"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täze üstünlikleriň badalgasy

Berkarar ýurdumyzda milli ykdysadyýeti ähli taraplaýyn ösdürmek babatda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi, bu ugurda düýpli özgertmelere badalga berilmegi, ykdysadyýeti kesgitlenen döwürde ösdürmek boýunça milli hem döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi munuň açyk-aýdyň subutnamalarydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem bu ugurda anyk wezipeler kesgitlenendir. «Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary halkymyzyň bagtyýar durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyna, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň, önümçiliginiň çalt we durnukly ösmegine amatly şertleri döredýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatly özgertmeler jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň bagtyýar, eşretli durmuşy hakyndaky aladadan ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara tejribä we bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda, salgyt kanunçylygyny kämilleşdirmek hem döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmek maksady bilen

Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik keşbi

täze iri taslama bilen has-da gözelleşer Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat ýurdumyzyň ýüregidir. Ol berkarar döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, uzak möhletleýin geljegi nazarlap, onuň düzümlerini kämilleşdirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak ýurdumyzy abadanlaşdyrmakdyr, ak şäherimizi gülledip ösdürmek döwletimizi gülledip ösdürmekdir.

Halkyň bagtyýarlygy — özgertmeleriň baş maksady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Düýn paýtagtymyzda öz işine başlan Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öňüsyrasynda neşir edilen «Türkmenistanyň maýa goýum ýolgörkezijisi» atly kitapda hem ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalar dogrusynda maglumatlar beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan döwrebap tehnikalaryň hem-de iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna, innowasiýa häsiýetli önümçilik düzümleriniň kemala getirilmegine, ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda ösen bazar düzümleri bolan, döwletimiziň ykdysady hem-de syýasy garaşsyzlygyny kepillendirýän ýokary netijeli, durmuş ugurly ykdysadyýetiň döredilmegine tarap alnan ugur dowam etdirilýär. Bu maksatlara ýetmek üçin, Türk

Dünýäde belent ykrarly şäher

Islendik döwletiň haýsydyr bir şäheri ýa-da şäherleri şol döwletiň diňe bir ýüzi bolmak bilen çäklenmän, ony gurujylaryň — halkyň döredijilik başarnygyny, binagärlik ukybyny, gülläp ösüşe bolan ymtylyşyny we gurmak babatdaky gaýratyny hem ýüze çykarýar. Şu nukdaýnazardan, Arkadag şäherine türkmen halkynyň ukypdyr başarnyklarynyň, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlarynyňdyr jöwher paýhaslarynyň iň aýdyň şöhlelenmesi diýsek, has dogry bolar. Ýyllar, asyrlar, eýýamlar... halklaryň däl-de, dörediji hem gurujy halklar döwürleriň we müňýyllyklaryň bezegine, buýsanjyna, şöhratyna öwrülýär. Muny subut etmek üçin haýsydyr bir başga milletiň däl, türkmeniň goja taryhyna nazar aýlamak hem ýeterlik. Azym-azym şäherleri, kentleri, galalary... bina edip, adamzat taryhynda mynasyp orun alan, binagärlik sungatynyň ösüşine aýratyn uly goşant goşan halkymyzyň döredijilik hem gurujylyk başarnygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan hem parasadyndan badalga alyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de döwrebap röwüşde dowam etdirilýär. Şeýle döwletli işler bolsa guwandyryjy hem-de buýsandyryjy netijeler bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergi hem nobatdaky gezek subut etdi. Mälim bolşy ýaly, bu göz

Döwletliligiň binýady

Bagtyýar halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygyň şanly 33 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Oňyn özgertmeler, okgunly ösüşler her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin iň gowy şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Garaşsyz döwlet — munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we öz ykbalyňy özüň kesgitlemegi däl, eýsem, dünýä bilen aýakdaş gitmegi hem aňladýar. Ýurdumyzda ýokary depginli, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we onuň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletimiziň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, olary gaýtadan işlemek, halk hojalygy üçin zerur bolan ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Bularyň ählisi raýatlary iş bilen üpjün etmek, mynasyp we öndürijilikli zähmete ýardam bermek babatda ileri tutulýan maksatl

Arkadag şäheri halkara baýraklaryna mynasyp boldy

Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülip, gülleýär, ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen iň täze sanly tehnologiýalary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzyň ösüşiniň nusgalyk görkezijisine öwrüldi. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri sebitde şähergurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan ekologiýa ulgamyna uly üns berilýän, sazlaşykly ösýän merkez hökmünde bellidir. Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, ajaýyp dag eteklerindäki giň meýdana ýaýylyp gidýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň ajaýyp nusgasy bolup, bu desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanylandyr. Täze şäher halkara sylaglaryň 21-siniň eýesidir. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänama hem berildi. Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň ýörite baýraklaryň 3-sine mynasyp bolmagy guwandyryjy çözgüt boldy.

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

Bagtyýar türkmen halky sanlyja günlerden ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuny giňden belläp geçer. Bu sene ulus-ilimiziň durmuşynda aýratyn uly mana eýedir. Çünki Garaşsyzlyk — ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň wysal tapmasydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp, gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Watanymyzyň ähli sebitlerindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly häzirki zaman binalary, şol sanda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň binalary, lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri we merkezleri, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygyň beren miweleridir.

Ak bagta buşlukdyr her bir daňymyz, Dünýä dolýar şöhratymyz, şanymyz!

Umumadamzat ähmiýetli kararnama kabul edildi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Halk Maslahaty — demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk

Gadymy halkymyzda il-ulsuň bilen geňeşmek, arkalaşmak, adalatly hem edenli baştutanyň daşyna jem bolup, beýik tutumlara başlamak, agzybirlik bilen Watanyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak asylly däpleriň biri. Umumy bähbitli işlerde köpçülige sala salynmagyny, halkyň oňlan maslahatyna eýerilmegini we bir agza bakylmagyny ündeýän öwütler, dana akyldarlaryň pähim-parasat gorunda näçe diýseň bar. «Halkda Hakyň ady bar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde – deňlik» diýen ýaly, ençeme çuňňur mazmunly, wagyz-nesihatly we terbiýeçilik ähmiýetli atalar sözleri asyrlar içre özüniň ähmiýetini hem täsirini ýitirmän gelýär. Manyly ömrüni ynsanlarda ýokary adamkärçilik duýgusyny ösdürmäge bagyşlan Magtymguly Pyragy «Türkmeniň» goşgusyna siňdiren: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň», «Ýykmaýan ärden» goşgusynda: «Agyr döwletler aýrylar, Bir agza bakmaýan ärden» diýen setirleri ýer-ýurt eýeleri — beg, töre, aksakallara sala salnyp, il-halk bilen jebisleşip berjaý edilýän amallaryň ýerine düşýändigini, şowlulyga ýetirýändigini, at-abraýyny artdyrýandygyny tekrarlapdyr. Bularyň ählisi, taryhyň alyslara uzaýan menzillerinde rahatlykda hem agzybirlikde ýaşan halkymyzyň öz-özüňi dolandyrmakda saýlawlylyk, erkinlik, köpe geňeşmekde açyklyk, aýanlyk, jemagat gatnaşyklarynda deňlik, adalatlylyk ýaly milli ýörelgeleri döredendigine we oňa berk daýanandygyna şaýatl

Garaşsyzlyk — baky bagt

Häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen rowaçlanýandygy bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar. Soňky ýyllarda Garaşsyz ýurdumyzyň gözel paýtagty halkara derejesindäki dürli çäreleriň, maslahatlaryň, forumlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde gurulýan halkara derejeli iň häzirki zaman ýollar, köprüler, estakadalar ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýar. Biz halkymyzyň asylly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň maksady myrat tapýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar we amal edilýän işler ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, päk ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýetişmeklerini, halkara ders b

Garaşsyzlyk – dünýä dolan şöhratym

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we çuňňur pähim-paýhasly syýasaty esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen köpugurly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatynda dünýäniň iň öňdebaryjy döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň beýik tutumlary ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalarda birin-birin beýan edilýär. Şol maksatlara ýetmekde biziň döwlet Garaşsyzlygymyz her birimize güýç-kuwwat, egsilmez gujur-gaýrat berýär. Hormatly Prezidentimiziň ideýalary milletimizi ruhlandyryp duran ajaýyplyk bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň hereketlendiriji güýjüdir. Milleti ruhlandyrýan, kämilleşdirýän hem-de ajap-ajap işleri, beýikden-beýik maksatlary amal etmäge iterýän güýje mukaddeslik hökmünde garap bolar. Şu nukdaýnazardan, şanly Garaşsyzlygymyz ähli türkmen üçin mukaddeslikdir.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy. ***

Sungat äleminiň täze zehinleri

7-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen özboluşly döredijilik baýramyny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilelikde gurady. Biz bäsleşigiň geçişi baradaky pikir-garaýyşlaryny paýlaşmagyny haýyş edip, onuň eminler toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Kerim Ylýasowa ýüz tutduk. Şonda ol:

Joşgunly ýürekleriň owazy

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanan zehinli aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy. Emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda ýokary ussatlygy bilen tapawutlanan aýdymçylaryň 7-si bu telebäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Biz hem zehinli ýaş aýdymçylary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik:

Ilat üçin ýokary hilli önümler

«Lebapetsüýtönümleri» kärhanasynda ilaty et we süýt önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 5 million 917 müň 507 manatlyk önüm öndürildi. Has takygy, bu döwürde kärhana boýunça süýt önümleriniň 154 tonnasy, şöhlat önümleriniň 45 tonnasy, peýniriň we dorogyň 399 tonnasy, mesge ýagynyň hem 213 tonnasy, şeýle-de süýji-kökeleriň 31 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenildi.

Ildeşimiz ýeňiji boldy

Halkymyzyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, güneşli Diýarymyzda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary sungatyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Geçen şenbe güni paýtagtymyzda şu däbe öwrülen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň wekilleri hem gatnaşdylar. Hojambaz etrabynda önüp-ösüp, sungat ýoluna gadam basan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Jumaýew bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerine wekilçilik edip, bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar bilen birlikde ildeşimiz Serdar Jumaýew hem Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Bu ajaýyp üstünlik ýaş aýdymçynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna mynasyp sowgady boldy.

Halk Maslahaty — ösüşlere binýat

Her ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň toýlanýan günlerinde Diýarymyzda Halk Maslahatynyň mejlisi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Onda ýaşululara sala salyp, döwletli tutumlar jemgyýetçiligiň wekilleri bilen maslahatlaşylýar. Munuň özi döwletli ýörelgelere aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Bu umumymilli forumyň maksady halk wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmegine, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmegine, milli demokratiýany has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyny üpjin etmekden ybaratdyr.

Garaşsyz Watanymyzyň şanyna belentden ýaňlanan aýdymlar

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, milli sungatymyzyň aýdym-saz ugrundan döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Aşgabat şäher häkimliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň 2-nji derejeli artisti Garýagdy Baýrammuhammedowiç Geldiýew;

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýäde dabaralandyrmakda, halkara abraýyny artdyrmakda, sport diplomatiýasyny ösdürmekde gazanylan nobatdaky üstünlik — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň dowamynda gurama agza döwletleriň 87-siniň awtordaş bolup gatnaşmagynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdigini görkezýär.