Köpugurly özgertmeler— depginli ösüşiň binýady
12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň geçen alty aýynda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijelere baha berildi we geljekde öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir» diýen sözleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak wezipesiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny görkezýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda önümçilik hem-de hyzmatlar ulgamynda gazanylan oňyn netijeleriň ykdysadyýeti dolandyrmagyň oýlanyşykly usullaryny ulanmagyň esasynda mümkin bolandygy nygtalmaga mynasypdyr. Maksatnamalaýyn çemeleşme şeýle usullaryň biri bolup, onda ösüşiň häzirki tapgyrynda wajyp meseleleriň çözgüdine gönükdirilen maksatla