Abadançylygyň aýdyň ýoly
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 150 çemesi döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, sebitde hem-de onuň çäginden daşarda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeler bolsa baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülip, halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny has-da belende göterdi. Aslynda parahatçylyk söýüjilik düşünjesi halkymyzyň milli häsiýetleriniň özeninde, däp-dessurlarynda we ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini ösdürmäge yzygiderli goşant goşýar, dostlukly döwletiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda möhüm taslamalary durmuşa geçirýär. Goňşy ýurtda lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurulmagy, oňa ýeňillikli