As-Samany — orta asyrlar döwrüniň görnükli alymy (Ýaşlar we gadymyýetiň ýaňy)
Gojaman taryha ser salsak, türkmenler dünýäniň çar künjünde beýik döwletleri döredip, dünýä medeniýetiniň, ylmynyň we biliminiň pajarlap ösmegine saldamly goşant goşupdyrlar. Gündogarda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni taýdan ösen döwletleriň biri hem Beýik Seljuk Türkmen döwletidir. Seljuk soltanlarynyň ählisi döwletiň gülläp ösmeginiň ylym-bilime baglydygyna düşünip, bu pudagy ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüpdirler. Hut şu jähetden ugur alyp, Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň paýtagty Merwde ylym-bilim ojaklary, meşhur kitaphanalar, medreseler we obserwatoriýalar gurlup, alymlaryň, şahyrlaryň we dürli ugurlar boýunça ylmy işgärleriň kemala gelmegine şert döredilipdir. XI asyryň ortalaryndan XIII asyryň başlaryna çenli Merwde köp sanly kitaphanalar işläp, olaryň iki sanysy metjitde, iki sanysy hanakada, galanlary medreselerde ýerleşipdir. Bu ýerde meşhur alymlar tarapyndan Samanylar kitaphanasynyň döredilendigi hakynda taryhy çeşmelerde gabat gelmek bolýar. Merwde as-Samany ady bilen meşhur bolan, samanylar maşgalasyna degişli taryhçylaryň we filologlaryň mekdebi ýerleşipdir. Bu mekdebi Abu Sad Abul Muzaffar as-Samany esaslandyrypdyr. Samanylar alymlar maşgalasy bolup, olara Merwdäki on iki kitaphananyň iki sanysy degişli bolupdyr. As-Samanylar maşgalasyna degişli bolan kitaphana barada Ýakut al-Hamawy: «Samanylara degişli bolan iki kita