Geljegi nazarlaýan belent sepgitler
Geçen ýylyň aýagynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmäge ünsi çekip, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde örän möhüm wezipeleriň durandygyny nygtady. Biz — Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň agzybir işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň öňümizde goýan şol wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna täze iş meýilnamalary bilen gadam basdyk. Bu günki gün baky Bitaraplygymyzyň, mizemez Garaşsyzlygymyzyň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň alyp barýan yzygiderli işleri onuň halkara hukuk esaslaryny giňeltmäge oňyn şertleri döredýär. Ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlary häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmegine, dünýä döwletleriniň arasynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň emele gelmegine, goldanylmagyna we ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň saýlap alan ugry ähli ýurtlar bilen parahatç