"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik ösüşleriň zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajap eýýamymyzyň her bir güni şatlyk-şowhuna, toýdur-baýramlara beslenýär. Diýarymyzyň ähli pudaklary döredijilikli zähmet üstünlikleri bilen barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Çünki, bu ýyl türkmen halky akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýylygyny ýokary ruhubelentlik bilen toýlaýar. Çünki, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkymyzyň buýsanjy, köňül daýanjydyr. Şahyryň ajaýyp şygyrlary ata-babalarymyzyň arzuwlan azatlygynyň, erkinliginiň, özbaşdaklygynyň mizemez nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar il-günümizi şeýle eşretiň goýnunda ýaşadýan, okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Pedagogik işgärleriň maslahaty

Ösüşleriň beýany — üstünligiň hemrasy Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň awgust aýynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary we maslahaty ýokary guramaçylykda geçirilýär. Etraplarda, şäherlerde geçirilýän usuly-amaly okuw maslahaty pedagogik işgärler, esasan-da ýaş mugallymlar üçin has-da ähmiýetlidir. Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde welaýatyň öňdebaryjy işgärleriniň maslahaty geçirildi. Täsirli geçen maslahata welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.

“Ýaňlan, Diýarym!” — 2024

Aýdym-saza beslenýän Watan “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik başlangyçlary bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň arşa göterilmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, milli tansymyzy, türkmen aýdymlaryny, bagşyçylyk sungatyny dünýä tanatmak ugrunda hem ençeme işler ýola goýulýar. Şeýle-de, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi munuň aýdyň mysalydyr.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy

Ýagşylygy ündän akyldar Türkmeniň dünýä belli şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine syýahat etmek hemmeleriň arzuwy. Çünki, şahyryň poeziýasy ynsanyň ruhy hazynasy hasaplanylýar. Akyldaryň parasada ýugrulan dürdäne eserleri ynsan kalbynyň aýnasydyr. Onuň aňyrsyna göz ýetmeýän giň umman ýaly döredijiligi durmuşyň ähli öwrümlerini öz içine alýar. Magtymguly Pyragy öňdengörüjiligi, weliligi, dana pikirleri, nakyla öwrülen setirleri bilen meşhurlyk gazanan beýik şahsyýetdir.

Biziň ruhy dünýämiz

Geçmişimiz — buýsanjymyz Türkmen halkynyň şöhratly taryhy biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr, milli guwanjymyzdyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gadymy, taryhy binalarymyz öwrenilýär we dikeldilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly dürler hazynasy ajaýyp kitaby Türkmenistan Watanymyzyň çäklerinde şeýle gadymy taryhy medeniýete eýe bolan ýadygärlikler barada gymmatly edebi çeşme bolup bize ruhy goldaw berýär.

Ýaş türgeniň psihologiýasy

Ýeňmek üçin güýç gerekmi?! Eýsem, güýç ulanmazdan ýeňmek mümkinmi?! Psihologlar, eger-de tötänlikden garşydaşa duş geläýseňiz, ruhdan düşmezligi maslahat berýärler. Gorkyny ýeňmegiň ygtybarly usuly ynamdyr. Siz ýeňjegiňize ynanyň we bir gezek uludan dem alyňda: «Men hökman ýeňerin», «Men başararyn» diýen sözleri belent ruhda gaýtalaň! Bu ýeňşe sary ruhlandyrar. Garşydaşyňyz bilen tutuşlyk mahalynda kän jedele girmäň, jedel aňyňyzda aýlan pikirleriňizi dargadar we ünsüňizi böler. Üns şol pikirleriňizi galyba salyp, hereket etmegiňize ýardam eder. Ynam — ýeňmegiň ygtybarly usuly bolsa, üns şol ýeňşe iterýän güýçdür. Biz bu ýerde size güýji ulanmazdan ýeňmegiň däl-de, eýsem, güýji has-da ýeňillik bilen ulanmak arkaly, çalt we garşydaşa tiz zarba bermegiň usullary hakynda aýtmak isleýäris. Esasy usullaryň biri-de endiklerdir. Kämil bolmak üçin, ilkinji nobatda, öz erkiňe bolan wepalylykdyr. Çünki sen, ilki, öz-özüňi ýeňmeli, erk terezisinde özüňe agram bermeli. Wagtly-wagtynda gündelik maşklary ýerine ýetirmek, naharlanmak, arassa howada dem almak, saýlap alan sportuň bilen meşgullanmak ýaly işleri adata öwürmeli. Şeýle-de, ýuwaş-ýuwaşdan gündelik fiziki hem-de ruhy maşklar bilen hem bedeniňi berkitmeli hem-de ruhuňy kämilleşdirmeli. Bu meseleler babatda söweş sungatynyň haýsydyr bir görnüşi hem ýakyndan ýardam edip biler.

Kitaphana ulgamy ösýär

Döwrebap işleriň ugrunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynda döwrebap işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde hereket edýän döwrebap kitaphanalarda innowasion tehnologiýalaryň gerim almagy doly güwä geçýär. Hut şonuň üçin hem kitaphana işlerini döwrebap guramakda täze iş usullaryna ýüzlenilýär. Olaryň iň esasysy kitaphana işinde täze tehnologiki işleri durmuşa geçirmekdir. Munuň özi bolsa kitap hazynalaryny dünýä kitaphanalarynyň giňden peýdalanýan iş usullaryndan ugur almakdyr.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Miras edinmegiň kadalary Türkmenistanyň Raýat kodeksi döwrebap kanunlaryň biri bolmak bilen, Kodeksiň 1096-njy maddasyna laýyklykda, kanun boýunça miras edinilende mirasdar bolup, deň paýly hukuga, birinji nobatda, çagalar (şol sanda ogullyga alnanlar), äri-aýaly we aradan çykanyň ene-atasy (ogullyga alyjylar), şeýle-de aradan çykandan soň doglan çagasy; ikinji nobatda — aradan çykanyň doganlary we uýalary, onuň atasy we enesi, babasy we mamasy durýarlar.

Asudalygyň goragynda

Sagdyn durmuşyň höziri — ýaşaýyş Dana halkymyz geçmişde-de neşekeşligi, çilimkeşligi, naskeşligi ýazgarypdyr. Bu hakykata nusgawy şahyrlarymyzyň, aýratynam, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy toýlanylýan Magtymguly Pyragynyň eserlerindenem göz ýetirmek bolýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilýän maşgala agzybir, bagtly bolup, rysgal-döwleti artýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny üpjün etmäge gönükdirilen degerli çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

Ak ýollar — ömrümiziň rahatlygy

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagy üçin bölümçämiziň gözegçileri uly tagallalary edýärler. Şeýle tagallalaram köçelere we ýollara berk gözegçiligi ýola goýmakdan ybaratdyr. Awtoulaglaryň mukdarynyň ýylsaýyn ýokarlanmagy köçe-ýollarda hereketiň has artmagyna getirýär. Bu ýagdaý sürüjilerdenem, gözegçilerimizdenem jogapkärçiligi talap edýär. Biz düşündiriş çäreleriniň talaba laýyk geçirilmegine-de uly üns berýäris. Sebäbi, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünleriniň düşündirilmegi geljekde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähmiýeti örän uly bolýar. Şonuň üçinem etrabymyzyň edara-guramalaryň sürüjileri bilen duşuşyp, howpsuzlyk kadalary hakynda düşündiriş işlerini geçirýäris. Abadan ýollar hakda edýän aladalarymyzyň ýerine düşýändigini ýatlamak ýakymly duýgulary döredýär.

“01” gullugynda

Pagta ýygymynda ýangyn howpsuzlygy Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Şamyrat HONNAKOW bilen duşuşyp, pagta hasyly ýygylanda, daşalanda we saklananda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Döwletlilik ýörelgeleriniň rowaçlygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletli tutumlar rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu rowaçlyklaryň dowamat-dowam bolmagynda uly ähmiýete eýe bolar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek bu ählihalk forum ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimiziň ajaýyp zamanamyzda dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezer. Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz nobatdaky maslahata ýokary derejede taýýarlyk görýär.

Şöhratly ýylyň şanly wakasy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka hökmünde ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly ruhy galkynyşy döredýär. 24-nji sentýabrda geçiriljek umumymilli forum halkymyzyň ata-babalarymyzyň paýhasly ýörelgelerine ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähime daýanýan asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi, wezipeleri we ygtyýarlyklary döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirildi. Şeýle umumymilli forumyň mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň toýlanylýan günlerinde geçirilmeginiň bolsa aýratyn ähmiýeti bardyr.

Agzybirligiň, jebisligiň güwäsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň esasy maksady eziz Diýarymyzyň ösüşli ýollarda ýeten belent sepgitlerini täze üstünlikler arkaly berkidip, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak wajyp wezipeler döwletimiziň öňde goýýan şeýle belent maksadyna ýetmegine oňyn itergi berer. Sebäbi halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahaty berkarar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny beýik maksat-tutumlaryň, taryhy özgertmeleriň daşyna jebisleşdirip, nurana geljege alyp gitmekde uly güýçdür. Şol bir wagtda bu ýokary wekilçilikli edara kämillik mekdebini geçen milli demokratik däplerimiziň, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mazmun baýlygyna eýe bolýandygyny hem tassyklaýar.

Milli kanunçylygymyz kämilleşdirilýär

Täze taryhy eýýamda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde, ony halkara ülňülere laýyk getirmekde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly işler durmuşa geçirilýär. Sebäbi döwrebap kanunçylyk döwletimiziň we jemgyýetimiziň yzygiderli ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Ýakynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, «Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygy baradaky talabynyň durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň nyşanydyr we ol halkymyzyň bagtyýar, erkana, abadan durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilendir.

«Kalp damjalary» kyssalar toplumyndan

— Adama görüm-görelde hem gerekdir welin, onuň durmuşda bolup biliş ýagdaýy, häsiýeti ene-atadan geçip, bile dogulýan bolmaly — diýip, tanşym gürrüň berýär. Süýjülik bilenem çagalyk ýyllarynyň ýatlamalaryna dolanyp, bu gürrüňi näme üçin gozgandygynyň sebäbini düşündirmäge çalyşýar: — Obamyzdaky duldegşir goňşymyzyň bäş gyzy bar. Olaryň ählisem indi oral aýal ýaşyna ýetdiler. Arada şolaryň biri meniň ýaňy bir ýörjen-ýörjen bolup, dil açyp ugran wagtlarymy ýatlaýar. Şol döwürlerde alnan suratlardanam görnüşi ýaly, men kiçijikkäm pökgüje bolupdyryn. Onsoň her gün diýen ýaly moýmudaklap, ýaňky köp gyzly goňşymyza barýan ekenim. Gaty kiçijik bolmaga çemelim, sebäbi şol zatlar asla meniň ýadyma düşenok. Bir gün gyzlar üýşüp otyrkalar, meniň gelýändigimi äpişgeden görüp: «Geliň, hemmämiz ýatan bolalyň» diýşip dilleşipdirler-de, gapydan girerime mähetdel uklap ýatan bolupdyrlar. Men nädendir öýdýärsiň? Öýe giren ýerimde biraz çugutdyryp oturypdyryn-da, menem gyşaryp ýatyberipdirin. Onsoň gyzlara gülşüp, oýanan bolmakdan başga alaç galmandyr. Ýöne gep munda däl. Gyzlar her gezek baranymda, elime süýji-köke tutduryp goýberýän ekenler. Bir günem olar bir haltajygy kökedir kemputdan gyra-gyrma dolduryp, maňa beripdirler. Menem ony zordan diýen ýaly göterip alyp gaýdyşyma ejemiň öňüne getirip goýupdyryn-da, şeýle diýipdirin: «Eje, men-ä indi şolara gitjek däl, utanýaryn».

Zähmet — durmuşyň bezegi

Halkyň arasynda «Zähmet soňy — rähnet», «Adam eli — gyzyl gül», «Işlemedik — dişlemez» ýaly zähmet bilen baglanyşykly aýdylan ençeme atalar sözleri bar. Elbetde, bu paýhaslar bize zähmeti söýüp ýaşasaň, sen hemişe bagtdan paýlysyň, onuň rähnetiniň eýesisiň diýen taglymy pent edýär. Adamyň aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde hem zähmetiň hyzmaty uludyr. Edep bilen bagtyň tapylýandygy — hemmeleriň ykrar eden çözgüdi. Ýöne bagtyň zähmet bilenem tapylýandygyny nygtasak, biziň garşymyza çykjak adam bolar öýdemok.

Hezreti Omar söýlemiş

Iň haýyrly miras edepdir.*  *  *Ýagşy gylyk ýagşy ýarandyr.*  *  *Adam diňe akylyndan däl, eýsem, güman edýän pikirinden hem peýdalananda üstünlik gazanar.*  *  *Akyl bedeni goldamasa, diňe güýç bilen üstünlik gazanyp bolmaz.*  *  *Çaga nähili terbiýe berseň-de, alma öz agajyndan uzaga gaçýan däldir.*  *  *Geçirimlilik etmegiň hem özboluşly lezzeti bardyr.*  *  *Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Biri bolmasa, onuň beýlekisinden hem peýdalanyp bolmaýar.*  *  *Edep bir miweli daragtdyr. Onuň suwy we idegi ýeterlik bolmasa, ol miwe bermez.*  *  *Bergisini bermegi başarýan keremli ynsandyr.

Söz hem sözleýiş hakynda

Söz — haýran galaýmaly derejede güýçli serişde. Ýöne ony ýerlikli peýdalanmak üçin daş ýaly akyl gerek.Gegel.*  *  * Her ýyl daragtlaryň ýapraklarynyň täzelenişi ýaly, ömrüni gutaran söz hem öz ornuny täze dörän söze berýär. Gorasiý.*  *  * Dil tebigatyň adamlara beren iň gymmatly peşgeşidir.Aristotel.*  *  * Sözden güýçli zat ýokdur.Menandr.*  *  * Sözleýiş medeniýetinde köp geplemegi däl-de, az geplemegi kyn özleşdirip bolýar.Iogann Winkelman.*  *  * Ýüz dil bilseň-de, öz ene diliňi unutma. Bu nadanlyk bolar.Alyşir Nowaýy.*  *  * Ýagşy zat gysga aýdylan halatynda iki esse ýagşydyr.Baltasar Grasian.*  *  * Eger ene dilim ertir öljek bolsa, onda men şu gün ölmäge taýýar.Resul Gamzatow.

Dumly-duşdan dürli-dümen

El şekilindäki syn ediş meýdançasy Hytaýyň Gu Lung jülgesiniň tebigaty, arassa dag howasy, owadan peýzažy bu ýere gelýänlerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Belentlikdäki syn ediş meýdançasynyň gurulmagy gözellikleri ýokardan syn etmek üçin täze mümkinçilikleri döretdi. «Buddanyň eli» diýlip atlandyrylan syn ediş meýdançasy adamyň bir eliniň şekilindedir. Ol kert gaýanyň ugry boýunça 20 metre uzalyp gidýär. Birnäçe basgançak arkaly eliň aýasyna çykyp, deňiz derejesinden ýüzlerçe metr belentlikden daş-töweregiň ajaýyplyklaryny synlap bolýar. Aşakda bolsa kölüň gözellikleri ýaýylyp ýatyr. Gorag maksady bilen basgançaklaryň aşagynda tor gurnalandyr.