Milli gymmatlyklarymyzyň çeper keşbi
Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat häkimliginiň, medeniýet, Baş bilim müdirlikleriniň, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda welaýatyň höwesjeň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, bilim işgärleriniň, halyçylarynyň arasynda «Türkmen bedewleri hem-de türkmen alabaýy milli buýsanjymyz» atly döredijilik sergi-bäsleşigi geçirildi. Sergide türkmen bedewiniň we alabaýynyň çeper keşpleri ýagly reňkde, şeýle-de ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň dänelerinden, özboluşly çeperçilik bilen döredilen heýkeltaraş işlerinde wasp edildi. Döredijilik bäsleşiginde heýkeltaraşlyk işi boýunça Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Baýgeldi Annamedowyň «Görogly», Sapa Akbaýewiň «Türkmen bedewi», S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky Ýusupbaý Atajanowyň «Uçar ganat», surat çekmek boýunça Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şasenem Gurbanowanyň «Behişdi bedew», S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy Sadylla Döwletowyň «Bedew», Akdepe etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy Allanur Güjükowyň «Behişdi bedew», Maýa Döwletowanyň «Bedew», S.A.Nyýazow adyndaky etrap bilim bölüminiň hünärmeni Bahram Şamyradowyň «Wepaly», şu etrapdaky 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Sewinç Klyçewanyň «Uçar ganat», Gubadag etrabynyň medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi