"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan Gazagystanda geçiriljek söwda forumyna gatnaşar

19-20-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiriljek Demirgazyk — Günorta ulag söwda-eksport forumyna gatnaşar. Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin tarapyndan ýolbaşçylyk ediljek foruma Türkmenistan bilen bir hatarda, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus Respublikasy, Hindistan, Eýran, Oman, Pakistan, Russiýa, Siriýa we BAE ýaly döwletlerden hem wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Aly Said Bu Şarbak Al-Mansuri bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini, şeýle-de azyk senagaty, oba hojalygy we gurluşyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi geçiriler

19 — 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» hususy kärhanasy tarapyndan guraljak bu giň gerimli forum Türkmenistanda, Merkezi Aziýada we GDA ýurtlarynda ýokary hilli önümleri öndürýän we satyn alýan hünärmenleri bir ýere jemlär. Sergä ýerli kompaniýalaryň 150-den, halkara kompaniýalaryň 200-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi täze doglan çagalar üçin niýetlenen önümleri, okuw esbaplary, oýnawaçlary, çagalar modasyny, bilim tehnologiýalaryny hem-de 30-dan gowrak ýöriteleşdirilen bölümi öz içine alar.

Täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar

Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar. Ol sebitiň ýüklerini Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bazaryna getirer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berlişine görä, täze konteýner otlusy arkaly rus harytlary Orta Wolga — Hazar deňzi — Pars aýlagy ulag geçelgesi boýunça gündogar demir ýol geçelgesiniň ugry bilen Türkmenistana we goňşy döwletlere — Owganystana, Eýrana, Pakistana gysga möhletde getiriler.

Daşkentde türkmen milli önümleriniň sergisi öz işine başlady

Şu gün — 15-nji iýulda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji hem-de işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Ykdysady ähmiýetli çäreler bilen ugurdaşlykda «ANHOR SAYLI» jogapkärçiligi çäkli kompaniýasynyň sergiler zalynda «Türkmenistanda öndürilen» ady bilen ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen milli önümleriň sergisi geçirilýär. Oňa türkmen-özbek toparynyň wekilleri hem-de türkmen telekeçileri gatnaşýarlar. Toparyň hem-de geňeşiň mejlisleriniň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meselelere garalar.

Medeni köprüler arkaly halklary ýakynlaşdyryp

Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly açyldy Ýakynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekilçilikli topary Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Bu döredijilik çäresi dostlukly ýurduň jemgyýetçilik köpçüligini halkymyzyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan — BMG: milli we ählumumy bähbitleri nazarlap

Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli halkara gatnaşyklary berkitmäge, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerdir duşuşyklar milli hem ählumumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli milli we sebit ähmiýetli taslamalarynyň ähmiýeti, türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly bütin adamzada dahylly wajyp meseleleriň çözülmegindäki işjeň orny aýratyn nygtaldy.

Täsirli okuw maslahaty

Milli žurnalistikany ösdürmek, žurnalistleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek häzirki döwürde möhüm wezipeleriň biri bolup, şunda öňdebaryjy halkara tejribeleriň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň edara binasynda daşary ýurtly hünärmenleriň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen iki günlük okuw-tejribe maslahaty-da şu jähetden örän netijeli boldy. Döwlet edaralarynda metbugat gulluklaryny döretmegiň we olaryň işini guramagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan maslahata onlaýn usulda daşary ýurtly hünärmenleriň birnäçesi gatnaşyp, žurnalistikanyň derwaýys meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy, onuň nazary, amaly esaslary barada gürrüň edildi.

Dialog halklary birleşdirýär (Ýaş žurnalistiň sözi)

Bu hakykat ŞHG-niň Astana sammitinde has-da dabaralandy Halkara gatnaşyklarda birek-birege hormatyň we özara düşünişmegiň zerurdygyny taryhy tejribeler hem, nazaryýet hem, halkara hukugynyň kadalary hem tekrarlaýar. Adamzat ösüşiniň täze döwri, halkara giňişlikde islendik meseläniň çözgüdi döredijilikli syýasatyň we diplomatiýanyň täsirli guralyny peýdalanmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwrüň derwaýys wezipelerini çözmeklige işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýä döwletleridir halkara guramalary bilen dürli ugurlarda özara hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň 4-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, täze başlangyçlar bilen çykyş etmegi möhüm taryhy hem-de syýasy ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistan we ÝB ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini öwrenýärler

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň ulag meseleleri boýunça baş geňeşçisi Henrik Hololeý, DG INTPA-nyň müdiri Peteris Ustubs we Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň (EEAS) wekili Andrea Rossi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ulag pudagynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň orny aýratyn nygtaldy. Taraplar sebitara hyzmatdaşlykda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň ulag pudagyndaky möhüm ösüşini bellediler we bu ugurda Türkmenistanyň işjeň garaýşyna ünsi çekdiler.

Abadan durmuşyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 11-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurdumyzyň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekilleri Aktauda geçiriljek halkar ulag forumyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň wekilleri 19-20-nji iýulda Aktauda geçiriljek Demirgazyk-Günorta ulag söwda-eksport forumyna gatnaşarlar. HHM-niň ElDala.kz salgylanyp berýän habaryna görä, foruma Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin tarapyndan ýolbaşçylyk ediler. Foruma Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus, Hindistan, Eýran, Oman, Pakistan, Russiýa, Siriýa we BAE-den wekiller gatnaşar.

Abadan durmuşyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 11-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurdumyzyň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwrüň demografik meýilleri

Bütindünýä ilat gününe bagyşlanan duşuşygyň üns merkezinde Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Bütindünýä ilat gününe bagyşlanan çäre geçirilip, ÝUNFPA-nyň 2024-nji ýylda dünýäniň ilaty hakynda ählumumy Hasabatyny tanyşdyrmak onuň gün tertibiniň esasyny düzdi. Bu hasabatda häzirki döwrüň demografik meýilleridir wehimleri beýan edilip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bu ugurda maglumatlary toplamagyň we ulanmagyň möhümdigi bellenilýär. Esasy çekişmeleriň we sowal-jogap alyşmalaryň dowamynda ilat meselelerini çözmekde inklýuziw maglumatlaryň ähmiýeti baradaky pikir-garaýyşlara aýratyn orun berlip, çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen jemlendi.

Halkara giňişlikde

Gender syýasatyny ilerledip Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Adam hukuklary boýunça geňeşiň 56-njy mejlisiniň çäginde ugurdaş çäre geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalary bilen bilelikde guralan çäräniň dowamynda gender deňligi boýunça milli syýasatlary durmuşa geçirmegiň häzirki ýagdaýy, bu ugurda ileri tutulýan garaýyşlar barada maglumatlar diňlenildi. Şunda Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan gender syýasatynda hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda edilýän toparlaýyn tagallalara aýratyn üns çekildi. Hususan-da, gender deňligi meselelerinde uzak möhletli çözgütleri öňe sürmek we ösdürmek üçin täsirli sebit meýdançasy bolup çykyş edýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, bu düzüm BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardam bermeginde sebitde zenanlary goldamak, olaryň syýasy, ykdysady, durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylda döredildi. Türkmenistan 2022-nji ýylda bu dialogda üstünlikli başlyklyk etdi.

Ähmiýeti artýan gymmatly kitap

Milli Liderimiziň gymmatly hem baý maglumatlary özünde jemleýän kitaplaryny okanyňda, olaryň ähmiýetli aýratynlyklaryna içgin göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň biri-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda örän ähmiýetli bu kitaba diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da gyzyklanmalar barha artýar. Kitabyň birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň birinji jildiniň pars diline terjime edilmegine başlanylmagy bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak maksady bilen, şu ýylyň 2 — 7-nji iýuly günlerinde dostlukly goňşy ýurda amala aşyran iş saparymyzyň barşynda biz bu hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaby öz ýurdumyzda-da, daşary ýurtlarda-da gyzgyn seslenme döretdi. Lukman Arkadagymyzyň adamlar üçin peýdaly, gymmatly ylmy maglumatlary özünde jemleýän bu düýpli ylmy işiniň her bir jildiniň çapdan çykandygy baradaky hoş habary watandaşlarymyz uly ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylaýarlar

Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň be­lent mak­sat­la­ry­na yg­rar­ly­lyk

6-njy iýulda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Milli Liderimiz halkara guramalar we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkarar etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. We­ki­li­ýet­le­riň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňel­di­len dü­züm­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Gahryman Arkadagymyz be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny ýur­du­my­zyň dos­ty, hä­zir­ki za­man äh­lu­mu­my Gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de pi­kir­de­şi ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Hä­zir­ki ýö­ne­keý bol­ma­dyk şert­ler­de An­to­niu Gut­te­ri­şiň Baş sek­re­ta­ryň jo­gap­kär­li we­zi­pe­sin­de özü­ni Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­ýik tag­lym­la­ry­na we gym­mat­lyk­la­ry­na gul­luk et­mä­ge ba­gyş­lan yn­san, öz işi­niň us­sa­dy hök­mün­de gör­kez­ýän­di­gi nyg­tal­dy.

Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen Türkmenistany däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyk baglanyşdyrýar. Munuň özi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen tarapynyň ŞHG-niň sammitlerine hor­mat­ly myh­man hök­mün­de yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň döwletara, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändiginiň, Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň nyşanydyr. Bu hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji iýulda Astanada geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagynyň mysalynda-da aýdyň açylýar. ŞHG — Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm äh­mi­ýet­li, gel­je­gi uly hyz­mat­da­şy

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: alys ýollar, ýakyn gatnaşyklar

Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyz üçin täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň, söwda-ykdysady ýollaryň açylyp, dünýä halklary bilen dost-doganlyga beslenýän gatnaşyklaryň giňeýän döwri boldy. Berkarar döwletiň esaslarynyň mizemez binýady kemala getirilip, halkyň täze taryhynyň şan-şöhratly ýyl ýazgysy ýatdan çykmajak buýsançly wakalar bilen baýlaşyp gitdi. Şu döwürde döwletliligi pugtalandyrmagyň, içerki ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde daşary gatnaşyklar strategiýasyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde köp oňyn netijeler gazanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan üçin strategik hyzmatdaş bolan köp döwletler bilen gatnaşyklaryň hemişelik, berk esaslary döredildi. Koreýa Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu ýurt bilen Türkmenistanyň arasynda indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri syýasy-diplomatik gatnaşyklar üstünlikli dowam edip gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana iki günlük döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryny has ýokary derejelere ýetirmäge täze itergi berdi.

Türkmenistan – BMG: ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň ýokary diplomatik ussatlygy ýurdumyzyň sebit we dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge itergi berýär. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň şeýledigini tassyklaýar. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.