"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gözelligiň dürdänesi

Ýurdumyzyň paýtagty gözel Aşgabat ösen medeniýetiň, ruhubelentligiň we kämil sungatyň şäheridir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň ýakynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynda Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini bellemegi hem muny aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabatda medeni maksatly binalardyr desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän döredijilik edaralary, medeni-dynç alyş merkezleri, teatrlar, kitaphanalardyr muzeýler ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, döredijilik mümkinçilikleriniň gerimini artdyrmakda, özboluşly dünýägaraýşy kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Kaşaň teatrlarda, tomaşa zallarynda halkymyza hödürlenýän sahna eserlerinde, konsertlerde hem-de beýleki medeni çykyşlarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan Türkmenistanyň gözellikleriniň, agzybir halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de bagtyýar durmuşymyzyň waspy belentden ýetirilýär.

Paýtagtymyz — ak bagtymyz

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň durmuş düzümini ösdürmek işleriniň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolup durýar. Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi ýaly asylly işler hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda milli Liderimiziň paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrmagy hem muny dolulygyna tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde birnäçe binalaryňdyr desgalaryň, medeni dynç alyş zolaklarynyň gurluşygy dowam edip, olary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şolaryň biri hem paýtagtymyzyň A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurluşygy meýilleşdirilýän ajaýyp seýilgähdir.

Bilimli nesil — watanymyzyň guwanjy

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Beýik işleriň aýy

Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, taryhyň ähli asyrlarynyň dowamynda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi boldy we häzirki döwürde ol döwrebap derejede dikeldilýär. Milli Liderimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda dünýä ýurtlaryna tarap barýan bu ugur dost-doganlygyň, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýoluna öwrüldi. Şeýle-de mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şonuň esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlajak hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumlarynda geçen ýylda edilen işlere, öňde durýan wezipelere bagyşlap, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatlary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamy hem tanalmaz derejede ösdi-özgerdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda kaşaň teatrlar, medeniýet öýleri, muzeýler, kitaphanalar, çagalar sazçylyk we çeperçilik mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Halk döredijiligine degişli eserler, edebiýatymyzyň nusgawy wekilleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň kitaplary yzygiderli çap edilip, halkymyza ýetirildi.

Watana gulluk etmek mukaddes borç

Her gezek taryhy kitaplary elime alyp, onuň saralyp giden sahypalarynda orun alan türkmen serkerdeleriniň görkezen edermenlikleri hakynda ýazylan maglumatlary okanymda, Watan üçin şirin janlaryny orta goýup, ene topragyň her daban ýerini hem gözleriniň göreji ýaly goran edermen ýigitlerimiziň görkezen gahrymançylyklary edil kinofilme tomaşa edýän ýaly göz öňümde janlanýar. Hawa, dünýäniň syýasy kartasyna göz aýlasaň, beýik şahsyýetlerimiziň guran, döreden döwletleri biygtyýar seriňe dolýar. Türkmen halkymyz diňe bir gurmak, döretmek däl, ony goramagyň hem hötdesinden gelýän millet. Muny taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan gymmatly maglumatlar doly subut edýär. Watan söýgüsi hakynda gürrüň gozgalsa, kitap sahypalarynda ýazylan şeýle sözler ýadyma düşýär: «Türkmenler beýleki milletleriň arasynda Watan söýgüsini iň ýokary derejä göteren milletdir. Çünki olaryň häsiýetinde we damarynda gan däl-de, öz ýurduna, topragyna, Watan suwuna bolan duýgular akýandyr». Hakykatdan-da, Watana bolan çäksiz söýgi türkmeniň ganynda aýlanýar ahyryn. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde hereket edýän serhet birikmelere, serhet galalara döredijilik iş saparyna gidenimizde hem magat göz ýetirýäris.

Parahatçylygyň mekany

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram ediljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň bellenilmeginiň meýilleşdirilmegi ähmiýetli wakadyr. Aşgabat şäher derejesini eýe bolan gününden bäri Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni merkezine öwrüldi. Ol häzirki döwürde Türkmenistanyň paýtagty bolmak bilen, sebitiň ylalaşdyryjy merkezine öwrülip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgesini durmuşa geçirýän döwrebap syýasy, ykdysady we medeni merkezleriň biridir.

Täzelikler

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Gurluşygy daşary ýurtly meşhur kompaniýalaryň gatnaşmaklarynda milli hünärmenlerimiz alyp barýarlar. Bu desga welaýatyň çäginde ozal ulanylmaga berlenleriniň arasynda has kuwwatlysy bolar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň esasy çeşmeleriniň birisi elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasynyň ýeterli ätiýaçlyk gorlary hem döredildi. Hut Lebap welaýatynda hem elektrik desgalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyryldy, täze elektrik stansiýalary we beketler işe girizildi, ýene-de möhüm taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzdaky döwrebap elektrik desgalary eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň artmagyna hem uly goşant goşýar. Gurluşygyna 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berlen elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýene-de güýçlenmegine ýardam berer.* * *Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda «Müň däne» hususy kärhanasynda ýaş hususyýetçiler bilen duşuşyk maslahaty geçirildi.

Oba milli maksatnamasy — eşrediň, bagtyň özeni

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygyna girişen döwründe: «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip yglan etmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalplaryna joşgun berdi, nurly ertirlere bolan ynamyny artdyrdy. Belent mertebe we çäksiz ynam bilen aýdylan bu sözler sanlyja ýyllaryň içinde iş ýüzünde özüniň anyk beýanyny hem tapdy. Hormatly Prezidentimiziň mähriban halkynyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanmak bilen, onuň bähbidine gönükdirip amala aşyrýan işleri örän giň gerimli we uly möçberlidir. Hawa, Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatlary halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogup, onuň ykbalyny bagtyýarlyga besledi. Bitirilen bimöçber işleriň netijesinde ata Watanymyz tanalmaz derejede özgerdi, oba-kentlerimiz, şäherçelerimiz we şäherlerimiz ýaşamak, döretmek üçin has amatly boldy. Şeýle haýran galdyryjy özgerişlikleriň amala aşyrylmagynda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda işlenilip düzülen we üstünlikli amala aşyrylan Oba milli maksatnamasynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu maksatnama ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde ýaşaýşyň täze hil derejesini gazanmaga ýardam etdi. 2008-nji ýyldan başlap, häzirki döwre çenli welaýatymyzda bu babatda möhüm işleriň uly toplumy üstünlikli ýerine ýetirildi. Has takygy, Oba milli maksatnamasyna we hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda gürrüňi edilýän döwürde:

TOPH: energetika howpsuzlygynda möhüm çözgüt

Geografik ýerleşişine, ykdysady kuwwatyna, demografiýasyna, syýasy täsirine we harby güýjüne garamazdan, döwletleriň ählisi üçin energetika howpsuzlygynyň milli, sebit we ählumumy derejede üpjün edilmegi derwaýys häsiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň howpsuzlygy we durnuklylygy köp babatda dünýä ösüşiniň uzak möhletleýin geljeginiň umumy ugruny kesgitleýär. «British Petroleum Corporation» kompaniýasynyň 2040-njy ýyla çenli dünýä energetikasynyň ösüşi babatdaky çaklamasyna görä, dünýäde tebigy gaza bolan islegiň yzygiderli artmagyna garaşylýar. Halkara hyzmatdaşlykda energetika ulgamy Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol ýurdumyzyň ählumumy meseleleri çözmekdäki ornunyň ýokary ähmiýetini hem kesgitleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ätiýaçlyk gaz gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. OPEC halkara guramasynyň her ýylda çap edýän statistiki maglumatlaryna görä, ýurdumyz tebigy gazy çykarmagyň möçberi boýunça Ýewropada we GDA-da 3-nji orny eýeleýär.

Maslahat geçirildi

Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guralan dabaraly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy. Dabaraly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň arşa galýan şan-şöhraty, milli Liderimiziň Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýan halkara başlangyçlary barada uly buýsanç we guwanç bilen gürrüň berdiler.

Arkadagly, ajap çagly Watanym!

Çuňňur hormatlanylýan Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýyldaky ählihalk saýlawlarynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanylmagy bilen döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny täze ruhy galkynyşlar, bedew batly ösüşler gurşap aldy. Şondan bäri geçen ýyllaryň dowamynda, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen oýlanyşykly taglymatynyň netijesinde, eziz Diýarymyzda düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar, milli demokratik ýörelgelerimiz ösdürilýär, ýylsaýyn kämilleşýän kanunçylyk binýadymyz berkeýär, halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy barha belende galýar. «EZIZ WATANYMYZ BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR»(Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan)

Arkadagyň yhlasyndan alyp bat, günbe-günden görke gelýär

Irki döwürlerde ýat ýurda düşen adam şol ýurduň umumy ýagdaýyny bilmek üçin, ilki bilen, bazaryna barar eken. Şoňa görä-de gadym wagtlarda jahankeşdeleriň arasynda: «Haýsy ýurduň ykdysady ýagdaýyny, halkynyň ýaşaýyş derejesini biljek bolsaň, bazaryna baryp gör» diýen aýtgy döräpdir. Hawa, bu aýtgy gadym wagtda döräpdir. Häzirki döwürde welin, islendik adamda ilki barýan ýurduna bolan garaýyş heniz uçaryň üstündekä şineleýär. Mende şeýle pikir birki ýyllykda Stambuldan gelýän uçaryň Aşgabada ýetip, pessaýlan mahaly gapdalymda oturan iki sany türkiýeli ýolagçynyň uçaryň äpişgejiginden biri-birine ak mermer binalary görkezip: «Bak-da, bak, çoh, güzel-de, çoh güzel!» boluşlaryny gören pursadym peýda boldy. Çünki men türkmen paýtagty baradaky ýakymly duýgularyň olarda heniz uçaryň üstündekä dörändigine gözli şaýat boldum. Şol pursat özümem biygtyýar olara goşulyp, äpişgejige örklendim. Bäh, ýurdumyzyň ýüreginiň gözelligini görsene! Gün ýaňy dogup, bütin barlygy süýt reňkine boýan çagy ol has-da owadan görünýär. Göýä diýersiň, türkmen paýtagtyna bir Gün däl-de, ýüzläp Gün gonup, çarýana nuruny saçýan ýaly bu wagt. Çünki ak mermer binalaryň hersiniň ýüzünde bir Gün peýda bolup, täze başlanýan güni has-da nurlandyrýardy.

Anyk wezipeler kesgitlenildi

Medeniýet, sungat we çeper döredijilik halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, milli miraslaryny aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda, şeýle hem adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyryp, dünýägaraýşyny giňeltmekde, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, tutuş halky beýik işlere galkyndyrmakda uly güýje eýedir. Şoňa görä-de, islendik halkyň islendik ulgamda gazanýan üstünlikleri, eýeleýän sepgitleri şol halkyň medeniýetiniň ösüş derejesi bilen baglydyr. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi gorap saklamak, halkymyza wagyz etmek, dünýä ýaýmak, döwrüň ruhuna laýyk täzeçe kämilleşdirmek işine aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň bu ulgamyň işini ýeke pursat hem ünsden düşürmän, medeniýet we sungat wekilleri, ýazyjy-şahyrlar bilen häli-şindi duşuşyp, olaryň işi bilen gyzyklanyp durýandygy-da, özüniň gyzyldan gymmatly maslahatlarydyr tabşyryklaryny berip, medeniýet ulgamynyň işiniň ilerlemegi üçin edýän anyk ýardamlary-da, döwletimiziň her ýyl bu ulgama köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýändigi-de aňryýany bilen subut edýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap, geçen ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiren iş maslahaty, onuň dowamynda bu pudagyň ýolbaşçylaryna beren anyk tabşyryklary hem hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi, sungatymyzy, milli žurnalistikam

Aşgabat — gözelligiň we ösüşiň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen netijeli işler amala aşyrylýar. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän, günsaýyn gözelleşýän Aşgabat dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabady döwrebap ösdürmek we abadanlaşdyrmak, ösüş depgini durnukly ýokarlanýan şähere öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu babatda, ýokary we orta okuw mekdepleriniň edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň guruljakdygy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutmak bilen, şäheri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygyny, ulag-aragatnaşyk ulgamyny, harytlar

Milli Liderimiziň döredijilikli syýasaty — Watanymyzyň ösüşiniň binýady

Ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginleri gün-günden ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyz geçen hepdäniň dowamynda dürli pudaklary ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatlarynda giň möçberli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüşiň täzeçil usullaryna we ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan ägirt uly hem-de sazlaşykly işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, halkara abraýyny artdyrmak we ykdysady mümkinçilikleri has-da ýokarlandyrmak milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň esasy maksady bolup durýar. Bu Watanymyzy gülläp ösüşe, ählumumy bolçulyga we abadançylyga alyp barýar.

Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçirilýär. «Biziň ähli işlerimiz mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň hatyrasynadyr» diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli ajaýyp özgertmeler ýol-ulag düzümini hem gurşap alýar. Bu ulgamy ösdürmegiň çäklerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze awtomobil ýollaryny gurmak hem-de ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Sebäbi munuň özi halkymyzyň eşretli hem abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. «Awtoulag logistikasynyň ösmeginde Garaşsyz döwletimizde gurlan we gurulýan häzirki zaman awtomobil ýollary, şol sanda Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Türkmenbaşy — Aşgabat — Farap ýollary has-da ähmiýetlidir» diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde hem aýratyn nygtap aýtdy.

Halal bolsun

«Ýagşy niýet — ýarym döwlet»,Ham-hyýalym halal bolsun.Göwnaçyga bolmaz böwet,Niýet-pälim halal bolsun. Sygyndygym Alla birdir,Kanagatla döwlet ýardyr,Her işde bir haýyr bardyr,Artan külüm halal bolsun.

Medeniýet — halkyň kalby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň aýratyn möhüm ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamy hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar, çünki türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda täze döwlet we jemgyýetçilik ideologiýasyny kemala getirmek hut medeniýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynda gazanylýan her bir üstünlik dürli durmuş maksatlarynyň tutuş toplumyny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy häzirki zaman jemgyýetiniň isleglerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegi üçin ägirt uly kuwwata eýe bolmalydyr. Hut şoňa görä-de, milli Liderimiziň gozgaýan meseleleri türkmen jemgyýetiniň medeni derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän gündelik medeni-köpçülikleýin işlerden başlap, medeniýet ulgamynda ylmy işiň usullaryny döretmäge, milletiň täsin taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, türkmen ýaşlaryny döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmäge, milli mirasy öwrenmäge çenli möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Dostlukly ýollar dowamat

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.