"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arkadagyň kitaplary

Arkadagyň peşgeş beren,Kitaplaryn okalyň.Many doly jümlelerden,Paýhas alyp bekäliň. Watansöýüji, dana kalpdan,Alypdyr ol gözbaşy.Bu kitaplaň her bir sözi,Bir esere sözbaşy.

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. Bedewler

Gelneje

Çagalyk döwrümdi, 8-9 ýaşlarymdadym. Ejemiň: «Gelin edinýäs, nesip bolsa» diýen şatlykly sözleri öýümize dolandan soň, meniň bilesigelijiligim artyp, gelnejemi göresim gelip başlady. Her gezek gudalaryna gidende, ejemden galmajak bolup, göýä sakyrtga ýaly ýapyşýardym. Ýöne barybir ejem meni öýde goýup gidýärdi. «Indiki dynç güni ýene gudalara gitjek» diýip aýdandan soňra, özümi alyp gitmegini sorap, ejeme özelenip ýalbardym. Bu gezek ejem maňa dözmedi, onsoňam kakam: «Gidäýsin» diýensoň, ejem meni gelnejemlere alyp gitmäge razy boldy. Dynç güni ir bilen awtobusly Arçmandan çykyp, ýarym sagadrak töweregi ýol ýöräp, Bäherdene gelnejemlere gelip düşdük. Howluda çagalar aşyk oýnap ýördüler. Olaryň oýunlaryna goşulşasym gelse-de, maksadym gelnejemi görmek bolansoň, ejemden galman, öýe girdim. Öýe giräýen ýeriňde, sag otagyň gapysy çalarak açykdy hem-de ol ýerden gyzlaryň gülki sesleri eşidilýärdi. «Gelnejeň şu otagda» diýip, ejem meni ýaňky işigi açyk otaga saldy-da, beýleki otagda oturan aýallaryň ýanyna geçip gitdi.

Durmuş (hekaýa)

Garaşylmadyk habaryň adamyň enterpelegini aýlaýmasy geň zadam däldir welin, meniňki olam däl. Haçandan bäri garaşyp ýören habarym. Näme habardyr öýdýäňiz? Meniň bolup ýörşümi görenler-ä garaşýan habarymyň bäbekhanadan gelmelidigine bada-bat düşünselerem düşünerler. Ýöne, muňa garamazdan, meniň bolşum düýbünden başgaçady. Bir pikir eden zadymy telim pikir edip, bir eden işimi soň ýene gaýtalap, garaz, öz wagtymy özüm «iýip», bäbekhana gitmeli wagtyma sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýörşümdi. Ýöne meniň ähli başagaýlygym hoş habary eşidişimdäki düşen ýagdaýymyň ýanynda hiç zat boldy galyberdi.

Kerwensaraý kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 22-nji ýanwardaky sanynda) Merhemet hem mürrewwet menzilgähi

Kaşgarlyda söýginiň beýany

Alymyň ýazmagyna görä, türki halklar söýgi manysynda «üzik» (yşk, muhabbet, joşgunly söýgi), «isiglik» (söýgi, yssylyk), «tuzak» (adamyň söýgülisi, söýgi hakda aýdan sözi) sözlerini ulanypdyrlar. Bu döwürde «söýgüli» manysynda «sewük» sözi ulanylypdyr. Dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda ýazan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlügi — türki halklaryň diliniň taryhy babatynda tapylgysyz hazynadyr. Kaşgarlynyň eserinde söýgi temasy hem öz beýanyny tapypdyr. Alymyň ýazmagyna görä, türki halklar söýgi manysynda «üzik» (yşk, muhabbet, joşgunly söýgi), «isiglik» (söýgi, yssylyk), «tuzak» (adamyň söýgülisi, söýgi hakda aýdan sözi) sözlerini ulanypdyrlar. Bu döwürde «söýgüli» manysynda «sewük» sözi ulanylypdyr.

Öwrenmedigiňi öwretme

Goňşy aýal ogly bilen Jelaleddin Rumynyň ýanyna gelipdir. Zenan: — Oglum gereginden artyk gant iýýär, bu gowulyk däl, men näme etsem-de, bu gylygyny goýduryp bilemok. Sizi sylaýar, şonuň üçin siz oňa aýdaýyň muny — diýipdir.

Syntgylanan setirler

Çagalary okatmaly däl-de, olara okamagy öwretmeli. * * *

Şygryýet bossany

Arkadaga alkyşnama Paýhasy ýaň saldy jümle-jahana,Taryh içre görülmedik keramat.Ak ýol açdy beýik başlangyçlara, Sahawaty Hak nurundan alamat.

Kalbymyň soltany

Ýogsa-da, ene ýaly beýikligi, gymmatlygy, ezizligi şondan başga nämä deňäp bolar?! Kalbymyzyň mydama açyk duran penjiresinden hatda jyklasaň hem ondan ilki bilen enäniň nurana keşbi görünýär. Olaryň ornunyň kalbymyzyň töründe bolmagy bize dogry ýoldan ýöräp, durmuşda manylydan halal ýaşamaga mümkinçilik berýär. Ol keşp gijede-girimde azaşaýsak, säwlik goýberäýsek dogry ýola salýar. Eger-de, birden, büdräýsek bolsa, goltugymyzdan galdyrýar. Munuň özi, biz her näçe dogumly, berdaşly bolsak-da hemişe enäniň mährine, söýgedine, ruhy goldawyna daýanýandygymyzy aňladýar. Olary hatda düýşümizde görsek hem «Agşam düýşüme ejem giripdir...» diýip, ony ýagşylyga ýorýarys. Ondan egsilmez ruhy güýjüň gelýändigini duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda milli ýörelgelerimiz bilen birlikde, enäniň güýji hakynda ýörite durlup geçilýär. Ol ýürek ýazgylary kitabyň «Ynsaplylyk» diýlip atlandyrylan bölüminde giňden beýanyny tapýar. Bu bölüm «Halkymyzda ynsap adamkärçiligiň iň gymmatly ölçegi hasap edilýär...» diýen sözler bilen başlanyp, onda ata-enäniň eýeleýän ornunyň iňňän ýokarydygy nygtalyp, has süýji sözler mähriban ejelerimiziň adyna gönükdirilýär. Şundan hem görşümiz ýaly, eje — ol ynsanyň iň ýakyn syrdaşy, hemrasy, kalbynyň soltany... Bulary aýratyn nygtaýandygymyzyň sebäbi, bu bölümdäki gürrüňleri Gahryman Arkadagymyz enäniň güýji bilen baglanyşd

Ene mähri

Men indi her gün diýen ýaly saba-säher goňşymyzyň açyk penjiresinden eşidilýän owaza maýyl bolup diň salýaryn. Ol meni bütin durkum bilen özüne kökerýär. Eşidilýän aýdymyň owazy birsydyrgyn ýaňlanyp daş-töweregi lälezarlyga öwürýän ýaly. Ol aýdymy Annagül Annagulyýewa şeýle bir mylaýym sesi bilen aýdýardy weli, kalbym mähirden dolup gidýärdi. Ene janym, märibanym, Mähribanym ene jan.Saňa gurban şirin janym, Mähribanym, ene jan...

«Nowbaharym diýýändirin adyňa...»

(Hekaýa) Ol ýene-de milli muzeýiň bosagasyndan ätledi. Muzeý işgärleri häli-şindi görüp duransoňlar, onuň bilen halys öwrenişipdirlerem, bu ýerde täze sergi guralsa ýa-da eksponatlar täzelense, haýal etmän habar ýetirýärler. Habar düşeninden muzeýiň bosagasyndan ätleýän ilki şol. Aýtmasalar, muzeýde täzelik ýokdur, öňki-öňkülikdir. Ol şonda-da ýüregi gyssa, şu ýere gelýär. Ondan «Daýy, näme gözleýäňiz?» diýip, indi kän bir soraýan hem ýok. Ilki soran halatlary hemişe degşip: «Ata-babalardan miras galan gymmatlyklarymyzy synlap, görejimi çarhlaýaryn» diýen jogaby eşidensoňlar, şol bir sowaly berip, känbir biynjalyk edibem duranoklar. Özi hem käteler birbada näme üçin gelendigini-de aňşyryp baranok. Birdenem... käbir eksponaty synlap, ýatlamalara ulaşyp gidýär. Ýatlamalardan aýňalýar-da, ýene-de bir ýerlere barmalydygy ýadyna düşüp, sagbollaşyp, muzeýden çykýar gaýdyberýär. Gör, indi näçe gezekler şeýle bolýar. Wagtyny bihuda geçirýär diýer ýaly hem däl. Ol her gezek özi üçin bir açyş edýär, iň bolmanynda, özüniň ýakynlarynyň ömri bilen baglanyşykly ýatlamalaryň uşlybyny çözleýär. Ýatlamalar bolsa şol uzalyp gidip otyr, uzalyp gidip otyr. Mähribanlary bilen hyýalynda söhbetdeş bolýar, düşünmedik zatlaryny soraýar.

Parahatlyk aýdymy

Aýlar-ýyllar ösüşlere, berekede beslenip,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.Parahatçylyk ýolunda ýüreklerimiz seslenip,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Arkadagly Watanymda jennet bagy döredi,Agzybirlik, parahatlyk hemme zatdan gerekli,Bu ýylym hem öňkülerden bolar has bereketli,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Akyldaryň edebi mirasy — ruhy dünýämiziň baýlygy

Ady ýüregiň töründe orun alan beýik kişiler hakynda galam işletmeli bolsaň, nämeden başlajagyňy bilmän, ýaýdanýan ekeniň. Magtymguly Pyragy hakynda şu makalany ýazmakçy bolanymda hem şeýle ahwalaty başdan geçirdim. 1975-nji ýyl bolaýsa gerek. Türkmenabat şäherinde edebiýatçy alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Öwlüýäguly Ylýasow bilen gürrüňdeş bolmak miýesser edipdi. Şonda onuň öz ylmy ýolbaşçysy bolan akademik Baýmuhammet Garryýewe salgylanyp aýdan bir gürrüňi hiç ýadymdan çykmaýar.

Buýsanç

Gursagyň şuglasy, gaýrat sebäpdir,Toý gazany ojaklardan düşmesin!Ilim dokluk üçin harman eläpdir,Toý gazany ojaklardan düşmesin! Pälimize görä, Gudratlym, ýalka,Bu gün toý donuna beslenýär ülke, Rysgal-döwlet ýagar agzybir halka, Toý gazany ojaklardan düşmesin!

Beýik sungatyň aşygy

(Hekaýa) Haly sungaty, söwdasy bilen gyzyklanýan britaniýaly Greta hanym Mazenderanda duşuşanlarynda beren wadasynda tapylyp, Garly agsagyň kerweni bilen Garagum obasyna — Goçmyratlara geldi. Goçmyrat myhmanyny güler ýüz bilen garşylap, janly öldürip, söwüş etdi. Myhman berre guzynyň etinden taýýarlanan işlekliden iýip, onuň tagamyna, taýýarlanylyşyna haýran galdy. Greta hanym:

Daglardan ylham alyp, şygyrdan dag döreden

Baýram şahyr we Balkan dagy. Bu ikisini biri-birinden aýratyn göz öňüne getirmek kyn diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmasa gerek. Baýram şahyr diýlende, Balkan dagy göz öňüne gelýär, Balkan dagy diýlende bolsa, Baýram şahyryň keşbi hakydaňa dolýar. Uzaklardan seleňläp görünýän Balkan dagyna gözüň düşende: «Aýdar Baýram, tilin bilseň,Şaglap iner bürgütleri» —

Sowuk heňler (Goşgular toplumy)

GYŞA ÝÜZLENME «Gyş gyşlygyny etmese, ýaz ýazlygyny etmez».Atalar sözi.

Dostluk köprüsi

MUSAKUN SATYBALDIÝEW.(Gyrgyz Respublikasy). GÖRESIM GELÝÄR

Ol obaly (Hekaýa)

Iki obanyň aralygy beýikli-pesli meýdandy. Ol ýerde, esasan, çagalar on-on bäş goýundyr geçilerini bakardylar. Bu ýerde iki-ýeke padadan galan sygyrlaram gezýärdi. Uzaklardan seleňläp görünýän Morgala bolsa obalaryň arasyndaky araçäk mysalydy. Eger Morgaladan aňyrda ýaşaýan bolsaň, saňa «ol obaly» diýýärdiler. ...Bu gün Morgala ýaly ýere çenli giden oglanjyk — bu ýeri çagalar üçin gaty uzak ýaly görünýärdi, ol obaly gyzjagazyň öz ýanyna gelmegini halamady. Eger onuň ýetip gelýänini öňräk gören bolsady, çekenesini sürüp, bu ýerden daşlaşmak bilen bolardy. Ol garasöýmez-ä däldi. Ýöne şu wagt ýeke bolasy gelýärdi. Ýaňyrak çekene bakýan oglanlar bilen aşyk oýnap, ählijesini utdurypdy. Olam bar keýpini gaçyrdy. Hasam kakasynyň ýakynda soýan öwejiniň aşygyny utduranyna gahary gelýärdi. Indi ertiriň özünde ony yzyna utup almasa, ynjalyp bilmez. Ine, birdenem bu gyzjagaz peýda boldy. Ol gelşine: