­len ýur­du­myz sport döw­le­ti­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň ösüp gel­ýän ýaş nes­li­niň sag­dyn we berk be­den­li, ru­hu­be­lent ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni, ola­ryň zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak­la­ry­ny we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len in­di en­çe­me ýyl bä­ri «Türk­me­nis­tan — ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly Spar­ta­kia­da we Uni­wer­sia­da sport ýa­ryş­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň, ta­lyp­la­ry­nyň hem-de or­ta hü­när we baş­lan­gyç hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň, or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Bu sport ýa­ryş­la­ry­na ýaş­la­ry­myz uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­ýar­lar we öz­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ýar­lar. Bu ýa­ryş­lar däp bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti we Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de gu­ral­ýar. Olar suw­da ýüz­mek, ýe­ňil at­le­ti­ka, ten­nis, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis, küşt, 3х3 bas­ket­bol, ku­raş, er­kin gö­reş, grek-rim gö­re­şi, fut­zal, bas­ket­bol, bad­min­ton, gand­bol, we­los­port we boks ýa­ly sport gör­nüş­le­ri­ni öz içi­n

Hal­ka­ra sport hyzmatdaşlygy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­tan­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Öň­de goý­lan mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýurt­da bu ugur­da­ky he­re­ket­le­riň tä­ze usul­la­ry ke­ma­la ge­ti­ril­ýär, us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne iter­gi be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň kä­mil­leş­me­gi, ada­myň kuw­wa­ty­nyň mad­dy we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy ne­ti­je­sin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe bol­ma­gy, şeý­le-de sport bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň has-da gi­ňel­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy.

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sport — ýetilýän sepgitlere go­şant