"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li giň ge­rim­li esa­sy baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da il­kin­ji ge­zek Ar­ka­dag şä­he­rin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Täze öýlerde toý şatlygy

Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna hem-de Arkadag şäheriniň atşynaslaryna täze şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurmagy ildeşlerimizde egsilmez buýsanç döretdi. Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda, gadymy topragyň juwan şäherinde raýatlaryň uly toparynyň ähli amatlyklary özünde jemleýän öýlerde ýaşamagy üçin döredilýän şertler ýurdumyzda durmuş ugurly syýasatyň ähli ulgamlary gurşap alýandygyna şaýatlyk edýär. Täze öýleriň eýeleriniň biri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň uly mugallymy Myrat Rejepgulyýew:

Göwün at üstünde ganat baglady

Düýn Mary atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ýetginjek, ussat we halypa çapyksuwarlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu toý tutumy bedew janköýerleriniň milli guwanjymyz hasaplanýan ahalteke atlarymyza bolan buýsançlaryny has-da belende göterdi. Baýramçylyk at çapyşyklaryna welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, deputatlar, halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen halypa we ýaş atşynaslar, hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, şeýle-de welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Gadymy — gözelligiň nusgasy

Paýa PAÝAÝEW,«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan Gadymy atly bedewiň seýsi: — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheri ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän esasy çäreleriň merkezine öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň kemala gelen gadymy mekanynda dörän häzirki zaman şäherinde ýokary toý ruhubelentliginde geçýän bu baýramçylyk dabaralary atşynasdyr seýislerimizde, çapyksuwarlarda we beýleki myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrýar.

Bedew. Ýaşlyk. Ýeňiş

Ýurdumyzda behişdi bedewleriň gözelligini wasp etmek boýunça her ýyl döredijilik bäsleşigini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu bäsleşik giň gerimde geçirilip, onuň ýeňijileri yglan edildi.

At agynan ýerde...

«Toý» sözüniň özünde adama ruhy güýç beriji many bar. Sebäbi toý-baýram günlerinde her kimiň ýüzünde ýylgyryş, bir-birege hoşamaýlyk, gyzgyn ýürekden çykýan gutlaglar gulaga ýarap, göwnüňi göge göterýär. Parahat ýurdumyzda ýyllar üstünliklere, aý-günlerimiziň ählisi diýen ýaly toý-baýramlara beslenip gelýär. Saba säher. Arassa howa. Ajaýyp Köpetdagy etekläp oturan «akylly» şäher. Gursakda toýa barýanyň joşguny. Bularyň hiç biri adamy biparh goýmaýar. Sebäbi Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan tutulýar. Şular ýaly döwletlilik hasaplanylýan ýerlere baryp görmegiň, gatnaşmagyň özi bagt.

Milli gymmatlygymyz sungat eserlerinde

Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gurbangül Bekbaýewa «Türkmen bedew aty Toýly» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Abraý Annaýewe «Milli mirasymyz» atly şaý-sep toplumy eseri, şol okuw mekdebiň mugallymy Arslan Atahanowa «Toýly gün» atly nakgaşlyk eseri we talyplary Kerim Soltanowa «At gazanan goç ýigidiň, owwal bedew aty gerek» atly heýkel eseri, Nurmuhammet Ýolamanowa «Behişdi bedewler» atly fotoişleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Wepa Myşşyýewe «Şöhraty dünýä dolan bedew» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy.

Seýisçilikde halkara tejribe

25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVI halkara ylmy maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahata atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar, daşary ýurtly wekiller hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Täze jaýlar — baýramçylyk serpaýy

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna 120 maşgala niýetlenen täze, döwrebap jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu şanly waka türkmen bedewlerini ýetişdirmekde päk zähmet çekýän seýislere we atşynaslara goýulýan hormatyň aýdyň güwäsidir. Baýramçylyk sowgady hökmünde Arkadag şäheriniň «akylly» jaýlaryndan serpaýly bolmaklary atşynaslarymyzyň we seýislerimiziň kalplaryny buýsandyrdy. Olar şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen bedewlerini hemra edinen atşynaslaryň azaby ýerine gowuşdy diýleni boldy. Ak mermere beslenen ajaýyp şäherden öýli bolmak bolsa, bedew janköýerleriniň borçlaryny has-da artdyrýar. Atçylygyň mesgeninde işlemäge, ýaşamaga döredilen mümkinçilik üçin olaryň ýürekden çykýan her bir sözünde tükenmez alkyşlar bar.

Atdyr ýigidiň ýoldaşy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň döwlet derejesinde, giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy bu ajaýyp gymmatlyga goýulýan belent hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl baýramçylyk mynasybetli dabaralar ilkinji gezek şöhratly ahalteke atlarynyň gadymy mekanynda — Arkadag şäherinde geçirilýär. Milli Liderimiziň golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda täze doglan taýçanaga Şahyr diýip at goýmagy-da göwünleri galkyndyran, ýürekleri joşduran wakalaryň biri boldy.

Täzelik

Çärjew etrabyndaky «Mizemez gadam» hususy kärhanasynda indi birnäçe ýyldan bäri gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilen kuwwatly tehnologiýalara daýanýan bu hususy önümçilikde ýylyň başyndan bäri izogamyň 950 müň inedördül metri, suwuk bitum mastikasynyň 2 müň tonna golaýy, keramiki plita ýelmeýji gury ergininiň bolsa 200 tonnadan gowragy öndürildi. Taýýar önümler ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ugradylýar. Hususyýetçi şu günler gurluşyk önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek ugrunda degişli işleri alyp barýar.

Zehinli ýaşlaryň hasabat konsertleri

Çagalar sungat mekdebimizde okaýan zehinli ýaşlar şu günlerde hasabat konsertleri bilen çykyş edýärler. Üflenilip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünäri boýunça halypalardan bilim alyp, bu ugurda zehinlerini taplaýan ýaşlaryň hasabat konsertleri olaryň saz äleminde öz ukyp-başarnyklaryny baýlaşdyrýandyklaryny görkezýär. Üflenilip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünäri boýunça ýaşlaryň öz halypalarynyň berýän sapaklaryny mäkäm özleşdirendikleri olaryň ýerine ýetiren saz eserlerinde aýdyň duýulýar. Saz gurallarynyň arasynda fleýtanyň owazy has-da ýakymly ýaňlandy. Zehinli ýaşlar milli kompozitorlarymyzyň meşhur saz eserleriniň birnäçesini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Saz äleminiň kämillik basgançaklaryny üstünlikli geçýän ýaşlar şirin owazlary bilen kalplara ýakymly täsirleri paýladylar. Hasabat konsertleri ýaşlaryň öz zehinlerini taplamak, şeýle hem halypalarynyň ynamyny ödemek üçin sungat äleminde döredijilik gözlegleriniň, yhlaslarynyň joşgunly beýany boldy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Şygryýet äleminiň çyragy Ýakynda Baýramaly etrabyndaky 14-nji orta mekdepde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp, “Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň çyragy” atly edebi-sazly çäre geçirildi. Çärä ýokarda ady agzalan edara-kärhanalaryň işgärleri, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Ajap eýýamyň ýoly

Türkmen dilinde «ýol» ýaly köp we giň manyly söz az bolsa gerek. Gumaksy-çagylly, oba-şäher, asuda-hatarly, giň-dar, alys-ýakyn, ýagşy-ýaman, köne-täze, çöl-dag, ýörelen, geçilen, ömür... garaz, ýoly häsiýetlendirýän sözleriň sanawyny tükeder ýaly däl. Iň täsin ýeri: bularyň haýsysynyň göni, haýsysynyň göçme manydadygyny-da seljermek kyn. Bir zat welin belli. Özi ýol bolsa, hemmesem nirädir bir ýerlere, bir maksada alyp barýar, ýetirýär. «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýol yzlasaň — ile» diýilmänmidir näme?! Kän öwrümli ýollaryň dogry saýylmagy, ýakynynyň goýlup, alsynyň saýlanmagy, köpçülige rahat ýoluň birewe hatarly bolmagy hem duran bir hikmet. Bar zat bu ýollaryň ýolagçysyna, onuň ulagyna, ýüküne, niýet-päline bagly bolaýmasa. Türkmen «Ýol — keramat» diýýär. Ýola-da, ýolagça-da sarpaly garalýar. Ýola gidene garaşylýar. Garaşylan garşylanýar. Türkmeniň ýol bilen bagly köp sanly dileglerem bar. Häzirki gürrüňini etmekçi ýolumyz bolsa iňňän uly ýol. Bir kişä, bir oba, bir ile barýan ýol däl, ýurtlary, halklary ýakynlaşdyrjak, birleşdirjek ýol. Ol — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly. Bu gün awtoban Tejen — Mary aralygyna uzap, ikinji menziline ýetirildi. Bu aralyga ymgyr sähranyň içi bilen binýady tutulyp, galdyrylyp, örtükleri düşelip, hemme zerur desgalary bina edilip ýetildi. Ýol ilkinji ýolagçylaryny menziline ýetirdi.

“Saňa at diýmerin, gardaş diýerin...”

Pederlerimizden galan bir pähim bar: «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy». Bu pentde juda tereň many bar. Behişdi bedew — halkyň buýsanjy. Türkmeni şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Taryhy köküni heňňamlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, ähli babatda milliligi bilen tapawutlanýan halkyň geçmişem, şu günem, ertirem bedew at bilen baglydyr. Bedewler — türkmeniň ganaty, toýda şöhraty, durmuşda wepadar hemdemi. Gözbaşyny Jygalybeg atamyzdan alyp gaýdýan seýisçilik sungaty tanymal atşynaslaryň kemala gelmegine badalga bolupdyr. Ady ile dolup, hormat-sarpa eýe bolan seýisler Balkan welaýatynda-da az däl. Gyzylarbat, Bereket etraplaryndan bedewleri seýislemegi sungat derejesine çykaryp bilen Meret maýury, Armyk agany, Aman gülegi, Şyhberdi agany, Hoja agany... il-gün häzirem hormat bilen ýatlaýar. Olaryň seýisçilikdäki inçe tilsimlerem öz mynasyp dowamatyny tapýar. Şyhberdi Gurdowyň aty 1937-nji ýylda Aşgabatda döwlet derejesinde geçirilen ýaryşda baş baýragy eýeläpdir.

Nalçylar maşgalasy

Bu günler nalçy ussa Batyr Durdymedowyň iş-aladasy ep-esli artdy. Ýaňy Gün dogup, daň saz bererine mähetdel, ol öňünden tertiplän iş rejesine laýyk şaý-esbabyny ykjamlap, ýola düşýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanýan günlerinde ussat senetkär wagtynyň artyk bölegini welaýatyň atçylyk sport toplumynda geçirýär. Toplumyň töründäki athanalarda uly aýlawlara goşuljak ýyndam bedewler saklanýar. Batyr ussa olaryň toýnaklaryny nallaýar. Ol hepde ýarymyň içinde gamyşgulak bedewleriň baryny nallap ýetişdi. «At toýnagyndan belli» diýilýär. Ula goýberilýän bu bedewler ýelden ýyndam bady bilen çapuwa şowhun goşup, aýlawy bezeýärler. Welaýatda geçiriljek at çapyşygyna görülýän taýýarlygyň çäginde Batyr Durdymedow etraplaryň obalaryna hem baryp, hojalyk atlarynyň toýnaklaryny nallady. Onuň bu işi şu günlerem dowam edýär. Diňe bir welaýatda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem tanalýan nalçy ussanyň Boldumsaz şäheriniň Görogly köçesiniň orta gürpünde ýerleşýän öýüne at eýeleri, seýisler häli-şindi gelip, atlaryny nallap bermegini haýyş edýärler. Indi on bäş ýyldan gowrak wagt bäri bu käri inçelik bilen ýöredip gelýän halypa ussa olaryň haýyşyny salymyny bermän bitirmäge çalyşýar. Nalçy üç-dört günüň içinde uly aýlawlary baglan Gardaşym, Dorgoňur, Söýen, Gaplaň, Aýläle ýaly hojalyk atlarynyň toýnaklaryna laýyk nal ýasady, hut özi baryp, bu atlary nallap gaýtdy. «Onu

Türkmeniň gurmak sungatynyň nusgasy

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar. Awtobanyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalm

Arkadagyň haýyr-sahawat ýoly

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa ýurdumyzda ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezip, hemmelere görelde bolýar. Garaşsyz Watanymyzda howandarlyga mätäç çagalary döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşap almak, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen meşgullanýan ilkinji düzüm bolan haýyr-sahawat gaznasyny döretmek başlangyjy hem Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 2021-nji ýylyň 29-njy martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Liderimiz ejize howandarlyk etmek, mätäji goldamak ýörelgeleriniň türkmen döwletliliginiň bir sütünine öwrülendigine ünsi çekip, haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagala

Bedew atyň ýüwrük bolsun!

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada hasabat berdi.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» türk dilinde

Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde guralan çäre Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, dostlukly ýurduň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini, talyp ýaşlary bir ýere jemledi. Dabaranyň başynda gatnaşyjylara ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.