"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

55 milliard kub metr ýokarlandy

2024-nji ýylyň 8 aýynda dünýä bazarynda tebigy gaza bolan isleg 55 milliard kub metr möçberinde ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berdi. Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda dünýä bazarynda tebigy gaza bolan isleg geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 55 milliard kub metrden gowrak ýokarlandy. Tersine, Ýewropada bolsa «mawy ýangyja» bolan zerurlyk azalmagyny dowam edýär. Hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda we Beýik Britaniýada tebigy gaza bolan isleg geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 milliard kub metr möçberinde peseldi.

Halkara hasaplaşyklaryň 4,74 göterimi ýuanda amala aşyryldy

Hytaý Halk Respublikasynyň milli pul birligi bolan ýuan halkara hasaplaşyklaryndaky töleg serişdesi hökmünde barha işjeň ulanylyp başlanyldy. Bu barada «SWIFT» töleg ulgamynyň taýýarlan hasabatynda aýdylýar. Hasabatda bellenilişine görä, iýul aýynda dünýädäki halkara hasaplaşyklaryň 4,74 göterimi ýuan arkaly amala aşyryldy. Bu ýuanyň halkara hasaplaşyklarda ulanylyşy boýunça täze rekord görkezijidir. Şol bir wagtyň özünde ýuan halkara hasaplaşyklarda iň köp ulanylýan walýutalaryň hatarynda bassyr dokuzynjy aý dördünji orny eýeledi.

SANLY YKDYSADYÝET –ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ KEPILI

Ata Watanymyzyň halk hojalygyny döwrebaplaşdyrmakdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ugur alnyp durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmeleriň netijesinde binýady berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha berkeýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ulgamlarynda ösüşiň täze belentliklerine galyp, rowaçlygyň täze sepgitlerine ýetýär. Ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» aýdyň beýan edilýän çäreler ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda döwrebap özgerişleri amala aşyrmaklyga giň mümkinçilik döredýär. Maksatnamada öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, innowasion häsiýetli täze ykdysady gatnaşyklaryň emele getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

HAZAR – PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ DEŇZI

Dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýän Türkmenistan halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyzyň dünýäde ýüze çykýan islendik çylşyrymly ýagdaýlary kadalaşdyrmakda syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmagy esasy ýörelge edinmegi halkymyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilikli häsiýetine mahsusdyr. Munuň şeýledigini, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda gadymy Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini esaslandyrýan sebit hyzmatdaşlygynyň onyň netijelerini şöhlelendirýär. Hazar sebiti bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmek babatda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» anyk maksatlar kesgitlenilýär. Bu resminama laýyklykda ýurdumyz Hazar deňzinde bäştaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň döwletleriň parahatçylygy, agzybirligi goldamaga we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan umumy çalyşmasyny görkezýän birleşdiriji şert bolup durýandygyndan ugur alýar. Türkmenistan Hazar bilen bagly meseleleriň syýasy-hukuk, ykdysady, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça kenarýaka döwletleri bilen netijeli gepleşikleri alyp barmagy dowa

Sanly ulgama geçmek — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna

Sanly ulgama geçmek — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Tehnologik taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, hut sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümetine, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ähli derejede halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tabşyryklary berýär. Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertler bilen, ýagny dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz orta möhletli geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna

Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki portlary "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ösüşi arkaly ýük daşamagy artdyrýar

"Demirgazyk - Günorta" halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň Hazarüsti böleginiň işjeň ösmegi, Hazar deňiz portlarynda, esasanam Astrakhan we Olýa deňiz portlarynda ýük dolanşygyň ösüşinde oňyn dinamika döredýär. Russiýa Federasiýasynyň Astrakhan sebitiniň senagat, söwda we energiýa ministrliginiň habaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Astrakhan we Olýa deňiz portlaryndan ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36% ýokarlandy we 3,2 million tonna ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, import ýükleriň ýedi aýyň dowamynda iberilmegi 64% (623 müň tonna çenli), eksport ýükleri 30% (2,4 million tonna çenli), kenarýaka ýükleri 29% (138 müň tonna çenli)) ýokarlandy. Olýa deňiz porty, Astrakanyň 100 km günortasynda, Wolga derýasynyň deltasynda, Wolga-Hazar deňiz gämi kanalynyň 67 km-de ýerleşýär.

Okamak, öwrenmek — ynsanyň bezegi

Ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamy uly ösüşlere beslendi. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalarynyň esasy maksady mekdebe çenli, başlangyç bilim, esasy orta, doly orta, ýokary bilim mekdepleriň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Kompýuter synplary, lingafon otaglary, aýdym-saz we sport zallary mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmeklige, okuw, terbiýeçilik, usulyýet işleriniň halkara ýörelgelere laýyk guralmagyna ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegi babatda möhüm işler hem üstünlikli alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylyndan başlap, ýedi sany ýokary okuw mekdebi ýene-de 13 sany täze ugur boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýar

Habarlar

Suw bolçulygyna goşant Welaýatymyzyň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmekde «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işçi-hünärmenleri yhlasly zähmet çekýärler. Olar uzynlygy 180 kilometrden gowrak bolan uly suw akabasyna, şeýle hem ýaplara, zeýkeşlere gözegçilik etmek bilen, olary gyrmançalardan arassalaýyş işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Munuň üçin kärhanada bar bolan, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen, gyrmançany 40 — 45 metr uzaklyga ýetirmäge ukyply läbik sorujylaryň 10-a golaýynyň güýjünden peýdalanylýar. Olara tejribeli işçi-hünärmenler hyzmat edip, bökdençsiz işlemeklerini gazanýarlar. Munuň özi akabalardaky suwuň akyş tizligini artdyryp, ekerançylarymyzyň suwaryş suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegine uly ýardam berýär.

Abadan ýaşaýşyň sakasynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasyndan» ugur alnyp, ýurdumyzyň suw arassalaýjy kärhanalarynda netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle desgalaryň biri hem Köýtendag etrabynyň «Magdanlyşäheragyzsuw» müdirliginiň Mukry suw arassalaýjy desgasydyr. Gije-gündizki kuwwatlylygy 50 müň kub metr arassa agyz suwuny ilata ýetirmeklige niýetlenilen bu döwrebap desga 2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanylmaga berildi. Şol seneden bäri etrabyň ýaşaýjylaryna bökdençsiz hyzmat edýän döwrebap desga 26 gektar meýdany tutýar. Desga öz işinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlaryna daýanýar. Mukry suw arassalaýjy desgasyna ini 15 metr, uzynlygy 430 metr bolan akaba arkaly Amyderýanyň suwy getirilýär. Akabany arassalamak üçin kuwwatly gum sorujy ulanylýar. Akabadan getirilen suw sygymy 500 müň kub metr bolan emeli usulda durlaýjy howdana guýulýar. 10 günlük ätiýaçlyk suwa niýetlenilen bu howdan tebigy çökdüriji hökmünde hyzmat edýär. Bu howdandan alnan suw 1-nji suw göteriji bekedinden göterilip, kaskad howalandyrma bölümine berilýär hem-de şol ýerde kislorod bilen baýlaşdyrylýar. Soňra suwda biologiki ösüntgileriň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen hlorlama işi geçirilýär. Şeýle-de bu ýerde suwdan başlangyç nusga alnyp, barlaghanada onuň bakteriologik hem-de himiki düzümi anyklanylýar. Howalandyrma bölümi

«Hepdeligiň» önümlerine garaşylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa başarjaň telekeçileriň hatarynda tanalýar. Onuň önümhanasynda öndürilýän azyk önümleri ilatyň uly isleginden peýdalanýar. Telekeçi mundan birnäçe ýyl ozal kiçiräk önümhanany açyp, öz önümlerini içerki bazara çykaryp ugrady. Bu ýerde öndürilýän «Hepdelik» haryt nyşanly çörek we çörek önümleriniň, süýji-kökedir peýnir önümleriniň hyrydary barha artyp ugrady. Önümçilige dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen, kämil tehnologiýalara daýanýan enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleriň rowaçlanmagyna ýardam berdi. «Hepdelik» haryt nyşanly önümleriň arasynda ak köke, peýnirli, gaýnadylan, goýaldylan süýtli, bally, dorogly çörek önümleri we dürli tagamly süýjülerdir kökeler, süýtli, ýagly çörekler has uly islegden peýdalanýar. Bu ýerde öndürilýän 32 görnüşli önümiň her biri özüniň datly tagamy, göze gelüwli görnüşi bilen alyjylary özüne çekýär. Şokoladly, bally, maňyzly kökeler, Aý, aýyjyk şekilli keksler bolsa has-da körpeleriň göwünlerine ýaraýar.

Gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty degişli ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Milli ýangyç-energetika toplumyna iň täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetlidigi aýratyn bellärliklidir. Energiýanyň sarp edilişiniň ýagdaýy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, önümçilik we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüş şertleri, şeýle hem dünýä ilatynyň düzümindäki we ýaşaýyş-durmuşyndaky özgerişler, ählumumy derejedäki derwaýys meseleleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Energiýa serişdeleriniň arasynda geljegi uly bolan hem-de halkara guramalar we senagat taýdan ösen hem-de ösüp barýan döwletleriň uly gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň biri hem, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleridir. Onuň önümçilige ornaşdyrylmagy tutuş dünýäde ählumumy wezipe bolup durýar. Bu ulgamdaky innowasion işläp taýýarlamalar we olaryň tehnologiýa taýdan netijeliligini kesgitlemek geljegi has uly bolan ylmy çözgütleri tapmaga mümkinçilik berer. Bular adamzat durmuşynyň esasy meseleleri bolan Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi, ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly wezipelerdir.

Ösüşleriň ygtybarly kepili

Täze taryhy döwürde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň sanly ulgama geçilmegi bilen has-da berkidilýändigini durmuş aýdyň görkezýär. Şol sebäpli-de ähli pudaklara bu ulgamy giňden ornaşdyrmak üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgam ösüşleriň ygtybarly kepilidir. Ol milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň we jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň ýokary netijeliligini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem ulgamlary we pudaklary innowasion çemeleşmeler esasynda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär. Sanly ykdysadyýetiň doly ornaşdyrylmagy bolsa, bu işlerde üstünlige ýetmegiň gözbaşydyr. Ýeri gelende aýtsak, sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsdeşlige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertidir. Bu ugurda öňde durýan belent wezipeleriň ajaýyp zamanamyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi guwandyryjydyr. Milli ykdysadyýetimiz innowasion esasda ösdürilýär, önümçilige täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň içerki önüminde bu ulgamyň goşandy artdyrylýar. Şeýle hem sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna goşmaça itergi berýär we zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlanmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine ynamly goşulyşmagyny işjeňleşdirip, halkara h

Kuwwatly kärhananyň islegli önümleri

Himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýylsaýyn belent sepgitlere beslenýär. Gazanylýan ýokary zähmet üstünliklerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen «Garabogazkarbamid» zawodynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Sazlaşykly işleýän bu zawod ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde möhüm orny eýeleýär. Himiýa senagatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan kärhana 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gaz turbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik düzümleriniň birnäçesini özünde jemleýär. Ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna daýanýan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny, ammiagyň bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. 

Baýramçylyga zähmet sowgatlary

Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, dürli görnüşli senagat kärhanalarynyň gurluşygyna giň gerim berildi. Olaryň birnäçesi oba ýerlerinde guruldy. Şeýle kärhanalaryň ilkinjileri nah ýüplük egriji fabrikler bolupdy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolup, Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda ýerleşýän nah ýüplük egriji fabrik Lebap welaýatynda ilkinji gurlan şeýle kärhanalaryň biridir. Häzirki wagtda onuň kuwwaty ýylda 5,5 müň tonna ýüplük öndürmäge niýetlenendir. Öndürilýän önümiň ýarysyna golaýyny daşarky bazara ugratmak meýilleşdirilýär. Ine, şeýle belent wezipäni öz üstüne alan bu kärhana 20 ýyldan gowrak wagt bäri, diňe bir Lebap welaýatynda däl, ýurdumyzda hem ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň hatarynda bellidir. Eýsem, şeýle öňdebaryjylyk nämäniň hasabyna gazanyldy? Bu sowala önümiň hiliniň ýokarylygynyň hasabynadygyny aýdyp, bir söz bilen-de jogap berip bolar. Has anygrak aýtsak, bu fabrikde işledilýän daraýjy, lentalaýjy we egriji maşynlar döwrüň ösen talabyny ödeýär. Dokma önümçiligi üçin pnewmomehaniki egriji maşynlardan ýeke kardly agardylmadyk nah mata ýüplüklerini öndürmek üçin bu ýere gelýän çig maly «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri ýörite enjamlar bilen gözden geçirip, şoňa laýyk güwänamalary berýärler. Diňe şondan soň, önüm harman bölümine kabul edilýär. Bu ýerde bolsa 180 — 200 kilogram ag

Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mähriban Watanymyzda ýaýbaňlandyrylýan beýik işler ata-babalarymyzyň halk häkimiýetliligi baradaky başlangyçlaryndan we tagallalaryndan gözbaş alýar. Milli ýörelgelerimizi we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny öz içine alýan halk häkimiýeti ulgamyny döwrebaplaşdyrmak döwletimizi berkarar etmegiň esasy ugrudyr. Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody hyzmatlarynyň germini giňeldýär

Gämi gurluşygy we gämi abatlamak pudagyndaky üstünlikleri bilen tanalýan “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody ösmegini dowam etdirýär. Zawodyň esasy ýerine ýetirýän işinde täze bir hyzmat goşuldy – anketalaryň, tekstleriň, deklarasiýalaryň we dürli dillerdäki resminamalaryň terjimesi hyzmaty. Bu täze hyzmat, zawodyň işini diwersifikasiýa etmäge, halkara hyzmatdaşlygyna has ýakyndan birleşmäge we daşary ýurtly müşderiler bilen gatnaşyklaryň netijeligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Täze hyzmat, dürli dillerdäki zerur bolan resminamalaryň ýokary hilli we çalt terjimesini üpjün etmek bilen, terjime hyzmatyna isleg bildirýän müşderileri kanagatlandyrmak üçin peýdaly goşandy bolar.

Guýulara gaýtadan ömür berijiler

Eziz Diýarymyzyň çäklerindäki ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri bitirýärler. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda goşmaça alnan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» möçberi, degişlilikde, 106 müň 809 tonna hem-de 53 million 245 müň kub metre barabar boldy. Tutuş trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň 32,4 müň tonnadan gowragy «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Netijede, bu müdirlik boýunça geçen ýedi aýda tabşyryga goşmaça alnan nebitiň möçberi 5 müň tonnadan hem geçdi. Has kuwwatly desgalara eýe bolan kärhanada abatlaýyş işleriniň depginini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler bar. Bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarýan barsagelmezli abatlaýjylar şu günler iş depginlerini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary netijesinde konserniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalaryň ählisi dünýän

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň geçen hepdedäki söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 20 sa­ny­sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan we Ga­za­gys­tan­dan ge­len te­le­ke­çi­ler «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­nin­de ön­dü­ri­len awia­ke­ro­si­ni, di­zel ýan­gy­jy­ny, ne­bit bi­tu­my­ny, su­wuk­lan­dy­rylan ga­zy we port­land­se­men­ti sa­tyn al­dy­lar. Şol san­da Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy 3 mil­li­on 828 müň 800 ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Durnukly ösüşe ýetmekde ýaşyl ykdysadyýetiň orny

Türme­nis­tan baý we tä­sin ösüm­lik­dir haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Te­bi­ga­tyň eçi­len bu aja­ýyp gö­zel­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, yl­my taý­dan çuň­ňur öw­ren­mek we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek hä­zir­ki döw­rüň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Şu jä­het­den hem ýur­du­myz ba­gy-bos­san­ly­ga bü­ren­ýär, te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­ga yh­las edil­ýär, te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler bar­ha ro­waç­lan­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň «ýa­şyl sy­ýa­sa­ty», şol san­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gi­ni gur­şap alan bag ek­mek mak­sat­na­ma­sy eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, bio­dür­lü­li­gi sak­la­ma­ga hem-de re­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Soň­ky dö­wür­de jem­gy­ýe­ti­miz­de eko­lo­gi­ýa ba­bat­da bi­lim­le­riň we eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň dur­muş äh­mi­ýe­ti ýo­kar­lan­ýar, eko­lo­gi­ýa yl­my­nyň na­za­ry we ama­ly ugur­la­ry ös­dü­ril­ýär. Ýaş­la­ryň eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge we olar­da te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­raý­şy ter­bi­ýe­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň top­lu­my­ny iş­läp taý­ýar­la­mak döw­rüň öňe sür­ýän we­zi­pe­si­dir. «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da hem ýaş ra­ýat­lar­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni we daş­ky gur­şa­wa aýaw­ly ga­raý­şy ter­bi­ýe­le­mek bo­ýun­