"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dost-doganlyk. Hoşniýetli goňşuçylyk. Ynsanperwerlik

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Garaşsyz ösüşimiziň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypalary açýan taryhy ähmiýetli wakalarda Milli Liderimiziň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýa öz beýanyny tapýar. 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary hem bu hak

Innowasion gurluşyk taslamalary amala aşyrylýar

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Ir bilen täze şäherde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Ady dünýä dolýan «akylly» şäher

Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» atly baş baýraga; «Daşary ýurt «akylly» şäheri»; «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly halkara baýraklara mynasyp bolandygy baradaky hoş habar Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan kemala gelen täze şäheriň halkara derejedäki ykrarnamasy bolup kalplara doldy. «World Smart City Expo» sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, birnäçe döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň we Ysraýyl Döwletiniň wekilleri gatnaşdylar. Jemi 116 pawilýony özünde jemlän gözden geçirilişe ministrler, ministrleriň orunbasarlary, welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 30-njy awgustda we 6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlislerini geçirdi. Olarda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

«Biziň ýolumyz — döretmek we gurmak ýoly»

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilipdi.

Giň gerimli işewürlik çäreleri

Türkmenistanyň maýa goýum we tehnologik mümkinçiliklerini açyp görkezdi Garaşsyz Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Milli ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Bu hakykat 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hem-de ugurdaş sergide, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergide hem nobatdaky gezek öz beýanyny tapdy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Magtymgulynyň adyny göterýän täze mekdep

türkmen-täjik dost-doganlygyndan nyşandyr Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» pars dilinde

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäginde dostlukly ýurduň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyň sowgat berlendigi bellenildi. Munuň özi taryhy ähmiýetli wakadyr. Gahryman Arkadagymyza berlen bu sowgat eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär. Onda Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoly, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri açylyp görkezilýär.

BMG-niň meýdançasynda sport diplomatiýasyny ilerledip

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminama sessiýanyň gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we Olimpiýa ideallary arkaly parahatçylygy berkitmek hem-de planetada has bagtyýar durmuşy gurmak» atly bendi esasynda kabul edildi.

«Ýaňlan, Diýarym!» — ýaş zehinleriň sungat baýramçylygy

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçysy bolup çykyş etdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýaş artistleri bir ýere jemleýän bu bäsleşik olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, halkymyzyň baý ruhy mirasyna, aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna şert döredýär. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Abraýly festiwaldaky üstünlik

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») XIII halkara aýdym-saz festiwalynda Türkmenistanyň sungat ussatlary üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna we bäsleşigi guraýjylaryň pul baýragyna mynasyp boldular. Dünýäniň 80-e golaý ýurdundan 400 töweregi artistiň gatnaşmagynda geçirilen halkara festiwalda ildeşlerimiziň gazanan üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ajaýyp toý sowgady boldy. Halkara aýdym-saz festiwalyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sazandasy, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Sapamyrat Annamyradow we Döwlet Daňatarow, şeýle hem şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Allamyrat Muhammetgulyýew dagy gatnaşdy.

Garaşsyz Watanymyzyň ýaşajyk uçgunlary

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň

Şanly baýrama bagyşlanan dabara

Şu gün Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýinde muzeýiň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda mukaddes  Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» atly dabara geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, welaýatymyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu çärede Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň okgunly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan tutumly işleri  barada giňişleýin söhbetler edildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk durmuş ýoly baradaky çykyşlar dabara gatnaşan ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Döwletli iliň döwletli ýoly

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sahawatly güýzünde bagtyýar watandaşlarymyz ýene-de bir taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanjak günlerinde Aşgabat şäherinde geçiriljek bu umumymilli forum ýurdumyzy depginli ösdürmäge, halkymyzyň röwşen geljegini berkarar etmäge gönükdiriljek döwletli çözgütlere baý bolar. Çünki pederlerimiziň agzybirlik ýörelgelerine eýerilýän döwletli Diýarymyzda halkyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm çözgütler kabul edilende ýaşulular, halk köpçüligi bilen maslahatlaşylýar. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzda geçirilýän maslahatlarda hem buýsançly çykyşlara giň orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halka daýanyp, il sylagly ýaşululara sala salyp bitirýän işleriniň guwandyryjy netijelerini islendik pudagyň ösüşiniň mysalynda görmek bolýar. Aýratyn hem il-ulsumyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş we zähmet şertlerini gowulandyrmak ugrundaky beýik özgertmeler uludan-kiçiniruhy galkynyşa, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Biz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze tutumlara badalga beriljekdigine uly ynam bildirýäris. 

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň durmuş tejribesine daýanyp, ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza ygrarly ýaş nesli terbiýelemek bilen bagly meselä möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda öňde duran wezipeleri üstünlikli amal etmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris.  Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlarda ata Watanymyzda beýik maksatlara ýetmekde ýaşlaryň güýç-kuwwatyna bil baglanylýandygy nygtalýar. Şu esasdan hem döwletimizde ylymly-bilimli, hünärli we başarjaň ýaşlaryň, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde giň gerimli tutumlara badalga berilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň düşünjeli nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur. Şeýle hem özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ylmy başlangyçlary, täze döredijilik gözlegleri bilen ýurdumyzyň ykdysady galkynyşyna, syýasy-medeni durmuşynyň özgerişine mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar! Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Düýn türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ynsanperwerlik ýüki çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybaratdyr. Munuň özi ýurdumyzyň Owganystana köp ýyllaryň dowamynda goldaw bermek boýunça alyp barýan işleriniň dowamy bolmak bilen, türkmen we owgan halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Derýa gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsi ulanyşa berildi

11-nji sentýabrda Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň

Tikinçileriň batly gadamlary

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Bäherden» tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny guwandyryjy iş görkezijileri bilen garşylaýarlar. Agzalan kärhanada şanly ýylyň geçen sekiz aýynda 9 million 857 müň manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürilip, bu babatdaky meýilnama 126,4 göterim ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, gelin-gyzlaryň 100-den gowragynyň zähmet çekýän ýeri bolan kärhananyň önümçilik işinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri kärhanada tikin önümleriniň 622 müňden gowragy taýýarlanyldy. Şol önümleriň esasy bölegi buýurmalar esasynda tikilen ýöriteleşdirilen lybaslardyr. Ekologik taýdan arassa nah matalardan tikilen önümler hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar.