"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Buýsançly ýyla sowgadymyz

Garaşsyz Watanymyz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ak ertirine barýar. Bu ýoluň rowaç almagy bolsa, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyň, ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň hem-de özara peýdaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine baglydyr. Bagtyýarlyk zamanamyzyň üstümizdäki ýylynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň ýeňişli ýolunyň baş şygaryna şaýatlyk edýär. Bu şygar türkmen halkynyň Türkmenistan döwletimiziň mundan beýlägem gülläp ösmeginiň hatyrasyna parahat, asuda we abadan durmuşda döredijilikli zähmet çekjekdigini dünýä äşgär edýär.

Watan waspy ýürekde

Bu gün kalplara ylham bolup dolýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly asuda asmanymyzyň astynda amala aşyrylýan beýik işlere ýene-de dowamat berýär. Türkmenistan Watanymyzda Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan toplumlaýyn işler şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden giň gerime eýe boldy. Şu ýylyň adamzady beýik işlere ruhlandyryjy şygar bilen atlandyrylmagy türkmen halky üçin has-da guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary umumadamzat bähbitlerini öňe sürüp, ýurtlary parahatçylykly gatnaşyklara, halklary dost-doganlyga çagyrýar. Ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar.

Arkadag — ajap eýýamy dörediji

Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine 14 ýyl dolýar. 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda, soňra 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda halkymyz möhüm çözgüt kabul edip hem-de konstitusion hukugyndan peýdalanyp, öz erk-islegini beýan etmek bilen, döwlet Baştutanyny saýlady. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolsa biz geljegimiziň öňünde jogapkärçilik bilen şol saýlawa wepalydygymyzy tassyklamak bilen, öz seslerimizi milli Liderimize berdik hem-de geljek 7 ýyla Prezidentiň wezipesini uly hormat bilen ynandyk. Şol ýylyň 17-nji fewralynda milli Liderimiziň bu belent wezipä resmi taýdan girişmek dabarasy boldy. Bu şanly sene resmi taýdan bellenilýän baýramçylyklaryň senenamasyna girmeýär, ýöne ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda aýratyn orny eýeläp, 2007-nji ýylda, soňra 2012-nji we 2017-nji ýyllarda türkmenistanlylaryň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan wajyp çözgüdi ýatladýar. Bu senelerde diňe jemgyýetçilik-syýasy wakalar däl-de, eýsem, onuň üsti bilen halkymyzyň synmaz bitewüligi, raýdaşlyk we milli Liderimiziň ähli başlangyçlaryna bolan uly goldaw öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlaryň barşynda täze pikir-garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady. Munuň özi ozaly bilen, Gahryman Ar

Giň gerimli oňyn özgertmeler rowaçlyklaryň, üstünlikleriň binýadydyr

Täze taryhy eýýamymyzyň ýurt abadançylygynda, döwlet berkararlygynda, il agzybirliginde kerwen gurap geçýän aý-ýyllary halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň töwereginde mäkäm jebisleşip, milli Liderimiziň eziz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek boýunça taýsyz tagallalaryny goldaýandygyny aýan edýär. Şu maksat bilen, oýlanyşykly içeri we daşary syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu syýasat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, parahatçylyk arkaly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Şu syýasatyň, şeýle hem milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkymyzyň abadançylygy üpjün edilýär, ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Her bir üstünlik täze zähmet ýeňşini gazanmaga höweslendirýär, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler munuň subutnamasydyr. Biz muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň toplumlaryny ösdürmek boýunça golaýda geçiren iş maslahatlarynda, şonuň ýaly-da Hökümetiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garalan Ministrler Kabinetiniň

Bagtyýarlyga beslenýän eziz Diýar

Ynsanyň kalbyny, göwünleri gülledýän döwürdir. Şu bagtyýar döwür hakynda, parahatçylykda gülläp ösýän Arkadagly Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada oýlananymda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Döwrüň bilen, bagtyýar biz Arkadag!» diýen setirleri şol bada serime doldy. Biz şahyryň nygtaýşy ýaly, sözüň doly manysyndaky Arkadagly döwrüň bagtyýar ýaşaýjylarydyrys. Bu bagtyýarlygy duýup, görüp, wasp edip ýaşamak biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Tereň derýalaryň joşup-joşup akyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bat beren özgertmeleri bilen ösüşlerden-ösüşlere sary galkynyp, bütin dünýä ýaň salan üstünlikleri gazandy. Ýurdumyzyň ähli pudaklary gülläp ösdi, Watana, milli Liderimize bolan söýgi bilen galkynan raýatlarymyzyň gaýnap joşan zähmetinden tanalmaz derejede özgeren şäherdir oba-kentlerimiz göreni haýrana goýdy. Elbetde, şeýle ösüşleri bagyş eden jebisligiň özeninde “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň bardygyny turuwbaşdan nygtamalydyrys. Bu ajaýyp taglymaty mertebesi belent Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinde öňe sürüpdi. Halkymyzy eşretli durmuşa eýe edip, ýurdumyzy özgerden hormatly Prezidentimiziň bu taglymaty durmuşda giňden öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

BÄSLEŞIGIŇ NOBATDAKY TAPGYRY AHAL. Welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Ynsanperwerlik we ynanyşmak taglymatynyň dabaralanmagy

Her bir halkyň milli ýörelgeleriniň onuň döwlet derejesinde saýlap alan syýasy ugruna öwrülýändigine taryh şaýatlyk edýär. Her bir halk millet derejesine ýetmek üçin taryhyň belli bir döwründe özüniň milli gahrymanlaryny orta çykarypdyr. Şol gahrymanlar halkyň beýik ruhundan we aňyýetinden gözbaş alýan taglymatlary öňe sürmek bilen, belent derejelere ýetip, baky şöhrata mynasyp bolupdyr. Muny milli Liderimiziň: «Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýip, buýsançly nygtaýan jümlesi aýdyň görkezýär. Ata Watanymyzyň mizemez hukuk we demokratik kökleri barada söhbet edilende, Oguz han, Mälik şa, Soltan Sanjar, Alp Arslan ýaly türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň nusgalyk binýadyny goýan ärler göz öňümizde janlanýar. Ine, şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýaş nesillerimizi şöhratly taryhymyzda uly yz galdyran şahsyýetlerimiziň mysalynda watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek babatda öňümizde anyk maksatlary goýýar. Döwlet Baştutanymyzyň okyjylaryň çuňňur söýgüsine mynasyp bolýan nusgalyk kitaplarynda berkarar döwletimiziň berk binýadynyň milli köklerden gözbaş alýandygy hem-de häzirki wagtda olaryň mynasyp dowam etdirilýändigi yzygiderli bellenýär. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi şol binýadyň sütünidir. Şöhratly taryha eýe türkmeniň döwletlilik ýörelgesi milletiň aňyýetini kemala getirip, jemgyýetiň gündel

Söz — parahatçylygyň keşbinde

Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirende aýdyşy ýaly, ýazyjy-şahyrlaryň tolgundyryjy sözleri hiç kimi biparh goýmaýar. Gahryman Arkadagymyz: «Şoňa görä-de, biziň millet derejesinde gazanan üstünliklerimiz, ýeten sepgitlerimiz medeniýetiň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr» diýmek bilen, jemgyýetde döredijilik işiniň, ilkinji nobatda, söz sungatynyň tutýan ornuna ýokary baha berdi. Allatagala adamlara ýaşaýşyň dogry ýoluny görkezýän SÖZI ugradypdyr. Ähli mukaddes kitaplar sözden ybarat. Söz adamzady iň gowy häsiýetlere, şonuň bilen birlikde, parahat ýaşaýşa ugrukdyrypdyr.

Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy

Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda ählihalk agaç ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze bag nahallary oturdylýar, ýaş baglara ideg edilýär. Şol pursatlar baýramçylyk şowhunyna öwrülip, köp wagtlap ýadyňda galýar. Birnäçe ýyldan soň ýaňky ýerde baglygyň dörändigini öz gözüň bilen görýärsiň. Mekdebe gelen ýaş çagalaryň oturdan nahalynyň olar uçurym bolýançalar, nähili bolup ýetişjekdigi mugallymlaryň terbiýesine, adamlaryň görüm-göreldesine baglydyr. Hawa, tebigata söýgi zähmete söýgini kemala getirmegiň binýadydyr. Aslynda, tebigata söýgi ilkinji orunda bolmaly. Zähmet hem aňly-düşünjeli guralmasa, ol harsydünýälige barýar. Şeýle zähmetiň netijesi ýaramaz bolup, tebigata zeper ýetirip biler. Ekologiýa taýdan düşünjeliligiň möhümligi hem şondadyr. Zähmet diňe oňyn netijäniň — adamlaryň bähbidine, tebigy deňagramlylygyň saklanmagyna hyzmat etmelidir. Käteler ýeri hapa-haşal otlardan arassalamak üçin ondaky ähli minerallara zyýan ýetirilýän ýagdaýlary-da bolýar. Şeýle ýagdaýlaryň her biri hem ylymda aýratyn göz öňünde tutulýar we olaryň öňüni almagyň çäreleri işlenilip düzülýär. Ol toplumlaýyn häsiýetde bolup, sansyz köp bilimleriň, ylmy seljermeleriň jeminden ybaratdyr. Halkymyzyň zähmet terbiýesinde şolar bilen bagly düşünjeler hem kemala getirilendir. Topraga, suwa nähili garamalydygy görüm-görelde bilen nesilden-nesle geçirilýär. Şolar esasynda ýaş nesiller

Maksat — özgertmeler ýoly bilen öňe gitmek

Ýyllar ýyllardan zyýada. Sebäbi tamamlanýan her bir ýyl halkymyzyň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde gazanylýan uly-uly ösüşlere, düýpli özgerişliklere, ýatda galyjy taryhy wakalara beslenýär. Şonuň netijesinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde gülläp ösýän, ilaty abadan we eşretli durmuşda ýaşaýan ýurt hökmünde giňden ykrar edilýär. Olar barada geçen anna güni hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jikme-jik durlup geçildi. Onda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisde eden çykyşynda dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda geçen ýylda ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Halkymyzyň tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde milli ykdysadyýetde tamamlanan ýylda düýpli ilerlemeler üpjün edildi: jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime barabar boldy. Oňyn ösüşler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolup geçdi. Şeýle guwandyryjy görkezijiler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanyldy.

Internet ulgamynyň elýeter nyrhnamalary

Hormatly Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2020—2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny gowulandyrmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu maslahatda maglumat tehnologiýalarynyň dünýädäki ösüşine laýyklykda ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirkizaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenilýän Internet we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryndan ugur alýan «Türkmentelekom» we Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) aragatnaşyk kärhanalary müşderileri üçin internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny ep-esli arzanlatdy. Bu barada kompaniýalaryň resmi web sahypalarynda maglumatlar ýerleşdirildi. Şeýle hem aragatnaşyk kompaniýalary Türkmenistanyň guramalary, kärhanalary we bilim edaralary üçin bahalary hem has elýeter etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýar

Rowaç işleriň belent ykrary

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni bolan giňişleýin mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça 2020-nji ýylda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenilip, welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz etrabyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Depämiz gök diredi

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi biziň etrabymyzyň adamlary hem-de halkymyz üçin ýatdan çykmajak şanly wakalara beslendi. 2020-nji ýylyň jemine bagyşlanan bu mejlisde Gahryman Arkadagymyz ençeme taryhy resminamalara gol çekdi. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyny welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we etrap häkimligini 1 million amerikan dollary bilen sylaglamak hakynda Karar hem bar. Etrabymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly ösüşleri başdan geçirýär. Etrabymyz diňe bir oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy etraplaryň biri bolman, beýleki ulgamlarda hem uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Onuň aýdyň mysalyny soňky birnäçe ýylyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda gurlan ykdysady, durmuş we medeni gurluşyklaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök önümler, ir-iýmişler halkymyza ýetirilýär. Etrabyň ussat daýhanlary ekerançylygyň ähli görnüşleri boýunça zähmet çekip, etrabymyzda her ýyl pagtanyň, bugdaýyň, gök-bakja, miwe önümleriniň bereketli hasylynyň kemala gelmegine goşant goşýarlar. Geçen ýylda hem etrabymyz e

Halkyň bagtyýarlygynyň gözbaşy

Üstümizdäki ýylda agzybir türkmen halky ýene bir uly baýrama ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna garaşýar. Bu şanly sene mynasybetli geçilen 30 ýyllyk özgerişlikli, ýakymly ýatlamaly, belent sepgitli ýyllara göz aýlamak, gör, neneň buýsançly! Ol ýyllar halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary derejä ýetiren, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde öz ornuny berkiden, hemişelik Bitaraplygyny ykrar etdiren ýyllardyr. Watanyň ýokary göterilen derejesiniň şaýady bolýan ýüzlerçe möhüm ähmiýetli buýsançly wakalary, şöhratly günleri özünde jemleýän şol ýyllar ýurdumyza şan-şöhrat getirdi we halkyň röwşen geljegine bolan ýagty ynamy oýardy. Garaşsyzlygyň we dünýäde ykrar edilen baky Bitaraplygyň erkinlik, parahatçylyk howasyndan dem alyp ýaşaýan halkymyza indi diňe buýsançly we guwançly ösüşler, öňegidişlikler ýaran. Asyrlarboýy arzuwlanyp ýetilen mukaddes Garaşsyzlygymyz, sözüň doly manysynda, halkymyzyň özygtyýarlylygynyň, bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Onda ýurduň ösen kuwwaty bilen birlikde halkyň parahat, bolelin, bagtyýar durmuşy görnüp dur. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen özgeren ýurdumyzyň bu günki gözel keşbine-de, äleme ýaýran at-owazasyna-da tutuşlygyna Garaşsyzlygyň ruhy siňendir. Türkmenistan özygtyýarlylygyny gazanan ilkinji gününden başlap garaşsyz ösüşiň ähli mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goý

Poeziýanyň belent şahasy

Şu kiçijik ýazgyny ýazyjy dostum Amanmuhammet Nepesiň beren gürrüňlerinden başlasym gelýär... ...Bahar aýlary sähranyň meňzine elwan gülleriň nur bolup çaýylýan döwri. Bu gün dürli güllerden nagyş çekilen, howasy jana tenekar bolup duran ýaýlanyň goýnuna guş bolup gonduk. Töwerege hyrydar göz bilen nazar aýlamda, degresi buzgunç ysly keteniniň gyrasy ýaly sarymeňiz çopantelpek bilen gurşalan, biziň düşlän ýerimiziň sesýetim ileri ýanyndaky gyzyl çog gülälekli depäniň üstünde ýeke özi oturan ak köýnekli kişä gözüm düşdi. Ol Gün öýläne sanyp, gaýtmakçy bolanymyzda-da şol oturan ýerinden gozganmandyr.

Ýylyň ýeňiji etraby: bagtyýar durmuşyň nusgasy

Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen anna günündäki mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda geçirilen däp bolan bäsleşigiň netijeleri jemlenildi. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi bölegini gurşap alan, dürli milletleriň dogan bolup, agzybirlikde ýaşaýan ýeri bolan bu etrap ata-baba oturymly gadymy mekanlaryň biri hasaplanýar. Welaýatyň günorta çäginiň iň çetinde ýerleşýän obanyň görkünde hem şähere ýakynlygyň özboluşly alamatlary nurlanýar: onuň gyra-ýakasyna uzap gidýän uly ýollaryň bütin boýuny jähekleýän syrdam derekleriň nyzamly hatary sünnä çekilen keşdä meňzeýär. Gahryman Arkadagymyzyň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde, etrabyň häzirki çäk-dolandyryş meýdanynyň bu çetki nokadyndan welaýat merkezine çenli bolan aralyk barha golaýlaşýar.

Üstünliklere binýat

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, eziz Diýarymyz çalt depginde ösýär, özgerýär, ýurdumyzyň şan-şöhraty barha arşa göterilýär. Ildeşlerimiziň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň innowasion ugur boýunça durnukly ösüşini gazanmak, bazar gatnaşyklaryna geçmek, sanlylaşdyrmak işini giňeltmek babatda alnyp barylýan işler Watanymyzyň rowaçly ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda örän ähmiýetli resminamalara, şol sanda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny, Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny, Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Kararlara gol çekmegi ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy.

Bagtyýarlyk ganat berýär kalplara

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ähli ugurlar babatda beýik ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistan Watanymyzyň şeýle beýik hem dowamly ösüşlerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň ajaýyp dabaralanmasydyr, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe etdi. Bu sene adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplaýan demokratik döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyzyň durmuşynda täze eýýamy açdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Zemin içre abraýyny arşa göterdi.

Göreldeli etrap

12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekmegi ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň bagtyýar ýaşaýjylaryny has-da buýsandyrdy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýörite topar bu bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemekde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alyndy.

Watan waspy dilde sena

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizde ähli babatda uly ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ykdysadyýetimiz we ylym-bilim ulgamy has-da ösdürilýär, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek babatda beýik işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda 30 ýyllyk şanly toýy uludan toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ylym-bilimi ösdürmek we bu ulgamy täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekjek hünärmenleri ýetişdirmek üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle işler türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.