"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösüşlere besleýän sungat baýramy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlaryň gülläp ösmegini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan beýik işler bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyna buýsanç goşup, başlaryny göge ýetirýär. Gadymylygy, özboluşlylygy, şol bir wagtda hem döwrebaplygy, täzeçilligi bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän milli medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp zamanamyzda uly ösüşlere beslenýär. Ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde, milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da kämilleşdirip, dünýä ýaýmakda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň edýän taýsyz tagallalary nusgalykdyr. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi halkymyzyň medeniýetimize, sungatymyza bolan hormat-sarpasyny äleme ýaýyp, buýsanjyny artdyrýar. Ýeri gelende, Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilip, ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň bedew bady bilen ösýändigini, milli mirasymyzy aýawly saklamak we Ýer ýüzünde giňden wagyz etmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny görkezendigini ýatlamak ýakymlydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys

Annaguly Annagulyýew, Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Sarpasy belent zenanlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde mukaddes öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Mährem enelerimizdir gelin-gyzlarymyz baradaky alada esasy orunda durýar. Özleri hakda edilýän aladalara bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmeti bilen jogap berýärler. Maşgala binýadynyň berk bolmagynda, ýaş nesliň Watanymyzyň wepaly perzentleri bolup kemala gelmeginde zenanlaryň, eneleriň üstüne uly borç düşýär. Şeýle-de ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan uly üstünliklerde hem zenanlaryň saldamly goşandy bardyr. Olar beýik işleri amala aşyrmakda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda abraýly zähmet çekýärler. Ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde, jemgyýetimizde agzybirligi berkitmekde alnyp barylýan işlere goşantlaryny goşýarlar.

Gurban baýramynyň şatlyk-şowhuny

Binýady ynsanperwerlikden, hoşniýetlilikden, haýyr-sahawatlylykdan tutulan mukaddes Gurban baýramynyň çuň mazmunly dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus şatlyk-şowhun bilen üç günläp dowam eden baýramçylyk agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, mizemez durmuş ýörelgelerini, ýokary ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrdy. Gurban baýramynyň esasy çäreleri Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelliginiň möhüm bölegine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň döwresinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Toý ýörişi mukaddes baýramyň dabaralarynyň özboluşly badalgasy bolup, oňa hormatly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar hem-de dürli ýaşdaky raýatlar agzybirlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylar joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlar, folklor toparlarynyň täsirli çykyşlary, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Edepli ile ýarar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda syýasatda, ykdysadyýetde, bilimde, sungatda... belent sepgitlere ýetilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň bagtyýar şu güni we nurana geljegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Şunda olaryň bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Taryha ser salanymyzda hem, halkymyzyň öz perzentlerine edep-terbiýe bermegi esasy orunda goýandygyna göz ýetirmek bolýar. Çaganyň edepli, akylly bolmagy üçin, ilkinji nobatda, onuň ene-atasynyň görüm-görelde görkezmegi zerurdyr. Ösüp barýan çaganyň gözýetiminiň giňelmegi üçin ene-atanyň, çagalar baglaryndaky terbiýeçileriň we mekdepdäki mugallymlaryň deň derejedäki göreldesi zerurdyr.

Bagtly çagalygyň mekany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň sagdyn kemala gelmegi hem-de terbiýelenmegi, bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalar edilýär, giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalaryň akyl we ruhy taýdan kemala gelmeginde aýdym-sazyň güýji örän uludyr. Şol sebäpden hem mugallymlar mekdepde aýdym-saz terbiýesini bermekde hepdede geçilýän sapak bilen çäklenmän, eýsem, sapakdan daşary döredilen saz gurnaklaryndan hem netijeli peýdalanmalydyr. Sapakdan daşary çärelere gatnaşmak okuwçylaryň göwnüniň saýlan işleri bilen meşgullanmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, mugallym okuwçylarda döredijilik işjeňligini terbiýeläp bilýär.

«Dürdänede» sapaly günler

Tomus — 2024 Baky berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesilleriň çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Gojaman dagyň eteginde täsin tebigaty, arassa howasy, çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin döredilen amatlyklary bolan Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem çagalar mähir bilen garşy alynýar. Merkezde çagalaryň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin giň mümkinçilikler bar. Munuň şeýledigine bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.

Şatlykly pursatlaryň döwri

Orta mekdebi tamamlanyma ençe ýyl geçse-de, okuwçy wagtlarym her ýyl tomus paslynda oba gidişimiz ýadyma düşýär. Ol ýyllaryň hezilligini diýsene! Mamamyň tamdyrda bişirýän gyzgyn çöregini suwa batyryp iýmegiň lezzeti bir başga. Gelnejemiň süýtden taýýarlaýan önümleriniň tagamyny-da hiç zat bilen deňär ýaly däl. Agtyklarynyň gelýänini eşidäýse, babamyň howludaky üzüm bagynyň aşagynda garaşyp oturyşy, mamamyň bizi ezizleýşi häli-häzirlerem göz öňümde. Oba barsak, deň-duşlarymyz bilen «Bäşdaş», «Bukuldym», «Ýüp bökdi» ýaly oýunlary oýnardyk. Ululara öýkünip, dürli nygmatlary, işdäaçar taýýarlardyk...

Belentde abraýyň, şöhratyň, şanyň

Magtymguly, sen beýik sen, beýik sen,Belentde abraýyň, şöhratyň, şanyň.Her jümläňde hak sözleri diýip sen,Ýüregine çuňňur ornap ynsanyň. Soňlanmajak, ebedilik ömür sen,Hak serpaý beripdir akyl ummany.Magtymguly, sen döwran sen, döwür sen,Sözlän her sözüňde bardyr çuň many.

Körpeler degişýärler

— Oglum, kitap okaýşyň nähili seniň? Iki-üç sahypa geçiribem bir kitap okalarmy? — diýip, ejesi Azada geň galýar. — Eje, şu ýerde bir ýarak it bar. Men ondan sowlup geçýän...

Hoşniýetliligiň, päkligiň baýramy

welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslendi Hoşniýetliligiň, ruhy päkligiň baýramy bolan Gurban baýramy külli musulman ymmaty üçin iň mukaddes baýramlaryň biridir. Güneşli ülkämizde bu baýram uludan bellenilýär.

Şygyrlary — ýol-ýörelge

Milletiň beýikligi pähimli-paýhasly, il-ýurdunyň ykbalyna ykbalyny gatyp ýaşaýan beýik şahsyýetleri bilen ölçelýär. Magtymguly Pyragy hem agzybirlik, Watana wepalylyk, gahrymançylyk, dostluk, mertlik ýaly pikirleri ündeýän goşgulary bilen halkyň söýgüsini ebedilik gazanypdyr. Magtymguly Pyragy öz döredijiligi bilen milletini beýgelden beýik şahyr bolup, türkmeniň kalbyna çuňňur ornady. Tutuş türkmen edebiýaty Magtymguly Pyragy bilen tanalýar. Akyldar şahyrymyzyň goşgularyny tutuş halk köpçüligi söýüp diňleýär. Geçen asyrlarda türkmen topragyna gelen syýahatçylar hem bu ahwalaty başyndan geçiripdirler. Olar halk arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini bilmeýän kişiniň ýokdugyny, şahyryň goşgularyny edil bagşy diňleýän ýaly üýşüp-üýşüp diňleýändiklerini, dürdäne setirlerinden janlarynyň teselli tapýandygyny öz ýatlamalarynda haýran galmak bilen ýazypdyrlar. Halk öz söýgüli şahyry hakynda dürli rowaýatlary hem döredipdir. Şolaryň birinde Magtymgulynyň goşgy aýdyşykda şahyrlaryň ählisinden üstün çykyşy barada rowaýat edilýär. Şonda şol ýurduň şasy ondan aýdyşyk mahalynda näme üçin at torbanyň üstünde oturyp ýaryşmagynyň sebäbini soraýar. Onda Magtymguly:

Dana Pyragynyň watandaşy men

Neneň guwanmajak ýa begenmejek,Gursagyň buýsançdan dolup dursa seň.Aslymyz Oguz han, Gorkut, Görogly,Dana Pyragynyň watandaşy men. Ykbalyn şygryýet älemne baglan,Ýalňyzyň hemdemi, syrdaşy bolan,Asuda, berkarar döwlet arzuwlan,Dana Pyragynyň watandaşy men.

Ýaşlar — Watanyň geljegi

Döwletimiziň synmaz sütüni “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hemme pudaklarda ýaşlaryň ynamly gadamy bilen uly sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň ertiri, ykbaly ynanylan ýaşlara uly ynam bildirýärler. Ýaşlar şeýle beýik ynamy ödemek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Sarymsak — serim sag “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alyp, halkymyzyň saglygy ugrunda alada edýän lukman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyny okap oturşyma, dünýäniň ähli ýurtlarynda belli bolan bu dermanlyk ekiniň adamzadyň taryhynda iň ýokary üns merkezinde bolanlygyny, ulanylanlygyny, ekilip köpeldilendigini aňymda aýladym.

Paýtagtda toý dabaralary

Gurban baýramynyň dabaralary paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy. Geçirilen konsertlerde ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi öz beýanyny tapdy. Gurban baýramy ruhy päkligiň, nurana arzuwlaryň baýramy bolmak bilen, halkymyzy täze ýeňişlere, uly üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 16-17-18-nji iýunda üç günläp Gurban baýramyny bellemek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, ildeşlerimiz bu mübärek baýram günlerinde gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy berjaý edip, gurbanlyk sadakalaryny berdiler, şeýle-de medeniýetli dynç almaga mümkinçilik aldylar. Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň medeni merkezleri hem gapylaryny giňden açyp, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna döwrebap hyzmatlary hödürledi. Gurban baýramynyň milli däp-dessurlarynyň baş şäherimiziň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler bilen utgaşmagy ähli ýaşdaky watandaşlarymyza ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.

Hoşmeýilliligiň we jebisligiň baýramy

Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan iň gadymy baýramlaryň biri hasaplanýar. Many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Watanymyzyň ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyryp, jemgyýetçilik durmuşymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Şoňa görä, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu mukaddes baýrama bagyşlanyp, üç günüň dowamynda Diýarymyzyň çar künjeginde aýdym-sazly dabaralar, baý mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Gurban baýramynyň bellenilen günleri köpöwüşginli wakalara baý boldy. Esasy dabaralar Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilip, bu ýerde dikilen ak öýlerde halkymyzyň milli däp-dessurlary, milli mirasymyza degişli gymmatlyklar giňden şöhlelendirildi. Toý-baýramlaryň bezegi bolan medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen bagtyýar raýatlaryň ruhubelentligini has-da artdyrdylar.

Juwan şäherde gadymy baýramyň dabaralary

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň gurulmagy halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi ugrunda beýik işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Geçen ýylyň iýunynda «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen, ildeşlerimiziň müňlerçesi täze jaýly, täze işli bolmak, ýaşaýan täze şäherine guwanmak, buýsanmak bagtyna eýe boldular. Bu günki gün ýaşamak, işlemek, göwnejaý dynç almak üçin hemme amatlyklar döredilen bu döwrebap şähere göçüp gelen ildeşlerimiz bagtyýar durmuşda ýaşap, goşa-goşadan gelýän toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belleýärler. Şu günler, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem mübärek Gurban baýramy mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şäheriň baýramçylyk meýdançasynda geçirilýän dabaralar halkymyzyň milli däp-dessurlary, toý däpleri bilen utgaşdyrylýar.

Sahawat şuglasy

Balkan welaýatynyň bagtyýar ilaty hem Gurban baýramyny uly şatlyk, ruhubelentlik bilen belleýär. Baýramyň ilkinji gününde sebit merkezindäki baş metjitde hem-de Hazar şäherçesindäki “Hazar” metjidinde baýram namazy okalyp, Watanymyzyň gülläp ösmegi, bu mukaddes baýramyň sahawata beslenmegi barada ýagşy dilegler edildi. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki bezelen meýdançada geçirilen dabaranyň şowhuny alyslara ýaň saldy. Baýramçylyk çäresi dabaraly toý ýörişi bilen başlandy. Döredijilik toparlary oňa gatnaşyjylary aýdym-sazly çykyşlar bilen mübäreklediler. Dabaranyň geçýän ýerinde gurlan hiňňildikleriň töwereginde jemlenen adamlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary bagtyýar durmuşyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Welaýatyň çar künjeginden gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň şirwan perdelere galyp ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor-tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň sahna çykyşlary bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.

MILLI DÄPLER DÖWREBAP RÖWÜŞDE

Gurban baýramynyň dabaralary Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidinde we sebitiň beýleki metjitlerinde baýram namazyny okamakdan başlandy. Soňra toý dabaralary “Türkmeniň ak öýi” binasynyň töwereginde ýaýbaňlandyryldy. Binanyň gapdalyndaky toý meýdançasynda ak öýler dikilip, hakyky küren obanyň keşbi döredildi. Bu ýerde ýörite ýasalan agyllarda ululy-kiçili mallaryň saklanyp, çarwa durmuşynyň beýan edilmegi, ýaş oglan-gyzlaryň hatara dikilen bezemen hiňňildiklerde uçup, göwün açmagy toýçy mähelläniň ruhuny göterdi. Ak öýleriň töweregindäki haşamlanan agaç sekilerde bagşylaryň ýerine ýetiren aýdymlary has-da belentden ýaňlandy. Ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň gadymy nusgalary, şeýle-de häzirki zaman görnüşleri görkezildi. Gelin-gyzlaryň çapraz-çaňňalarynyň şelpelerinden, saçbagynyň düwmelerinden çykýan owazlar bagşylaryň ýerine ýetirýän hoş owazlaryna ulaşyp gitdi. Bu ýere gelenler zergärleriň, senetçileriň döreden sungat eserlerinden, gadymy muzeý gymmatlyklaryny synlamakdan lezzet aldylar. Ýaşulular düzzüm, keçe-keçe ýaly milli oýunlarymyza gatnaşsalar, çagalar aşyk oýnap, “Aýterek-günterek” oýnuna gümra boldular. Bir tarapda gollary berdaşly pälwanlar bil tutuşsalar, çeýeden çakgan ýigitler ýaglyga towusdylar. On barmagyndan dür dökülýän zenanlaryň haly dokaýan, keşde çekip, keçe gülleýän, türkmen halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirýän