"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan: Bagtyýarlyk mekany

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak hem-de bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len, se­bi­tiň we tu­tuş yk­ly­myň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bi­di­ne özü­niň üs­ta­şyr ulag kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Bu se­bit­de ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň, şol san­da, hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we ho­wa men­zi­li­niň, aw­tou­lag hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň bar­ly­gy örän äh­mi­ýet­li­dir.

Alabaý — milli buýsanjymyz

Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň hem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Sergide alabaý güjükleri, kinologiýa, itleri ösdürip ýetişdirmegiň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplary, şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlar, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly itşynaslar!

Hoşallyk maslahaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzda şanly senelere we taryhy wakalara baý boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde saglygy goraýyş edaralarynda ýetilýän beýik sepgitler barada bellenilip geçildi. Professor-mugallymlar täze neşiriň ýurdumyzda giňden bellenilen hünär baýramyna — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolandygyny aýdyp, baý mazmunly kitabyň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň görnüşlerini, olaryň biologik we himiki aýratynlyklaryny özünde jemleýändigi barada giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň düzümine girýän dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň sportu

Jem­gy­ýe­ti je­bis­leş­dir­ýän güýç

Parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç. Bularyň ählisi bedenterbiýäniň hem-de sportuň ajaýyp häsiýetlerini görkezmek üçin ulanylýan düşünjelerdir. Her bir adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bedenterbiýe we sport tutuş jemgyýetiň ösüşine-de güýçli täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen adamlar şahsy kämillige ýetýän bolsa, sporty we bedenterbiýäni jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletiň kuwwaty artýar. Sportuň jemgyýeti jebisleşdirýän güýçdügine ak mermerli paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilen günlerinde, şeýle-de, türgenlerimiziň yklym we dünýä çempionatlaryndan medallar çemeni bilen dolanyp gelen pursatlarynda şaýat bolduk. Şol ýaryşlardaky üstünlikler, ýeňişler her birimiziň kalbymyza buýsanç duýgularyny eçildi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan.

Behişdi ahalteke bedewimiz – baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen halysy – syrly sungat, diňe ruhy baý ynsan şeýle sungaty döreder.

Il-günümiziň köňül buýsanjy

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimli çärelere beslenýär. Onuň çäklerinde milli itşynaslygyň iň oňat däpleriniň, alabaýlaryň köpeldilmegi, arassa ganlylygynyň saklanylmagy, dünýäde wagyz edilmegi bilen baglanyşykly usullaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini maksat edinýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna mynasyp bolmak ugrunda geçirilýän bäsleşigi aýratyn bellemek gerek. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tarapyndan guralýan bu bäsleşigiň ýeňijisine gowşurmak üçin «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen medalyň esaslandyrylmagy hem bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen itşynaslyk sungatyny saklamakda we ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, itleriň bu tohumyna tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilendigini, il içinde abraý alan itşynaslara döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bu hormatly atlaryň dakylýandygyny bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen ala

«Dur­ky pe­leň, şir my­sa­ly...»

Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň agzybirlikde, ýokary derejede bellenilmegi ata-babalarymyzyň ösdürip ýetişdirip, kämil derejä ýetiren alabaý itlerine uly hormat goýulýandygynyň tassyknamasydyr. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy — türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri hasaplanylyp, onuň ýaşy müňýyllyklara uzaýar. Keşbiniň gadymy görnüşinden birjik-de üýtgemän, şu güne çenli saklanyp galmagy türkmen alabaýynyň tohumynyň özboluşlylygynyň esasy aýratynlygydyr. Bu tohumyň kemala gelen ýeri Merkezi Aziýa sebiti hasaplanylýar. Irki döwürlerde çarwaçylyk bilen meşgullanan ilata öý-ojaklaryny we kerwenleri, şeýle hem, dowar sürülerini we gaýry mallaryny ýyrtyjylardan gorap biljek wepaly, sadyk goragçy zerur bolupdyr. Agyr howa şertleri, ýyrtyjy haýwanlar bilen göreş türkmen alabaýynyň daşky görnüşini we häsiýetini emele getiripdir. Munuň özi alabaý itleriniň çydamly, gaýduwsyz we çöl şertlerinde güýjüni tygşytly sarp etmäge ukyply bolmagyny şertlendirýär.

Şanly ýylyň üstünlikleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly milli sportumyzyň senenamasyna ähmiýetli wakalaryň ençemesini bagyşlady. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze öwüşgin bilen ösdürilýändiginiň nyşanydyr. Tamamlanyp barýan ýylyň şu günlerine çenli türgenlerimiz iri halkara ýaryşlaryň, dünýä hem-de yklym çempionatlarynyň medallaryndan çemen baglamagyň hötdesinden geldiler. Bu ýyl Watanymyz iri sport merkezi hökmünde eýe bolan abraýyny has-da pugtalandyrdy. Şu ýylyň aprelinde türkmen paýtagtynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň diýseň ýokary guramaçylygy bilen tapawutlanmagy bu hakykatyň beýanyna öwrüldi. Bu ýaryşda türgenlerimiziň gazanan üstünligi bolsa ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň hem uly ösüşlere eýe bolýandygyny görkezdi. Şeýle sport baýramçylyklaryna we Watanymyzda geçirilýän beýleki ähmiýetli forumlara myhman hökmünde gatnaşmak üçin gelýän hünärmenleriň Diýarymyzyň sport mümkinçiliklerine berýän ýokary bahasy her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Mertlik mekdebi

Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda Aşgabadyň «Stroitel» futbol topary oýnanda janköýerlerden ýaňa stadionda ýer tapylmazdy. Olar Aşgabat şäheriniň töweregindäki obalardan üýşüp gelerdiler. Men şol wagtlar mekdep okuwçysydym. Kakam hem futbol janköýerleriniň biridi. Futbol toparymyzyň şol ýyllardaky oýunlaryna tomaşa etmek meniň hem nesibämde bar eken. Toparyň düzüminde ussat oýunçylar az däldi. Öňki Soýuzyň 1-nji ligasynda çykyş edýän futbol toparlarynyň arasyndan saýlanyp, biziň toparymyz öz meýdanyndaky duşuşyklarda ýeňiş gazanardy. Ine, şonda märekäniň ör turup, toparymyzyň üstünligini gutlaýşy häzir hem göz öňümden gidenok. Şonuň bilen birlikde, futbol oýnuny radioýaýlymda alyp barýan uruş weterany Işan Garaýewiň şowhunly sesi heniz-henizlerem gulagymda ýaňlanyp dur. Işan Garaýew 1925-nji ýylyň 28-nji awgustynda gadymy Aşgabat obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Işan doganlary Öwlüýaguly, Pirguly, Pygamberguly, Hydyrguly we Gülsoltan dagy bilen önüp-ösüp kemala gelýär. Ýumşa ýarap ugranyndan, öý we kolhoz hojalygynda ata-enesine ýardam berýär. Obalaryndaky ýediýyllyk mekdebi tamamlap, kolhozçy bolup zähmet çekýär. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşy başlanýar. Oba adamlary tapgyr-tapgyr bolup söweşe gidýärler. Olaryň ornuny obanyň aýal-gyzlary bilen Işan ýaly ýetginjek oglanlar tutup, gije-gündiz tylda zähmet çekýärler.

Welaýatlardan habarlar

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Balkan welaýat bölüminiň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde şäheriň orta mekdepleriniň okuwçy oglanlarynyň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşda 15-nji, 5-nji, 14-nji orta mekdepleriň toparlary degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Gyzylarbat etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen göreşi boýunça geçirilen etrabyň çempionaty hem gyzykly häsiýete eýe bolup, onda Pena Rejepow, Täçmyrat Gulmämmedow, Azim Nazarow, Ýakup Aşyrow, Seýdulla Nurýagdyýew, Ýunus Nobatow, Bäşim Orazberdiýew, Yslam Nazarow, Döwlet Sarymyradow, Arazdurdy Nazardurdyýew, Kerwen Hojaýew, Maksat Merdanmyradow dagy öz agram derejelerinde çempion bolmagy başardy.

Döwrebap lukmançylyk merkezi

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary ýurdumyzdaky ilkinji Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Merkezde zähmet çekýän hünärmenler talyp ýaşlara täze lukmançylyk düzümlerinde döredilen mümkinçilikler, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlyklary barada giňişleýin düşünje berdiler. ABŞ-nyň, GFR-iň, Italiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň belli kompaniýalarynyň ýokary derejeli enjamlary ornaşdyrylan merkez şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşip, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde-de şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasydyr. Mälim bolşy ýaly, saglygy dikeltmek lukmançylygyň iň zerur ugurlarynyň biri bolup, näsaglary işjeň we özbaşdak durmuşa gaýtaryp getir

TÜRKMEN ALABAÝY MILLI GYMMATLYGYMYZ

2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiňmedeniýet merkezinde guralan, türkmen halkynyňmilli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyňbelentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniňhem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Maslahatda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň, Agrar partiýasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Oňa Türkmenistanyň ussat itşynaslary, kinologlary, döwrebap itçilik merkezleriniň hünärmenleri hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary, oňyn başlangyçlary möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ýokard

Geljege ynamly gadamlar bilen

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde çykyş edende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle diýdi: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr». Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryň, gelnen netijeleriň we çözgütleriň hem hut şu maksatdan ugur alandygyny nygtasymyz gelýär. Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyndy.

Milli gymmatlygyň goragynda

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň çägindäki Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň binalar toplumy toý lybasynda. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tylla güýzüniň şu günleri bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan merkezde türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek, olaryň tohumçylygyny gowulandyrmak, sanyny köpeltmek boýunça ähmiýetli işler alnyp barylýar. Welaýatda tejribeli itşynaslar az däl. Görogly etrabyndan Şaguly Taganlyýew, Boldumsaz etrabyndan Yhlas Kurbanow, Akdepe etrabyndan Haldurdy Goçow welaýatyň çäginde giňden tanalýan ussat itşynaslar hasaplanýarlar. Olar alabaý itlerini ýetişdirmegiň asylly nusgasyny görkezýärler. «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen adyň eýesi H.Goçow bu ugurda netijeli işleýän halypalaryň biridir. Onuň alabaý itleriniň sany 30-dan geçýär. Daşoguz şäherinden tejribeli itşynas Myrat Bekiýew alabaýlaryň 10-dan gowragyny saklaýar, ýylsaýyn olaryň sanyny artdyrýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary bolan bu halypa itşynaslar ençeme şägirt ýetişdirip, olara bu käri ýöretmegiň ýol-ýodalaryny öwredýärler. Baý iş tejribeli bu halypalar täze topluma baryp, ol ýerde işleýänler bilen duşuşýarlar, olara öz maslahatlaryny berýärler.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň sergisi

Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen alabaý itleriniň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi geçirildi. 27-nji oktýabrda belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda guralýan döredijilik bäsleşigine Çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlary, akademiýanyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde bilim alýanlar, Döwlet neşirýat gullugynda, Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýänler, Döwlet serhet gullugynyň we içeri işler edaralarynyň işgärleri, erkin suratkeşler özleriniň döreden işleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşik halyçylara, heýkeltaraşlara, fotosuratçylara, çaphana işiniň hünärmenlerine we teleoperatorlara türkmeniň wepaly dostuna bagyşlanan täze ajaýyp eserleri döretmäge we özleriniň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinlerini açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň baş maksady hem halkymyzyň durmuşynda bu edermen we akylly itleriň eýeleýän ornuny giňişleýin hem-de döwrebap derejede wasp etmekden ybaratdyr.

Magtymguly Pyragynyň toýy — dünýäniň toýy

11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň biri boldy. Dana Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksadydyr. Söwda-senagat edarasynda geçirilen ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldiler. Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary

Gadyrly gatnaşyklardan nyşan

Gazagystanyň Prezidentiniň 10-11-nji oktýabrda ýurdumyza amala aşyran resmi sapary Aşgabatda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň dabaraly açylmagy bilen hem utgaşdy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdy. Meşhur gazak şahyrynyň özboluşly kompozisiýany özünde jemleýän heýkeliniň Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde bina edilmegi iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna, däp-dessurlaryň meňzeşligine esaslanýan gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Bu wakanyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede baýram edilýän ýylda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Astana şäherinde Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Gazagystanyň paýtagtynda Gündogaryň beýik akyldarynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň mizemezdigini görkezdi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian we ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy.

Kazan sammiti: Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdary

22 — 24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda XVI BRICS sammiti geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-24-nji oktýabrda Kazanda iş saparynda boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk meselelerinde onuň işjeň ornunyň ykrar edilmeginiň nyşanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, BRICS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde esaslandyryldy. Ilki onuň düzümine Braziliýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Hindistan Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy girdi. Birleşigiň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.