"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesiniň ösüşi boýunça duşuşyk geçirildi

Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol administrasiýalarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda bu ulag ýolunyň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Özbegistanyň demir ýollarynyň» maglumat-seljeriş mediýa merkezi tarapyndan habar berildi. Duşuşykda, esasan, demir ýolda bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň girizilmegi we bu ugur boýunça daşamalaryň mukdarynyň ýokarlanmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugur boýunça daşamalar üçin elýeterli we bäsdeşlige ukyply bahalaryň kesgitlenmegi harytlaryň we ýükleriň daşalýan mukdaryny ýokarlandyrmaga kömek eder diýen netijä geldiler.

Rus kompaniýasy «Demirgazyk—Günorta» geçelgesiniň üsti bilen Türkmenistandan Russiýa eltip berme hyzmatyny ýola goýdy

Russiýanyň köp dürli hyzmatly logistika operatory bolan PEK «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda toparlaýyn ýükleri eltip berme hyzmatyny ýola goýdy diýip, Logistic.ru portaly habar berýär. Yzygiderli gatnawlar iki hepdede bir gezek amala aşyrylýar we indiki ýyl olaryň sany köpeler diýip, çeşme belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 26-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Baykar Makina Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň baş müdiri Lütfü Haluk Baýraktar we «BMC Otomotiv Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly bilen duşuşdy. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyklaryny bildirdiler we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

“Şeremetowo” halkara howa menzili “Türkmenistan” awiakompaniýasyny uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň biri diýip yglan etdi

Russiýanyň federal ähmiýetli Moskwa oblastynyň esasy 4 aeroportynyň biri “Şeremetowo” halkara howa menzili ýylyň jemini jemläp, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň sanawyny yglan etdi. Howa menzili bu sanawy uçuşlaryň öz wagtynda ýerine ýetirijilik we gatnaw ýygylygyna esaslanyp düzdi. “Türkmenistan” awiakompaniýasy “Şeremetowo” halkara howa menzilinde 300-den gowrak gonuş amalyny ýerine ýetirip, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly ikinji ýük awiakompaniýasy boldy. Birinji orunda “Air China Cargo” üçünji orunda hem “Uzbekistan Airways” awiakompaniýalary ýerleşdirildi.

Netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda» atly dabaraly maslahat geçirildi. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, şol sanda ÝUNESKO kafedralarynyňdyr klublarynyň, şeýle hem bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilen umumybilim berýän orta mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler taryhy we medeni mirasy, däp-dessurlary içgin öwrenmek, gorap saklamak, ýurdumyzda we halkara derejede wagyz etmek, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim, tehnologik we maglumat merkezleri, ylmy-barlag edaralarydyr ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ýerine ýetirilen işlere üns çekdiler. Bu guramanyň kafedralarynyňdyr klublarynyň wekilleri onuň şeýle ugurdaş birleşmeleri bilen bilelikde okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalary, monografiýalary we ylmy makalalary taýýarlamak, özara tejribe alyşmak, dürli ugurlar boýunça ylmy-gözleg işlerine ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, talyplaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, maddy we medeni mirasymyz, dermanlyk ösümliklerimiz boýunça kämil hünärmenleri taýýa

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ýük daşalyşyny 21,6 göterim artdyrdy

Türkmenistanyň Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,6 göterim ýokarlandy we 2,06 million tonna ýetdi. Umuman, 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 129,4 göterim ýerine ýetirildi.

«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça duşuşyk geçirildi

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ýygnagy geçirildi. Pudagara iş toparynyň gün tertibine «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakynda düzgünnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek ýaly meseleler girizildi. Ýygnagyň dowamynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany hakynda düzgünnamanyň taslamasy hem-de «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşige gelip gowşan teklipler boýunça çykyşlar edildi.

BSG-niň tejribe geňeşçisi Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy

13-14-nji dekabrda BMGÖM-iň halkara bilermeni, Bütindünýä Söwda Guramasynyň tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkowyň paýtagtymyz Aşgabada iş sapary guraldy. Bu sapar BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, II tapgyr» taslamasynyň çäginde geçirildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda Maksim Medwedkow milli we halkara kanunçylygyny sazlaşdyrmagyň, BSG-niň şertnamalaryna laýyk gelmeginiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdy. Bu ýerde oba hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemek üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyny ulanmakda öňdebaryjy tejribe, ýaşyl ykdysadyýetdäki tendensiýalar, telekommunikasiýa, şeýle-de işewür toparlaryň gepleşiklere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Azerbaýjan bilen Eýrany birleşdirjek demir ýoluň gurluşygynyň başlanjak möhleti belli edildi

Azerbaýjan bilen Eýranyň arasynda çekiljek demir ýoluň – Reşt-Astara geçelgesiniň gurluşygyna ýene bir ýarym aýdan başlanar. Bu barada Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Şahriýar Efendizade habar berdi diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar. Ýagny eýranly ýolbaşçy taslamanyň gurluşygyna 2024-nji ýylyň başynda, ýene bir ýarym aýdan badalga beriljekdigini aýtdy.

Russiýa we Özbegistan Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleri arkaly hyzmatdaşlyk etmekçi

Russiýanyň FESCO ulag kompaniýasy we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň çäginden Türkiýä uzaýan üstaşyr ulag geçelgelerinde bilelikde işleşmegiň şertlerini ylalaşdylar. FESCO-nyň metbugat gullugynyň sişenbe güni habar bermegine görä, degişli ylalaşyk FESCO ulag toparynyň Direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Andreý Sewerilowyň we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Abdumalik Kamiljanow hem-de Özbegistandaky “Özbegistan demir ýol konteýnerleri” paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Akmal Kamalow bilen geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gazanyldy.

Ýolagçylara döwrebap hyzmatlar

Düýn Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy ýerine ýetirilip başlandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilata edilýän dürli görnüşli, şol sanda uçarlar arkaly edilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak babatdaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Täze ýylyň öňüsyrasynda ýola goýlan bu gatnaw ýolagçylar üçin özboluşly sowgat boldy. Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy üçin hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak baradaky aladalary netijesinde satyn alnan iň kämil, döwrebap uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanylýar. Has takygy, bu ugurdaky ilkinji uçuşy ýakynda paýtagtymyza getirilen «Boeing 777-300ER» kysymly uçar amala aşyrýar.

Habarlar halkara giňişlikde

Arkalaşygyň çägindäki tagallalara ygrarlylyk 18-nji dekabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, Arkalaşygyň çägindäki medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň häzirki meseleleri barada pikir alyşdylar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşyjylara wideoaragatnaşyk arkaly ýüzlenip, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan guramada Russiýanyň başlyklyk edip başlaýandygyny, bu döwürde sungatyň, ylym-bilimiň dürli ugurlarynda, şol sanda GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň çeşmelerinden peýdalanmak arkaly bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini ösdürmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Mag­tym­gu­ly­ we No­wa­ýy­ türk­men-öz­bek dost­lu­gy­nyň ny­şa­ny

Magtymguly — Bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet goşgy bilen gürlän akyldar. Magtymgulynyň söz­leriniň biziň günleri­mize gelip ýetmegi türkmen halkynyň edermenligidir.Çingiz AÝTMATOW Türkmen we özbek halklary dost-doganlyk gatnaşyklary esasynda asyrlaryň dowamynda özleriniň medeniýetini, däplerini hem dillerini baýlaşdyryp, ösdürip, bir derýanyň suwuny içip, agzybir ýaşap gelýärler. Özbegistan hem Türkmenistan döwletleriniň hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de strategik hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmaga ýokary derejede aýratyn üns berilýändigini belläsim gelýär. Daşkent şäherinde Magtymguly köçesiniň we Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Öz gezeginde Türkmenistanyň gözel paýtagtynyň esasy köçeleriniň birine Alyşir Nowaýynyň ady dakylyp, türkmen bagşy-sazandalarymyzyň repertuarlarynda «Nowaýy» sazy ýaşamagyny dowam edýär, dil we edebiýat ugry boýunça ýokary okuw mekdeplerinde Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi giňden öwrenilýär. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Alyşir Nowaýynyň ömür-döredijiligi ylmy taýdan öwrenilip, kitaplar neşir edilipdir. Bularyň ählisi özbek-türkmen halklarynyň Gündogaryň beýik akyldarlary bolan Alyşir Nowaýynyň we Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminde bitiren hyzmatlaryna goýýan sarpasynyň beýi

Telefon arkaly söhbetdeşlik

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barlyp, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen-rus gatnaşyklary ösdürilýär

20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söbetdeşlikde tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň giň ugurlar boýunça okgunly ösüşe beslenendigi barada aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary döwlet, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy şertidigini belledi.

Türkmenistan — Eýran: netijeli hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Şoňa görä-de, söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan — Russiýa: dostluk, ynanyşmak, hoşniýetlilik

20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň, Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.

Özara bähbitli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, goňşy döwletiň demir ýol infrastrukturasyny giňeltmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýakynda Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki, dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de senagat we söwda ministri Nuretdin Aziz bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça ösdürmegiň meselelerine garaldy. Hususan-da, taraplar ýokarda agzalan möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de iki döwletiň daşary işler ministrleri, wekiliýet agzalary gurluşygy türkmen hem-de owgan kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýan energetika, ulag ulgamynyň desgalaryna baryp gördüler.

Latwiýanyň we Türkmenistanyň ulag pudagynyň işgärleriniň arasynda onlaýn ýygnak geçirildi

Golaýda Türkmen Logistika Assosiasiýasy Latwiýanyň ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy (LAFF) bilen hyzmatdaşlykda halkara söwdasynyň ösmegine goldaw bermek üçin, “Baltika ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mümkinçilikleri: hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary artdyrmagyň kartasy” mowzugyna iki tarapyň birleşmeleriniň islegi boýunça onlaýn maslahat geçirildi. Latwiýa tarapyndan “ACE Logistic Latvia”, “BV GRUPA”, “Vervo” we “MELON” ýaly kompaniýalaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapdan bolsa, “Türkmendeňizderýaýollary”  agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri, şeýle hem Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň agza kompaniýalary: “Amatly ýollar” HJ, “Dawut Ýollary” HK, “Eminli Maslahat” HK, “Merjen ýol” HJ, “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” HJ we “Ýükli kerwen” (Kervan Logistics).