"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Netijeli häsiýete eýe

Kaka etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi etrabyň jemgyýetçilik guramalary we beýleki degişli edaralar bilen bilelikde ýörite meýilnamalar esasynda sürüjileriň we pyýadalaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýar. Onuň barşynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň yglan edilmeginiň ähmiýeti barada ildeşlerimize gürrüň berlip, bu giň göwrümli çäräniň esasy maksadynyň halkymyzyň rahat durmuşyny üpjün etmekden, ýol-ulag hadysalaryň öňüni almakdan ybaratdygy barada aýdylýar. Biraýlygyň dowamynda etrapdaky bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesliň arasynda hem birnäçe wagyz-nesihat çäreleri, bäsleşikler geçirilýär. Olaryň barşynda ýaşlara köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri barada gürrüň berilýär. Şeýle çäreleriň ýol hereketiniň howpsuzlygyny berk üpjün etmekde, onuň kadalaryna eýermekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bardyr.

Körpelere düzgünler düşündirildi

Düýn Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Körpeleriň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen çäräni Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilelikde gurady. Ak bugdaý etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi Maksatgeldi Kakabaýewiň gyzykly çykyşyny körpeler uly gyzyklanma bilen diňlediler. Köçe-ýol hereketiniň kadalary, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary hakda aýdylanlar körpelerde uly gyzyklanma döretdi. Çäre ýörite şertli belgiler bilen bezelen meýdançada dowam edip, onda körpelere ýoldan geçmegiň düzgünleri düşündirildi. Bu bolsa, çäräniň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Ak ýollar — bagta barýan ýollar

Adamzat ýaşaýşynyň ösüşine saldamly goşant goşan merdana pederlerimiz durmuşda halklaryň, ynsanlaryň özara medeni, ykdysady hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmekde gatnaw, jahankeşdeleri dünýä aýlaýan kerwen ýollarynyň ornuna uly ähmiýet beripdirler. Şonuň üçin ýol gurmagy sogaply iş hasaplap, ýodalaryň ýollara, ýollaryň şa ýollara öwrülmegini gazanypdyrlar. Bu ynsanperwer ýörelgeler biziň häzirki günlerimizde hem döwrebap dowam etdirilýär. «Ýol» sözi manysy boýunça gaty köp zatlary öz içine alýar diýsek, öte geçmeris. Çünki uzak ýola düşülende ýa-da kimdir birine ak pata berlende, «Ýoluň ak bolsun!» diýilýär. Şundan görnüşi ýaly, halkymyz diňe bir gatnaw ýollarynyň däl, eýsem, durmuş ýollarynyň hem asuda, abadan bolmagyny isläpdir. Ýurdumyzda däbe öwrülen her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar.

Ýollarymyz asuda bolsun!

Her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler toplumy ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda iki taraply, köp zolakly ýollaryň, aýlawly, köp şahaly köprüleriň, häzirki zaman ýol belgileriniň, san belgili ýol yşyklaryň, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi nurana ýollarymyzda raýatlarymyzyň barmaly ýerlerine sag-aman ýetmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden habar berýär.

Okuw maslahaty geçirildi

Milli jemgyýetimiziň welaýat bölüminde dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň, Köýtendag, Kerki, Saýat, Darganata, Dänew, Çärjew etraplaryndaky wekillerimiziň gatnaşmaklarynda «Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň maksadyny we usullaryny öwretmek» boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda durmuşda gabat gelip biläýjek dürli hadysalarda ejir çekene ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi bermegiň ýollary dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi we hünärmenler bilen sowal-jogap alşyldy. Okuwa gatnaşan diňleýjilere ýörite güwänamalar gowşuryldy. Milli jemgyýetiň welaýat bölüminiň işgärleri öwrenenlerine esaslanyp, welaýatyň çäginde görnüşine garamazdan, ähli edara-guramalarda okuwlary geçirmek bilen ilatyň bu ugurdan habarlylygyny gazanmagy maksat edinýärler.

Welaýatymyzda möhüm biraýlyga badalga berildi

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi. Eýýäm bu biraýlygyň çägindäki çäreler giň gerime eýe boldy. Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesinde geçirilen maslahat hem biraýlyga bagyşlandy. Onda biraýlygyň dowamynda edilmeli işler seljerildi.

Ýaşlar — Watanyň ýagty geljegi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde bagtyýar ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim almagyna, hünär öwrenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky aladalary her ädimde görmek bolýar. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda altyn güýzüň ilkinji gününde bagtyýar ýaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen täze okuw ýylyna girişdiler. Bilşimiz ýaly, ýaş nesliň kämil bilim almagy bilen birlikde milli ruhda terbiýelenilmegi hem aýratyn üns merkezinde saklanylmaly meseleleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, welaýatymyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda yzygiderli bolup, wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Bu ähmiýetli çärelere ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Edilýän çykyşlarda ýaşlara milli ruhda terbiýe bermegiň, jemgyýetimizde giň düşünjeli, sagdyn ruhly we maksada okgunly şahsyýetleriň kemala gelmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekilýär.

«Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahat iki bölümde dowam edip, birinji bölüm «Bilim — ösüşlere binýat», ikinji bölüm «Ylymly ýaşlar — kämilligiň ýolunda» ady bilen geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Bilimler we talyp ýaşlar gününde Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini dabaralandyrýan, döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar bilen garşy alynýandygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda ýaşlaryň ýadawsyz zähmet çekip, bilimlerini we hünärlerini kämilleşdirmekleri dogrysynda çykyş etdiler.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre giň gerim bilen badalga aldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli dowam edip gelýän bu çärede meýilnamalaýyn maslahatlar guralýar, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Munuň özi bolsa, ýol hereketiniň kadalarynyň doly we dogry berjaý edilmeginde örän uly ähmiýete eýedir.

Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy

31-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýändigini belledi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýeti bolan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyny gurmak hakynda Karara gol çekendigi baradaky hoş habary ýetirdi.

Ýokary hil — täze belentlikleriň girewi

Häzirki döwürde islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşi onuň harytdyr hyzmatlarynyň ýokary hilli öndürilmegine we tehniki-tehnologik ýagdaýlaryna baglylykda kesgitlenýär. Çünki adamzat täze jemgyýete — «hil we howpsuzlyk siwilizasiýasyna» gadam basdy. Şundan ugur alnyp, XXI asyr halkara guramalaryň aglabasy tarapyndan «Hil asyry» diýlip yglan edildi. Hil özüniň esasy manysy boýunça jemgyýetde zähmetiň ýokary netijeliliginiň görkezijisi we milli baýlygyň çeşmesidir. Hil durnuklylyk we uzak ömürlilikdir. Hil — jogapkärçilikli ýerine ýetirilen hyzmat. Bu ýerde iki taglymat utgaşdyrylýar. Olaryň birinjisi, müşderiniň islegleriniň öwrenilmegi we şoňa laýyk önümçiligiň guralmagy. Ikinjisi bolsa, ähli hyzmat ediş ulgamy boýunça syýahatçylara hem-de myhmanlara oňaýly we amatly, şeýle-de howpsuz şertleriň kepillendirilmegidir. Çünki her bir hyzmatyň hili ýurtda syýahatçylyk pudagynyň ykdysady netijeliliginiň gazanylmagyna öz täsirini ýetirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň syýahatçylyk bazary beýleki pudaklar bilen deňli-derejeli ösýän we hyzmatlaryň görnüşiniň giňeýän, kämilleşýän toplumyna öwrüldi. Syýahatçylygyň toplumlaýyn häsiýeti, köplenç, gurşawda hyzmatyň hiline baha bermek üçin ýeke-täk görkezijiniň kesgitlenmegini kynlaşdyrýar. Şol bir halatda ykdysady, guramaçylyk we tehniki ýagdaýlaryň täsiri bu işiň dürli görnüşinde hyzmatyň hilini şol bir görkeziji bilen ölçemäge

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy başlandy

Düýn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. Maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň wezipeleri, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Köpetdag etrap Ýaşlar guramasynyň etrabyň häkimligi bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda halk häkimiýetiniň, raýat jemgyýetiniň dabaralandyrylmagynda Halk Maslahatynyň orny barada täsirli çykyşlar edildi. Oguljahan TÖRÄÝEWA, TMÝG-niň Köpetdag etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Tomusdan soň mekdebe (Kämillige tarap)

Tomusdan soň güýz gelýän hem bolsa, okuwçylar üçin tomusdan soň mekdep gelýär. 3 aýlap Günüň ýiti şöhlesiniň, agaçlaryň goýy kölegesiniň, gök önümleriň datly miwesiniň hözirini gören okuwçylar üçin güýz, aslynda, täze bir döwrüň, ýagny okuw ýylynyň başlangyç nokady. Güýz — üstünlikleriň buşlukçysy, bäşlikleriň habarçysy. Täze okuw ýylyna görlen gyzgalaňly taýýarlykdan soň lowurdap duran köwüşli, heniz ruçka degmedik depderli, elleri çemenli okuwçylaryň mekdebe tarap ýöräp barýandyklaryny göz öňüne getirmek, gör, nähili ýakymly. Eýsem, güýzüň gelmegi bilen okuwçylaryň durmuşyna nähili özgerişlikler girýär, geliň, olar bilen bilelikde tanyş bolalyň! JAŇLY SAGAT

Durmuşymyzyň asudalygy — döwletimiziň abadanlygy

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny hem ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar. Täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ÇAGA ÖWREDILMELI ILKINJI SÖZLER — «SAG BOLUŇ» HEM «BAGYŞLAŇ»

Parahatçylygyň güwäsi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny mynasyp garşylamaga uly taýýarlyk görýär. Her ýyl agzybir halkymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň şanly baýramyny uly buýsanç bilen belläp geçýär. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi, halkymyzyň agzybirliginiň, döwletimiziň demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň beýanydyr.

Kadalary berjaý edeliň!

Düýn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilleri gatnaşdy. Çykyş edenler ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti, pyýada ýolagçy bilen sürüjiniň sazlaşykly hereketi, ýol hereketine gatnaşyjylar tarapyndan howpsuzlygy berjaý etmegiň düzgünleri barada giňden durup geçdiler. Şeýle-de biraýlygyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigi tekrarlanyldy. Halkymyzyň saglygy, howpsuz ýaşaýşy barada alada edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirilip, janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýollar abat – iller abat

Eziz Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Ine, şu gün – 2-nji sentýabrda Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler biraýlygyň dowamynda çagalar bilen bir hatarda, ýol hereketine gatnaşýan ähli raýatlaryň hem bu babatdaky düşünjesiniň artmagyna giň mümkinçiligiň döreýändigini aýratyn bellediler. Orta mekdeplerde we çagalar baglarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly dürli çäreleriň guralýandygy hem aýratyn nygtaldy. Bagtyýar zamanamyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegi maslahatda çykyş edenler aýratyn nygtadylar. Ýollaryň abadan, illerimiziň abat bolmagy arzuw edildi.

Döredijilik söhbetdeşligi

Akyldaryň waspy dillerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary, şanly seneleri halkymyzyň buýsanjyna, aýratynam, döredijilik işgärleriniň ylham joşgunyna öwrüldi. Bu taryhy ýylda Magtymguly Pyragynyň waspy dilden dile geçip, şahyryň sarpasy dünýä derejesinde belende göterilýär.