"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Hindistandan Özbegistana barýan ilkinji konteýner otlyny guraýar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlularynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar. Ýakyn Gündogardan ýük akymynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde «Türkmendemiryollary» agentligi bilen «O'zbekiston Temir Yo'llari» (Özbegistan Demir Ýollary) hojalyk jemgyýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar konteýner otlylarynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleriň taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 31-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Golýazmalar — gymmatly hazyna

Paýtagtymyzda arap sungatyna we golýazmalaryna bagyşlanan çäreler geçirilýär Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna dostlukly döwletiň Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary hem-de Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanmagy

Ýurdumyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze derejelere göterilýär. Daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň pugtalanmagyna gönükdirilen işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Parasatly syýasaty parahatçylyk arkaly durnukly ösüşi gazanmaklyga esaslanýan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleriniň halkara jemgyýetçilikde giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň abraý-mertebesini beýgeldýär. Şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýene bir möhüm ädimdir. Şeýle-de döwletimiz tarapyndan ählumumy parahatçylygy gazanmak, ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatynda edilýän tagallalaryň dünýäde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.   Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki döwürde oňyn hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly şertidir. Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen halkynyň parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk baradaky taglymatlary bäş müň ýyllyk taryhymyzdan gözbaş alýar. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgele

DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ NETIJELI UGRY

Hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekde, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy kemala getirmekde oňyn netijeleri berýär. Şonuň üçin-de, ýurdumyz dünýä hem-de sebit döwletleri bilen medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Halkara giňişlikde

Bilelikdäki işiň mümkinçilikleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýewiň Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary A.Ekinji bilen geçiren duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýylyň dowamynda ýokary hem-de iň ýokary derejede guraljak saparlara aýratyn üns çekildi. Taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça jikme-jik pikir alşyp, söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň, energetika, ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýangyç-energetika: netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip

Düýn «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) birinji wise-prezidenti Abdulla Al Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Mälim bolşy ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käninde bilelikdäki işiň anyk ugurlaryny kesgitlän möhüm resminamalara gol çekilipdi. Häzirki wagtda bu ylalaşyklary işjeň durmuşa geçirmek boýunça tagalla edilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda taraplar bu käni özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi gönüden-göni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak bilen baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň 2022 — 2024-nji ýyllarda Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparlarynyň dowamynda nebit-gaz pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýady goýuldy. Şoňa görä, bu gezekki duşuşygyň esasy aýratynlygy “ADNOC” kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi bo

Türkmen-täjik gatnaşyklary: umumy ösüşiň bähbidine mümkinçilikleri utgaşdyryp

Pars şygryýetiniň ussady, täjik edebiýatynyň düýbüni tutujy hasaplanýan Rudakyda: «Dünýä ummana meňzeýär. Ýüzmek isleýäňmi? Ýagşy amallardan gämi gur!» diýen jümle bar. Şu hakynda oýlananyňda, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynda içeri we daşary syýasatda durmuşa geçiren beýik işleri bada-bat seriňe dolýar. Halkymyzyň häzirki eşretli durmuşynyň, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýeten belent derejesiniň gözbaşynda Milli Liderimiziň irginsiz tagallalarynyň durandygy hemmä mälim hakykatdyr. Şol geçen ýyllarda hut hormatly Arkadagymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý syýasy tejribesi ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň düýpgöter täze derejä çykarylmagynda kesgitleýji şert boldy. Bu iki ýurduň ýolbaşçylarynyň şahsy ynanyşykly gatnaşyklary, hoşniýetli erk-islegi esasynda üstünlikli ilerledilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna-da mahsus aýratynlykdyr. Halkara gatnaşyklaryň tejribesi geografik taýdan ýakynlygyň, taryhy, ruhy, medeni umumylyklaryň meňzeşliginiň döwletleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň ösüşine köp babatda oňyn täsirini ýetirýändigini subut edip gelýär. Şoňa görä, islendik iki halkyň birek-birege «Dostum», «Doganym» diýip ýüzlenmeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Biziň ýurdumyzy goňşy Täjigistan Respublikasy bilen hem asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary bag

ÝUNESKO: Türkmenistanyň milli toparynyň maslahaty

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.

Türkmen-pakistan syýasy geňeşmeleri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

23-nji iýulda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi

24-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Mejlisde Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Taraplar şu ýylyň 9-10-njy awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de duşuşykda sammitiň we Işewürler forumynyň maksatnamasyna we gün tertibine seredildi, sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy barada pikir alşyldy.

80 göterimden gowragy deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar

Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 80 göterimden gowragy deňiz ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Ulag ministrliginiň yglan eden hasabatynda mälim edilýär. Hasabata laýyklykda, 2023-nji ýylda deňiz ulaglary bilen amala aşyrylan dünýä söwdasynyň 30,1 göterimi Hytaýyň paýyna düşýär. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,2 göterim ýokarydyr.

Täjigistan Russiýadan 27 sany ýolagçy wagonyny satyn aldy

Bu barada Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohim 24-nji iýulda geçirilen metbugat brifinginde mälim etdi. Ministriň aýtmagyna görä, ýurduň demir ýol parkynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak üçin 1000 sany wagon we ýene 2-3 sany lokomotiw satyn almak zerur. Ol munuň sebäbini ýurduň demir ýol edarasynyň ygtyýaryndaky lokomotiwleriň, ýük we ýolagçy wagonlarynyň könelendigi bilen düşündirdi. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Täjigistanyň demir ýol edarasynyň düzüminde ýük wagonlarynyň 1 müň 471 sanysy, ýolagçy wagonlarynyň 300 sanysy hem-de 44 sany lokomotiw bar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 27-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi. Mejlisde gün tertibindäki meseleler boýunça edilen çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hasabat döwründe öz işini 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda alyp barandygy bellenildi we bu ugurda maý aýynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi. Mejlisde gün tertibindäki meseleler boýunça edilen çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hasabat döwründe öz işini 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda alyp barandygy bellenildi we bu ugurda maý aýynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine aýratyn üns çekildi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow bilen halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Taneli Lahtiniň arasynda resmi däl duşuşyk geçirildi. Duşuşykda bar bolan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn taslamalaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň barha artýan ähmiýetini bellediler. Şunda ulag ulgamy esasy üns merkezine öwrüldi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 27-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi. Mejlisde gün tertibindäki meseleler boýunça edilen çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hasabat döwründe öz işini 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda alyp barandygy bellenildi we bu ugurda maý aýynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigin

Türkmenistan — Germaniýa: netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär

Germaniýa Federatiw Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki döwlet ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Munuň şeýledigini 24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz jenap Bernd Haýnsy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ýokary diplomatik wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerine kanagatlanma bildirdi. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk «Merkezi Aziýa — Germaniýa» dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýär. Şeýle görnüşde geçirilýän gepleşikler özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýär.