"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Albukerke

Welosiped şäherlileriň hemrasy Şäherde welosiped ýollarynyň ösen ulgamy bar. 2019-njy ýylda berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, aýratyn welosiped zolaklaryň we ýörite zolaklaryň uzynlygy 400 milden geçýär. 2009-njy ýyldan bäri bu şäher welosiped sürýänler üçin amatlyklara baý şäher hökmünde tanalýar. Şäheriň «Silwer» şaýolunda ilkinji welosiped ýanýodasy açyldy. Şäherde häzirki wagtda hem welosiped sürýänler üçin kars programmalary düzmek we maýa goýumy dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

Dag gerişleriniň täsinligi

Hytaýyň Hunan welaýatynyň demirgazyk-günbatar tarapyny Ulinýuan dag gerişleri tutýar. Birmahallar äpet dag bolanlygy mese-mälim bildirýän Ulinýuan millionlarça ýylyň dowamynda tebigatyň dargama, owranma hadysalaryna duçar bolupdyr. Gum daşlarynyň, hek daşlarynyň pytramagy netijesinde özboluşly görnüşe eýe bolan 3000 töweregi kert gaýalar, daşdan diňler 26 müň gektar ýere uzalyp gidýär. Dag sütünleriniň müňden gowragynyň beýikligi 200 metrden geçýär. «Iň uzyn boýly» kert asmana garşy 1890 metr uzasa, «Awatar» adyny göterýän meşhur gaýanyň beýikligi 1080 metre ýetýär. Dag ulgamynyň täsin gözelligine maýyl bolan Jeýms Kemeron meşhur «Awatar» kinofilminiň käbir pursatlaryny şu ýerlerde surata düşüripdir. Beýikligi 1518 metre ýetýän Týanmen dagyny ýerli ýaşaýjylar keramatly dag hasaplaýarlar. Olaryň ynanjyna görä, tebigy hadysalar, taryhy özgerişlikler bolmazdan öň bu gaýadan şaglawuk akanmyş. Şeýle hem Týanmen gaýasynda «Asman derwezesi» atly gowak bar. Ol gowaga barmak üçin jahankeşdeler dünýäde iň uzyn asma köprüsinden peýdalanýarlar. Asma köpriniň uzynlygy 7455 metrdir. Týanmeniň ýene bir meşhurlygy—iki gaýany birikdirýän «Ynam ýodasydyr». Oňa «Asman ýodasy» hem diýilýär. Aýnadan salnan bu köpri howpsuz bolsa-da, jahankeşdeler ondan ýürek edip ýöräp geçmäge birbada çekinýärler. 2016-njy ýylda ulanyşa girizilen bu geçelgäniň uzynlygy 430 metre, ini 6 metre ýetýär. Köpri ýerden 30

Awaza — sagdynlygyň mekany

Bagtyýarlyk döwründe gün-günden özgerýän Watanymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda Awaza häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, dünýä jahankeşdeleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Gojaman Hazaryň müňläp menzillere uzap ýatan balykgulakly kenary ap-ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde birsellem gezelenç etmek ynsanda ýakymly duýgulary döredýär, saglygy berkidýär. Hut şeýle gözelligi bir pursat synlap, Awazanyň sergin howasyndan dem alyp, şypaly mekana dynç almaga gelmek her kesiň arzuwy. Ýurdumyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen şu ýylyň tomsunda bu jenneti mekan ýene-de öz myhmanlaryny kabul eder. Awazanyň suwy-da, howasy-da, palçygy-da, suw otlary-da dermandyr. Bu ýerde gurlan «Awaza» şypahanasy bolsa aeroterapiýany, gelioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwuny, fiziobejeriş usullaryny, algoterapiýany (deňiz suw otlaryny) we beýleki birnäçe bejeriş usullaryny öz içine alyp, toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullaryny giňden ulanmaga mümkinçilik döretdi. Şypahanada Diýarymyzyň baý tebigy melhem, bejeriş serişdelerini ulanmak bilen, dürli keselleri bejermekden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge we olarda keselleriň öňüni almaga hem-de ömür dowamlylygynyň artmagyna özüniň oňyn tä

Akylly şäherler

Ylmyň, tehnikanyň ösmegi täze-täze tehnologiýalaryň zamanasynyň başyny başlady. Bu günki gün «Akylly öý», «Akylly şäher» diýlen ýaly düşünjeler kem-kem ynsan durmuşynda adaty zada öwrülýär. Dünýädäki akylly şäherleriň sanawy gitdigiçe artýar. Şol şäherleriň käbirleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Singapur. Bu şäherde durmuş zerurlyklarynyň ählisi diýen ýaly datçikler arkaly gözegçilikde saklanylýar. Şäheriň köçelerinde sürüjisiz awtoulaglaryň gatnaw edip ýörmegi hiç kimi geň galdyranok. Ulaglaryň sanynyň kändigine garamazdan, köçelerde dyknyşyk emele gelmeýär. Ýörite datçikler şäheriň haýsy ýerinde howada hapa maddalaryň köpelýänini hasaba alyp, awtomatik usulda ulag akymlarynyň ugruny üýtgedip durýar. Bu ulgam Singapuryň awtosürüjilerine wagt tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Singapurda gartaşan adamlara hyzmat etmek gullugy hem ösen. Ýörite ulgam arkaly öýde ýeke galan gartaşan adamyň hereketleri gözegçilikde saklanylýar. Eger gözegçilikdäki adam uzak wagtlap hereket etmese, ulgam bu barada onuň hossarlaryna we lukmanlara habar berýär.

Gezsem, dünýäni görsem

Köýtendagyň täsinlikleri Köýtendagyň özboluşly tebigy aýratynlyklary islendik jahankeşdäniň ünsüni özüne çekýär. Köýtendag ajaýyp tebigy künjekleri, täsin gowaklary, dag howasy bilen hemmelere lezzet paýlaýar. Häzirki wagtda onuň gowaklaryny we taryhyny öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Köýtendagda ýerleşýän Gap-gotan gowagy özboluşly gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde Ýer ýüzünde seýrek duş gelýän magdanlaryň, minerallaryň uly toplumlary bar. Gowakda diňe bir minerallar bolman, ol ýeriň klimaty hem üýtgeşikdir. Gap-gotanyň dürli pasyllarda hem adam saglygyna örän peýdaly howasy bardyr. Bu ýeriň howasyndan dem almaklyk birnäçe keselleriň öňüni alýar we bejergi geçirmek üçin hem diýseň peýdalydyr.

Muzeý gymmatlyklary gyzyklanma döredýär

Ýakynda Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň muzeýine syýahat guraldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan syýahata orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen atlarynyň — meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, ýaşlarda milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran edýän behişdi bedewlerimiziň we ahalteke atşynaslygynyň taryhyna hem-de şu gününe, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerine bolan söýgini ösdürmek, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen guralan syýahat uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň barşynda muzeýiň hünärmeni Mahym Bajamowa häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň täzeden dikeldilýändigi, türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenýändigi, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerine bimöçber sarpa goýulýandygy, olaryň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanýandygy dogrusynda gyzykly gürrüň berdi.

Dünýäniň täsin desgalary

Ajaýyp bina Merjen şäherimiz Aşgabatda täze gurlan täsin binalar barmak basyp sanardan juda kän. Aşgabadyň çäginde gurulýan desgalaryň ençemesi özüniň binagärlik aýratynlygy, täsinligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan ajaýyp desgalaryň biri-de «Ýyldyz» binasydyr. «Ýyldyz» binasy merjen şäherimiziň Bagtyýarlyk we Oguz han köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Özboluşly ajaýyp binanyň beýikligi 36 metre barabardyr. Bäş sütüniň her biri türkmen sekizburçlugynyň nyşanlary bilen bezelen. Bina bäş sany ýarym Aý şekilindäki sütünlerden ybaratdyr. Ol sütünleri bilen özboluşly sazlaşyp, Arşa uçup barýan emeli hemranyň keşbini ýatladýar. Ajaýyp sungat eserine öwrülen bu täsin bina häzirki wagtda köpleri haýran galdyrýar.

Lotos görnüşindäki binalar

Häzirki zaman binagärlik sungaty özüniň özboluşly täzeçilligi hem-de görnüşi bilen haýran galdyrýar. Güller öz ajaýyp keşbi bilen hemişe-de döredijilik adamlarynyň ünsüni çekipdir. Lotos gülüniň keşbini alan ajaýyp bir bina Wýetnamyň Nýaçang şäherinde ýerleşýär. Lotos Wýetnamyň nyşanydyr. “Lotos diňi” diýlip atlandyrylýan bu desga 2008-nji ýylda binagär Le Tan Tunganyň taslamasy esasynda bina edilýär. Lotos suwda bitensoň, bu binanyň-da aşaky gatlaryny tolkunlar ýuwup dur.

Gezsem, dünýäni görsem

Dal bedewlere sarpa Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň birnäçe ajaýyp binalarydyr desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Bu bolsa ak şäherimiziň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Paýtagtymyzyň döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde 2017-nji ýylda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu taryhy waka dal bedewlerimiziň sarpasynyň belentdiginden aýdyň nyşan boldy. Olimpiýa stadiony Aşgabadyň nurly gijelerinde ajaýyp keşbe eýe bolýar. Özboluşly ajaýyp desga ýurdumyzda iň uly stadiondyr.

Dünýäniň meşhur ýollary

Täsin köçe N.Andalyp ýoly paýtagtymyz Aşgabadyň iň giň, uzyn hem-de döwrebap köçeleriniň biridir. Şäheriň iň gatnawly köçeleriniň biri hasaplanýan bu ýolda hiç hili ýolyşygy ornaşdyrylmadyk. Emma muňa garamazdan, N.Andalyp köçesiniň ugrunda awtoulaglaryň päsgelçiliksiz hereket etmegi üçin birnäçe aýlawlar, sowma ýollar, pyýada geçelgeler bar. Köçäniň ugrunda ýokary okuw mekdepleri, bazar, işewürlik merkezleri, kafedir restoranlar, söwda merkezleri we döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär, köçede awtomobil dykynlary döremeýär. Mundan başga-da, ýoluň ugrunda pyýadalar üçin ýörite ýerasty we ýerüsti geçelgeler bar. Köçäni ýylyň ähli paslynda al-elwan güller bezeýär.

Gezsem, dünýäni görsem

Görki täsin Aşgabat Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde, ýagny 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedördül metriniň düşýändigi bilen 2013-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň birnäçe binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Bu bolsa, merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy. Paýtagtymyzda gurulýan binalar biri-birinden özboluşlylygy, ajaýyp binagärligi bilen tapawutlanýar. Aşgabat häzirki wagtda sportuň iň ösen şäherleriniň birine öwrüldi.

Afrika syýahat

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). Wasiliý Wasilýewiç ÝUNKER,rus syýahatçysy

Neşir önümleriniň täsin dünýäsi

Döwrebap metbugat öýi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň edara binasy paýtagtymyzyň gözel binalarynyň biri. 4 gatly edara binasy 2 lift bilen üpjün edilen. Binanyň birinji gatynda işgärler üçin döwrebap enjamlaşdyrylan iş otaglary, tehniki we kömekçi jaýlar ýerleşýär. Binanyň 2-nji we 3-nji gatlary gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň, 4-nji gaty bolsa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işgärleri üçin niýetlenendir. Ähli iş otaglary döwrebap oňaýly mebeller we dünýäniň iň soňky gazanan ýokary hilli kompýuterleri bilen üpjün edilendir. Binanyň 3-nji gatynda neşir önümleriniň muzeýi hem ýerleşýär. Binanyň çäginde ýeňil awtoulaglar üçin niýetlenen 40 orunlyk, ýük ulaglar üçin niýetlenen 40 orunlyk üsti ýapyk duralgalar bar. Şeýle hem, desganyň içinde bu ýerde zähmet çekýän işgärler üçin ýörite naharhana hem ýerleşýär.

Buzdan ýasalan heýkeller

Mähriban çagalar, aýazly günleri köp bolan sowuk howaly ýurtlarda ägirt uly buz böleklerinden dürli heýkelleri we şekilleri ýasamak bilen meşgullanýan heýkeltaraşlar bar. Olar howanyň maýyl wagtynda agaçlardan we beýleki materiallardan heýkelleri ýasaýan bolsalar, gyşyň gelmegi bilen kölleriň, derýalaryň doňup, buza öwrülen böleklerinden dürli şekilleri ýasamak bilen meşgullanýarlar. Howanyň temperaturasynyň pes bolan wagty heýkeller durkuny üýtgetmän saklaýarlar, emma howanyň maýlamagy bilen bu täsin şekiller eremek bilen bolýarlar. Heýkeltaraşlaryň aýtmagyna görä, bu heýkelleri ýasamak üçin iň esasy şertleriň biri buzuň abatlygy we hiç ýeriniň jaýryk bolmazlygydyr. Şeýle-de, doňan suwuň durulygy hem heýkelleriň has owadan durkuna, görküne öz täsirini ýetirýär.

Täsin şekilli suw çüwdürimleri

Uzak günki argynlykdan soň arassa howada dynç almak adama gurbat-güýç berýär. Gözelligi, sergin howasy, tämizligi bilen göreni maýyl edýän seýilgähler, suw çüwdürimleri iň gelim-gidimli ýer hasaplanýar. Aýratyn-da, tomsuna gündiziň yssysy gaýdyşansoň, aram howada suw çüwdüriminiň ýanynda dynç almagyň özboluşly lezzeti bar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, dünýäniň islendik künjeginde köpçüligiň ünsüni özüne çekýän täsin şekilli suw çüwdürimleri gabat gelýär. «Dile düşen» şeýle suw çüwdürimleri jahakeşdeleri-de özüne bendi edýär. «Bag» suw çüwdürimi

Dünýäniň täsin söwda merkezleri

Gözel «Gül zemin» «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işleri «Altyn» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp baryldy. Ajaýyp desga 3,8 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň üç gatly binasynyň umumy meýdany 43 müň 560 inedördül metre barabardyr. «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezinde köpsanly söwda nokatlary, 800 we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana ýerleşýär. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketleri we söwda dükanlary döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisi, şeýle hem birwagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edýän dürli attraksionlar ýerleşýär. «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi döwrebap liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edilendir.

Dünýäniň meşhur desgalary

Täsin binagärlik Alyslardan seleňläp görünýän, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Estetiki merkezi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-una gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açylyp ulanylmaga berlen bu ajaýyp desgada halkymyza gözellik we estetiki taýdan ähli ugurlar boýunça ýokary hilli kosmetologik hyzmatlary etmek üçin zerur şertler döredilen. Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň kompaniýalarynyň häzirki zaman innowasion tehnologiýaly lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlary ornaşdyrylandyr. Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasy tarapyndan gurlan lukmançylyk merkezi özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Binagärlik sungatynyň dürdäneleri

Ajaýyp desga 2011-nji ýylyň oktýabr aýynyň 17-sinde gurlup ulanmaga berlen Aziýanyň merjeni ak şäherimiz Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň belent gerşinde ýerleşýän «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi özüniň ajaýyp binagärligi bilen köpleriň ünsüni çekýär. Bu özboluşly desga «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy» diýen at bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Onuň beýikligi 211 metre barabardyr. Binada dürli görnüşdäki gepleşikleri taýýarlamak hem-de kebşirlemek üçin niýetlenen studiýalar, işgärler üçin naharhana, dynç alyş otaglary, kafeteriýa bar. Ak şäherimiz Aşgabadyň täsin binagärlik keşbini desganyň 29-njy gatynda ýerleşýän aýlanýan restoranda synlamak has-da lezzetlidir. Bu täsin desganyň özboluşly binagärligini, ajaýyp şuglasyny bolsa hatda gijelerine hem paýtagtymyzyň dürli künjeklerinden synlamak bolýar.

Uzak ülkedäki tagam (Muny bilmek gyzykly)

Italiýanyň adamlary, ýaşaýyş şertleri, esasan hem, tagam aýratynlygy özüne çekijidir. Mysal üçin, Italýan aşhanasynda inçe, ýuka ýaýylan içi dürli hurşy ýetirilen gutaplar we kesilen hamyrlar, täze aşlar, hamyrmaýaly çörekler, gök önümli çorbalar, tüwüli tagamlar uly islegden peýdalanýar. Aşpezler her gün diýen ýaly undan tagam taýýarlamak işine girişende, ilki başda çörek, galyberse-de, ondan taýýarlanylýan dürli önümleri esasy iýmitiň hatarynda goýýarlar. Tagam babatynda Italiýa oýlap tapyjylaryň mekany hasaplanylýar. Dünýä aşhanasynyň «eýesi» hökmünde onda ýer edinmegi başaran italýanlar pissa, çorba atylýan köp görnüşli aş tagamlarynyň baryny diýen ýaly oýlap tapypdyrlar. Un bilen çörege ýykgyn bolan halk hamyr tagamlarynyň hakyky söýerleridir. Eger pissa hakynda gürrüň etmeli bolsa, onda oňa örän gabanjaňlyk bilen garaýandyklaryny bellemeli. Hatda 1984-nji ýylda bu tagamyň taýýarlanyş usulyny gizlin we hilini gözegçilikde saklamak üçin ýörite birleşik hem döredipdirler. Tagamyna laýyklykda, bu ýerde pissanyň 2000 -den gowrak ady bolup, şolardan margaritda we marinara atlysy nusgawy görnüşleri hasaplanylýar.

Jahanyň meşhur desgalary

«Türkmen alabaýy» binasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil ýolunyň merkezini bolsa täsin «Türkmen alabaýy» binasy bezeýär. Türkmen alabaýynyň heýkeli 16 sany beýik bina bilen sazlaşyp, Magtymguly şaýoluna özboluşly görk berýär. Aýlaw ýolunyň diametri 36 metr bolup, binanyň umumy beýikligi 15 metrdir. Türkmen alabaýynyň heýkeliniň beýikligi bolsa 6 metre barabardyr.