"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hikmet hoşalary

■ Adamlaryň köpüsinde şeýle häsiýet bar: kimi-de bolsa birini öz nukdaýnazaryna çekjek bolanlarynda, olaryň özleri juda köp gürleýärler. ■ Dünýäde altyn kän-de, altyna berimsiz dostlar az.

Nurly binalaryň öwüşgini

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda hem gurluşyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Şeýle işleriň netijesinde kemala gelen merjen şäherimiziň täsin binagärlik keşbi halkymyzyň göz-guwanjyna öwrüldi. Soňky ýyllarda bina edilýän desgalaryň hasabyna paýtagtymyzyň çägini giňeltmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly bolsa gojaman Köpetdagyň etegindäki gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan desgalar toplumynda hem duýulýar.

Ýol hereketine bagyşlanan bäsleşik

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan «Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek biziň borjumyzdyr!» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, «Esger» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda harby okuwçylar ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny bilmek we berjaý etmek boýunça nazaryýet we amaly-tejribe usulynda bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiş gazanan harby okuwçylara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Hormat hatlary we TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýylyň şygary — Watan goragçysynyň ruhy goldawy

Ýurdumyzda uly dabara bilen garşy alnan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahatlar ýurdumyzyň ähli künjeginde we ähli pudaklarynda giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde täze ýylyň şygaryna hem-de bäş sany iri göwrümli taslamanyň amala aşyrylmagyna bagyşlanyp, dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylarymyz, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, harby aýdym-saz toparlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler täze ýylyň şygarynyň her daban topragyny gözüniň owasy deýin ezizleýän Watan goragçylary üçin ähmiýetiniň has uludygyny bellediler. Sebäbi parahatçylygy goraýjylar — Watan goragçylary. Bir hakykat bar: erkinlik, Bitaraplyk ähli döwürde-de Watan goragçylarynyň milli taglymy bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze şygarda üstünlikli geçen ýylymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly şygarynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşma

Watana wepalylygyň buýsanç aýdymy

Ömürleriň badalgasy, barlygymyzyň binýady, müdimiligiň mesgeni bu Watandyr. Watan beýiklikleriň baş ölçegi. Ýogsam pederlerimiz hem bu düşünjäni keramat saýyp, onuň üçin gara başlaryny orta goýup, özlerine berlen iň gymmatly baýlygy — ömürlerini töwekgellige salmazdylar. Elbetde, türkmen ýigidi gerek bolsa şirin janyny ähli zatdan gymmatly keramata bagyş edip biljek merdanadyr. Hawa, Watan, ýurt, toprak barada ýazylanlaryň we onuň waspyna düzülen şygyrlaryň sany-sajagy, belli hasaby ýok. Belli bahasy bolmadyk, hasapsyz gymmatlygy söýmek, ony gözüň göreji deýin goramak bu günki nesilleriň mukaddes borjudyr. Geçmişde ata-babalarymyz mukaddes Watanyň goragyny özleriniň gerçek ýigitlerine, merdana perzentlerine ynanypdyrlar.

Bäsleşikleriň jemi jemlenildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň arasynda «Ýylyň terbiýeçisi» we «Ýylyň psihology» atly bäsleşikleriň jemi jemlenildi. Harby bölümleriň serkerdeleriniň işjeň gatnaşan bu bäsleşikleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirildi. Onuň baş maksady, terbiýeçi hem-de psiholog serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şahsy düzüm bilen işleşmegi içgin öwrenmegi gazanmak, olaryň arasynda terbiýeçilik işleriniň geçirilişini kämilleşdirmek, şeýle hem hünärine ukyply, ezber serkerdeleri ýüze çykarmak, tapawutlanan harby gullukçylara mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bäsleşiklerde serkerdeler harby bölümlerinde ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemi boýunça harby düzgün-tertibiň ýagdaýy, geçirilen terbiýeçilik, wagyz-nesihat hem-de ahlak-psihologik çäreleriň netijeleri, köpçülikleýin çärelerini geçirýän otaglarynyň ýagdaýy, şeýle-de paýlanyp berlen mowzuklar boýunça taýýarlan referatlaryny aragatnaşyk tory arkaly hödürlediler. Hödürlenen işler, ýazylan referatlar eminler topary tarapyndan seljerilip, ýeňijiler kesgitlenildi. Ýeňiji bolan serkerdelere Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Watana sungatdan serpaýyn ýapan, harby gulluk bilen mertebe tapan

Hünäri boýunça inžener geodeziýaçy bolsa-da, harby ulgamda işlemegi özüne mertebe bilen serhetçi serkerde 1976-njy ýylyň 21-nji noýabrynda gadymy Tejen topragynda dünýä inýär. Bu gün oňa Serhet goşunlarynyň ähli şahsy düzümi uly hormat bilen «Ýoldaş polkownik!» diýip ýüzlenýär. ...Maşgalada on çaganyň içinde ösüp-ulalan, edil beýleki oba oglanlary ýaly, malyň yzynda çörňeşip, daýhançylyk işinde taplanan, ata-enäniň terbiýe mekdebinde terbiýelenen Çarymyrat ýigit çykanda Aşgabada ýokary bilim almaga gelýär. Ýokary okuw mekdebinde bilime teşne ýigit ugurtapyjylygy bilen mugallymlaryna özüni aldyrmagy başarýar. Ol şol döwürlerde hem aýdym-sazly dabaralara, döredijilik bäsleşiklerine we ýörite gurnaklara gatnaşýar. Okumyşlygy bolsa, geljekki şahyr ýigidi gündogar we dünýä edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga itergi berýär. Heniz talyplyk ýyllarynda sungatyň inçe ýoluna düşen Çarymyrat kämilligiň mertebeli menzillerini nazarlaýar.

Watana wepaly merdana nesil

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bedew bady bilen täze sepgitlere ugur aldy. Geçen 2020-nji ýyl hem taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki «Gyzyl meýdançada» merdana türkmen ýigitleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gulluk eden 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bilen Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guralan dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Bu ýörişden dabaraly ýagdaýda geçen Watan goragçylary ildeşlerimiziň merdana watan gerçeklerine bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrdy. Çünki Watanymyzyň bagtyýarlygy, biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Mähriban Watany bagtyýar etmek bolsa, onuň merdana ogullarynyň gerdenine düşýär. Ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkyna sowgat eden kitaplarynyň ählisi terbiýeçilik temasynda bolup, olar harby gullukçylaryň gündelik durmuşynda ulanýan gollanmalaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ömrüň manysy — Watanyň rowaçlygynda» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň rowaçly ýollara beslenip, täze ýeňişle

«Iň göreldeli serhet gala»

Ýakynda şeýle at bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet galalarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesi boýunça «Iň göreldeli serhet gala» adyna podpolkownik Azat Almazowyň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Döwlet Hallyýewiň serkerdelik edýän serhet galasy mynasyp boldy. Şeýle hem podpolkownik Magtymguly Nurberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Agamyrat Baýryýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 2-nji, maýor Amangeldi Ilmyradowyň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Kerim Töräýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 3-nji orny eýelediler. Maksatmyrat ATABALOW,maýor.

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň guramaklarynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly — durnukly ösüş ýoly» diýen at bilen tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Maslahata TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, Daşoguz welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň, «Ene mähri» merkeziniň işgärleri we Daşoguzyň B. Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagly Watanymyzyň içeri we daşary syýasatda alyp barýan ynsanperwer ýörelgeleri, ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşleriň belent sepgitleri barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli anyk işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak barada birin-birin durup geçdiler.

Edep başy salamdyr

Halkymyz sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwür-zamanalarda saklapdyr. Türkmen asylzadalygy, ynsanperwerligi, edep-ekramy müňlerçe ýylyň dowamynda kämilleşip, nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzda we milli ýol-ýörelgelerimizde halkymyzyň ynsan gatnaşyklary bilen bagly belent adamkärçilik sypatlary açylyp görkezilýär. Toý däpleriniň halkymyzyň göwnaçyklygyny, jomartlygyny, şahandazlygyny, maşgala dessurlarynyň bolsa, lebzihalallygyny, agraslygyny örän aýdyň görkezişi ýaly, türkmeniň salamlaşmak bilen bagly edep kadalary hem il-günümiziň milli medeniýetini, baý mirasyny, mähirliligini, açyklygyny äşgär edýär. Salamlaşmak özboluşly sungat bolup, onuň gadymdan gelýän we sünnälenip, biziň döwrümize ýetirilen özüne mahsus ýörelgeleri, däpleri bar.

Taryhy tutumlaryň tarypy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we badalga berilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler, taryhy tutumlar halkymyzda eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, ajaýyp döwrümize söýgi-buýsanjy artdyrýar. Muňa ýurdumyzda geçirilýän dabaraly çäreleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. TDP-niň welaýat hem-de Balkanabat şäher komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy. Welaýat kitaphanasynda ýokary ruhubelentlikde geçen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyňam, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda bolşy ýaly, taryhy tutumlara we özgertmelere beslenýändigi, ýakynda milli Liderimiziň ak pata bermeginde Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmeginiň, Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerba

Watan goragy mukaddesdir

Berkarar ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde dabaraly çäre geçirildi. Oňa harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar hem-de rowaç durmuşynyň bähbidine gönükdirilen Milli maksatnamalaryny, Kararlaryny wagyz etmekde, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, maşgala mukaddesligini berkitmekde, milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ene-mamalarymyzyň el hünärlerini ýaşlarymyza ýetirip, arkama-arka dowam etdirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde alyp baran işlerine seljerme berlip, öňde duran wezipeler kesgitlendi.

Milli synçylar bellige alyndy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan saýlaw möwsümi badalga aldy. Saýlaw möwsüminiň dowamynda ýörite düzülen meýilnama esasynda geçirilmeli çärelere möhüm orun degişlidir. Welaýat saýlaw topary tarapyndan milli synçylara şahsyýetnamalary gowşurmak dabarasyny hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine we raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Milli synçylaryň 17-si TDP-niň welaýat komiteti, 11-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti, 14-si Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, 14-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, 15-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, 14-si TMÝG-niň welaýat geňeşi, 3-si bolsa raýatlar topary tarapyndan bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, welaýat saýlaw topary tarapyndan 88 adam milli synçy hökmünde bellige alnyp, olara ýörite şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň buýsanjy we şöhraty

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýagşy gylyk-häsiýeti, görüm-göreldesi bilen nusga bolýan zenanlarymyz ýurdumyzyň buýsanjy we şöhratydyr. Maşgala ojagyna wepadarlygy, el hünärine ussatlygy türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda abraýyny, mertebesini beýgeldip gelýän aýratynlyklardyr. Çuňňur söýgüsi, gyzgyn mähri bilen öý-ojagyny ýyladýan zenanlarymyz milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ýaşlary zähmete höweslendirmekde ummasyz işleri bitirýärler.

Belent maksat — nurly geljek

Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar zenanlary Gahryman Arkadaymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda  amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ýaş nesliň sowatly, ylymly, bilimli, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi babatda uly işleri alyp barýarlar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi milli däpdessurlarymyza laýyklykda terbiýelemekde, önümçiligiň dürli pudaklarynda gelingyzlarymyz yhlasly zähmet çekýärler, ata Watanymyzda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Maşgala mukaddesligini berkitmekde, sagdyn, döwrebap bilimli nesli kemala getirmekde zenanlaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilýär. Milli Liderimiz: «Ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan üstünliklerde zenanlarymyzyň saldamly goşandy bardyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda mährem enelere, eli çeper zenanlara, gelin gyzlara goýulýan sarpanyň belentdigi bizi diýseň buýsandyrýar. Bular barada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagynyň dowamynda işjeň söhbet edildi.

Nesil terbiýesi — möhüm mesele

Halkymyz nesil terbiýesini ähli döwürde-de esasy orunda goýupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa ýaş nesliň döwrebap terbiýeli bolmagy, çuňňur bilim almagy barada örän uly aladalar edilýär. Ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, saýlan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmekleri babatdaky meseleler Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň özeninde durýar. Maşgalanyň abadan hem abraýly bolmagynda çaga terbiýesi esasy orunda durýan zatlaryň biridir. Çagany terbiýelemäge näçe ir başlasaň, şonça-da ir netijesini görjekdigiň öz-özünden düşnüklidir. Tymsalda beýan edilişine görä, bir gelin dana ýaşulynyň ýanyna baryp: «Atam, ýaş çagam bar. Men oňa haçan terbiýe berip başlamaly?» diýip soraýar. Dananyň: «Çagaňyz haçan doguldy?» diýen sowalyna gelin: «Doglanyna dört aý boldy» diýip jogap berýär. Şonda dana ýaşuly oňa: «Onda, gelin, siz dört aý hem gijä galypsyňyz, terbiýä dört aý mundan öň başlamaly ekeniňiz» diýip nesihat edýär.

Umumadamzat gymmatlygyny wasp edip

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly zenanlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşiginiň Hazar şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bir parçany labyzly okamak, kitapda beýan edilýän wakalardan, rowaýatlardan bir pursady sahnalaşdyrmak we  gymmatly kitabyň ähmiýeti barada öz ýürek buýsançlaryny çeper sözlerde beýan etmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, şäherdäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Gülmira Bagyýewa baş baýraga mynasyp boldy. 4-nji orta mekdebiň mugallymy Güljahan Tukyýewa birinji, 1-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Orazgulyýewa ikinji, şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Tawus Akmuhammedowa üçünji orunlara eýe boldular.

Tatar nakyllary we pähimleri

Ogul doguldy — tug doguldy. *  *  *