"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty) Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!Eziz watandaşlar!Hormatly myhmanlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy

Ahal welaýaty, 27-nji mart (TDH). Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mübärek Oraza aýynda geçirilmeginde, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde haýyr işleriň dowamata atarylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Şanly wakalaryň dabaralandyrylýan günlerinde geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, şunda halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini görkezýär.

Türkmen-koreý gatnaşyklary täze belentliklere tarap barýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz döredijilikli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mübärek Oraza aýynda geçirilmeginde, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde haýyr işleriň dowamata atarylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Şanly wakalaryň dabaralandyrylýan günlerinde geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, şunda halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp hem-de olary ak mermerli Aşgabatda kabul etmäge şatdygyny belläp, koreýaly işewürleriň şu gezekki saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi we däp bolan gatnaşyklary ilerletmek boýunça täze başlangyçlary durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Ol “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Döwlet Baştutanymyz ýokary wezipeli myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen forumyň ähmiýetini nygtady hem-de saparyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi. Myhmanlar döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, HTF-niň we ATF-niň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Ýurdumyzda sporty höweslendirmäge we goldamaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer ulgamda döwletara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň onda synçy döwlet derejesine eýe bolan ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy

Ahal welaýaty, 27-nji mart (TDH). Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mübärek Oraza aýynda geçirilmeginde, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde haýyr işleriň dowamata atarylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Şanly wakalaryň dabaralandyrylýan günlerinde geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, şunda halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty) Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!Eziz watandaşlar!Hormatly myhmanlar!

Türkmen-koreý gatnaşyklary täze belentliklere tarap barýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRKMENISTAN — BMG: parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ösüşiň bähbidine oňyn hyzmatdaşlyk

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Türkmenistan Watanymyz, sözüň doly manysynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolup, dünýä şugla saçýar. Munuň şeýledigine ýakynda BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar hem ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejede abraýy barha artýar. Türkmenistan Watanymyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy b

Halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan asylly hem sahawatly işler dowamly amala aşyrylýar. Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalýar. Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alnyp barylýan işleriň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär.

Gadymy medeniýetiň ojagy

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy baradaky hoş habary halkymyzy tüýs ýürekden begendirdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyza ýapylan ajaýyp serpaýdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder. Çünki bu kitapda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärlikleriň umumadamzat gymmatlygy hökmünde dünýäde ykrar edilmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. 2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan i

Watana söýgi — mukaddes duýgy

Watana, mukaddes topraga, il-halka bolan söýgi, yhlas her bir ynsanyň aňyna ene hüwdüsi, ata öwüdi, pederleriň pähim-paýhasa ýugrulan pentleri bilen geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa şeýle watançylyk duýgular ýaş nesliň kalbyna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplarydyr nusgalyk göreldesi bilen ornaşýar. Şeýle çuňňur watansöýüjilige ýugrulan kitaplar ýurdumyzyň parahatçylygyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny gözleriniň göreji kimin goraýan, Watana wepalylyk, kasama ygrarlylyk, päk ýürek bilen mukaddes borçlaryny ýerine ýetirýän harby gullukçylaryň kalplaryny buýsançly duýgulara besleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler. Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýip belleýşi ýaly, güneşli Diýarymyzyň goragynda sak durýan Watan goragçylaryna ähli şertleriň döredilýändigini, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, ýetilýän sepgitlere biziň her birimiziň goşandymyzyň bardygyny bilmek bagtdyr. Bu sözler biziň buýsançly zähmet çekmegimize, yhlasly gulluk etmegimize bolan hyjuwymyz

Utgaşykly maslahatlar — oňyn çözgütler

Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde türkmen topragynyň göreni haýrana goýýan täsinlikleri juda köp. Hut şonuň üçin hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen şanly geçmişde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Buýsanç bilen bellemeli zat, üçünji müňýyllygyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Beýik Ýüpek ýoly bu gün dünýäniň jahankeşdelerini, syýahatçylaryny, alymlaryny, bilermenlerini, işewürlerini eziz Diýarymyza alyp gelýär. Bu hakynda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde: «Taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollar, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär» diýip belleýär. Bu jilweli setirleriň aýdyň şaýady hökmünde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň öz işine başlandygyny bellemek bolar. Iki gün dowam etjek forumyň ilkinji günündäki maslahata ugurdaş halkara düzümleriň, ýurdumyzyň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar tarapyndan halkara syýahatçylygyň ösüş ugurlaryna gönükdirilen we bu babatdaky tagallalary birleşdi

Beýik işler wysal bolup Watanda, Dost - doganlyk rowaçlanýa

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ulgamlarynda häzirki wagtda alnyp barylýan işler, öňde durýan möhüm wezipeler babatdaky hasabatlary diňlenildi. Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyryp