"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baky öçmejek hasrat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň erkinligi, azatlygy ugrunda döşüni gerip söweşen uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň sarpasy mydama belent tutulýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzda aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Ruhy päkligiň gijesi

12 aýyň soltany ― mukaddes Oraza aýy dowam edýär. Bu aýyň dowamynda berjaý edilýän urp-adatlar asyrlaryň jümmüşinden geçip, özboluşly ruhy mirasa öwrülipdir. Goýnunda Gadyr gijesi, Oraza baýramy ýaly mukaddes günler bolan bu nurana aý bilen bagly yrym-ynançlar aňymyza siňip, kalbymyza ornapdyr. Şu ýyl pasyllaryň soltany bahar bilen utgaşyp gelen Oraza aýy ähli musulmanlaryň durmuşynda öwrülişik döwri hasap edilýär. Ynsanlaryň kalbyna arassalyk, päklik, hoşniýetlilik, halallyk, şükürlilik ýaly häsiýetleri guýýan bu aýda adamlary biri-biri bilen öňküsindenem ýakynlaşdyrýan, dostluk, garyndaşlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny has berkidýän bir gije bar. Oňa Gadyr gijesi diýilýär. Ol Remezan aýynyň 27-nji gijesine gabat gelýär. Birek-birege goýulýan hormat-sarpany aňladýan bu gijede saçaklar giňden ýazylyp, ýakyn garyndaşlar, dost-ýarlar, tanyş-bilişler bir supranyň başynda jemlenýärler. Beýik Biribardan ýagşy dilegleri etmek bilen, ildeşlerimiz halkymyza mahsus bolan agzybirligiň, jebisligiň, ruhy päkligiň nusgasyny görkezýärler. Ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlaryň esasynda terbiýelemekde hem munuň ähmiýeti uludyr.

Hormatly okyjylar!

2021-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Türkmen gündogary» gazetine abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gazete çap edilýän hem-de elektron görnüşlerdäki neşirler boýunça ýazylyp bilersiňiz.

Edermenlige baky şöhrat

Eziz Diýarymyzda şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralar uly ruhubelentlige beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň şol ýowuz uruş ýyllarynda frontda hem-de tylda edermenliklerini görkezen ildeşlerimize belent sarpa goýulýar, olar hormatly Arkadagymyzyň üns-aladalary bilen gurşalýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy tutuş adamzat taryhynyň iň bir ýowuz, köpsanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýyllarydyr. Watanyň, dünýä milletleriniň azatlygy ugrunda alnyp barlan söweşlerde adalatyň üstün çykmagyna, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna ähli halklar bilen bir hatarda, türkmen halkynyň hem örän uly goşant goşandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Urşuň ilkinji aýlaryndan başlap edermen türkmen ýigitleri meýletinlik bilen fronta gidip, duşmana garşy barlyşyksyz söweşipdirler. Erkek adamlaryň ählisiniň Watan goragyna giden wagtynda tyldaky agyr işler türkmen gelin-gyzlarynyň gerdenine düşýär. Olar edermenlik bilen, iň bir agyr işleriň hem hötdesinden gelip, fronta gidenlere zerur bolan ähli kömekleri beripdirler. Azyk önümleri, ýyly egin-eşiklerdir dürli zerur zatlar, sowgatlar esgerlere yzygiderli ugradylypdyr. «Ähli zat front üçin!», «Ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen şygar astynda ruhdan düşmän ýeňşe sabyrlylyk bilen garaşyp, irginsizlik bilen zähmet çeken zenanlar goranmak fonduna özleriniň gymmatly

Belent binalaryň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň her güni şatlykly we buýsançly dabaralara, şanly wakalara beslenýär. At-owazasy dünýä ýaň salýan mähriban halkymyz bu gün ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýar. Mähriban Arkadagymyzyň eziz Diýarymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan beýik sepgitlere ýetirmek maksady bilen, öňdengörüjilikli başlangyçlary, konstitusion hukuk binýady kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleri milli we döwlet maksatnamalarynyň hem meýilnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine şert döretdi. Diýarymyz häzirki döwürde ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazanýar. Bu gün Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwlarynyň hakykata öwrülýän zamanasynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyz boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem desgalaryň onlarçasynyň ulanmaga berilmegine garaşylýar. Gözýetimlere uzap gidýän şäher giňişligi özüniň kaşaň binalary we tebigy aýratynlyklary, şeýle-de nurana ýollary bilen mähriban halkymyzyň kalbynda buýsandyryjy täsirleri döredýär. Her bir raýatyň eziz Watanymyza bolan guwanjy we buýsanjy artýar.

Belent sarpanyň beýany

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlaryny sarpalamak dabaralary baýramçylygyň mazmunyny artdyrýar. Welaýat, şäher häkimlikleriniň, TDP-niň welaýat, şäher komitetleriniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde geçiren duşuşyk dabarasy hem baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Weteran bilen duşuşyk

Şu günler güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gan dökülip gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramy bellenilip geçilýär. Uruş we zähmet weteranlary, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan mährem eneler, tylda zähmet çekenler bilen duşuşyklar geçirilýär. Olara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar. Ýeňiş güni mynasybetli şeýle duşuşyklaryň biri Ýolöten şäherinde-de geçirildi. Şu şäheriň ýaşaýjysy, uruş we zähmet weterany ätiýaçlykdaky polkownik, “Gyzyl Ýyldyz” we başga-da birnäçe orden-medallaryň eýesi Şamy Abdyýew bilen duşuşyk dabara beslendi. Duşuşykda uruş weterany Ş. Abdyýewe TMÝG-niň welaýat geňeşi, Ýolöten etrap häkimligi, TKA-nyň etrap birleşmesi, TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň sowgady we başga-da baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Merwden başlanan dost-doganlyk

Bir danadan: “Nähili dost gowy?” diýip, sorapdyrlar. Ol bolsa: “Dogan ýaly dost gowudyr” diýip jogap beripdir. Dana gojadan: “Doganyň gowusy nähili?” diýip sorapdyrlar. Dana bolsa dost ýaly bolan dogan gowudyr diýip aýdypdyr. Hakykatdanam, dostuňam, doganyňam belli bahasy ýok. Doganlyk — her bir kişiň iň gymmatly hazynasy. Ata-babalarymyzyň paýhas eleginden geçen doganlyk, dogan okaşmak ýörelgesi hem ýöne ýere däldir. Türkmen halky birek-biregi dogan hasaplaýar. Birek-birege doganlyk goluny uzadýar. Biri-biriniň ýüregine barýan doganlyk ýoluny yzarlaýar. Şeýle ajaýyp doganlyk ýörelgesini esaslandyran Berdimyrat bilen Orazmyradyň gyzykly we hupbatly ömür ýoly hakynda kelam agyz söz açmak juda gyzykly. Men manyly we hupbatly ynsan ömri hakynda gürrüň bermekçi. 1938-nji ýylyň 7-nji maýyndaky resminama esasynda Maryda kolhoz-sowhozlarda teatrlary ösdürmek boýunça ýaňy teatr sungatyna gadam basan ýaşlar Aşgabatdan dürli ýerlere ugradylýar. Şolaryň arasynda Orazmyrat Guwanç hem gadymy medeniýetiň, ylmyň ösen topragy — bereketli Merw topragyna ugradylýar.

Gadyr-gymmatly sene

Her ýyl daş-töwerek atyr yslaryny berýän elwan gül-gülzarlyga bürenen çaglarynda Ýeňiş güni dabaraly bellenilip geçilýär. Şol dabaraly baýramçylykda uruş weteranlary görkezen edermenlikleri üçin sylap-hormatlanylýar. Sebäbi, Watan öz edermen gerçeklerini hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Döşleri hatar-hatar orden-medally gahrymanlarymyza gözüm düşende, atam pahyr ýadyma düşýär. Sebäbi atamam gaýduwsyzlyk görkezen uruş weteranydy. Mekdebiň 1941 — 1945 diýen ýazgyly, Baky ot ýanyp duran ýadygärliginiň öňüne Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar ýygnanardylar. 1-nji synpa baran ýyllarymda 9-njy maý güni mekdebiň howlusynda gurlan ýadygärligiň öňünde uly dabara boldy. Beýik Ýeňşiň şatlyk- -şowhuna beslenen şol gününde, ýowuz ýyllaryň janly şaýatlary bolan, Watan goragçylaryny, merdana weteranlary görmäge howlukýardyk. Menem ilkinji hatarda durup, ýüzleri nurana, döşleri düzüm-düzüm orden-madally weteranlary birin-birin synlap durşuma birdenem golundan tutup, atamy getirýänlerine gözüm düşdi. Şonda atamyň ýöräp bilmeýänine juda gynanypdym. Men atamy weteranlaryň arasynda ilkinji gezek görýärdim.

Olar — dilimiziň senasy

Ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gan dökülip, döş gerlip gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Bu beýik Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen gerçeklerimiziň, gahrymanlarymyzyň mynasyp goşantlarynyň bolmagy bizi has-da guwandyrýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow “Gojanyň wesýeti” diýen goşgusynda Watany söýmegi, goramagy ündeýär: “Goraň Watany, ogullam,

Belent sarpa goýulýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Watan gahrymanlarynyň, olaryň yzynda galan, mährem enelerimiziň mertebesi bu günki günde belentde tutulýar. Türkmen ýigitlerimiz Watançylyk urşunda asuda, bagtyýar döwrümiz üçin gara başlaryny orta goýup, söweşdiler. Watanyň şöhratly ogullaryny ýatlamak her birimiziň borjumyzdyr. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlary, tylda zähmet çekenler, urşuň yzynda mukaddes ojaklaryny saklan enelerimiz bilen duşuşyklar geçirilýär, ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

Watan, ýeňiş, il-gün hakdaky goşgular

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romany ildeşlerimiz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Kitabyň sözbaşysynda aýdylyşy ýaly, milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir ýarym ýylynyň mysalynda onuň beýik ruhy, ahlak dünýäsi, maşgala ýüküni merdi-merdanalyk bilen çekişi, ir kämil çykyşy, il-gününe, Watanyna bolan päk söýgüsi, her günki bitirýän ymgyr uly işleri, ruhubelentligi, gaýduwsyzlygy, türkmen däp--dessurlary, edep-ekram gymmatlyklary ussatlyk bilen beýan edilýär. Ýaşajyk Mälikguly öz goşgulary bilen adamlary ýeňşe ruhlandyrypdyr, olaryň duşmany ýeňjekdigine bolan ynamyny has-da berkidipdir. Geçmişde ýaşap öten, şöhraty dünýä ýaýran gerçeklerimiz, Göroglydan, Alp Arslandan görelde almagy ündeýär, her bir türkmen ýigdiniň müňe taý boljakdygyny buýsanç bilen aýdýar. Oňa Mälikguly Berdimuhamedowyň “Biz ýeňeris!” atly goşgusyny okanyňda hem göz ýetirmek mümkin. Žeňbazlaň bolşuna, gohuna bakmaň,

Dogan gelmedi

Men 92 ýaşymda. Meniň doganym 1941-nji ýylda urşa gidip, gaýdyp gelmedi. Urşuň gutaranyna 76 ýyl bolsa-da, men dereksiz giden doganyma häzir hem garaşýaryn. Şu goşgyny hem agam jana bagyşlaýaryn. Ilerimiz harbylaryň bagydyr,

Belent sarpa

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edermen Watan gerçekleriniň hem-de olaryň yzynda ýalňyz galan enelerimiziň mertebesi belentde tutulýar. Olaryň saglygyny goramak, maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda döwlet derejesinde alada edilýär. Hormatly Prezidentimiz uruş weteranlary barada uly aladalary edýär. Watan üçin janyny orta goýan merdana ata-babalarymyzyň, aramyzda mertligiň, watansöýüjiligiň nusgasy bolup ýaşap ýören uruş weteranlarynyň sarpasy häzirki döwrümizde has-da belentde tutulýar. Bu günki günlerde bolsa, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlikde toýlanylýar. Geçirilýän çäreleriň üsti bilen 1941 — 1945--nji ýyllaryň urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanmagyna 76 ýyl geçen bolsa-da, uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny halkymyz asla unudyp bilmez. Parahat, asuda durmuşyň hatyrasyna janyny gurban eden Watan gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri biziň ýüregimizde baky ýaşar.

Gahrymanlar unudylmaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda uruş weteranlaryna hem-de olaryň yzynda mukaddes ojaklary saklap oturan enelerimize belent sarpa goýulýar. Olaryň durmuş derejesini gowulandyrmakda we saglygyny gorap saklamakda döwlet derejesinde alada edilýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni baky bagtyýarlyk zamanamyzda giňden toýlanylýar.

Ýüreklerimizde ýaşaýarlar

Belent sepgitler bilen öňe barýan eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda toý-baýramlara ulaşýar. Üstümizdäki ýylda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda Beýik Ýeňşiň gazanylanyna 76 ýyl dolýar. Şu sene mynasybetli şu günler agyr jeňde edermenlik görkezen uruş wetaranlary, olaryň maşgala ojaklaryny saklan mährem eneler bilen duşuşyklar geçirilýär. Uruş wetaranlaryna, şeýle hem urşuň yzynda galanlara, tylda zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly sarpa goýulýar. Şu günler olara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar. Watanyň mukaddes topragy, asudalygy ugrunda söweşen gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedir. Halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň görkezen taýsyz edermenligini unutmaýar. Il-günümiz ýowuz ýyllaryň synaglaryna döz gelen atalarymyzyň, enelerimiziň hatyrasyny tutup, olaryň mertliginiň, merdanalygynyň öňünde baş egýär. Olar ýüreklerimizde baky ýaşaýar.

Watan gerçeklerine şöhrat!

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy adamzat taryhynda ýowuz uruş hökmünde taryha girdi. Onda türkmen gerçekleri Watanyň azatlygy, ýagty geljek üçin gaýrata galyp, gahrymançylygyň asylly nusgasyny görkezip, ýüreklerimizde müdimilik orun aldylar. Watanymyzyň abraýyny belende göterdiler. Uruşda edermenlik görkezen gahrymanlaryň hem-de tylda zähmet çekenleriň durmuşy ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan Watan ogullary bagtyýarlyk döwrümizde ýagşylykda ýatlanylyp, her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş güni dabara bilen bellenilip geçilýär.

Watany söýmegiň beýik nusgasy

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli, şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde giň gerim alan baýramçylyk dabaralary we duşuşyklary Watan gerçeklerine goýulýan çäksiz sylag-sarpany alamatlandyrýar. Uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, bu gün mukaddes ýar ojagyny saklap oturan enelere we tylda zähmet çeken ildeşlerimize baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy şanly senäniň hormatyna ýaýbaňlandyrylan dabaralara baý many çaýýar. Urşuň yzynda ýar ojagyny saklap oturan enelerdir tylda zähmet çeken ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barylýan şu günlerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň arzyly myhmanlary boldular.

Olar kalplarda baky ýaşaýar

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi «Olar ýüreklerde ebedi ýaşaýar» diýlip atlandyryldy. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanan serginiň halypa suratkeşleriň eserleri bilen başlanmagy onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Çünki bu eserleri döredijileriň köpüsi ikinji jahan urşunyň aldym-berdimli söweşlerine gatnaşan ýa-da şol urşuň ýowuzlyklaryna ýakyndan belet suratkeşlerdir. Olardan Yzzat Gylyjowyň «Seýitnyýaz Ataýewiň portreti», Ýakup Annanurowyň «Halk we front birdir», Wladimir Pawloskiniň «Böwsüp geçmek», Iwan Ilýiniň «Rahman Geldiýewiň portreti», Nyýazmyrat Dowodowyň «Esgerler bilen duşuşykdan soň» atly eserlerini görkezmek bolar. Nakgaşçylyk eserleri bilen birlikde, heýkel hem-de keramika eserleriniň bolmagy serginiň täsirliligini has-da artdyrýar. Olardan Annameret Taganowyň «Gutlaýarys», Muhammet Ýüzbaşewiň «Garaşmak», Alekseý Şetininiň «Ýeňiji», Welmyrat Jumaýewiň «Ýeňijiler» atly eserleri hem ýaş nesilde watançylyk duýgularyny terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Köp ýaşly agaçlar

Ýaşyl öwsüp oturan bagsyz ýaşaýşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däl. Häzirki wagtda asyrlaryň şaýady bolan agaçlaryň ençemesi dünýäniň dürli künjeklerinde ösüp otyr. Ýaşlarynyň şeýle uludygy sebäpli, olar umumadamzat gymmatlygy hasaplanyp, goralyp saklanýar. Olaryň iň köp ýaşlylary barada bilmek gyzykly bolsa gerek. Tikko arçasy. Şwesiýanyň Milli Seýilgähindäki Fulufýallet dagynyň eňňidinde ösüp oturan bu arçanyň ýaşy iki asyrdan kän bolmasa-da, barlaglar onuň köküniň 9500 ýyl töweregi ýaşynyň bardygyny ýüze çykardy. Munuň özi bir döwürler guran arçanyň kökleriniň müňýyllyklaryň dowamynda ýaşap gelendigi bilen düşündirilýär. Şeýdip, töweregindäkilerden tapawutlanmasa-da, dünýädäki iň «ýaşuly» agaç diýip ykrar edilen bu arça «Tikko» diýip at berilýär.