Ösüşleriň gözbaşy
«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Bagtyýar halkymyz ýene bir şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen garşy alýar. Bu sene külli türkmen halky üçin iň naýbaşy baýramlaryň biridir. Çünki ýurdumyzyň özygtyýarlygynyň geçen ýoluna ser salanyňda tutuş halkymyzyň ykbalyny özgerdiji buýsançly wakalaryň birnäçesini görmek bolýar. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly özgertmeleriň hatarynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny we il-günümiziň agzybirligini üpjün etmek ugrunda beýik sepgitlere ýetildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn ruhly we berk bedenli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek ugrundaky beýik başlangyçlarynyň dowamyny biz bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynda görýäris.