"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durmuşda görelde, işde ýörelge

Medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan ajaýyp eserleri biz — medeniýet işgärleri üçin durmuşda görelde, gündelik işimizde ýörelge bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini okap, türkmen halkynyň baý taryhyna, milli mirasymyza göz ýetirýäris. Ata-babalarymyzyň, enelerimiziň ýiti zehininden, ýadawsyz zähmetinden kemal tapan bedew atlarymyzyň, halylarymyzyň, alabaý itlerimiziň, şaý- -seplerimiziň, saz gurallarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen bütin dünýä ýaýrap uly meşhurlyga eýe bolandygyna buýsanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitaby hem beýleki eserleri ýaly diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň hem uly söýgüsine mynasyp boldy. Bu ajaýyp eserde türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan ajaýyp ýörelgeleriniň, ata-babalaryň pähim-paýhasyndan, görüm-göreldesinden mazaly taplanan, kemsiz sünnälenen rowaýatlardyr tymsallaryň döwrebap röwüşde timarlanyp, täze pikirler, ýordumlar bilen üsti ýetirilip, eseriň mazmunyna sazlaşykly suratlar bilen bezelip, çeper dilde beýan edilmegi bada-bat okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Bu kitabyň terbiýeçilik taýdan uly täsiri, ösüp gelýän ýaş nesillerde pähim-paýhas, ahlak hem ruhy kadalary kemala getirmekde möhüm ähmiýeti bar. Eserde sagdyn pikirlenmegiň, keramatly kitaplaryň, Watana bolan s

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ajap eýýamyň döwrebap kanunçylygy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz demokratik, hukuk döwleti bolmak bilen, milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler rowaçlanýar. Bagtyýarlyk zamanamyzyň kämil kanunlary bolsa jemgyýetimizde üstünlikli dowam edýän düýpli özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna itergi berýär.

“Hatyra” kitabynyň birinji jildiniň täze neşiri

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Hatyra» kitabynyň birinji jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu neşir Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar. Bu taryhy-resminamalaýyn iş Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan, dereksiz ýiten esgerleriň we serkerdeleriň edermenligine bagyşlanýar.

Türkmen gerçekleriniň gahrymançylykly ýoly

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bütin adamzadyň taryhynda iň ýowuz harby çaknyşyklaryň biri hökmünde galdy. Bu ýowuz uruşda dürli milletleriň wekilleri bilen birlikde, türkmen halkynyň merdana ogullary hem faşizme garşy el-ele berip söweşdiler. Urşuň gidişinde 1943-nji ýyl uly öwrülişik pursady hökmünde ýatda galdy, çünki şol ýylda sowet goşunlarynyň faşistlere garşy derbi-dagyn ediji hüjümleri başlandy. Şol söweşlerde türkmenistanly gerçekler hem edermenlik görkezipdirler.

Goja esgeriň guwanjy

Elwan ýazyň toýly günlerinde Aýböwür ýaýlasynyň gaýra ýüzünde kowçum oturan küren obanyň orta bölegindäki bu uly jaýyň, elmydama myhmana mürähetli, gelim-gidimli, döwletli ojagyň mähellesi artýar. Şol günleriň ak säherleri bagtly pursatlara beslenýär: oba adamlary, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bu abadan ojaga gelip, 100 ýaşy tegeläp barýan uruş weteranyny Ýeňiş baýramy bilen gutlaýarlar. Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginde ýaşaýan Kaka Gurbanow üçin şu günleriň üýtgeşik gadyr-gymmaty, göwnüni ýaz ýaly nurlandyrýan şatlygy bar. Şu pursat onuň goja göwresi birneme daýanan ýaly görünýär, ol gutlagly gelenleri garşy alýar, garrylyk derdini unudyp, olar bilen saçak başynda gürrüňdeş bolýar. Oba adamlaryna muwapyk sada, paýhasly, kiçigöwünli bu ýaşuly ömürboýy päk zähmet çekip, halal ýaşamagyň, il-güne asylly hyzmat etmegiň göreldesini görkezdi. Ol 1925-nji ýylda Gubadag etrabynyň Döwletli geňeşliginiň Ýelharaz obasynda dogulýar. Ýaşlygyndan çopançylyk edýär. Urşuň öň ýanlarynda obadaky maldarçylyk hojalygynda hasapçy bolup işleýär. Alys bir ýerlerde nägehan urşuň başlanmagy bilen, gol ýaýradyp ugran oba sanlyja günüň içinde boşap galana dönýär. Ýaňy on sekiz ýaşyny dolduran Kaka Gurbanow öz kowçumlaryndan otuza golaý ýigit bilen söweş meýdanyna ugraýar. Gadymy Hywanyň Erik gala diýen ýerinde üç aýlyk türgenleşik okuw

Mertlere tagzym

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde «Watany beýgelden mertlere tagzym!» ady bilen baýramçylyk maslahaty geçirildi.1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarany Ahal welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi hem-de onuň Ahal welaýat komiteti bilelikde gurady. Partiýa işjeňleriniň, bilim işgärleriniň, ýaşuly nesliň wekilleriniň hem-de okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan maslahata gatnaşyjylar, asylly däbe eýerip, mekdebiň eýwanyndaky heýkele — hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana ýadygärligine gül desselerini goýup, watançy esgeri hatyraladylar. Soňra myhmanlar mekdepdäki muzeýe aýlanyp, ondaky gymmatlyklardyr maglumatlar bilen tanyşdylar.

Arkadagymyzyň sowgatlary gowşuryldy

Hormatly Prezidentimiziň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna 200 manat möçberinde pul hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak bilen baglanyşykly Permanyna laýyklykda, şanly toýuň dabaralandyrylan günlerinde welaýatymyzda ýaşaýan uruş weteranlaryna hem-de urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan enelere milli Liderimiziň adyndan degişli sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary uruş weteranlarynyň we ýar ojagyna wepaly eneleriň döwletli ojaklarynda geçirildi. KAKA. Uruş weterany Ata Tutlykow, uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşy Meretgül Gylyjowa etrabymyzyň uly sylag-hormatdan peýdalanýan bagtyýar ýaşaýjylarydyr. Ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde olaryň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu gün durmuşymyzyň bezegi bolup ýaşaýan Ata aga-da, Meretgül ene-de döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, uly üns-alada bilen gurşalýar.

Watan gahrymanlaryna şöhrat!

GÖKDEPE. Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Gökdepe etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan bilelikdäki çäreleriň birnäçesi guraldy. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe tylda zähmet çekip, ýeňşiň gazanylmagyna goşant goşan ildeşlerimiziň döwletli ojaklarynda guralan duşuşyklar täsirli boldy. Ýaşlar guramasynyň wekilleri we meýletinçiler duşuşyklaryň barşynda bu gün eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan ýaşuly nesliň wekillerini 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bilen gyzgyn gutladylar, olara iň oňat arzuwlaryny beýan edip, gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar.

Ak şäherim Aşgabat

Şeýle at bilen welaýat merkezindäki N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebinde surat bäsleşigi geçirildi. Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk bäsleşigini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi gurady. Oňa ady agzalan sungat mekdebiniň okuwçylary gatnaşdy. Baş şäherimiziň şanly toýuny has-da dabaralandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegini gazanmak, olaryň watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek, sungata höwesli ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen surat bäsleşigi çagalaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Mekdebiň giň eýwanynda ýaş suratkeşleriň ýerine ýetiren we bäsleşige hödürlän suratlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide ak mermerli paýtagtymyzyň nowjuwan keşbini, gözel binalarynydyr desgalaryny şöhlelendirýän şekillendiriş işleriniň onlarçasy görkezildi. Bu işleri synlanlar Aşgabadyň barha özgerýän keşbine buýsanmak bilen birlikde, ýaşajyk suratkeşleriň zehin-başarnygyna hem göz ýetirdiler.

Müň bir sogaply gije

Şu gije — mukaddes Gadyr gijesi. Gadyr gijesine «Gijeleriň soltany» diýläýmesi-de bar. Ýylyň iň arzyly, iň mukaddes gijesinde etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler! Gadyr gijesi bilen bagly düşünjeler çagalykdan aňymyzda galypdyr. Ýöne çagalygyň dünýäsinde Gadyr gijesinde uklaman oturyp bilseň, Hydyr atany göräýmegiň mümkindigi, gijäniň belli bir pursadynda tutan zadyň tokga altyna öwrüljekdigi baradaky özümiziň hem doly düşünmeýän pikirlerimiz aňymyza ornaşan hem bolsa, bu gijänyň asyl ýakymynyň başga-başga zatlardadygyna aňymyz goýalyşansoň göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, Gadyr gijesi baradaky çagalyk we ululyk düşünjelerimizi baglanyşdyrýan bir umumylyk bar. Ol hem şu gijä mahsus ýagşy niýetler. Aslynda, «gadyr» hem-de «ýagşy niýet» düşünjeleriniň arasynda bir baglanyşyk bar ýaly görünýär. Gadyr goýýan adamyňa hemişe ýagşy niýetli bolýarsyň, ýagşy niýetli adamyň gadyry gözüňde hemişe başgaça.

Sarpasy belent gerçekler

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli, düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa uruş weteranlary, tylda zähmet çeken eneler, harby gullukçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda Watan gerçeklerine çuňňur sarpa goýlup, uruş weteranlaryna, esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylyň zähmetkeşlerine aýratyn üns we hormat bilen garalýar. Weteranlaryň saglyk ýagdaýyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna hemişe uly üns gönükdirilýär.

Ýalynly ýyllary ýatlap...

Onuň 5 ogly, 4 gyzy, 44 agtygy, 23 çowlugy hem-de 2 sany ýuwlugy bar. Ýalynly ýyllaryň gowgaly günleri gasynly maňlaýynda yz goýan bu mährem ene agtyk-çowluklaryny daşyna üýşürip oturşyna, olara öz çagalyk döwründe gören agyr kynçylyklary barada gürrüň berip, häzirki parahat, asuda durmuşyň, abadançylygyň, bolçulygyň gadyryny bilmegi ündeýärdi. Nägehan uruş ýyllarynyň tyldakylar üçin hem görgi ýamanyny görkezendigini ýatlamak garry enä has çökder gelýärmi, nämemi, arasynda sözüne dyngy berýärdi-de, uludan dem alýardy. Soňra bolsa gözlerini bir nokada dikip, ýene-de gürrüňini dowam edýärdi. Bilesigeliji nebereleri hem ýatlama ýumagy çöşlenen zähmet weteranynyň — Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy, geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda, «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanan 92 ýaşly ene Jumaý Jumabaýewanyň aýdýanlaryny bir gulaga öwrülip diňleýärdiler. — ...Döwrümizden aýlanaýyn, allanäme döwrümiz bar! Iýjegiň öňüňde, geýjegiň egniňde. Günümizem asudalykda dogup-ýaşyp, aý-ýyllar imisalalyk bilen geçip dur. Heý, şundan ulam bir bagt bolarmy?! Rahat ýatyp, sag-aman örülýär. Parahatçylyk. Halal zähmetiň höziri görülýär. Öz zadyň özüňe nesip edýär. Gazananyň bezeneniňden artyp, ýagşy günleriňe, toýlaryňa ýaraýar. Bu zatlaryň hemmesi mukaddes Garaşsyzlygyň, parahat durmuşyň

Uruş döwrüniň oglany

Şu makala şeýle at goýmagyma işden soň, Mary — Wekilbazar aralygynda gatnaýan awtobusda öýe barýarkam eşiden gürrüňim sebäp boldy. Şu ugur boýunça gatnaýan awtobus Mary şäherinden gaýdyp, Wekilbazar etrabynyň merkezi Mollanepes, Wekilbazar şäherçeleriniň üstünden geçip, başga-da birnäçe geňeşliklere barýar. Soňky menzili — etrabyň Mülkbükri geňeşligi. Awtobus welaýat merkezinden Wekilbazar şäherçesine çenli, takmynan, 30 — 40 minut çemesi ýöreýär. Ýolagçylaryň mesawy gürrüňi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna, Ýeňiş gününe syrykdy. Söhbet milli gahrymanlarymyza, tylda zähmet edermenligini görkezen gelin-gyzlarymyza, çagalara ýetende: «Tylda zähmet gahrymançylygyny görkezen oglanlaryň biri-de obadaşymyz Çary Handyr» diýip, Wekilbazar etrabynyň Täze durmuş geňeşliginiň ýaşaýjysy Döwlet Aşyrow sözüniň üstüni ýetirdi: «Tüweleme, ol häzirem garrarly däl. Döwletli obamyzyň iň uly ýaşlysam şol». Ýolagçylar hem ony tassykladylar. Olaryň hersi bir obadan bolsalar-da, Çary Hanowy ýakyndan-daşdan tanaýan ekenler. «Tamdyra gyzanda ýap!» diýen parasatly pähime eýerip, öýe-de sowulman, Wekilbazar etrabynyň Täze durmuş geňeşliginiň Döwletli obasyna ugradym.

Halk hakydasy — mertlik mekdebi

Şu ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe 76 ýyl dolýar. Şu mynasybetli guralýan dabaralarda ata Watany döş gerip goran gerçekleriň geçen söweş ýoly, olaryň yzynda galanlaryň tylda görkezen gahrymançylygy ýatlanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, millionlarça ynsanlaryň ömri, edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen gazanylan bu mukaddes Ýeňiş parahatçylygy we hoşniýetliligi, dostlugy hem-de raýdaşlygy giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Hormatly Prezidentimiz 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna ýokary baha berýär. Her ýylda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri olary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglaýar.

Watanperwerligiň beýik nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzy goran gahrymanlaryň sarpasy belent tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlarymyz uly alada bilen gurşalýar. Döwletimiz tarapyndan uruş, zähmet weteranlarynyň, tylda zähmet çeken zenanlaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilýär. Olar bu günki gün bagtyýar durmuşda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan asylly işlerine guwanyp ýaşaýarlar. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde döredilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bolsa, Watany goran merdana ogullarymyzyň görkezen gahrymançylygyny bu günki nesillere ýaýýar. Ol ýadygärlik hemişe edermenlik mekdebi hökmünde şamçyrag kimin şöhle saçýar.

Ak guw bolup dolanan

Gadymy Änew topragyna 1941-nji ýylyň bahary üýtgeşik gelipdi. Gäwers düzlügini gözellige beslän gyzyl güläleklerdir jümjümeler mylaýym şemala başyny yrap otyrdylar. Haly ýazylan ýaly baýyrlygyň degresinde meýdan ysmanaklary parç bolupdy. Olaryň deňinden biparh geçip bilmedik ýigidiň okuwa göterýän ýantorbasyndaky kitaplary bir eline alyp, ejesini begendiresi geldi. Şol barmana asmanda garkyldaşyp barýan ak sonalar onuň didelerini özünde egledi. Ejesiniň her baharda ― ata Watany, hut şu lälezar türkmen topragyny küýsäp, ak durnalaryň ýat ýurtlardan dolanyp gelşi barada gürrüň berýän rowaýaty ýadyna düşdi. Watan söýgüsi joş urup, gursagyny dolduran 19 ýaşly ýigidiň ýene-de sanlyja aý-günlerden bu tarhan guşlary eziz ýurdundan aýyrýan sowuk gara gyş ýaly, ýowuz urşuň ýetip gelýändiginden, öz ykbalynyň-da ak guwlaryň ýazgydyna meňzejekdiginden habary ýokdy. Begaly Daňatar aga bilen Annajemal ejäniň ýalňyz dikrarydy. Uýalary Akjemaldyr Nurjemal ony diýseň eziz görerdiler. Ýöne Daňatar aga ony ýekeje diýip läliksiretmezdi. Orta mekdebi tamamlandan, kakasy ony gurluşyk ugrundan bilim almaga gönükdiripdi. Galyberse-de, Gökdepäniň gadymy galalaryny nazarlap oturan Gorjaw obasynda ýaşaýan garrylarynyň mal-garasyna, ekin-dikinine kömek etmeli bolaýsa-da ugradar durardy. Şeýlelikde, garaýagyzdan gelen daýaw, berdaşly ýigit ata-enesiniň watanperwerlik baradaky gürrüňleri, Dykma serda

Nirde sen mähriban, eý, türkmen gyzy?

Gahryman zenan Saçly Dursunowa hakda ýatlamalar Her gezek onuň suratyna gözüm düşende, Çary Aşyrowyň meşhur «Ermeni gyzy» goşgusy aňymda gaýtalanýar. Beýik Watançylyk urşunyň gazaply pursatlarynda agyr ýaralanan türkmeniň şahyr ogluna Nina atly ermeni gyzynyň melhem edendigini bütin türkmen halky bilýär, oňa tüýs ýürekden sagbolsun aýdýar. Dogumdan don geýen türkmen gyzy Saçly hem, gör, nijeme urşa gatnaşan ynsanyň — şahyryň, ýazyjynyň, alymyň... ömrüni saklap galandyr?! Tükenmez alkyşlar alandyr. Belki, kim bilýär, Saçly hakynda-da: «Nirde sen mähriban, eý, türkmen gyzy?» diýip, onuň eminden melhem tapanlar aýdyp geçendir?!

Merdana ogullar unudylmaýar

Mertlik, merdanalyk halkymyzyň ganynda bar. Başa iş düşende çykgynsyz halda aljyramak, özüni ýitirmek ýaly häsiýetler onuň üçin ýat. Şoňa görä-de, goç-goç ogullaryny fronta ýollap, gam-gussa batyp oturan türkmeniň bolmandygy taryhy hakykat. Bu barada hormatly Prezidentimiz uruş ýyllaryndaky wakalardan söhbet açýan «Döwlet guşy» romanynyň başynda okyjylara ýüzlenip şeýle ýazýar:

Mertleriň watany beýgelden güni

Her ýylyň maý aýy gelende, taryhyň gowgaly sahypalaryna ýüzlenip, uruş ýyllary hakynda oýa batanyňy duýman galýarsyň. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy tutuş adamzat üçin ýowuz synag boldy. Ýaňy murty taban jahyllardan başlap, atalarymyza çenli eli ýarag tutan her bir adam aldym-berdimli söweş ýollaryny geçdi, tylda galanlar görgi baryny gördüler. Oýlandygyňça-da, merdana pederlerimiziň gahrymançylygy, olaryň yzynda galan garry--gurty, aýal-ebtat, oglan-uşaklaryň zähmet edermenligi, öwezini dolup bolmajak ýitgiler, ýüreklere salnan ýaralar... kino lentasy ýaly bolup, birin-birin göz öňünden geçýär. Uruş pidasyz bolmaýar. Onuň awuly şarpygyny datmadyk maşgala ýokdy. Ýöne maksat — jandan ileri, diňe ýeňiş üçin göreşmeli. Goýnunda dünýä inen ata Watanyny, göbek gany siňen ene topragyny gözüniň görejine deňeýän türkmen halky hem merdana ogullaryny ilkinjileriň hatarynda jeň meýdanyna ýollady. Gerçek ýigitlerimiz duşmana garşy mertlerçe söweşip, edermenligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Müňlerçesine mähriban ojaklaryna dolanyp gelmek miýesser etmedi. Olaryň belent hatyrasy ýüreklerde baky orun aldy we watansöýüjiligi, batyrlygy nesiller üçin hemişelik mekdep bolup galdy.

Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, welaýat medeniýet müdirligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki ýokary, orta, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýigitleriň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertine görä, talyp ýigitler saýlap alan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyşda beýan etdiler. Türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk ýaly häsiýetleri açyp görkezýän sahna eserlerini ýerine ýetirdiler. Aýdym, şorta söz aýtmakda, goşgy okamakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güýçberdi Derwaýysow birinji, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Işangeldi Annaýew ikinji, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Agöýli Annageldiýew üçünji orunlara mynasyp boldular.