"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Maksatly menzil aşar

Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden soňky oýlanmalar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde sözlän sözünden:— Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzy beýgeldýän beýik başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy bu işlere ruhlandyrmak borjumyzdyr.

Täzelikler

Şu günler Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi hem gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýyl maldarlar 79 müň 206 sany ene goýundan 72 müň 718 sany guzy almagy meýilleşdirdiler. Häzirki wagtda welaýatymyzda dowarlardan alnan owlak-guzularyň sany 12 müň 452-ä ýetdi. Möwsümde owlak-guzy almak boýunça «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygy öňe saýlanýar. Bu ýerde täze dogulýan owlak-guzularyň sany 5100-e barabar boldy. «Tallymerjenliler» möwsümde 14 müň 426 sany owlak-guzy almagy maksat edinýärler.

«Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym»

Şu gün dört ýyldan bir gezek gelýän güni — 29-njy fewraly garşyladyk. Ertir bolsa türkmen edebiýatyna, asyl-ha, türkmen ruhyýetine baky ýaz bolup gelen Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän ýylyň baharyny garşylarys. Ak gyş bilen ýaşyl baharyň sepgidindäki günler kalbyňa ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Eger Magtymguly Pyragy söz sungatymyzyň baky bahary bolsa, ajaýyp döwrümiz ömürlerimiziň, ykballarymyzyň hemişelik ýazydyr. Döwletli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz pähim-paýhasy bilen durmuşa geçirilýän işler hemişe ýüreklerimize bahar ýakymyny bagyşlaýar.

Özgerişler — ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmek, babadaýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyrmak, olary ykdysady taýdan goldamak bilen bagly resminamalara gol çekdi. Şonda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak baradaky kabul eden çözgüdi daýhanlary, şol sanda ähli oba hojalykçylary diýseň begendirdi. Munuň özi kärendeçi babadaýhanlaryň işe bolan höwesini artdyryp, olary öňküden-de gaýratly zähmet çekmäge, pagtadan, bugdaýdan bol hasyl öndürmäge ruhlandyrdy. Mejlisiň dowamynda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmek barada çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde, depginli ösdürmekde möhüm ädimdir. Ol ilatymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, gaýtadan işleýän senagaty ýeterlik mukdarda çig mal bilen üpjün

Berkarar döwletiň mertebe tugy

Hormatly Prezidentimiziň halkymyz, esasanam, ýaşlar üçin ajaýyp sowgat bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby watansöýüji, ylym-bilimli ýaşlary kemala getirmekde gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynyň bir bölümini zenanlara bagyş etmegi olara goýulýan hormat-sarpa bolup dabaralanýar. «Ýaş türkmen zenanlary — berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bölümde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde zenanlaryň, aýratynam, ýaş gelin-gyzlaryň tutýan orny, olaryň gazanan beýik üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri barada giňişleýin gürrüň edilýär. Ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlar hakdaky alada naýbaşy orunda durýar. Gelin-gyzlarymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Zenanlarymyzyň zähmetiniň miweleri eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde öz beýanyny tapýar» diýip belleýşi ýaly, häzirki ajaýyp zamanamyzda zenanlarymyz, aýratyn-da ýaş gelin-gyzlarymyz berkarar döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna, onuň abraý-mertebesiniň mundan beýläk-de belende galmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu gün bagtyýar zenanlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda yhlasly zähmet çekmegiň ajaýyp nusgasyny görkez

Abraýy arşa galýan Watanym

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty, abraý-mertebesi dünýä ýüzünde barha belende göterilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gitdigiçe ýokarlanýar, amala aşyrylýan işleriň ählisi raýatlaryň bähbidini nazarlap, olaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Ýurdumyz alyp barýan oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň hem-de «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde dünýäniň syýasy giňişliginde dost-doganlygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň Ýer ýüzünde pugtalanmagy üçin ähli tagallalary edýän döwlet hökmünde ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, şol bir wagtda hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Ýokary derejedäki durmuş üpjünçiligi bolsa umumy jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýynyň kämilleşmegine oňyn täsir edýär.

Türkmen kalbynyň owazy

Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler munuň subutnamasydyr. Beýik şahyr diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Ata-babalarymyz onuň ajaýyp goşgularyny kalbynda besläp, nesillere ýetiripdirler.  Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, dostluk, päk ahlaklylyk ýaly pikir-garaýyşlar öňe sürülýär. Akyldar şahyr ýaşap geçen döwrüniň ähli pursatlarynda türkmeni bir supranyň başyna jemlemegi arzuw edipdir, halkyň agzybirligini, asudalygyny, jebisligini isläp, halallygy, watansöýüjiligi ündäpdir.

Milli ruhuň şahyry

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige

Beýik şahsyýetleriň şöhraty egsilmeýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa, dana şahyrymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty äleme dolup, beýik taglymlary dünýäde ykrar edildi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bu ajaýyp hakykatyň kalplarda buýsanjy artdyrýan aýdyň subutnamalarydyr. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi-de her bir türkmenistanlynyň buýsanjyna buýsanç goşan taryhy çözgütdir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigine ünsi çekip, «Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri hem oturdylar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler» diýip nygtady. Mejlisiň dowamynda

Akyldaryň şygyrlarynda nesil terbiýesi

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy döredijiliginde adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna degişli parasatly düşünjeleri şygyrlaryna siňdirip, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk galdyrypdyr. Çeper söze maýyl, şahyrana setirlere teşne halkymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini yhlas bilen öwrenýär, söýüp okaýar, wagyz edýär. Şahyryň goşgulary edep-terbiýä ýugrulyp, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Onuň goşgularynda öwüt-nesihat, watançylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, zähmetsöýerlik ýaly durmuşy temalara degişli meseleler eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda nesil terbiýesi babatdaky möhüm meseleler hem öňe sürülýär. Şol sebäpli hem Magtymguly atamyzyň döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly ýaşlaryny terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Magtymguly halkymyzyň agzybir, döwletiň berkarar bolmagyny arzuw edipdir. Dana şahyrymyz bu arzuwyny durmuşa geçirmekde, ilkinji nobatda, gözýetimi giň, watansöýüji, sagdyn nesilleriň zerurdygyna göz ýetiripdir. Nesillerde watançylyk duýgusyny we milli aň-düşünjäni kemala getirmekden gözbaş alýan şygyrlarynda akyldar şahyr nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet beripdir. Watana wepaly, sagdyn pikirli nesilleri bolan döwletiň kuwwatly boljakdygy durmuşymyzyň aýdyň hakykatydyr.

Pyragynyň paýhasy — nesilleriň ýörelgesi

Zyban içre asalyny il-gününe bagyş eden Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary nesillerden-nesillere, döwürlerden-döwürlere geçip, şol döwürleriň ählisinde hem adamlara ýol-ýörelge bolup, elmydama olaryň ýüreginde ýaşap gelýär. Halkymyzyň durmuşyň ähli meseleleriniň çözgüdini tapmakda onuň nakyla hem akyla öwrülen goşgularyna ýüzlenmegi munuň şeýledigine güwä geçýär. Beýik söz ussadynyň ynsanperwer pikir-garaýyşlary köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty arşa göterildi. Beýik şahyryň eserleri umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi munuň subutnamalarydyr. Akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň dürli dillere terjime edilmegi bolsa, olary dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwürdi.

Ýol-ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň buýsanjy bolan enelerimize, gelin-gyzlarymyza uly hormat-sarpa goýulýar. Zenanlaryň bähbitlerini goramaga, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge hemme şert-mümkinçilikler döredilýär. Olaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, ýaş gyzlaryň hünär öwrenmekleri, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän ýol-ýörelgeleri, zenan maşgala mahsus asylly gylyk-häsiýetleri, ýörelgeleri we halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekleri üçin dürli çäreler, bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Biz hem şäherimizdäki bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň, aýratynam, zenanlaryň arasynda dürli görnüşli çäreleri geçirýäris, sergileri guraýarys. Şeýle çäreleriň hatarynda golaýda Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Balkanabat şäher bölümi bilen bilelikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Eserleriň ganat ýaýýar dünýäde» atly hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby esasynda maslahatlary geçirdik. Şol maslahatlarda döwlet Baştutanymyzyň döwet-galamyndan çykan ajaýyp kitabynyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, olary watançy ýaşlar edip ýetişdirmekde bilim işgärlerine ýakyndan ýardam berjekdigi hakynda buýsançly söhbet edildi. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterjek ýaş nesilleriň ylymly, bilimli bolmagyny gazanmakda

Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

Bahar, ýaz! Bu sözleri eşidenimizde, kalbymyzda üýtgeşik bir ýakymly duýgular oýanýar. Baharyň waspçysy Halyl Kulyýewiň: «Aýdym aýtsam, ses ýeterden giňsiň sen, //Gursagy buýsançdan doly sähralar» diýip tarypyny ýetiren uç-gyraksyz sähralara ýaýraýan ýazyň ýakymy ýaşaýşyň ýaşlygy, ylhamyň joşguny bolup, ýürekleriň törüne ornaýar. Sähraýy halkymyzda ýüzi nurana, açykgöwünli, köpüň alkyşyna mynasyp ynsanlaryň ýaz bilen deňeşdirilmegi-de, megerem, şonuň üçin bolsa gerek. Tebigata jan berýän, göwünlerimize joşgun eçilýän baharda kalplara ýakyn mylaýymlyk, mähribanlyk bar. Biz oňa her ýyl Diýarymyza kükräp bahar gelende, hasam oňat göz ýetirýäris. Hyýalymyza serginligi bagyşlaýan, kalbymyza nepis duýgulary nagyşlaýan bahar paslynda ebedilik gözelligiň çeşmesi jemlenen. Diňe bir ynsan ogluny däl, tutuş dünýäni özüne bendi edýän ýazlarda ajaýyp ýakym bar. Görkanalykdan gözbaş alýan ýazlarda ýaşlyk, ýaraşyklylyk bar. Göwünlerimize nur eçilýän baharda tebigata seýrana çykyp, belent gerişli daglaryň tämiz howasyndan kükregiňi dolduryp dem alanyňda, durmuşyň gözelligine guwanýarsyň. Kalbymyzy joşgunly duýgulara atarýan ýazyň nurana säherleri, ýüzüňi ýakymly şemaly bilen sypap geçýän sergin gijeleri durky bilen ylhama ýugrulan sünnä esere meňzeýär. Pasyllaryň soltany baharyň tebigata eçilýän özboluşly gözelligi kalbymyzda soňlanmaz söýgini döredýär. Şol söýgi hem dünýämizi sowulmaz ýaza ö

Ýyllarymyz ak geljege uzaýar

Ajaýyp zamanada her bir günümiz taryhymyza şan getirjek wakalara beslenýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň il bähbitli işleriniň rowaçlanýandygyny görkezýär. Her bir raýatyň şeýle bimöçber aladalar bilen gurşalan döwletinde ýaşamak, işlemek, amala aşyrylýan beýik işlere öz goşandyňy goşmak — mukaddes borjumyz bolup durýar. Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbimiz agzybirligimizi, jebisligimizi alamatlandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň göwünlerini galkyndyryp, beýik akyldara goýulýan hormat-sarpanyň beýikdigini subut etdi. Akyldar şahyryň ýyllar geçdigiçe gadyr-gymmaty has-da artýan şygyrlarynyň baý many-mazmuny kalplarda ebedilik orun alýar, parasatly pikirleri adamzadyň aňynda ebedi ýaşaýar hem-de ýaşlar üçin edep-terbiýe mekdebi bolup durýar.

Türkmenistanym

Başyma täç edip, jandan söýenim,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.Kalbymyň töründe orun berenim,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Merdana pederleň yzy bar sende,Pasyllaryň baky ýazy bar sende,Bagtyň müdimilik sazy bar sende,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.

«Gara altynly» täze guýy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek barada öňde goýýan wajyp wezipelerini durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary welaýatymyzyň känlerinde gözleg--gazuw işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Kämil burawlaýyş enjamlarydyr desgalary bilen üpjün edilen müdirligiň burawlaýjylary ýakynda Gündogar Goturdepe känindäki 1841-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Şatlykmyrat Myradowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary taslama çuňlugy 1700 metr bolan guýynyň 1412-1418 metr çuňlugyndan «gara altynyň» senagat akymyny almagy başardy.   — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşýan müdirligimiziň burawlaýjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji «gara altynly» guýusyny tehniki-sazlaýyş işlerinden soň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berdiler. 

Bilim işgärleriniň bäsleşiginiň etrap tapgyry

Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde “Ýylyň mugallymy — 2024” atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Ony etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady. Mekdep mugallymlarynyň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmek, iş tejribesini baýlaşdyrmak, zähmetsöýer we öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmak maksadyndan ugur alnan bäsleşikde degişli şertler esasynda üstünlikli çykyş eden we okuwçylar bilen işjeň sapaklary geçiren mugallymlara mynasyp baha berlip, ýeňijiler kesgitlendi. Netijede, baş baýraga 13-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gülälek Aşyrowa mynasyp bolup, ol bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bildirişler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Rowaç» okuw merkezinden Nesibe Peýzulla gyzy Abdullaýewa berlen № 5084, № 5168, № 5443 belgiler bilen hasaba alnan, R № 005084 belgili, R № 005168 belgili, R № 005443 belgili şahadatnamalaryň asyl nusgalarynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

«Akylly» şäherde döwrebap oba hojalyk şäherçesi dörediler

Berkarar döwletimizde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek, ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Täze bina edilýän bilim ojaklarynda, şol sanda Arkadag şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi, beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, ylym, sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda, 24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwlet ähmiýetli şäherde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bilen tanyşmagy, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynyň netijeleri bu ugurdaky tagallalaryň has-da rowaçlanýandygynyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş düzüminiň işini talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, bu işleri yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Munuň özi onuň dolandyryş we hojalyk işleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeginde aýraty

Şanly ýylyň şanyna

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ildeşlerimiziň toý ruhuna beslenmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesi tarapyndan baý mazmunly meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Meýilnamada dürli ugurly bäsleşiklere aýratyn orun berilýär. Şanly ýylyň dowamynda etrap bilim bölümi bilen bilelikde çeper döredijilige höwesjeň mekdep okuwçylarynyň arasynda şygyr bäsleşigini geçirip, onuň jemleýji tapgyryny Idris baba medresesinde geçirmegi meýilleşdirýäris. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bilim alan ýerinde ýaş döredijileriň öz şygyrlary bilen çykyş etmekleri bäsleşigiň täsirini has-da artdyrar.