"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dabara gatnaşyjylaryň ýürek buýsanjy

Baýramsoltan MYRADOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty:

Döwrüň çyragy — ýylyň şygary

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Biz dabarada bolup, onda çykyş eden medeniýet we sungat işgärleriniň birnäçesiniň buýsançly sözlerini ýazga geçirdik. Pygy BAÝRAMDURDYÝEW,Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş režissýory,Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri:

Bagtyýar çagalaryň köňül kelamy

Çagalar edil ýaş nahallar ýaly. Olaryň ösmegi, Zemin çuňluklaryna kök urup, belent daragtlar ýaly saýa salmagy, miwe getirmegi üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp, kemala gelýän ýaş zehinleri — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolan bagtyýar çagalary synlanyňda muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Geliň, kalplary Watana bolan söýgüden, garamyk gözleri bagtyýarlyk döwrümize bolan buýsançly duýgulardan doly şadyýan çagalaryň ýürek kelamlaryna diň salalyň! Pälwan MELÄÝEW,Daşoguz şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy:

Redaksiýanyň poçtasyndan

Ýüreklerde orun tapan eserler Mähriban Arkadagymyzyň kämil paýhasynyň önümi bolan nusgalyk kitaplary mertligiň, merdanalygyň, ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň, Watana bolan päk söýginiň we ylym-bilimiň beýany bolup giň okyjylar köpçüliginiň söýlüp okalýan eserlerine öwrüldi. Bu nusgalyk kitaplar Köneürgenç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem döredijilikli zähmet çekmeklerinde möhüm gollanma bolup durýar. Hormatly Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň çuňňur many-mazmuny barada çagalar sungat mekdebiniň kitaphanasynda hem mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary bilen täsirli gürrüňdeşlik geçirilýär. Şeýle gymmatly eserleriň ýaş nesillerimizi terbiýelemekde ata-babalarynyň ýol-ýörelgeleriniň ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigi biziň buýsançly başlarymyzy has-da belende göterýär. Gahryman we mähriban Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň lukmançylykda we derman senagatynyň çygrynyň has-da giňelmegine uly badalga berjekdigi ikuçsuzdyr. Biziň bu dabaraly çärelerimize gatnaşýan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemleriň ynsan saglygyna täsirli şypasy, ýurdumyzyň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak boýunça döwletimizde giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada buýsançly çykyş

Edebinde gyzyl güle deňelen

«Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzylly öý», «Gyzy baryň — näzi bar», «Gyz edebi — gyzyl gül» ýaly nakyllary döreden halkymyz gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns beripdir. Geljekde kişi maşgalasy bolan gyzlary heniz aga-gara düşünip ugranyndan eline iňňe-sapak berip, el işlerine gözükdiripdir. Ene-mamalarymyzyň gyzlarynyň eliniň çeper bolmagyndaky aladalary ýerine-de düşüpdir. Çünki her bir ýaş gyz ertirki gün bir öý-ojagyň keşigini öz egnine almaly enedir. Olar ojak eýesi diýlip arzylanýar. Haçan-da howlynyň, öýüň içi-daşy gül pürkülen ýaly tämiz bolsa, ojakdan dürli tagamlaryň jana ýakymly hoşboý ysy gelip duran bolsa, onda şol öýdäki öý bikesiniň ozal edep-terbiýe, görüm-görelde gören gyzdygyndan habar berýär. Halkymyzyň gyz perzendiniň edep-ekramyna, el işlerine bolan garaýşy halk döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Munuň özi gyz maşgalanyň asylly we çeper elli bolmalydygy hakyndaky pikiri öňe sürýär. Edebinde gyzyl güle deňelýän gyzlar hakynda döredilen nakyllar pederlerimiziň durmuş tejribesinden gözbaş alan pikirlerdir. Şonuň üçin olaryň hemmesi hem, aýdylyşy ýaly, gyzylyň gyryndysy ýaly aýalyp saklanylýar. Olar diňe bir nakyllarda däl-de, rowaýatlarda, gürrüňlerde hem ilden-ile, dilden-dile geçirilip gelinýär. Ine, gyza el işlerini öwretmekde «Edip beren ýeňňemden edep beren ýeňňem ýagşy» diýlen aýtgyny ýatlalyň. Bir gelniň iki sany baldyzy bolup, olaryň biri el

Milli ruhda terbiýelemek ugrunda

Ene-mamalarymyz elmydama gelin-gyzlaryň edep-terbiýesine, görüm-göreldesine uly üns beripdirler. Haly dokamak, keşde çekmek, köýnek tikmek, alaja örmek, gaýma gaýamak ýaly el işleri bilen gyz maşgalany terbiýeläpdirler. Şeýle ýol-ýörelge bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Orta mekdepde esasy bilim berýän dersimiň daşyndan 22 ýyl bäri «Näzik» gyzlar guramasyna ýolbaşçylyk edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehinli, ukyply, zähmetsöýer, eli işli gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklere mekdebimiziň bu guramasynyň göreldeli gyzlary gatnaşyp gelýärler. Şäher, welaýat, döwlet derejesinde geçirilen «Güller gözelligi sizden öwrener», «Zeminiň lälesi, asmanyň Aýy», «Nowbahar», «Galkynyşly Watanyň biz bagtyýar gyzlary», «Örüm-örüm saçlaryň owsunjy mara ogşar», «Mekdep ýyllarym — ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşiklere eli hünärli, başarjaň gyzlarymyzyň gatnaşyp, baýrakly orunlara, Hormat hatlaryna mynasyp bolmaklary zähmetimiziň ýerine düşýänliginiň subutnamasydyr. Ajaýyp zamanada gyzlar bilen işlemek, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak uly bagt. Biz — mugallymlara şeýle eşretli zamanany peşgeş beren eziz Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Giň dünýäniň geň habarlary

Uly haýwanat dünýäsiniň kindiwanja wekili Falabella dünýädäki iň kiçijik atlaryň bir görnüşidir. Bu atlar kiçijik göwresine garamazdan, beýleki münüş atlaryna mahsus beden gurluşyna eýedir. Şu aýratynlyk hem olary ponilerden tapawutlandyrýan taraplaryň biri. Falabellalaryň boýy 45-70 sm, agramy 20-60 kg deňdir. Bu nakysja atlaryň aýaklary inçe, kelleleri uly, beýleki atlara garanyňda 2 gapyrgasy kem bolýar.

Paýhaslar sandygyndan

■ Tejribeden döremedik bilimler netijesiz we ýalňyşlyklardan doludyr. ■ Paýhasyň çeşmesi tejribedir.

Watan waspy dillerde

Golaýda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» baradaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýan taryhy waka öwrülendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler milli Liderimiziň bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň bu günki gün Ýer ýüzünde dabaralanýandygyny, rowaçlyklara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, olar Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý dabaralaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek baradaky Kararynyň ähli türkmenistanlyny begendiren şatlykly waka öwrülendigini aýratyn bellediler.

Gül-gülüstan Aşgabat

Gyş paslynda ümür-dumanly bulutlardan gar tozgalarynyň ýagyp durmagyny aklyga, päklige deňeýän ildeşlerimiz «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip umyt-arzuwlar bilen ýüzlerine sylýarlar. Şu günler öz işiniň ussady bolan gül we bag ösdürip ýetişdirýän bagbanlaryň halal zähmetiniň miwesi bolan gyş gülleri has-da terlenip, paýtagtymyza täsin öwüşgin çaýýar. Daş-töweregimiziň bagy-bossanlyga bürenmegi diňe bir ajaýyp gözellikleri döretmek bilen çäklenmän, her bir ynsanyň arassa howadan dem almagy üçin hem örän peýdaly. Gyş paslynyň ilkinji günlerinde döreýän tebigy gözellikler ynsana uly güýç berýär, ony täze ýeňişlere, üstünliklere ruhlandyrýar. Täze gurlup ulanylmaga berlen täsin öwüşginli desgalary bilen mähriban paýtagtymyz has-da gözel görke eýe boldy. Dünýä ülňülerine gabat gelýän, biri-birinden owadan, iki gyrasy hoştap ysly ter güllerdir şabram şelpeli baglar bilen jäheklenen köçeleri, şaýollary, seýilgähleri, läle-reýhana beslenýän ýurdumyzyň baş şäheriniň gyş gözelligini görmäge göz gerek. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän şähergurluşyk maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň, şol sanda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýatdan çykmajak şanly pursatlara öwrüldi. Ýaşamak ü

Gözelligiň dürdänesi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat bu gün ak mermerli binalaryň, sapaly seýilgähleriň we şirin mukamly suw çüwdürimleriniň mekanyna öwrüldi. Onuň nurana keşbi her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyrýar. Aşgabat şäherinde ak mermerden bina edilýän her bir desganyň gurluşygynda mähriban halkymyzyň asuda ýaşaýşyny, döredijilikli zähmet çekmegini, medeniýetli dynç alşyny üpjün etmekden gözbaş alynýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň çäginde döwrebap, bagtyýar ýaşaýyş üçin ähli zerur şertler döredilen döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň, medeni-jemgyýetçilik desgalarynyň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda Parahat 7 ýaşaýyş toplumyny, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalary ýatlamak aýratyn ýakymlydyr. Bu desgalaryň ýanaşyk ýerleri talabalaýyk abadanlaşdyrylyp, häzirki zaman söwda merkezleri, sport we çagalara niýetlenen oýun meýdançalary guruldy. Bularyň ählisi, bagtyýar raýatlarymyzyň medeniýetli ýaşaýşynyň ýokary derejesini üpjün etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek işleri batly depginler bilen dowam edýär. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Goý, ý

Şanly ýylyň wajyp wezipeleri

Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen —– Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny uly üstünliklere besläp, Täze — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna uly ynam bilen gadam basdy. Ýaňy başlanan ýylda öňümizde jogapkärli wezipeler durup, olaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalar edilmelidir. Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat hem 2021-nji ýylyň meseleleriniň çözgütlerine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “2021-nji ýyl —– Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen bu maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti tarapyndan guraldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna – maksatly ädimler” atly bu maslahata TSTB-niň welaýat bölüminiň işgärleri, TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, “Gök böri” hususy kärhanasynyň direktory Kerim Seýidow çykyş etdiler. Olar milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçen ýylda ýetilen belent sepgitler, taryhy wakalar dogrusynda buýsançly gürrüň berd

Döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlygyny, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny hem-de TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, Türkmenistan –— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleri, özgertmeleri beýan edýän eserleri ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komiteti „«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilik işgärleriniň arasynda publisistika, çeper döredijilik we goşgular toplumlary boýunça bäsleşik yglan edýär. Bäsleşigiň maksady:

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Gyş günleriniň jogapkärçiligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli wezipeleriň birine öwrüldi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak hemişe-de zerur welin, gyşyň ygally, sowuk günlerinde bu meselä has jogapkärli çemeleşmeli.

Ösüşli ýollarda ynamly gadamlar

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň we depginli ösüşleriň ajaýyp miweleri eşretli ertirimize bolan ynamy has-da artdyrýar. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler bolsa hatarlanyp, biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Ýylyň ýyldan zyýada bolşy ýaly, 2020-nji ýyl tutuş halkymyz üçin hem, ýurdumyz üçin hem buýsançly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly dürli syýasy wakalary özünde jemledi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýylyň tutuş dowamynda geçirilen çäreler, duşuşyklar, halkara maslahatlary ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň halkara ähmiýetini has hem artdyrdy. Bilşimiz ýaly, üstünlikli jemlenilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary esasynda Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly Konstitusion özgertmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň halk köpçüligi tarapyndan makullanylmagy we kabul edilmegi ýylyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy. Bu Konstitusion kanuna laýyklykda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly milli parlamentimi

Howa ýagdaýyny nazarda tutmaly

Sürüjiler ýylyň islendik paslynda hem ulaglaryny howa ýagdaýyny nazarda tutup, bellenilen düzgünlere laýyklykda dolandyrmalydyrlar. Bu kada gyş paslynda has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi howanyň sowamagy, ygallaryň ýagmagy ýollaryň sürçek bolmagyna getirýär. Şeýle günlerde ümrüň döremegi bolsa sürüjilerden we herekete beýleki gatnaşyjylardan örän ünsli we seresap bolmagy talap edýär. Şeýle tebigy hadysa dörände garagörnümiň ýeterlik däldigine gabara çyralaryna goşmaça ýakyn aralyga yşyk berýän çyralar, ümre garşy çyralar we yzky ümre garşy çyrajyklar ýakylyp bilner. Ümre garşy çyralar şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanylýar: — garagörnümiň aýyl-saýyl däl ýagdaýynda aýratynlykda, şeýle hem ýakyn ýa-da uzak aralyklara yşyk berýän çyralar bilen bilelikde;

Ýyllar we ýollar

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerindäki oýlanmalar Deňiz — gadymy, tolkunlary — täze

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Eşretli durmuşyň höziri Geçen, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly düşümli, rysgal-bereketli ýyllaryň biri boldy. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmek bilen, belent sepgitlere ýetdiler. Bugdaý, pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän azyk, gök-bakja we miwe önümlerini hem-de senagat harytlaryny öndürmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary götermek üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda hem welaýat merkezi Mary şäherinde 4 gatly, 88 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi gurlup, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna sowgat edildi. Şunlukda, ildeşlerimiziň köp sanlysy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyly täze jaýda garşy aldylar.

Ýaşlar syýasaty: täze maksatnama — täze wezipeler

Hormatly Prezidentimiz 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ilkinji mejlisinde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Öňňin bu taryhy waka mynasybetli paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Biz hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň käbiriniň buýsançly gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik. Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy:

Mähir mukamly mekan

Parahatçylyk, agzybirlik, jebislik bilen birlikde, mähir-söýginiň, dost-doganlygyň mekany Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabadyň gözleri gamaşdyrýan lowurdyly, nurana keşbinden, onuň bu günki gözellik dünýäsinden ildeşlerimiz gana-gana lezzet alýarlar. Arkadag Prezidentimiziň saýasynda, ylla, Erem bagy kimin, daş-töweregine nur paýlaýan merjen şäherimiz gijesi-gündizi, gyşy-tomsy gül kamaty, gözellik dünýäsi bilen ýüreklere ylham berýär. Aslynda, ähli pasylda goýny gök begresli, gül parçaly Aşgabadyň ynsan kalbyny heýjana salýan ajaýyp keşbi hemişe toý zynatyna beslenýär. Paýtagtymyz — ýaşamak üçin amatly, dynç almak üçin eşretli, ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher. Tutuş süňňüni bag-bakjaly, serhowuzly seýilgähler gurşap alan, ak şäherimiz Aşgabadyň gün-günden gözelleşmeginde, beslenýän her bir toý lybasynda birleşigimize degişli etrap bagçylyk şeýle hem arassaçylyk müdirliklerimiziň hünärmenleriniň yhlasyny hem döredijilikli zähmetini görmek biziň üçin buýsançlydyr. Güller içinde gülleýän, bag-bakjasy, tämiz howasy, rahat durmuşy bilen göwünleri galkyndyrýan paýtagtymyzy gurşap alýan gök zolaklarda öz işine ussat gülçülerimizdir bagbanlarymyzyň kämilligi, erjelligi bilen birlikde, olaryň zähmetiniň miwesi görünýär. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna we gözelleşmegine mynasyp goşant goşýan hünärmenlerimiz täze açylýan binalardyr desgalaryň daş-töwe