"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Güller (Goşgy)

Täze howlymyzda ekdik,Ak, gyzyl bägülleri.Görk berip töwerege,Ýaz edýär göwünleri. Gyzyl güller — uýalarmyz,Ak gül — biziň enelermiz.Şonuň üçin şol güllerde,Mähribanlyk duýýarys biz.

Arkadagyň sungaty

Ýüregine çekilenAk nurundan suraty.Ak mermerli Aşgabat ―Arkadagyň sungaty. Aklyk — iliň alnyna,Arşa galýar begenji.Ak merjenli Aşgabat ―Arkadagyň dür-genji.

Ene goşgusy

Mahmal sähram sen bolup,Bahar maňa bakanda,Howlukmadym hiç zada,Sen bar diýip jahanda. Yrsaradym, näz etdim,Betdim. Nähili betdim!Hernä kejiňe gitdim,Sen bar diýip jahanda.

Durmuş tymsallary

MAŞGALA BAGTY Bir gün üç dost durmuşda öz öňünde goýan maksady barada gürrüň edipdir. Bagt hakyndaky söhbede gezek ýetende, olaryň biri:

Ýazyň güni

Asman seçeledi merjen çabgasyn,Guşlar bagyş etdi ajap nagmasyn.Ene mähre meňzeş şapak, Güneşe,Ak baharyň sekizinji gününde. Zemin bägül boýy ösdi, ulaldy,Erik baglar gollaryna gül aldy.Hatda ak bulutlar Gökde gül oldy,Ak baharyň sekizinji gününde.

Baharym

Täsin gümmürdili depregin kakyp,Bulutlar geler-de, ýyldyrym çakar.Göýä bedew at deý, barha bat alyp,Öýlänçi çalasyn çabgasyn döker. Az salymdan bulut pytrap çar ýanaZeminime Güneş nuruny saçar.Çüýşe deýin gök asmanyň ýüzünde,Peýda bolar lowurdap älemgoşar.

Eneler

Sizsiňiz durmuşyň hamyrmaýasy, Eli çeper, dili şeker eneler! Sizsiňiz gözümiň agy-garasy, Eli çeper, dili şeker eneler! Gijelerne şirin hüwdülän diller, Çaga başymyzy sypalan eller. Mydam ýoluňyza düşelsin güller, Eli çeper, dili şeker eneler!

Dünýäniň bezegi

Baharyň şanyna, baýram şanyna,Güllerini eçilipdir ene ýer.Bu dünýäniň ähli hany-manyna,Mynasyp siz, ylaýyk siz, eneler! Siziň bilen gözel zeminiň görki,Sizsiz gündiz Günüň nury kemeler.Siziň bilen ýagty Älemiň durky,Dünýäniň diregi, eziz eneler!

Enäniň şanyna

Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp: «Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!».Gün hem diýenmişin nuruny döküp:«Dünýäniň bar görki enedir, ene!». Soranmyş bir wagt ýel suwa bakyp:«Dünýäniň berki nä? Aýdyp bersene!».Suw hem diýenmişin şarlaýyp akyp:«Dünýäniň bar berki enedir, ene!».

Bagt

Ykbalyňy eziz eneňÇoýup dursa, bagt dälmi?Göwnüň mähriň asmanyndaGaýyp dursa, bagt dälmi? «Agzybire Taňry-da biýr»,Mähre dolsa döwletli tör.Söwer gelniň kalbyňa nurÇaýyp dursa, bagt dälmi?

Ene hüwdüsi

Ak süýt bilen orun alan ganymda,Baky hemram bolan ene hüwdüsi.Aýdym bolup, ýaňlanyp dur aňymda,Baky hemram bolan ene hüwdüsi. Sallançagmyň bagyn çeken elleri,Asala ýugrulan süýji dilleri,Ýada salýar şol eşretli günleri,Baky hemram bolan ene hüwdüsi.

Mähribanlara

Ýüzleri mähriban, sözleri nakyl,Mähriban eneler, eziz eneler.Bakyşy muhabbet, ýylgyrşy ýakym,Mähriban eneler, eziz eneler. Ene süýdi ýaly arassa, halal,Kalplaryňyz nurana, dälsiňiz bihal,Käbä deňelmegňiz ýöne ýere däl,Mähriban eneler, eziz eneler.

Ene gudraty

Ene! Bütin dünýäni özüniň mähri bilen çoýup bilýän bu ynsana, onuň mährine, söýgüsine deňäp boljak zat barmyka? Onuň ýüregi öz perzentleri bilendir. Seniň kyn günüňde gynanýan, şat günüňde-de begenýän bu ynsan aýra düşeniňde-de goldaýan eken. Şu ýerde mähriban eneleriň mähriniň güýjüne degişli bir rowaýaty ýatlamakçy bolýarys: Birwagtlar üç adam bir iş bilen daga gitmeli bolupdyr. Olar daga ýetip barýarkalar, güýçli ýagyn ýagyp başlapdyr. Ýagyndan goranmak, soň hem bir azajyk dynç alyp, çaý-suw içip, soňra ýollaryny dowam etmek maksady bilen, golaýdaky dag gowaklarynyň birine giripdirler. Gowaga girip ornaşanlary hem şol eken, birden bir äpet daş togalanyp geläge-de, gowagyň agzyna gapgarylyp duruberipdir. Sähel ýagty bolaýmasa, adam geçer ýaly ýer galmandyr. Garaşylman durka ýüze çykan bu ýagdaýa gynanan üç adam çykalgany açjak bolup, köp synanyşýarlar. Emma äpet daşy gozgardan ejiz gelipdirler. Ahyrsoňy olaryň ulusy bir pikiri orta atypdyr. «Her kim Allanyň haky üçin bir oňat iş eden bolsa, şony öňe tutup, gudraty güýçli Allany kömege çagyrmaly». Bu pikir beýlekileriň hem göwnüne ýarapdyr. Birinji adam: «Eý, Allam, birwagt men sadaka berip, birnäçe garyby doýrupdym. Men şony seniň razylygyň üçin edipdim, şolaryň adyndan, ýa Alla, özüň kömek et!» diýip, daşy itipdir welin, äpet daş azajyk, gol geçer ýaly süýşüpdir. Ikinjisi: «Eý, Allam, birwagt men birnäçe ýetim çaganyň başyny

Uly dünýä getiren gumak ýol

Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen söhbet Wagty boýun egdiren gözellik

Baýramyň bilen, EJE!

8-nji mart gelende,Duýgularym oda düşýär.Köp ýatlaýan çagalygmy...Geçdi ýyllar — ýeser, hüşgär. Ýogsa häzir bilýäňizmi,Menem edil hemmeler deý.Ak kagyza galam bilenÇekip bir gujak çemeniSowgat ederdim ejeme.

Ýaz äheňleri

Ýene guşlar ýaşaýyşa höwesli,Dolanýarlar gül-pürçükli baglara.Äleme ýaň salyp, bilbiliň sesi,Nowbahar öwrülýär ajap çaglara. Nämälim bir derde uçrana meňzeş,Messan basyşyňa sarsan ýürekler.Nurly Aý öňküden şuglaly dogmuş,Şabram şelpe kakýar syrdam derekler.

Zenanlaryň döredijiligi

— Şahyryň setirleriniň demi öz halkynyň demi bilen gabat gelişmeli. Kerim Gurbannepesow,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Enä tagzym

Ýar sowgady (hekaýa)

Aman bu günem ýykyldy. Ony öz deňemigi, Akýaýladan gelen pälwan ýigit ýykdy. Hernä göreş meýdany ýumşaksy bolansoň, kelemenläp, juda batly gaýtsa-da, Amanyň zeper ýeten ýeri bolmady. Ýykan pälwan ýigidiň daşyny bile gelen ýoldaşlary alyp duransoň, onuň golundan çekenem bolmady. Özi turdy, özi gaýtdy. Ol diňe köpçüligiň içinden bir ýaşulynyň: «Ýykylan göreşden doýmaz» diýipdirler, belki, indiki toýlarda ýykarsyň, ruhdan düşme» diýen göwünlik beriji sözlerini eşidip galdy. Aman ýeke özi pikire çümüp ýatyşyna, düýnki toýda ýykylyşyny ýatlady. Ony ýene-de der basdy, howpurgatdy. Ol ýatakdaky goçlaryň birini tutagada, boýnuna hopba edip, howlynyň içinde aýakýalaň o ýan, bu ýan ylgady. Endam jany suw-sil boldy, ýumşady. Diňe şondan soň az-kem göwni göterildi.

Şol ýylyň bahary (Hekaýa)

Biz adatça ömrümiziň bezegine öwrülip giden wakalary hälimi-şindi ýatlap ýörýäris. Şol pursatyň süýjülikleri bilen ýaşaýarys. Özümde-de şeýle. Çagalyk, mekdep ýyllarym bilen baglanyşykly ýatlamalar ýyllaryň täsiri bilenem öz datlylygyny ýitirenok. Näme üçindir, meniň kalbymda has ýiti täsirini galdyran ýatlamalaryň köpüsi bahar pasly bilen baglanyşykly. Hersinde özüm üçin bir mähriban ynsan ýaşaýan, ýyllaryň aňyrsynda galsa-da, ýaz paslyndan alan görkanalygyny ýitirmän gelýän pursatlary ýatlap ýörşüme, talyplyk dünýäsinde dowam edýän durmuşymyň özi bahara meňzäp gidipdir. Köplenç bahar paslyny eneler, gelin-gyzlar bilen baglanyşdyrýarlar. Şonuň üçinem bu pasyldaky ýatlamalaryň içini hem şol mähriban zenanlaryň keşbi bilen bezeýärler. Men welin bahar pasly, esasanam, bahar baýramy barada gürrüň orta çykanda, ilki bilen, gözümiň öňüne... Gowusy, ähli zady başdan gürrüň bereýin.

Ynam ödelse ýagşy

Gurbannazar Ezizow ýaly at-owazasy arzuw edilýän belentlige göterilen şahyra «Ol meniň dostumdy» diýmäge töwekgellik edip biljek däl. Ýöne aramyzda gezip ýören wagty onuň özi bize dostlaşmagy teklip eden bolsa, biz onuň teklibini uly höwes bilen kabul ederdik. Gurbannazar Ezizowyň «...Belki, bolan däldir otuzda dostum» diýen setirlerini okap, onuň jana-jan dostlarynyň biriniň örän ýokuş görendiginden meniň deň-duşlarymyň köpüsi habarlydyr. Her bir şahyr öz iliniň, ýurdunyň ogludyr. Şonuň üçin şahyryň döredijiligi baradaky gürrüňleri diňe öz şahsy gatnaşyklaryňa syrykdyrmak gelşiksiz bolar.