Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranyň!
Tomus paslynda howanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagy netijesinde Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin hem jöwzaly tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda Gün urma bolýar. Gün urma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilse bolup bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, beýniniň gyzmagyna getirýär. Gün urmada kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlanmagy, demgysma, beden agyrylary, göz görejiniň ulalmagy, gaýtarmak ýaly alamatlar bolýar. Günüň şöhlesiniň aşagynda uzak wagt gezilse, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär, demgysma peýda bolýar, adamyň ýüz keşbiniň reňki üýtgäp, kähalatlarda adamyň huşuny ýitirmegi ýaly hadysalar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolanda haýal etmän ilkinji kömek bermeli we Tiz kömegi çagyrmaly. Gün uran adamy ilkinji nobatda tiz wagtyň içinde kölegä ýa-da salkyn otaga geçirmeli, kellesini beýigräk ýassykda goýup, aýaklaryny az-kem ýokary bolar ýaly edip ýatyrmaly. Daşky egin-eşiklerini açyşdyryp, gowy dem almagyna kömek bermeli. Bedeni gysyp duran kemer ýa-da sintetik eşik bar bolsa aýyrmaly. Ejir çeken adama sowuk suw içirmeli. Ýüzüni sowuk suw bilen ýuwmaly, kellesine, goltugynyň aşagyna, döşüne sowuk suwa ezilen esgi goýmaly. Ýürek damjasyndan korwalol içirmeli, naşatyr spirtini ysgatmaly. Tomus pa