"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwür bilen aýakdaş

Ýurdumyzda uly ösüşleriň amala aşyrylýan döwründe ähli pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artdyrylýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar gününiň döwlet derejesinde bellenilip, halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem türkmen ylmynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi ugrunda, şeýle-de ýurdumyzda alymlar, ylmy işgärler hakynda edilýän aladanyň, döwlet tarapyndan berilýän uly ünsüň subutnamasydyr.

Ylym dünýäsiniň ägirdi

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary indi üç asyr bäri halkymyzyň dilinden düşmän, islendik durmuş meselesinde dogry çözgüde gelmäge ýol görkezýän şamçyrag, älem-jahan barada bilimleri öwrenmäge mümkinçilik berýän paýhas akabasy hökmünde görülýär. Halkymyz şahyryň goşgularynda häzirki döwre çenli dünýä ylmy tarapyndan öwrenilen hadysalaryň we çözülmedik syrlaryň kändigine ynanýar. Beýik filosofyň döredijiligi bilen içgin tanşanyňda, bu pikiriň hakykatdygy äşgär bolýar. Çünki Magtymgulynyň goşgularynda takyk ylymlaryň kadalaryny düşündirýän setirler hem az däl. Magtymguly Pyragy goşgularynda Ýer togalagynyň we asman giňişliginiň gurluşy barada gymmatly maglumatlary getirýär. Akyldaryň «Bu dünýä» diýen goşgusynda:

Biotehnologiýa — ylmyň möhüm ugry

Döwrebap ykdysady ösüş, esasan, üç ugur, ýagny biotehnologiýa, nanotehnologiýa hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň esasynda ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak babatda ýokary derejeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamagy ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işlere täze depgin berdi. Biotehnologiýa mikroorganizmleri senagatda ulanmaga gönükdirilen innowasion ylmy-tehnologik ösüşiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ylmyň we önümçiligiň çalt ösýän köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn pudagyna öwrüldi. Biotehnologiýa senagat biotehnologiýasyny, genetik we öýjük inženeriýasyny öz içine alýar. Ol oba hojalygynda, senagatda we gündelik durmuşda ulanylýan serişdeleri almakda, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda ykdysady taýdan bähbitlidir.

Durnukly ösüşde ýaşlaryň orny

Öňňin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýerli hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi. Indi ikinji gezek guralan bäsleşigiň esasy maksady ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, ýerli we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has işjeňleşdirmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere, hünäre höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Onuň birinji tapgyryna ýurdumyzyň hem-de Özbegistan, Russiýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Koreýa, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 130 iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Ikinji tapgyra 38 sany ylmy-taslama işi saýlanyp alyndy. Onuň netijeleri boýunça 19 awtor ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 5-si daşary döwletleriň, 14-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işidir. Birinji orna 4, ikinji orna 6, üçünji orna 9 ylmy-taslama işi mynasyp görül

Abu Aly ibn Sinanyň ylmy döredijiliginiň gymmatlygy

Güljemal ANNABAÝEWA«Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnalyň baş redaktory Abu Aly Huseýin ibn Abdallah ibn al Hasan ibn Aly ibn Sina (latynça ady Awisenna) Orta Aziýanyň görnükli dünýä belli lukmany, filosofy, ýazyjysy, tebigaty öwreniji alymydyr. Ol 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Abu Aly ibn Sina Buharanyň golaýyndaky Afşana obasynda dogulýar. Çagalygyny we ýaşlygyny Buharada geçirýär, öz döwrüniň tejribeli alymlaryndan ylahyýet, filosofiýa, matematika, lukmançylyk ylymlaryny öwrenip, ylmy we amaly lukmançylyk işine başlaýar. Abu Aly Ibn Sina ökde lukman hökmünde gysga wagtda abraý gazanmany başarýar we emir Nuh ibn Mansury üstünlikli bejerenligi üçin alyma emiriň köşgündäki kitaphanada saklanýan golýazmalardan peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu ýerde alym poeziýa, filosofiýa, matematika, geologiýa, astronomiýa, tebigy ylymlary, esasanam, lukmançylyk ugurlary boýunça bilimini artdyrýar. Samanidleriň häkimliginiň ýykylmagy bilen alym bu ýerde alyp barýan üstünlikli lukmançylyk we tebipçilik işini tamamlamaly bolýar. 1002-nji ýylda Ibn Sina Horezmiň paýtagty Gürgenje (häzirki Ürgenç) göçýär we Şah Mamunyň köşgünde ýaşap, ylymlary öwrenmegini dowam edýär. 1007-nji ýyldan başlap Horasanda, 1012-nji ýylda Ispyhanda we Hamedanda ýaşap, Hamedanyň hökümdarynyň lukmany we döwletiň weziri bolýar. Horezmda Ibn Sina öz döwrüniň tanymal alymy Biruni, alym-lukman Abul-Hasan-Ha

Biotehnologiýanyň toplumlaýyn ösüşi

Döwlet Baştutanymyz ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ylym we bilimi ýurdumyzyň öňe gitmeginiň binýatlyk esasy hasaplaýar. Ylmy esasly, okgunly özgertmeler eziz Watanymyzyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam berýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Ylym — ösüşleriň binýady

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda giňden bellenip geçiljek seneleriň biri-de Ylymlar günüdir. Güneşli diýarymyzda bu sene ýylyň-ýylyna baý many-mazmunly çärelere sepleşip, giňden dabaralandyrylýar. Munuň özi ýönelige däldir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda bellenilişi ýaly, «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir». Şonuň bilen baglylykda, bu gün ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlandyrylmagyna uly üns gönükdirilýär, ýurdumyzda ylmyň dünýä derejesinde laýyk getirilmegine ähmiýet berilýär, ylym-bilim maksatly gurulýan binalar giň gerimler bilen ýaýbaňlandyrylýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurdaky taýsyz tagallalar ösen tehnologiýalardan habarly, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine itergi bolýar.

Ruhy çeşmä öwrülen şahyrana dünýä

Her alymyň baş maksady, ylmy ýörelgesi, saýlap alan temasy bolýar. Ol öňünde goýan şol maksadyna ýetmäge çalyşýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow hem alymlara mahsus edebiýaty öwreniş ylmynyň çylşyrymly, şol bir wagtda jedel döredýän ägirt uly meselelerini ylmy taýdan barlamagy özüniň baş maksady edip goýýar. Irginsiz ylmy gözlegleriň netijesinde, alym türkmen edebiýatynyň nazaryýetine, taryhyna, şu gününe degişli möhüm meseleleriň onlarçasyny çözýar. Biz halypa alym Muhammetguly Amansähedowy nusgawy edebiýaty, edebiýatyň nazaryýetini ilik-düwme bilýän alym hökmünde tanaýarys. Ol edebiýatyň nazaryýetiniň milli aýratynlyklaryny, kemala geliş, ösüş ýollaryny halypalary Aman Kekilowyň, Öde Abdyllaýewiň, Rahman Rejepowyň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň edebi taglymatynyň esasynda täzeçe işlemegi we türkmen edebiýatynyň milli nazary esaslaryny döretmegi başardy. Ýönekeýlikden çylşyrymlylyga, giňlikden çuňluga gitmek Muhammetguly Amansähedowyň iş usuly. Ol haýsydyr bir möhüm meseläni ylmy taýdan barlajak bolsa, edebiýatyň kerwenbaşylaryna ýüzlenýär we meseläniň milli aýratynlyklaryny ylmy taýdan ykrar edýär. Alym ylmy gözlegleriniň başyny häzirki zaman temasyndaky türkmen romanlarynda gahrymanyň durmuşy işjeňligi meselesine bagyşlaýar. Alym temasy bilen baglanyşykly daşary ýur

Gymmatly neşire sözbaşy ýazan

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine gezek gelende, kakam Myratgeldi Söýegow bizden örän düşünjeli sözlemegi talap ederdi. «Magtymgulynyň şygyrlary biziň üçin uly bir durmuş mekdebidir» diýerdi. Onuň goşgularyndan ýat tutmagy sargardy. Arada kakamyň şahsy arhiwinde saklanýan Magtymguly Pyragy baradaky tekstleri tertipläp otyrkam, öňümden şu makalasy çykdy. Makalany edebi neşirimiziň okyjylaryna hödürlemegi makul bildim. Aýna SÖÝEGOWA, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.

Kynçylykly döwürdäki ruhy hemaýat

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri watançylygyň we belent ahlaklylygyň, ruhubelent ýaşaýyş durmuşynyň mizemez ýörelgeleriniň waspçysy bolup, ynsan kalbynyň töründe müdimilik orun almagy başardy. Onuň şygyrlarynyň gadyr-gymmaty il-günüň başyna hupbat bolup inen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda aýratyn ähmiýete eýe bolupdy. 1940-njy ýylyň 17-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň ýubileýini bellemek hakynda döwlet derejesinde möhüm karar kabul edilipdir. Şu karardan ugur alyp, şol wagt SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň Taryh, dil we edebiýat instituty diýlip atlandyrylan ylym ojagynyň alymlary gysga wagtyň içinde Magtymgulynyň edebi mirasyny toplamakda aýratyn tapawutlanypdyrlar. Bu babatda görnükli edebiýatçy alym Ahmet Ahundow-Gürgenliniň (1909-1943 ý.ý.) bitiren hyzmaty aýratyn ýatlanylmaga mynasypdyr.

Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

Baýrama mynasyp sowgatly

Eziz Tagangulyýew, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy: — Men 6-njy synpdan başlap, biologiýa, fizika derslerine ýykgyn etdim. Şunlukda, bu derslerden döwlet we halkara derejelerindäki ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanyp gelýärin. Geçen okuw ýyllarynda maňa «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda, şeýle-de Litwa döwletiniň Wilnýus şäherinde geçirilen VILIPO halkara taslama bäsleşiginde üçünji orny eýelemek bagty miýesser etdi. Daşary ýurtlaryň 36-synyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu taslama bäsleşiginde öňe saýlanmak meni bilimimi has-da çuňlaşdyrmaga ruhlandyrdy. Men bäsleşige «Daşky gurşawy goramak we tygşytlylygy gazanmak» atly taslama işim bilen gatnaşdym. Şunda buýan kökünden alnan galyndylary zaýalaman, ondan gurluşyk önümini öndürmegiň usullaryny taýýarladyk. Ylmy ýolbaşçym Toýly Gurbanowyň ýardam bermeginde taýýarlan bu taslama işime mynasyp baha berildi. Biz taslama bäsleşiginden soňra Wilnýus şäheriniň gözel ýerlerine gezelenç etdik. Ol ýerdäki ajaýyp teatry we taryhy-medeni ýadygärlikleri ýakyndan synlamak bize ýatdagalyjy täsirleri bagyş etdi. Biz birnäçe daşary döwletleriň ýaşlary bilen dostlaşdyk. Olar gözel paýtagtymyzyň üýtgeşik owadanlygyny aýratyn belläp geçdiler.

Beýik ösüşleriň binýady

12-nji iýun — Ylymlar güni Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmekde, onuň syýasy, ykdysady we medeni giňişlikde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda ylym ulgamy aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçinem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürüldi. Ilkinji nobatda bellemeli zat hem, ýurdumyzda ylmyň hukuk esasy döredildi. Bu bolsa ulgamy kämilleşdirmekde, ony hil taýdan täze derejelere götermekde täze çemeleşmelere ýol açdy. Şonuň netijesinde, ähli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylyp, ösüşiň täze belentliklerine ynamly ugur alyndy.

«Magtymguly» diýip adyny tutanlar

Su­rat­da: aka­de­mik Baý­mu­ham­met Gar­ry­ýew iş pur­sa­dyn­da. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi gözbaşyny ХVIII asyrdan alyp gaýdýar. Geçen asyrda Magtymgulyny öwrenmek meselesi türkmen alymlarynyň öňünde duran ylmy wezipeleriň esasysy bolýar. Men Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda işlemek bilen, ylmy gözleglerden daşary bu ylym merkezinde zähmet çekýän halypa alymlardan magtymgulyşynas türkmen alymlary hem-de taryhyň sahypalaryna siňen pursatlara şaýat bolan fotosuratlardaky keşpler hakda gyzyklanyp, olaryň berýän täsirli gürrüňlerini belläp alýaryn. Arada filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowanyň iş stolunda akademik Baýmuhammet Garryýewiň iş pursadynda düşen suratyny görüp, alym zenandan ol barada gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol Magtymgulynyň döredijiligini öwrenen belli alymlaryň biri hökmünde akademik B. Garryýew hakda şeýle gürrüň berdi:

Gaz desgalaryny poslamadan goramakda ingibitorlary saýlap almagyň ugurlary

Gaz enjamlaryny poslamadan goramagyň köpýyllyk tejribesi känleriň ygtybarly işlemegini üpjün edýän çäreleriň biri hökmünde ingibitorlary ulanmaklygyň ykdysady we tehnologik taýdan möhümligini görkezýär, ingibitoryň gorag netijeliligi onuň dogry saýlanylyşyna we ulanyş usulyna baglydyr. Tebigy gaz gazylyp alnanda, onuň bilen çykýan ugurdaş turşy gazlaryň (H2S we СО2), gatlak suwlarynyň, organiki kislota garyndylarynyň we başgalaryň täsir etmeginde gymmat bahaly gaz önümçilik desgalarynyň enjamlarynyň poslama netijesinde ygtybarly, howpsuz işlemegine öz täsirini ýetirip durýar. Şol sebäpli hem ýerasty we ýerüsti gaz önümçilik enjamlaryny poslamadan goramaklyga toplumlaýyn çemeleşmelidir.

Ýer gatlaklaryny düýpli barlaýan tehnologiýa işlenip taýýarlanyldy

Russiýanyň «TNG-Grupp» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ylmy-tehniki müdirliginde täze enjam — programma toplumy üstünlikli synagdan geçirildi. Guýularyň senagat-geofiziki barlaglarynyň maglumatlaryny düşündirýän özboluşly intellektual tehnologiýany döretmek işine iki ýyl mundan öň girişilendigini «Neftegaz.RU» internet-žurnaly habar berýär. Toplum nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamaga gözegçilik edýän we ýer gatlaklarynyň ýagdaýyna ekologiýa monitoringini amala aşyrýan optiki-süýümli ölçegleri öz içine alýar.

Ýagşy adam ýatdan çykmaz

Ömrüni nebitgaz pudagyna bagyşlan halypalar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, «Nurmyrat Mawyýew hem ýatlanmaga mynasyp iş bitiren halypalaryň biridir» diýip, ony ýagşylykda ýatlaýarlar. Arada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kataloglary gözden geçirip otyrkak, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory Nurmyrat Mawyýewiň bitiren işleri hakyndaky käbir maglumatlara gabat geldik. Onuň kandidatlyk we doktorlyk işlerinde ylmy ýolbaşçylary bolan halypalary — Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky nebitgaz institutynyň professor-mugallymlary Wladimir Knýazew, Pawel Florenskiý we beýleki kärdeşleri bilen bilelikde, şeýle hem ýekelikde ýazan birnäçe okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň sanawy bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Onuň Turan plitasynyň gatlaklary temasy bilen bagly dürli ýyllarda «TYA-nyň habarlary» (häzirki «Türkmenistanyň ylym we tehnika» žurnaly) neşirinde çap edilen ylmy makalalarynyň hem ençemesi bar. Şol maglumatlardan käbir mysallar: Knýazew hem Florenskiý bilen bilelikde ýazan Günorta Murgap çöketliginiň platforma örtük düşeginiň çökündileri barada SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň dokladlary, 1974 ý.; «Türkmenistanyň platforma territoriýasynyň binýady (fundamenti) kartalarda we shemalarda», Aşgabat, 1978 ý.; Günorta Turan plitasynyň binýadynyň we aralyk toplumynyň weýranlaşma gatlaklary barada ÝOM-nyň habarlary, «Geologiýa we barlag» 1983 ý.; 1997-nj

Halkara ylmy-taslama bäsleşigi

1 — 5-nji iýun aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň birinji saýlama tapgyryna 12 ýurduň 25-e golaý ýokary okuw mekdebinden talyplaryň 40-a golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-sinden 100-e golaý talyp özleriniň alyp baran ylmy-taslama işleri bilen gatnaşdy. Şolardan ylmy-taslama işiniň düzgünnamasynda görkezilen talaba laýyklykda, eminler topary tarapyndan saýlanan daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň 4-sinden hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinden jemi 40-a golaý talyp bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Türkmenistan we bütin dünýä üçin ähmiýetli azyk howpsuzlygy, şeýle-de ekologik meselelerine ýaşlaryň ünsüni çekmek, talyplaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen yglan edilen halkara bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Birinji saýlama tapgyrda, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýykly

Agrobiotehnologiýa — durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň şerti

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Täze döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde biotehnologiýanyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, geljekde biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslary işlenip düzülýär. Oba hojalyk toplumynyň innowasion ösüşinde biotehnologiýa ähmiýetli orun eýeleýär we ol geljegi uly ugur hasaplanýar. Uzak möhletli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, daşky gurşawyň barha üýtgeýän şertlerinde oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda netijeli alyp barmakda innowasion çözgütleri öňe sürýän agrobiotehnologiýa geljegiň tehnologiýasydyr. Bio we nanotehnologiýalar oba hojalygynyň ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk, weterinar lukmançylygy ýaly dürli ugurlarynda peýdalanylýar. Dünýäde ählumumy meseleleri çözmekde, oba hojalygynyň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde, innowasion önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýola goýmakda häzirki zaman agrotehnologiýalarynyň, şol sanda oba hojalygynda mikrobiotehnologiýanyň, fitobiote

Ahalteke atçylygynda möhüm möwsüm

Ahalteke atlarynyň juda gadymy taryhy bar. Şeýle-de bolsa, ahalteke atlarymyzy ylmy taýdan öwrenmek işi 1920-nji ýyllarda başlanýar. Ylmy taýdan öwrenmegiň maksady ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamak bolup durýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň diňe üçüsi — ahalteke, arap we iňlis atlary arassa ganlylygyny saklamak arkaly köpeldilýär. Atçylykda atlaryň tohum arassalygyny saklamak, baş sanyny artdyrmak hem-de ýeterlik mukdarda köp, sagdyn taýlary almak we ösdürip ýetişdirmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin her bir ene baýtaldan ýylda bir taý almaga çalşylýar. Baýtalyň gulunlamazyndan has öň aladasy edilmelidir. Şonda ene baýtalyň bogazlygyny ýa-da gysyrlygyny kesgitlemek aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Çünki gysyr baýtallary öz wagtynda ýüze çykarmak ony gaýtadan höwre goýmaga mümkinçilik berýär.