"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Wagyz-nesihat duşuşygy

Tejen etrabyndaky 30-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň iş meýilnamasy esasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik syýasy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşuly nesliň wekilleriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize daýanylýandygy bilen bagly täsirli gürrüň edildi.

Çagalar — röwşen geljegimiz

Berkarar Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalar aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda bu hakykat aýdyň duýuldy. Birnäçe günläp dowam eden halkara sergi-ýarmarkasynda häzirki zaman tehnologiýalaryna, innowasion önümlerine we hyzmatlaryna giň orun berilmegi, çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda dürli harytlaryň hyzmatlarynyň görkezilmegi diňe ýaş nesli däl, eýsem ulus-ilimizi begendirdi. Çünki bu zatlaryň çagalaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde uly ähmiýeti bardyr. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, medeni-dynç alyş seýilgähleri yzygiderli açylyp, ýaş nesliň ygtyýaryna berilýär. Täze okuw ýylynyň bosagasyndaky häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işine giň gerim berlip, olarda okuwçylar üçin okuw esbaplarydyr harytlaryň, okuwçy egin-eşikleri elýeterli bahalardan hödürlenýär. Munuň özi hem ýaş nesil hakda edilýän aladalardan nyşandyr.

Dabaraly maslahat geçirildi

Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim — bagtly geljegiň binýady» şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi. Etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek, bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary barada gürrüň berdiler. Maslahatyň barşynda Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipeleriň üstünde aýratyn durlup geçildi. Bu çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna döredýän giň mümkinçiliklerine ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Düşündiriş işleri işjeňlige eýe

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmek we wagyz-nesihat etmek maksady bilen, şu günler Babadaýhan etrabynyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda maslahatlar, duşuşyklar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesi tarapyndan Babadaýhan dokma toplumynyň mejlisler jaýynda geçen wagyz-nesihat duşuşygy hem täsirli boldy. Ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň bu iri kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň bosagasynda paýtagtymyzda boljak ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmak bilen baglanyşykly gürrüňe çykyşlarda giň orun berildi. Çykyş edenler berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemlemekde, öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisine uly ähmiýet degişlidigini, şoňa görä-de häzirki taýýarlyk işleriň ähmiýetiniň uludygy barada durup geçdiler.

Ruhy gymmatlygyň çeşmesi

Gymmatly hazynamyz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiz has-da ösdürilýär. Jemgyýetimiziň durmuşyny kämilleşdirmekde ägirt uly işler bitirilýär. Ata Watana, ene topraga, mukaddes Garaşsyzlygymyza söýgini, buýsanç we guwanç duýgularyny terbiýelemekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň dürli ugurlara degişli gyzyldan gymmatly kitaplary uly ähmiýete eýe bolýar. Çünki, bu kitaplar türkmen halky, aýratynam, ýaşlar üçin gymmaly hazyna bolup hyzmat edýär.

Il edebi — gyz edebi

ENELER — GÖRELDE MEKDEBI Biz nesillerimiziň edepli-terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn bedenli, arassa ahlakly, milliligimize, däp-dessurlarymyza we ululara hormat goýýan, iline-gününe gerekli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda hemişe uly alada edýäris. Aýratynam, gyz perzentlerimizi zenanlara mahsus häsiýetler bilen terbiýelemäge çalyşýarys.

Kitaphana ulgamynda

Hünärmenleriň üstünligi Golaýda welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirliginiň we TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guran «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, ol uly ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýat medeniýet müdirliginiň garamagyndaky kitaphanalarynda yhlasly zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň 13-isi gatnaşdy. Bäsleşigiň maksady ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini dabaralandyrýan, wagyz-nesihat edýän ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Ajap destanym bar meniň

...Magtymguly Pyragy hakda söz açylanda, ynsanyň kalby nurlanýar, ruhy göterilýär. Gündogaryň we Günbataryň ylmy edebi dünýäsinde ynsany türkmeniň beýik şahyry Magtymguly ýaly belent derejä göteren şahyr ondan ozal, şeýle hem ondan soň hem tapdyranok diýlip bellenilýär. Magtymguly ähli eýýamlaryň, ähli ynsanlaryň şahyry. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň “Tomus ýazgylarynda” şeýle sözler bar:

Kitap — ynsanyň ýakyn hemrasy

Kitap adamyň ýakyn dosty, syrdaşy hasaplanýar. Ony okamagyň, kiçi ýaşly çagalara okap bermegiň ynsan saglygy üçin hem peýdaly taraplary kän. Kitap okamak beýniniň işjeňligine itergi berýär. Sport bilen meşgullanylanda myşsanyň türgenleşdirilişi ýaly, kitap okalanda hem beýni türgenleşýär. Şeýle-de kitap okalanda, pikirlenişi ösdürýär, ýadawlygy aýyrýar, ýatkeşligi gowulandyrýar. Geçirilen barlaglara görä, okamak beýnini dürli kesellerden goraýar. Şonuň ýaly-da, adamyň özüne bolan ynamyny artdyrýar, her bir işe döredijilikli çemeleşmäge ýardam edýär. Kitap okamak rahat ukyny hem üpjün edýär. Eger-de siz günde gülküli eseri okamagy endik edinseňiz, onda uky bilen bagly mesele bolmaz.

Ýürekden bir sözüm bar

Yhlasym ýerine düşdi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar barada uly alada edilýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, sagdyn bedenli, ruhubelent bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli işleriň netijesinde biz — ýaşlaryň ýurdumyzyň dürli okuw jaýlarynda okamagymyz hem-de saýlap alan ugrumyz boýunça kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Milli kanunçylyk pugtalandyrylýar Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýat jemgyýetimizi durnukly we sazlaşykly ösdürmekde giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär we pugtalandyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwrebap kanunçylygy bolsa, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Hyýalymdaky ýodalar

Üstünden köp ýyllaryň geçendigine garamazdan, käbir pursatlar göz öňüňde hemişe janlanyp durýar. Şeýle ýagdaýlar durmuşymyzda barmak basyp sanardan köp däl bolsa gerek. Orta mekdep tamamlanyp, ýokary okuw mekdebine girmek üçin taýýarlyk döwri başlanypdy. Uly höwes bilen öňümdäki synaglara taýýarlyk görýärdim. Şol günlerde synpdaşym hem joram Bägül bilen gije-gündiz diýen ýaly kitap okap, ikimiz hem özümiziň saýlan ugurlarymyz boýunça irginsizlik bilen öwrenerdik. Bägül lukman bolmak isleýärdi, men bolsa kiçiligimden žurnalistika bilen gyzyklanyp, metbugatda ýa-da telewideniýede zähmet çekmek höwesindedim. Günler yzly-yzyna çaltlyk bilen geçip gitdi. Bägül bilen resminamalarymyzy tabşyrmak üçin welaýat merkezine baranymyzda, bizi Aýsoltan gelnejem garşy aldy. Baran günümiz uzak ýoluň ýadawlygyndan soň dynç alyp, ertesi gelnejem bilen resminamalarymyzy tabşyrdyk.

Kompýuter hakynda kelam

Gadymy döwürlerde adamlar çylşyrymly hasaplara zerurlyk duýmasalar-da, wagtyň geçmegi bilen bu zerurlyk ýüze çykypdyr. Şol esasdanam, hasaplamalary ýeňilleşdirmek üçin dürli gurallar işlenip düzülipdir. Şolaryň biri hem halk arasynda «çot» diýlip atlandyrylyp, ol 3 müň ýyl ozal hytaýlylar tarapyndan döredilipdir. 1642-nji ýylda fransuz matematigi Blez Paskal tarapyndan ilkinji mehanik hasaplaýyş enjamy işlenip düzülýär. 1672-nji ýylda nemes matematigi we filosofy Gotfrid Wilgelm Leýbniz Paskalyňky ýaly, ýöne has ösen enjam oýlap tapýar. Goşmak bilen aýyrmakdan başga-da, bu enjamda bölmek, köpeltmek we kwadrat kök amallaryny hem ýerine ýetirip bolupdyr.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga

Ählihalk işiniň ähmiýeti Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen, möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen taýýarlyk çäreleri işjeň häsiýete eýe bolýar.

Bagtyýarlyk şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, döwrümize buýsanyp ýaşaýarlar. Ýaşlar üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikler olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklaryna, häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän bilim-terbiýe almaklaryna itergi bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Garaşsyz döwletimizde amala aşyrýan beýik işlerimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda ýaşlaryň röwşen geljegi baradaky aladalar esasy wezipeleriň hatarynda durýar” diýlip bellenilmegi hem berkarar Watanymyzda ýaşlar hakdaky alada döwlet syýasatynda ileri derejede ähmiýet berilýändigine subut edýär. Munuň özi ýaşlarymyza halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmaga ruhubelentlik berýär.

Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti wagyz edilýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Ak bugdaý etrabynda hem ähli taraplaýyn taýýarlykly barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan wagyz-nesihat çärelerinde ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde onuň möhüm orny barada gürrüň edilýär.

Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesi

Kaka etrabynyň Awtoulag kärhanasynda “Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesi” ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan maslahatyň esasy maksady Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini zähmetkeşleriň arasynda wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda berkarar Watanymyzy ösüşleriň belent derejelerine çykarmakda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygy aýratyn bellenip geçildi. Şoňa görä-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň bosagasynda geçjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň ähmiýeti barada aýdylanlar gyzgyn golaw tapdy.

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynyň amatly hyzmatlary

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly internet mümkinçilikleriň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetiň sanlylaşdyrylmagyna işjeň ýardam edýär. Portalda hasaba alynmak ulanyjylara diňe bir hyzmatlara elýeterlilik bermän, eýsem-de, döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kämilleşdirýär. Hasaba alynmagyň esasy sebäpleri:

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody dürli görnüşli resminamalaryň terjimesini hödürleýär

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody hyzmatlaryny giňeltmek bilen, dürli görnüşli resminamalary dürli dillere terjime etmegi hödürleýär. Täze girizilen bu hyzmat zawodyň hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine mümkinçilik berip, dürli dillerdäki zerur bolan resminamalaryň ýokary hilli we çalt terjimesini üpjün etmek bilen, terjime hyzmatyna isleg bildirýän müşderileri kanagatlandyrar.

Halk paýhasy — hazyna

Şu günler ýurdumyzyň çar künjünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen baglanyşykly dabaralar yzygiderli guralýar. Olarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriljek bu möhüm waka taýýarlyk görlüşi, şunuň bilen bagly öňde durýan wezipeler barada gürrüň edilýär. Geňeşmek — halkymyzda gadymdan gelýän asylly däpleriň biri. Şeýle bolansoň, ol hakda nakyllardyr atalar sözlerinde-de, nusgawy edebiýatymyzda-da aýdylypdyr. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimler muňa mysaldyr. Geňeş-maslahat adamlaryň biri-birine hormatyny öňküden-de artdyrypdyr, olary mertebe zynatyna eýe edipdir. Maslahatly iş öz oňyn netijesinem beripdir. Adamlaryň özara maslahaty netijesinde, köp gowy işlere amal edilipdir. Maslahat diýlende, agzybirlik, jebislik göz öňüňe gelýär. Agzybirlikde toý tutmak, bag ekmek ýaly sogap işler hem şuňa mysaldyr. Halkymyzda, toý tutmakdan öňinçä, golaý goňşular, dogan-garyndaşlar bolup, geňeşmek däbi bar. Ol däp häzirem mynasyp dowam etdirilýär.