"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şan-şöhraty artýan «akylly» şäher

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda «Arkadag şäheri — dünýä nusgalyk «akylly» şäher» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň ýakynda mynasyp bolan halkara baýraklaryna bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler ýakynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergä türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň we onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň üç sany halkara baýraga mynasyp bolmagynyň ildeşlerimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredendigini aýratyn bellediler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän şäheriň iň bir döwrebap şähergurluşyk taslamasy hökmünde dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, onuň öňdebaryjy binagärlik çözgütleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Halkara sergide ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherine «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýraklar gowşuryldy.

Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edeliň!

Çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak ene-atalar üçin möhüm meseleleriň biridir. Ulular diňe düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem, çagalarda ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmek we olara eýermek endiklerini hem terbiýelemeli. Çaga ýol hereketiniň kadalaryny 4 ýaşandan soň öwredip başlamaly. Ýoldan geçeniňizde, oňa haýsy reňkde geçendigiňizi, näme üçin durandygyňyzy, ýol bellikleriniň näme üçin goýulýandygyny aýdyp beriň. Çagalarda 6 ýaşa çenli ünslülik gowşak we gyralygyna görmek gowy ösmedik ýagdaýda bolýar. Mysal üçin, çaga ýoluň geçilýän zolagynda tötänleýin bir oýnawajyny gaçyryp, ony almak üçin yzyna dolanyp biler. Şol sebäpli çaga ýolda yzyňa dolanmaly däldigini düşündirmeli: ýaşyl çyra uzak wagtlap ýanmaýar, gyzyl çyra ýakylanda bolsa awtoulaglar hereket edip başlaýar. Beýle ýagdaýda olar pyýadanyň duran ýerine sürüp, ýol ulag hadysasyny döredip bilerler. Bu örän howply ýagdaýdyr.

Ýollar rahat — durmuş abadan

Biziň köçe-ýol hereketine gatnaşyjylar bolanymyz üçin onuň howpsuzlygyny berjaý etmek ömrümiziň rahatlygyny goramakdyr. Bu diňe sürüjiniň däl, eýsem, köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň, ýolagçynyň borjy bolup durýar. Biz — ene-atalar perzentlerimize ýoldan geçmegiň tertibini düşündirmelidiris. Aýratyn-da, kiçi ýaşly çagalar mekdebe gidenlerinde ýerasty geçelgelerden geçmelidigini nygtamalydyrys. Ulagdan, ýagny awtobusdan düşülensoň, onuň öňünden däl-de, yzyndan aýlanyp geçmelidigini häli-şindi çagalara ýatladyp durmaly. Çagalaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy hakyndaky kadalary özleşdirmeginde ene-atalaryň paýyna düşýän jogapkärçilik uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän şaýollar giňligi, sürüjiler hem-de ýolagçylar üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Oklaw ýaly göni, iki gyrasy baglar, güller bilen bezelen aýna ýaly ýollarda gözegçilik enjamlary, ýol yşyklary, ýörite gullugyň gözegçileri ýolagçylaryň howpsuzlygynyň goragynda durýarlar. Ýerasty geçelgeler, pyýadalar üçin ýörite geçelgeler, ýanýodalar raýatlaryň hereketiniň rahat bolmagy ugrunda döredilen şertlerdir. Şu zatlary synlap, halkymyzyň arkaýyn ýaşamagy, zähmet çekmegi, nesillerimiziň okamagy barada edilýän aladalaryň bimöçberdigine göz ýetirýärsiň.

Döwletli tutumlara badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bir uly işiň başyny tutanda, ýaşulular bilen maslahatlaşyp geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär.

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) KÖP EMEDEKLEÝÄN ÇAGALARYŇ SÖZLEÝIŞ UKYPLARY HAS OŇAT ÖSÝÄR

Watan goragy mukaddesdir

Berkarar döwletimizde merdana ata-babalarymyzyň mertlik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerilýär. Çünki Watany söýmek we goramak, harby borja ygrarly bolmak her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, Watan goragçylaryna harby bilimiň çuňlaşdyryp öwredilmegini gazanmak ugrunda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu hakykata altyn güýzüň ilkinji gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Bilşimiz ýaly, mekdebiň döwrebap binasynda ýaşlara kämil bilim bermek, olaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn ösüşini gazanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Täze toplumda döredilen şertler Watan goragçylarynyň ýaş neslini kemala getirmäge, olaryň zehinini ösdürmäge, harby başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge, harby talyplaryň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge ýardam eder. Şeýle döwrebap şertlerde harby bilim we terbiýe alýan ýaşlar geljekde halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň bähbidine durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşjak şahsyýetler bolup ýetişerler.

Ýollar asuda — iller abadan

Welaýat ýörite sungat mekdebinde guran wagyz-nesihat çärämiz ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlandy. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi we ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärleri, kazyýet edaralarynyň wekilleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Bu ähmiýetli çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda ýollarda asudalygy saklamak, hereket howpsuzlygyny berjaý etmek, döräp biläýjek ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak bilen bagly täsirli çykyşlara giň orun berildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynda ýol hereketiniň talaplaryny doly we dogry berjaý etmegiň herekete gatnaşyjylaryň ählisi üçin esasy zerurlykdygy nygtaldy. Çykyş edenler üstümizdäki ýylda hem bu biraýlygy netijeli geçirip, raýatlarymyzyň ömürleriniň rahatlygyny üpjün etmek bilen bagly şeýle ählihalk işlerine uly goşant goşjakdyklaryny aýtdylar.

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahaty — raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy Golaýda welaýat kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň welaýat bölüminiň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň we raýat jemgyýetiniň kämil nusgasy» ady bilen maslahat geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresi

Abadan ýollarda ýolumyz rowaç Etrapdaky 8-nji orta mekdepde etrap häkimliginiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlanyp wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresi

Asylly ýörelgeler batlanýar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TSTP-niň welaýat komitetiniň, TAP-nyň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda “Ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti” atly maslahat geçirildi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk üstünlikli dowam edýär. Biraýlygyň çäginde welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri bilen bilelikde geçirýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleri hem netijeli häsiýete eýe bolýar. Mekdep okuwçylarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, şeýle-de ýaş sürüjileriň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklar ýaşlaryň ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny, köçe-ýol düzgün-kadalaryny berk berjaý etmek endiklerini ösdürmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähmiýetli bolup durýar.

Taryhy Maslahatyň bosagasynda

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakyndaky» Kararyndan gelip çykýan wezipeleri düşündirmek maksady bilen Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdepde mekdep mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen duşuşykda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şatlykly wakalar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna gabatlanyp paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobataky mejlisiniň taryhy ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Duşuşykda çykyş edenler ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde il-ýurt bähbitli meseleleri çözmekde, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Wagyz-nesihat edildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şanly ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi tarapyndan etrabymyzyň edara-kärhanalarynda dürli mazmunli çäreler geçirilýär. «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginde «Maşgalam — baş galam» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy. Agzalan müdirlikde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy maksady milli däp-dessurlarymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi, maşgala mukaddesligini wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleriniň çykyşlarynda maşgala mukaddesligi, ýaşlary bezeýän häsiýetler, salyhatlylyk, halallyk, dogruçyllyk, maşgala ojagyna wepadarlyk bilen bagly täsirli gürrüň edildi. Onuň barşynda ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Milli ýörelgelerden ugur alyp

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşi we onuň ilkinji guramalary, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň  nobatdaky mejlisine bagyşlanan wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli guraýarlar. Çärelerde çykyşlara giň orun berlip, olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän asylly ýörelgeleriň rowaçlyga beslenýändigi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görülýändigi nygtalýar. Halkymyzda eşretli eýýamy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edilýär.

Ýollarymyz abadan bolsun!

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagyna oňyn şertleri döretmeli, şol sanda ýolagçy gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň howpsuzlygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, her ýyl 1 — 30-njy sentýabr aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre geçirilýär. Bu çäräniň dowamynda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyny has ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Welaýatymyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň doly gözegçilikde saklanylmagy hem-de berjaý edilmegi raýatlaryň saglygyny goramaklyga gönükdirilendir. Biraýlygyň dowamynda sebitde ýerleşýän mekdebe çenli çagalar baglarynda, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, hususy we döwlet edara-kärhanalarynda Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň işgärleri beýleki jemgyýetçilik guramalaryň, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen bilelikde, betbagtçylykly ýagdaýlara getirýän ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Ýangyn howpsuzlygy — abadançylygyň gözbaşy

Öýden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, elektrik-gaz enjamlarynyň öçürilendigini barlamagy unutmazlygy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýatladýar. Çünki durmuşda ulanylýan elektrik-gaz enjamlaryna geleňsizlik bilen çemeleşmek, oňa sowuk-sala garamak, garaşylmadyk hadysalaryň üstünden eltýär. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Janymyza, saglygymyza, jemgyýetiň hem döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdan seresap boluň!

Ömür menzilleri uzaga gitsin

Bagtyýarlyk döwrümiziň Galkynyşly eýýamynda, Ýollarymyzyň rahatlygy — ömrümiziň rahatlygy.

Nusgalyk ýol

Bu nusgalyk ýol Mälikguly Berdimuhamedowyň nesillere goýup giden hem-de mynasyp dowam etdirilýän ahlak-terbiýe mekdebidir. (Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

ABU ALY IBN SINANYŇ ÖZ PERZENDINE BEREN NESIHATLARYNDAN

Sowatsyz adamlara ýaman görünmezligi öwren. ***

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). BODO ŞEFER