Toý şatlagyny goşalandyran dabara
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli 9-njy sentýabrda «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guran «Jan Watanym Türkmenistan» atly bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. «Jan Watanym Türkmenistan» atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist Allamyrat Amandurdyýew; Aşgabat şäher prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist Aýbölek Nursähedowa; Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Lebap welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi Zamira Babanazarowa; Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy Meýlis Serdarow; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor Tillabaý Şukurow; Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor Remezan Gullyýew; Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Kerki polisiýa bölüminiň işgärler toparynyň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Erkin Saparow; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Arslan Mämmetorazow; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersit