"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Çaga terbiýesinde döwrebap ýörelgeler

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek biziň mukaddes ýörelgämizdir. Ýaşlarda ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza belent sarpany kemala getirmek ir döwürden başlansa, oňat netije berýär. Esasan hem, çagalar bagynda ertekileri, gyzykly goşgulary aýdyp bermek bilen, olaryň gyzyklanmasyny artdyrmalydyr. Çaga terbiýesinde milli oýunlaryň, sanawaçlaryň, matallaryň peýdasy uludyr. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende, olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem, terbiýeçileriň hem uly orny bardyr. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşine, terbiýesine aýratyn üns bermelidir. Çagalar bagynda terbiýeçiler dürli goşgulary, sanawaçlary, tapmaçalary öwretmek bilen bir hatarda, olaryň öwrenmäge bolan höwesini ösdürýärler. Şeýlelikde, çaganyň kadaly ösmegi üpjün edilýär, olara uly ýardam berilýär. Şahyrana halk döredijiligimiziň çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Gadymyýete ýüzlensek, çagalara ertekidir gyzykly gürrüňleri bermek bilen, olaryň sözleýi

Çagalar üçin spektakl

Ýakynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmuhammet Galandarow «Aldanan möjek» atly türkmen halk ertekisi esasynda adybir spektakly sahnalaşdyrdy. Durmuşda gabat gelýän dürli wakalardan ugurtapyjylyk bilen baş alyp çykmak barada çaga ýüregine ýakyn dilde söhbet açýan spektaklda teatryň O.Gurbanowa, J.Arazmämmedowa, J.Abaýew, K.Annaýew we beýleki artistleri dürli haýwanlaryň keşplerini janlandyrýarlar. «Saňa ýetermi owazym?»

«Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä dolýar şany Magtymgulynyň!»

13-nji martda şeýle at bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Şeýle-de bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine, Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna bagyşlanan kitaplaryň, döwlet muzeýleriniň gaznasyndan milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Sergide Döwlet kitaphanasynyň BEKU ulgamynyň işiniň Sensor panellerde görkezilmegi-de täsirli boldy.  

“Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli”

Nowruz - ýagşylygyň ilçisi! Baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Daş-töwerek abadanlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Täze taryhy eýýamda Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.

Medeniýet gülleýär — döwür gülleýär

Bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp zamanamyzyň giň gerimli ösüşlerine medeniýetimize we sungatymyza içgin aralaşmak arkaly göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ulgamda döwrümiziň beýik ösüşleri öz beýanyny tapýar. Şonuň üçinem döwletimiz tarapyndan ulgamyň gülläp ösmegi üçin uly aladalar edilýär. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ajaýyplyklaryny, aýratynlyklaryny dünýä ýaýmakda, milli döredijilik däpleriniň gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakda, döredijilikli zähmet çekmekde döredilýän şertlerdir mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Berkarar Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, ýeten belent sepgitleriniň many-mazmunyny giňden açyp görkezmek medeniýet we sungat işgärleriniň borjy bolup durýar. Jemgyýetimizde bolup geçýän özgertmeleri doly derejede şöhlelendirmek, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek ýaly asylly maksatlary öňde goýýan, döwrebap eserleri döredýän medeniýet we sungat işgärleri uly abraý-mertebä eýe bolýarlar.

Pederlerden miras - terbiýeçilik mekdebi

Türkmen halkynyň terbiýeçilik medeniýetiniň kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Pederlerimiziň terbiýe ýoly arassa ahlak sypatlaryna, sagdyn ruha eýedir. Bu kada inçelik bilen çemeleşen ata-babalarymyz edep-ekramly, süňňi halal, päk ahlakly, ynsaply, belent adamkärçilikli, zähmetsöýer, watansöýüji ynsanlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda yhlas edipdirler. Çaga terbiýesinde ene-mamalarymyzyň orny uludyr. Çaga terbiýesinde esasy agram eneleriň gerdenine düşýär diýsek-de, hakykatdan daş düşmeris. Çünki çaga körpelikden öýde, köplenç, ejesi bilen ýakyn hem ýygy aragatnaşykda bolýar. Şonuň üçin kähalat erkek oglanlaryň hem ejeleri bilen syrdaş bolýandygyny durmuşda göre-göre gelýäris. Dünýä akyl ýetirip başlan çaga soňra ata-eneden, uly doganlarydyr garyndaşlaryndan, daş-töweregindäki adamlardan görelde alyp başlaýar. Şonuň üçin çaganyň töweregini gurşap alan ynsanlaryň öz hereketlerine, aýdýan sözlerine, terbiýesine gaty ünsli bolmagy gerek. Çünki halk pähiminde aýdylyşy ýaly, çaga ezizdir, emma edebi ondan-da ezizdir. Çuň many-mazmuna ýugrulan bu pähimler uzak asyrlaryň synagyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýetendir. Terbiýe mekdebi bolup, akyl-paýhas hazynasy hökmünde öz gymmatyny ýitirmän, halk hakydasynda ýaşaýandyr. Türkmen nusgawy edebiýatynyň ägirtleriniň döredijiligine ser salanyňda hem olaryň köp bölegi öwüt-ündew häsiýetli eserlerdir.

«Nowruznamadan» Nowruz hakynda

Nuhuň tupanyndan soň, Nowruz baýramyny ilkinji gezek Jemşit şa belläpdir. * * *

Söz sungatynyň ussady

Dil — halklary biri-birinden tapawutlandyrýan esasy milli görkeziji. Eserleri Jemşidiň jamyna deňelen Magtymguly diliň nesilleri baglanyşdyrmakdaky, aňyýeti ösdürmekdäki hyzmatyna akyl ýetiren beýik söz ussadydyr. Ol eserlerinde türkmeniň kalbyny, ruhy dünýäsini giňden açyp görkezen akyldar şahyrdyr. Magtymguly ene dilimiz arkaly agzybirligi, jebisligi, ynsanperwerligi ündän beýik şahsyýet, söz sungatynyň ussadydyr. Magtymguly türkmen halkynyň taryhy ykbaly üçin örän möhüm ýagdaý bolan halky bitewi bir döwlete birleşdirmek maksadyny çeper sözüň güýji bilen beýan edipdir. Magtymguly çeper edebiýatyň dilini kitaby dilden daşlaşdyran, halkyň janly gepleşik diline ýakynlaşdyran ussatdyr. Ol halkymyzyň janly gepleşiginden ep-esli uzaklaşan kitaby diliň kadalaryny ulanman, eýsem, öz eserlerine türkmen umumyhalk diliniň söz baýlyklaryny, häsiýetli grammatik aýratynlyklaryny girizipdir, edebi dilimizi halk döredijiliginiň diline has ýakynlaşdyrypdyr. Magtymgulynyň eserleriniň aglabasynyň türkmen halk döredijiliginiň şahyrana eserlerine kybapdaş dörtleme görnüşinde ýazylandygy hem muny doly tassyklaýar. Beýik söz ussadynyň dil babatdaky bu ýörelgesi özünden soňky türkmen şahyrlarynyň ençeme nesli üçin nusgalyk mekdep bolup gelipdir. Şahyryň tutuş döredijiligi halkyň milli durmuşyndan gözbaş alypdyr.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban çagalar, «Güneş» žurnalynyň bu sahypasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlaryny size ýetirýäris. Reňkleri sazlaşdyryp, ajaýyp, özboluşly suratlary döredýän ýaşajyk suratkeşler gözel paýtagtymyzyň kaşaň binalaryny, baýramçylykdan we çaga durmuşyndan pursatlary oňat ýerine ýetirmegi başarypdyrlar. Bu suratlary synlanyňda, okamaga we öwrenmäge höwesek ýaşlarymyzyň sungatdan üzňe däldigine, olaryň geljekde ussat suratkeşler bolup ýetişjekdiklerine buýsanjyň artýar.

«Owal akan ýerden akarmyş aryk»

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Aýhan Hajyýew — Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň kanoniki keşbini ilkinji bolup kagyz ýüzüne geçiren suratkeş. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygynyň gabat gelmegi-de diýseň buýsandyryjy wakadyr. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Bagyr obasynda 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde zergärçilik bilen meşgullanan Annamuhammet aganyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan kakasynyň ýasaýan şaý-seplerini, ejesiniň sünnäläp çekýän keşdelerini synlap, gapydaky çägäniň ýüzüne gülleriň, agaçlaryň suratlaryny çekýär. Oglunyň surat çekmäge höwesiniň bardygyny aňan Annamuhammet aga şähere gidip, Aýhana surat çeker ýaly kagyzdyr galam getirip berýär. Onuň çekýän suratlaryna kakasynyň göwni ýetýär. Ol: «Berekella, oglum, gözelliklere teşne bolsaň, senden gowy suratkeş çykar» diýip, uly ynam bilen 1933-nji ýylda ogluny Moskwadan Aşgabada gelen suratkeşler Ýiliýa Daneşwaryň, Iwan Çerinkonyň Türkmenistanda esaslandyran ilkinji milli çagalar sungat mekdebine getirýär. Bu ýerde Aýhan Hajyýew Bäşim Nuraly, Sergeý Beglýarow ýaly ussatlardan tälim alýar. Bu ussatlar Aýhanyň taryhy waka

Maksat tutan myradyna gowşar

«Guş ganatsyz bolmaz, adam — arzuwsyz» diýlişi ýaly, her bir adam çagalygyndan bir hünäriň ussady bolmagy arzuw edýär. Kalby şeýle arzuwlardan doly zehinli ýaşlarymyzyň biri Arslan Arturowdyr. Ol Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýar. 2019 — 2023-nji ýyllarda Çärjew etrabynyň çagalar sungat mekdebinde nakgaşçylyk hünäri boýunça okap, surat çekmegiň inçe syrlaryny öwrenýär. Onuň çagalar sungat mekdebindäki mugallymy hem halypasy ejesi Hamida Nabiýewadyr. Olaryň maşgalasy «sungat maşgalasy» hökmünde tanalýar. Arslanyň gyz jigisi hem surat çekmäge höwesek. Şeýle-de onuň kakasy we oglan jigisi saz çalmak bilen meşgullanýarlar. Arslan surat çekmek boýunça ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýär. Ýaş suratkeş 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Amyderýanyň gününiň bellenilmegi mynasybetli geçirilen «Amyderýa — dostlugyň derýasy» atly surat çekmek boýunça halkara bäsleşigine gatnaşyp, III orny eýelemegi başarýar.

Aýdymçy oglanjyk

Aýdym-saza bolan söýgi adamzat döräli bäri bardyr. Onuň bilen bagly dürli rowaýatlar, hekaýatlar biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olaryň ählisinde-de aýdym-saz ynsan üçin esasy orunda durýan zat hasaplanylýar. Döwürleriň, heňňamlaryň eleginde aýdym-saz ençeme täzelikleri özüne siňdirdi. Şonuň netijesinde, ol sungatyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Aýdym-saz sungatyna söýgi döretmek, olary kämilleşdirmek we ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Dürli bäsleşikler gurnalyp, täze zehinli ýaş nesiller ýüze çykarylýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz zehinini kämilleşdirýän, yzygiderli bäsleşiklerde ýeňiji bolýan aýdymçy oglanjyklaryň biri-de Ylham Ýazmyradowdyr. Ol Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdepde okaýar. Ylham Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», şeýle-de «Merdana nesil» ýaly bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşdy. Etrap, welaýat tapgyrlarynda ýeňiji boldy, döwlet tapgyrlarynda ikinji, üçünji orunlary eýeledi, höweslendiriji baýraklara eýe boldy.

Nakgaşlyk sungatynda enäniň we çaganyň keşbi

Enäniň we çaganyň keşbi nakgaşlyk sungatynda hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýän temalaryň biridir. Ynsan kalbynyň jümmüşinde saklanýan şeýle mährem duýgulary wasp edýän sungat eserleri çeper gymmata eýedir. Olar adamzada mahsus bolan tämiz hem mähir-muhabbete ýugrulan aýratynlyklary özünde jemläp, mukaddesligiň, kerem-keramatyň aňrybaş nusgasyny ýüze çykarýar. Bu babatda zehinli türkmen suratkeşleriniň ençemesi enäniň we çaganyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly keşplerini suratlandyryp, dürli ýyllarda kämil eserleri döretdiler. Olaryň arasyndan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowa, Aman Kulyýew, Yzzat Gylyjow, Çary Amangeldiýew dagylary görkezmek bolar. Suratkeşler özboluşly şekillendiriş serişdeleriň we çeper usullaryň üsti bilen enäniň nurana keşbini, mylaýym gylyk-häsiýetini özboluşly açyp görkezmegi başarypdylar. Mährem eneleriň nurana keşbine bolan çäksiz söýgi Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň döredijiliginde aýdyň şöhlelenýär. Ol ene söýgüsiniň älem-jahan ýaly giňligini öz eserlerinde takyk beýan edýär. Muňa mysal edip, suratkeşiň 1941-nji ýylda döreden «Ilkinji ädimler» eserini buýsanç bilen görkezmek bolar. Onda enäniň ilkinji gezek ädim ädýän çagajygyna bolan çäksiz söýgüsi we bagtyýarlygy, şatlyk duýgulary açylyp görkezilýär. Suratkeş bu ýerde türkmen halkynyň maşgala durmuşynyň häsiýetli aýratynlyklaryny açmagy başarypdyr. Eseriň ba

«Gözellik döredýän zenanlar»

Şeýle at bilen 4-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde däp bolan sergi-bäsleşik dabaraly ýagdaýda öz işine başlady. Her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda zenan suratkeşler türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we medeniýetini, gyzlaryň,  eneleriň gözelligini, şeýle-de baharyň gelşini wasp edip, iň gowy şekillendiriş sungat eserlerini halk köpçüligine hödürleýärler.

Pyragynyň ady bilen...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýäde giňden meşhurlyga eýe bolýar, adamzadyň ünsüni özüne çekýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy aýdylanlaryň aýdyň görkezijisidir. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynda döreden gymmatlyklary bu günki günde adamzadyň genji-hazynasyna öwrülýär. Şeýle hem şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara dünýä ýurtlaryndan köp sanly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Bularyň hemmesi milli gymmatlyklarymyzyň ynsan kalbynda uly orun alýandygyny aňladýan aýratynlyklardyr.

Dünýäniň kino sungaty we täzelikleri hakda gysgaça

Halasgär gapy satyldy Gark bolýan meşhur «Titanik» gämisinden Rouz atly baş gahryman gyzy halas eden rowaýaty gapy ABŞ-da satuwa çykaryldy. Oňa 40 müň amerikan dollary möçberinde başlangyç nyrh kesildi. Adybir filmde görkezilýän agaç gapyny heläkçilikden soň saklanyp galan gäminiň böleklerinden ýasapdyrlar.

Kristofer Nolan «Oppengeýmer» üçin 72 million amerikan dollary möçberinde gonorar aldy

Meşhur režissýor Kristofer Nolan «Oppengeýmer» filmi üçin, takmynan, 72 million amerikan dollar möçberinde hak aldy. Bu kino sungatynyň taryhynda režissýorlara tölenen iň uly gonorarlaryň biridir. «Forbes» žurnalynyň habar bermegine görä, Kristofer Nolan şeýle uly mukdardaky gonorary filmiň girdejisiniň 15 göterimini almaga mümkinçilik berýän «Universal Pictures» bilen baglaşylan şertnamanyň netijesinde gazandy. K.Nolanyň bu filmden aljak girdejisiniň geljekde ýene artmagyna garaşylýar.

44-nji «Altyn malina» baýragynyň «ýeňijileri» yglan edildi

Däp bolşy ýaly, «Oskar» baýragynyň gowşurylyşyndan bir gün öň, ýylyň iň şowsuz filmlerine «gowşurylýan» 44-nji «Altyn malina» baýragynyň «ýeňijileri» yglan edildi. «Winni Puh: Gan we bal» gorkunç filmi bäş ugruň ählisi: «Iň şowsuz film», «Iň şowsuz režissýorlyk işi», «Iň şowsuz edebi esas», «Iň şowsuz operatorlyk işi» we «Iň şowsuz ekran görnüşi» ýaly ugurlar boýunça «Altyn malina» baýragynyň eýesi boldy. Mundan başga-da, amerikaly aktrisa Megan Foks birbada iki sany «Altyn malina» baýragyna «eýe çykdy». Has takygy, ol «Jonny we Klaýd» filminde janlandyran keşbi üçin «Baş roldaky iň şowsuz aktrisa» ugry boýunça we «Togtadyp bolmaýanlar 4» filmindäki keşbi üçin «Ikinji derejeli keşbi janlandyran iň şowsuz aktrisa» ugry boýunça «Altyn malina» «mynasyp görüldi». Erkekleriň arasynda Jon Woýt «Tiz kömek» filmindäki keşbi üçin «Baş roldaky iň şowsuz aktýor» ugry boýunça «ýeňiji» diýlip yglan edilen bolsa, Silwester Stallona «Togtadyp bolmaýanlar 4» filmindäki keşbi üçin «Ikinji derejeli keşbi janlandyran iň şowsuz aktýor» ugry boýunça «Altyn malina» baýragy gowşuryldy.

2023-nji ýylda iň köp girdeji gazanan aktýorlar belli boldy

«Forbes» žurnaly 2023-nji ýylda iň köp girdeji gazanan aktýorlaryň sanawyny yglan etdi. Oňa laýyklykda, gülküli keşpleri janlandyrmakda meşhurlyk gazanan Adam Sendler geçen ýylda 73 million amerikan dollary möçberinde girdeji gazanyp, bu ugurdaky sanawyň başyny çekýär. Sanawyň ikinji basgançagyna 59 million amerikan dollarlyk girdeji bilen Margo Robbi ýerleşipdir. Şeýle-de sanawyň ilkinji onlugynda şu aşakdaky kino ýyldyzlarynyň atlary bar: Tom Kruz (45 million amerikan dollar);

Çaga terbiýesinde milli ýörelgeler

Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Çaga ekabyrlanandan soňra, onuň ýaşyna, ukybyna görä dürli ýumuşlary tabşyrmak, medeniýete, sungata, döredijilige çekmek talabalaýykdyr. Çaganyň dünýägaraýşyny, düşünjesini artdyrmakda ýörite çeper hekaýalaryň, matallaryň, rowaýatlaryň, terbiýeçilik ähmiýetli ertekileriň orny örän uludyr. Biz çagalaryň ululara öýkünýändigini, şolardan durmuşy öwrenýändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Terbiýeçilik işinde oňat netijeleri gazanmak üçin ata-eneleriň, ilkinji nobatda, özleriniň oňat görelde görkezmelidiklerini bellemek gerek. Ata-babalarymyzyň edep-göreldesi, milli gymmatlyklary maşgalada berilýän terbiýäniň aýrylmaz bölegidir. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ata-enä kömek bermek, elmydama ýaşulular bilen maslahatlaşmak ýaly ajaýyp milli ýörelgelerimiz ýaşlaryň aňynda mäkäm ornaşyp, olaryň tutuş durmuşynda hemra bolmalydyr. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine