"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gurbannazaryň «Ýazlary»

Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde birnäçe düşünjeler, närseler özboluşly akymy kemala getirip, olaryň her birisi şahyryň şahyrana uslybynyň bir özboluşlylygyndan habar berýär. Şolardan bir akaba barada gürrüň etmegi göz öňüne tutýarys. Gurbannazaryň ýaz hakyndaky goşgularynyň başlybaşyna bir akaba bolup, şygryýetiniň uslybyny alamatlandyrýan bir özboluşlylygyň şygryýetinde ornaşmagy tebigy ýagdaý. Kämil şahyrlaryň eserlerinde dogduk mekanyna, ilýurduna, Watanyna bagyşlap eserler döretmeginiň kanuny hadysa bolşy ýaly, dünýä inen paslynyň hem şygyrlarynda şöhlelenjekdigi şübhesizdir. Gurbannazar Ezizowyň şygryýetinde doglan obasy Söwütli, ilgüni, Watany baradaky goşgularynyň hatarynda, doglan pasly — ýaz paslynyň hem orun almagy zehiniň kanuny hukugy. Iň ähmiýetli ýeride, menem baharýaz hakynda goşgular döredip, özüme şahyrana ýörelge ýasanaýyn diýlen ýaly ýasamalyk ýüzünden kemala gelmän, «uslyp», «ýörelge», «şahyrana akaba» ýaly düşünjeler heniz şahyryň kellesinde ýok wagtlary, hatda olaryň manysyna düşünip bilmejek ýaşynda — okuwçylyk döwründe baharýaz hakynda «jigerlije» goşgular ýazyp, uslyp özboluşlylygynyň ilkinji «kerpiçlerini» goýmagy başarypdyr. Bu özakymlaýyn dörän ýagdaýdyr. Ine, şol şahyrana «kerpiçlerden» iki sanysy: «Üç ýyl ozal bahar çagy, Ekipdim men dürli bagy. Bu ýaz, ine, hemmejesi: Alma, erik hem üljesi, Akja güllerin açdylar, Yslaryn her ýan saçdy

Tebigatyň waspçylary

Türkmen sährasy äpet türkmen halysyny ýadyňa salýar. Haly bolsa türkmeniň kalby hasap edilýär. Bahar aýlarynda Garagum sährasyny synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Gül-gülälekli meýdanlar beden üçin — dem, hassa üçin — derman. Tebigat — bu biziň umumy öýümiz diýýäris. Onuň gözelligini goramak bolsa biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Gündogaryň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy «Türkmeniň», «Äleme belgilidir», «Ýeli Gürgeniň» goşgularynda türkmen tebigatyny, gör, nähili joşup wasp edipdir.

Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Ýazyjy Taňryguly Taganow bilen meni şahyr dostum Silgeldi Akmyradow tanyşdyrypdy. Silgeldi Taňryguly aganyň ýegeni eken. Ýazyjy bilen hüý-häsiýetimiz tiz alyşdy. Taňryguly aganyň Tejene ýa Babadaýhana ýoly düşse, bize gelmän gitmezdi. Çaý-nahardan soň, ondan Magtymguly atamyzyň goşgularyny ýatdan aýdyp bermegi haýyş ederdim. Ol nurana ýüzüni güldürip, şahyryň goşgularyny labyzly aýdyp bererdi welin, diňläp doýup bolmazdy. Ol akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuşy barada uly eser ýazan ýazyjylarymyzyň ilkinjileriniň biridi. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrynda Taňryguly Taganowyň «Dürler hazynasy» atly kitaby çapdan çykdy. Kitaby okyjylar köpçüligi uly höwes bilen garşy aldy. Ýazyjynyň bu kitabynyň esasynda ýazylan «Kökenli ýüzük» spektakly ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasyndan köp wagtlap düşmedi. Taňryguly aga «Dürler hazynasy» eserini ýazjak bolanda Magtymguly atamyzyň okan ýerlerinde bolandygyny, onuň nebereleri bilen köp-köp söhbetdeşlik geçirendigini gürrüň bererdi. Ýazyjy belli magtymgulyşynas professor Mäti Kösäýewden hem Magtymguly barada köp maglumat alypdyr.

Ilkinji goşgym

Başgaça bolupdy meň üçin bar zat,Gazetde çykanda ilkinji goşgym.Alan ýaly boldum ullakan bir at,Gazetde çykanda ilkinji goşgym. Çaga ýaly boldum juda begenip,Öwgimi ýetirdi ejem guwanyp,Hasam hyjuw döräp gitdim beýgelip,Gazetde çykanda ilkinji goşgym.

Erik gülledi

Budur gül baharyň şöhraty-şany,Güllere besleýär söýüp ýaşany,Bolçulygyň, berekediň nyşany,Keremli gollaryn gerip gülledi, Köňül töre geçip, erik gülledi.Ene ýeriň mährem ýylylygyndan,Päkize arzuwlaň ýygylygyndan,Parahatçylygyň ýylydygyndan,

Pikir (Hindi tymsaly)

Öňde-de biri il içinde dertlilere em salgy berýänligi bilen meşhur bolan akyldaryň ýanyna barypdyr. — Näme mesele bilen geldiň? — diýip, akyldar myhmana ýüzlenipdir.

Eziz Watan

Waspyňy dilden goýmaryn.Bitarap Türkmenistanym!Mekany baýram-toýlaryň,Bitarap Türkmenistanym! Nuranadyr ýollar ýagty,Türkmeniň çüwendir bagty,Bagş eýledi synmaz tagty,Bitarap Türkmenistanym!

Käbä deňelýän ynsan

Ene! Bu sözde gör, näçe mähir-muhabbet, özüne çekiji üýtgeşik güýç bar. Eneleriň perzentlerini rahat ýatyrmak üçin ýürek arzuwlaryny beýan edip aýdýan hüwdülerini diýsene! Perzentler mähriban käbesiniň mydama janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, mähirli, nurana ýüzüniň gülüp durmagyny arzuwlaýarlar. Ene mukaddesdir. Mukaddeslige bolsa tagzym edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okadygyňça enä goýulýan hormat-sarpanyň belentdigine çuňňur düşünýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyndaky: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýen sözleri okanyňda, enelere bolan hormatyň has hem artýar. Mähriban käbäň durmuşda görüm-göreldäň, onuň ornuny tutup biljek başga adam ýok. Bir danadan: «Jennet nirede?» diýip soranlarynda, ol: «Jennet enäniň dabanynyň astyndadyr» diýip jogap beripdir.

Çagalygyň bir pursady...

Oglanjyklar iki topara bölündiler. Kimiň derwezäni goramalydygy, kimiň nirede oýnamalydygy belli edildi. Birdenem:

Arkadagyň paýhasy

Aşyklaryň şäheriŞäherimiz Aşgabat.Garşylar her säheriArkadagy alkyşlap,Beýik ýurdumyň bagty,Aziýaň merjen tagty,Türkmeniň bu paýtagty. Gözelligne görk goşarÖz Liderniň paýhasy.Zer öwüser gijesi,Eserdir şäherçesi.Leýli gyzlara mahsusLeýlisaçlar sülmürär.Iň owadan şäheriGiň seýilgähler bezär,Iç-daşyn güller bürär.

Duýguly dünýä

ÝAZLARYŇ ÝURDY Bilýäňizmi, ata ýurdun ýazlaryň, Bilýäňizmi, baky bahar nirede?Nirede göwünler gül-gül sazlaşyp, Hoş sözler aýdylýar birek-birege?Aşyk bolar,                şahyr bolar bir demde,Kim bu jennet ýurda maňlaý direse.

Şygryýet çemeni

ÝAGYŞ NÄMÄ AGLAÝAR?! Diňle, eziz!Ýagyş ýagýar,Damjalaryň şildir sesi ne ajap.Zemine görk üçin ýagýan deý,ÝöneDertli asman gözýaş dökýändir sojap.

Wagt (Goşgy)

Şaýat bolup adamzadyň ömrüne, Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn!Soňra düşüp gojalygyň döwrüne,Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn! Hakyň ýazgyt kitabynyň gatyny,Okap ýetişeýin syrly hatyny,Neçün beýle tiz eýerläp atyňy,Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn!

Bir owuç şemal (Gündelikden*)

HOSIÝAT RUSTAM, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. EDEBIÝAT HEM...

Arzuw (Hekaýa)

Edebiýat mugallymy sapaga giren dessine depderleri paýlap ugrady: — Salam, okuwçylar, biz şu gün düzme ýazarys, özem erkin mowzukdan. Bilýäňiz-ä, biziň ýaşap ýören şäherimiz, Watanymyzyň ýüregi Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň maý aýynda 140 ýyllygyny belläp geçeris. Ine, sizem gözel Aşgabadymyz barada näme bilýän bolsaňyz, şolary ýazjak düzmäňizde beýan edersiňiz.

Baýlyk

Bir daýhanyň iki sany ogly bar eken. Olar: — Ata, biz dünýä aýlanjak, rysgal-döwletimizi agtarjak, bagtymyzy synap görjek, başarmasak, gallaç galsak, geleris. Seniň ýoluňy dowam ederis — diýip, biri ata, beýlekisi eşege atlanyp, obadan başyny alyp çykyp gidipdirler. Bularyň öňünden ýagşyzada çykypdyr:

Ynsan mertebesiniň aýdymçysy

«Ýazyň we güýzüň şahyry» diýlip atlandyrylýan Gurbannazar Ezizow geçen asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçen söz sungatynyň ussatlarynyň iň görnükli wekilleriniň biridir.  Beýik Taňry tarapyn berlen örän gysga ömründe halkyna, özüne muşdak okyjylaryna hiç haçan könelmejek, möhleti-möwriti geçmejek şygyrlardan gymmatly serpaý ýapan şahyryň terjimehaly gysga. Emma onuň edebi döredijilik ýoly, dünýäsi welin, ýyllar geçdigiçe many-mazmun taýdan çuňlaşyp, akyl-paýhas akabasy barha giňelip, rowaçlanyp gidip otyr. Gurbannazara onuň eserlerine muşdaklaryň köpüsiniň ýazyň şahyry diýmegi, onuň baharyň ilkinji gününde doglanlygy bilen hem baglydyr. Ol edebiýat meýdanyna ilkinji ädimler bilen giren ýyllaryndan başlap, öz döwürdeşlerinden tapawutlanyp başlaýar. Şol tapawutlar onuň pikir täzeligine, setirleriň sazlaşygyndaky özboluşlylyga, many agraslygyna nazar aýlanymyzda has hem aýdyň görünýär. Öz döwründäki we şondan soňky edebiýatçy alymlar, tankytçylar, galamdaşlary, halypa ýazyjy-şahyrlar, okyjylar Gurbannazaryň döredijiligi, ondaky täzelikler, pikir özboluşlylygy barada, onuň milli aýratynlyklary hakynda köp makalalar ýazdylar, özleriniň esasly garaýyşlaryny aýtdylar. Şolaryň biri hökmünde şahyryň halypa galamdaşy Kerim Gurbannepesowyň şu sözleri onuň belentligine berlen köp sanly mynasyp bahalaryň biridir:

«Görogly» şadessany hakynda buýsançly goşgy

Bu gün dünýäň ünsi saňa gönükdi,Görogly beg, seniň döwrüň gelendir.Indi tirsegiňe galsaň ymykly,Täze ýaşamaly ömrüň gelendir. Agaýunus uz ýaşynyp gülüp dur,Gülşirin gyz çemen baglap gelipdir,Kyrklaryň hyzmata taýyn bolup dur,Hüňkäriň külüni sowrup gelendir.

Rowaýatlar ummanyndan

DÖWLET AGZYBIRLIKDEDIR Ir döwürlerde Äraly pir atly dana ýaşap geçipdir. Onuň parasatlylygy baradaky rowaýatlar biziň günlerimize hem gelip ýetipdir.

Kalbymyň bahary, mähriban enem!

Al-elwan güllerden jyga geýen görkana baharym, hoş geldiň, ülkämize! Bu ajaýyp pasylda ýurdumyzda enelere, gyz-gelinlere belent sarpanyň, hormatyň nyşany hökmünde Halkara zenanlar güni bellenilýär. Ene, bu keramatly söz, gör, neneňsi ýakymly, neneňsi mähriban! Dünýäde iň mährem, iň mukaddes ynsan enedir. Ol maşgala ojagynyň öçmez ody, alawydyr. «Behişt enäniň dabanynyň aşagyndadyr» diýip, Pygamberimiz ýöne ýerden aýtmandyr. Ömürleriň dowamy, ynsanlaryň Zemindäki seždegähi, ylahy güýçleriň eýesi bolan eneler barada joşup goşgy-gazal, eser ýazmak, biz — perzentler üçin mukaddes borçdur. Baharyň bütin älem-jahany gülzarlyga, lälezarlyga besläp gelşi ajaýypdyr. Kalby baharda açylan al-elwan güller ýaly näzik eneleriň mähri, gyzgyn söýgüsi biziň aňymyza ebedilik siňýär. Olaryň barlygynda ýaşaýyş gözellige beslenýär, ynsan ömri dowamat dowam bolýar. Ene ýüregi hemişe päklik, perzendiniň rahatlygy üçin urýandyr. Öz gezeginde ene ýüreginiň rahatlygy hem perzendiň öz iline, maşgala ojagyna wepalylygy, ygrarlylygy bilen bagly. Perzent üçin ene gujagy jennet mysalydyr. Aýdylyşyna görä, Allatagala ynsana sazyň gudraty bilen jan berenmiş. Ene hüwdüsi bolsa perzendiniň kalbyna Aý ýaly nuranalyk, Gün ýaly çoglulyk, asman ýaly päklik, gözýetim ýaly giňlik eçilipdir. Hüwdülerde enäniň perzendine bolan çäksiz söýgüsi şöhlelenýär.