"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly — adamzat dünýäsiniň şamçyragy

Meretkul Gaýypnazarow,Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan Täjigistan Respublikasyndaky türkmenleriň jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystan däne önümlerini eksport eder

Gazagystanyň “Prodkorporasiýa” döwlet kompaniýasy ýurtda ýokary hasylyň alynmagy bilen eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugurnda iş alyp barýar. Şonuň üçin gazak bugdaýyny Müsüre ibermek boýunça gepleşikler geçirildi, Owganystana ibermegiň möçberini artdyrmak, şeýle hem Eýrana mekgejöwen eksport etmek göz öňünde tutulýar Bu barada gazak metbugaty habar berýär. Gazak döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysy Asylhan Juwaşew gazak däne önümleriniň eksport mümkinçiliginiň 12 million tonna deňdigini belledi.

Ulaglar arkaly türkmen-özbek söwda dolanyşygy 9 aýda 867 million dolardan gowrak boldy

2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,5 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär. Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 867,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 830,3 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda altynjy ýerden orun aldy.

Halkara giňişlikde

Ynsanperwer tagallalara ýokary baha Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasyna gatnaşdy. Onda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary F.Grandi ýurdumyzda raýatsyzlygy azaltmak ugrunda edilýän tagallalara ýokary baha berdi.

Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmakda möhüm ädim

Häzirki wagtda ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak meseleleri bilen birlikde, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna-da aýratyn üns berilýär. Hytaý Halk Respublikasy bolsa bu babatda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň nebitgaz ugurly öňdebaryjy bilim ojagynyň — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň dostlukly ýurda golaýda amala aşyran iş sapary hem bu ugurda täze gözýetimleri açyp, bilelikdäki anyk taslamalaryň başyny başlamakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Iş saparynyň maksady Hytaýyň Nebit uniwersiteti, Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti bilen bilim ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Sian şäherinde Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyndan habar berýär. Bu ylalaşyga Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Sianyň nebit uniwersiteti, Hebeýiň nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça ass

Gadymy golýazmalaryň nusgalary

Germaniýadan ýurdumyza getirildi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri hem daşary syýasaty netijesinde, dürli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny hem düýpli ösdürmek, milli mirasymyza degişli gymmatlyklary dünýä ýüzünden toplamak we aýawly saklamak hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly parlamentara forumyny döretmek başlangyjy ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüpdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 14-nji oktýabrynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisinde «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» diýen at bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen bir hatarda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Won-şik U, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Başlygy Ýerlan  Koşanow,  Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Nurlanbek  Şakiýew,  Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmodtoir Zokirzoda,  Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy Nuriddin Ismoilow gatnaşdylar.

Teatr sungaty — dostlugyň dili we döredijilik ylhamynyň çeşmesi

18-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry festiwalyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alyndy. Foruma gatnaşyjylaryň toý lybasynda Mollanepes adyndaky talyplar teatryndan Baş akademiki drama teatryna çenli dabaraly ýöräp gelmekleri çärä özboluşly bezeg berip, sahna sungatynyň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Olary çärä tomaşa etmäge gelen köp sanly tomaşaçylar mübäreklediler. Dabaraly ýörişiň dowamynda artistler öz teatrlarynyň döredijilik eserlerinden sahnalary görkezýän keşpleri janlandyrdylar.

Dostlugyň, ruhy ýakynlygyň we sahna sungatynyň baýramy

Ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly tamamlandy. Bu çäre 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça geçirilen duşuşyk

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň “Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnasyny” (Aktau Teswirnamasy) durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň arasynda bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekili hem gatnaşdy. Geçirilen çäräniň dowamynda “Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, deňiz gurşawynyň nebit bilen hapalanmagyna garşy göreşmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk” meýilnamasynyň taslamasyna seredildi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri tarapyndan, nebit dökülmeleriniň öňüni almak we ýok etmek boýunça milli meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.

Gazak kompaniýasy Türkiýäniň “Hepsiburada” platformasyny satyn aldy

Türkiýäniň elektron söwda ägirdi “Hepsiburada” platformasynyň esasy paýy Gazagystanyň tehnologiýa ägirdi “Kaspi” kompaniýaysna 1,13 milliard dollara satyldy. Türkiýäniň “Dogan” maşgalasynyň agzalary bilen “Hepsiburada” platformasynyň “A” we “B” synp paýnamalarynyň 65,4 göterimini satyn almak barada şertnama baglaşylandygy mälim edildi. Gazak kompaniýasy bu platformany satyn almak boýunça töleglerini 2 tapgyrda amala aşyrar. 1.13 milliard dollar möçberindäki şertnamanyň 600 million dollar şertnama kabul edilden soňra tölener. Galan 526.9 million dollary bolsa 6 aýyň dowamynda türk tarapyna geçiriler.

PARLAMENTARA GATNAŞYKLARY ILERLEDIP

Türkmenistan, ilkinji nobatda, goňşy döwletler, şeýle hem beýleki ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bu gatnaşyklary parlament hyzmatdaşlygy arkaly goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýyl üçin halkara çäreleriniň meýilnamasy tassyklanylyp, ol üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Ol dostlukly ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň we assambleýalarynyň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly amala aşyrylýar. Biziň sebitimiziň döwletleri bilen dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň arasynda «Merkezi Aziýa + ...» görnüşinde dialogy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýär. Şunda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem möhüm syýasy gural hökmünde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda Koreýa Respublikasynda öňe süren başlangyjyndan kemal tapan we ilkinji gezek 2023-nji ýylda Seul

Dostlugyň, ruhy ýakynlygyň we sahna sungatynyň baýramy

Ýurdumyzda TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwaly tamamlandy Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly tamamlandy. Bu çäre 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Teatryň toý döwresinde

Düýn paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly öz işini tamamlady. 18-nji oktýabrda badalga alan medeni forum ýatda galyjy çärelere, döredijilik duşuşyklaryna baý boldy. Ilkinji gezek geçen ýylyň noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen festiwal şu ýyl Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden gelen döredijilik toparlaryny türkmen topragynda bir ýere jemledi.

Muzeý işinde döwrebap tejribeler

Muzeýler medeni mirasyň gymmatlyklarynyň saklanylýan mukaddes ojaklarydyr. Munuň şeýledigine şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni buýsanç bilen göterýän Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň III mejlisine gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Ýeri gelende bellesek, TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşigi «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly taslamanyň çäklerinde döredilip, onuň maslahaty her ýylda geçirilýär. Birleşigiň maslahaty geçen ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Şuşa şäherlerinde geçirilipdi.

Doganlyk ýurtlaryň suratkeşleri

baý mirasy, parahat durmuşy wasp etdiler Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde Türki döwletleriň suratkeşleriniň festiwalynyň sergisi geçirildi. Oňa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, dostlukly ýurtlardan gelen myhmanlar, ussat suratkeşler, mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bütindünýä Söwda Guramasynda okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary halkara derejesindäki maslahatlara, forumlara, iş duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna, tejribeleriniň artmagyna özüniň oňyn täsirlerini ýetirýär. Ýakynda, 7 — 11-nji oktýabry aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Söwda Guramasynyň edara binasynda okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Merkezi bankyň wekillerinden ybarat bolan topar gatnaşdy. Bu okuw maslahatynyň esasy ugry «Bazara girmek boýunça gepleşikleri geçirmegiň düzgünleri we ugurlary» diýlip atlandyryldy.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

16-njy oktýabrda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Ýokary we Hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

16-njy oktýabrda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi

14-nji oktýabrda Aşgabatda Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşykda iş toparynyň türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýe serişdeleri we ykdysady syýasaty boýunça umumy müdirliginiň başlygy Galina Romanowa, hytaý tarapyna HHR-iň Söwda ministrliginiň daşary maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Ýan Hao ýolbaşçylyk etdi.