"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Başda bellidir

Bolajak ýigit ýaşlykdan, Ol owwal başda bellidir.

Hakyda

Durmuş durşuna synag Meniň ilki talyp boljak bolşum öňem bir äheňgiriň ýaramaz gyrkylyk ýasap “Ýa demrinden, ýa kömründen» diýip öz emelsizligini boýnuna almaýşy ýaly boldy.

Orazberdi ylýasy ýatlap...

Öz döwrüniň tanymal medeniýet işgärleriniň biri Orazberdi Ylýasow köp ýyllaryň dowamynda Murgap etrap medeniýet öýüniň, halk teatrynyň ýolbaşçysy bolup işlemek bilen sungata höwesjeň ýaşlaryň onlarçasyna halypalyk etdi. Onuň döreden maşgala ansambly hem welaýat, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, daşary ýurtlaryň hem birnäçesinde geçirilen çärelere gatnaşdy. Orazberdiniň özi sazam çalardy, aýdymam aýdardy, sahnada keşplerem dörederdi, baýramçylyk dabaralaryny, toýlary şowhunly alyp barardy.

Watany söýýäniň, Watan diýýäniň!

Biziň ilde bakyşyňdan aňylýar,Watany söýýäniň, Watan diýýäniň!Il-gün üçin sogap işler saýylýar,Watany söýýäniň, Watan diýýäniň! Ýaz bolup gelişiň, ýaz bolup bilşiň —Ýüreklerde ajap saz bolup bilşiň —Ýaň salyp, äleme şan bolup bilşiň —Watany söýýäniň, Watan diýýäniň!

Watan

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Watan — bu bagtyýar halkyň ykbaly,Watan — bu halkymyň ynam-ygrary,Watan — bu ynamly köňül ykrary,Watan — bu Gahryman Arkadagymyz,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

Oglanjyk we dellek

(Tymsal) Kiçijik oglanjyk dellekhana girýär. Dellek bada-bat ony tanaýar-da, oturan müşderilere garap, şeýle diýýär:

«Sapar edip barsak...»

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi doganlyk türki halklaryň durmuşy we edebiýaty bilen aýrylmaz baglydyr. Magtymguly akyldar şahyr, ökde zergär bolmak bilen birlikde, syýahat etmegi-de söýüpdir. «Gündogardan günbatar...//Şäherler hatar-hatar,//Magrybystana sary» diýýän şahyr dünýäde ýurtlaryň, şäherleriň köpdügi, özüniň olary görmegiň höwesindedigi hakynda şygyrlarynda ýazypdyr. Bu babatda şahyryň «Hezarystana sary», «Bady-sabany görsem», «Bizge rowana» ýaly goşgularyny agzamak bolar. Magtymguly Pyragynyň Hindistany, Owganystany, Eýrany, Rumustany, arap ýurtlaryny görendigini şygyrlaryndan bilmek bolýar. kyldar şahyrymyzyň syýahat eden ýurtlarynyň arasynda Azerbaýjanyň hem bolandygy tebigy ýagdaýdyr. Azerbaýjan ýurduna-da, iline-de, edebiýatyna-da söýgüsiniň uly bolandygy şahyryň goşgularyndan bellidir. Aýratyn-da, şahyr «Ýaýlahlary bar» atly meşhur goşgusynda bu ýurt, onuň gözel tebigaty hakynda köňül joşgunyna eýläp, hoş sözleri aýdýar:

Bagt köprüsi (Hekaýa)

Biz o mahallar tomus möwsümine çykanymyzda, synpdaşlarymyz bilen bakjaçylara kömege barardyk. Olara gawun ýygnaşýardyk. Güýjümiziň ýetdiginden Kerkiçä gaýdýan ýük maşynlaryna gawun ýükleşýärdik. Bir gün Şahan sürüji meni ýanyna «gürrüňçi» edip, üsti gawun ýükli ulagda alyp gaýdypdy. Deň-duş oglanlarymyň köpüsi eýýäm bärde ekeni. Men olaryň ýanyna gidip oýnaýyn diýsem, Şahan şagalaň: — Sen şu münüp gelen gawun ýükli ulagyň töwereginden aýrylma! Gawundan gyrp-çyrp etjek bolýany görseň, derrew maňa habar ber! Men hol sürüjiler bilen çaý içjek, birsalym gürrüň etjek. Düşündiňmi? Ýa-da... — Göwnüme bolmasa, ol ýumrugyny düwen ýaly boldy. — Ýa-da düşündirmelimi?

Nusgawy edebiýatda terbiýeçilik

Watanyň şöhratyny dünýä ýaýýan ogullary terbiýeläp ýetişdirmekde, döwletiň sarsmaz binýadyny goramakda, kämil medeniýetimiziň kemala gelmeginde, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşinde maşgala terbiýesiniň möhüm ornunyň bardygyny bellemek gerek. Şeýle mukaddes ýörelge akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi durmuşyň ähli meselelerini öz içine alýar. Şahyryň döredijiliginde halypa-şägirtlik ýoluna, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, edebi-medeni gymmatlyklaryň ruhy güýjüne, ynam-ygtykadyň terbiýeçilik ähmiýetine, taryhy şahsyýetleriň nusgalyk keşbine aýratyn üns berilýär. Dana şahyr taryhy wakalaryň beýanyny, rowaýatlary, hekaýatlary, nakyllary bolsa ynsan kämilligini dürli tarapdan açmagyň çeperçilik serişdesine öwrüpdir.

Akyldar şahyryň döredijiliginde daglaryň waspy

Biziň ýurdumyz Allanyň nazar salan topragy bolup, onda daglar, düzler, sähralar, köller, deňizdir derýalar bar. Şeýle bolansoň, eziz Diýarymyzyň tebigaty köpöwüşginli häsiýete eýedir. Adama dogduk depesiniň, gözüni açyp gören ýerleriniň täsiri güýçli bolýar. Magtymgulynyň döredijiliginde köpöwüşginli tebigatyň keşbi bilen birlikde dag temasy aýratyn orun eýeleýär. Has takygy, daglaryň keşbi Magtymgulynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Onuň tutuş döredijiliginden dag howasynyň ysy gelýär. Munuň mysalyny şahyryň goşgularynyň köp sanlysynda görmek bolýar.

Uýam (oýlanma)

Biz iki dogan bolup ulalamyzsoň, çagalygymyň her bir pursaty seniň bilen geçdi, uýam! Şonuň üçin sen maňa syrdaş, ýürekdeş, hem jora bolduň. Seniň ýaşyň menden kiçi bolansoň, çagakak ejem hemişe saňa esewan etmegi maňa tabşyrardy. Kiçi wagtymyz oýun oýnanymyzda men her gezek senden ýeňlen bolardym. Şonda sen oňa begenip, heziller ederdiň. Men şol pursat seni ýylgyrdanyma hoşal bolardym. Wagtyň salymy ýok diýleni, gulpajygymyzy tasadyp, oýnap ýören günlerimiz indi alysda galdy. Soň-soňlar ejemiň tabşyrygy bolmasa-da, nirä gitsem-de sen ýanymdan aýrylmadyň. Çünki sen meniň gözüm bilen seredeniňde entegem kiçijek çagadyň. Käwagt saňa çagalara gelişýän eşik ýa-da başga bir sowgat bersem, «Men çaga däl-ä indi» diýip, geňirgenýän halatlaryňam bolýar. Men bolsa, ulalanyňy şol pursat duýýan ýaly, näme diýjegimi bilmän ýylgyrýardym. Çaga wagtym deň-duş gyzlarymy uýalary bilen görenimde gyz uýamyň bolmagyny arzuw edýärdim. Şonuň üçin sen doglanyňda begenjime «Gyz jigim boldy» diýip, öňümden çykan her kime buşlap çykypdym. Sen ejem-kakamyň maňa beren uly sowgady. Meniň senden aýry göwnüm ýok. Seniň bilen ganymyz bir, hatda duýgularymyz hem bir. Biz bir ojakda, bir gujakda ösüp ulaldyk ahyryn. Sen ýüregimiň ullakan bölegi ýaly, saňa sähelçe zat bolsa-da biynjalyk bolup, kalbymy howsala gaplaýar. Sen ejemdir kakamdan soňky mähribanym.

Og­lan bi­len der­ýa (He­ka­ýa)

Çinua Açebe (doly ady Albert Çinualumogu Açebe) 1930-njy ýylyň 16-njy noýabrynda dünýä indi. Ol nigeriýaly ýazyjy, şahyr hem-de edebiýatşynas. Söz ussady 1958-nji ýylda neşir edilen «Things Fall Apart» («Ähli zat dargady») atly ilkinji romany bilen meşhurdyr. Bu roman häzirki zaman afrikan ýazyjysynyň iň köp okalýan hem-de terjime edilen kitabydyr. Munuň üçin ýazyjy 2007-nji ýylda Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy. Romanda ýewropalylaryň Afrika topraklaryna gelşi beýan edilýär. Ýazyjy 2013-nji ýylyň 21-nji martynda aradan çykýar. Çiki on bir ýaşasa-da, öz dogduk obasyndan başga hiç ýere çykyp görmändi. Bir gün ejesi ony daýysynyň ýanyna — Onitşa ýaşamaga ugratjakdygyny aýtdy. Ilki Çiki muňa örän begendi. Oba durmuşy ony halys irizipdi, uly şähere gidesi gelýärdi. Ol Onitşa barada köp gyzykly zat eşidipdi. Daýysynyň hyzmatkäri Maýkl ony şähere alyp gidende, ýolda şäher barada birnäçe gyzykly zatlary gürrüň berdi. Meselem, Onitşada suw ýörite turbalardan akyp dur, suwy näçe ulanasyň gelse ulanybermeli. Suw getirmek üçin ýol söküp, bir ýere gidip gelmek hökman däl. Çiki muňa kän bir ynanyp baranokdy. Ýöne Maýkl sag eliniň başam barmagyny diline degrip, çep elini asmana galdyryp ant içensoň, oňa ynanaýmak galypdy. Çikiniň begenjini aýdyp-diýer ýaly däldi. Indi ol suw getirmek üçin her gün daň bilen derýa gitmeli bolmaz. Suwa gidilýän ýol şeýle bir nätekizdi welin,

Su­rat­keş­lik hö­we­si (He­ka­ýa)

Wladimir ŽELEZNIKOW, rus ýazyjysy Oglanjyk uçaryň içinde oturan ýerinden, äpişgeden gözlerini aýyrman, asmany synlaýardy. Gün nuruny saçyp durdy. Onuň şöhlesi gözleriňi gamaşdyrýardy, oglan şonda-da synlamagyny dowam edýärdi.

Dar­baz gi­den­de (He­ka­ýa)

Abdurofe RABIÝEW, täjik ýazyjysy 1

Agu Sihw­ka­ hakykaty beýan edýär

Ýaan RANNAP, eston ýazyjysy (Okuwçy Agu Sihwkanyň gündeliginden)

«Köňülleri birleşdirýän sungat» atly bäsleşige

Zulfiýa Isroilowa (1915-1996)Özbegistanyň halk şahyry, terjimeçi, žurnalist. Agtyk

Jon Tol­ki­niň äle­mi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde dünýä edebiýatynyň nusgalarynyň düýpli öwrenilmegine aýratyn üns berilýär. Daşary ýurt edebiýaty bilen içgin tanyşmak we özleşdirmek adamzadyň iň gadymy döwürlerden häzirki güne çenli ösüş tapgyrlaryny yzarlamaga, döwürleriň özara baglanyşygyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň esasynda hem, her bir adam şu günki günde ençeme wakany başdan geçirip, ýagty geljege sary ynamly ädim ädip bilýär. Çünki Ýer ýüzünde ykrar edilen edebi miras ähli halklaryň ruhy medeniýetini baýlaşdyrýar. Bu hem ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä edebiýatynyň beýik üstünliklerini, milli hem çeper özboluşlylygyny öwrenmeklerini, olaryň watana wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerini şertlendirýär. Dünýä edebiýatynyň giň gerimli düşünjesi gönüden-göni söz sungaty bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, sözler söz düzümlerini, sözlemleri emele getirýärler. Birnäçe sözlemleriň üstünde işlemek bilen, pikir täzeçilligi we mazmuny bilen tapawutlanýan uly tekst düzüp bolýar. Şeýlelikde, sözleýşiň iň kiçi birligi hasaplanýan sözüň üsti bilen täze bir özboluşly dünýäni döretmek bolýar. Netijede, diňe hyýaly dünýä däl, eýsem, şonuň bilen birlikde, öz geografiýasyna, ülkelerine belet we aýry-aýry dillerde gürleýän dürli halklaryň toparyny

Dur­mu­şy sö­ýüp ýa­şa­mak (Es­se)

Lin Tsiňsüän,hytaý ýazyjysy Bu dünýäde ýaşap ýören adamlaryň kösenjem, ýitgilerem, üstünlikleridir bagtly pursatlaram biri-biriniňkä çalymdaş. Emma, nämüçindir käbir kişi täsirli, bagtly ýaşamagy başarýar, kä kişi bolsa ömürboýy kösenip geçýär. Bu zatlaryň sebäbi olaryň ýaşaýşa bolan garaýşyndadyr. Köňülleriniň tälim almak ukyby hem munda ullakan orun eýeleýär. Şonuň üçin dünýäde bagtly ýaşajak bolsaňyz, ilkinji etmeli zadyňyz — elmydama kämillige tarap ymtylyň, asyl durkuňyzy kämilleşdirjek boluň.

Syr­lar ha­zy­na­sy

Döredijilikde kämillige ýeten adamyň ykbal ýoly bilen gyzyklanyp başladygyň, ol kişiniň özüňe mälim bolan eserleriniň aňyrsynda gizlenip ýatan syrly pursatlaryň, pynhan duýgularyň üstünden barýarsyň. Şonda hyýalyňdaky pursatlar, duýgular näçe aç-açan, aýdyň boldugyça, şonça-da syra, tersine, pynhanlyklaram näçe gizlendigiçe, şonça-da aç-açanlyga öwrülýändir diýen pikirler peýda bolup başlaýar. Bu ahwal dünýäniň altyn hazynasynyň ýiti şuglaly öwüşginlerine ýugrulan eserleri bilen türkmen edebiýatyna täzelik getiren ýazyjy Akmyrat Şirowda nähilikä? Muňa, özüni döredijiligiň ykbal hem pikir menzillerine, durmuşyň köp synagly, jepaly ýollaryna meýletin ýollan, güzaply ylham daglaryna meýletin «sürgün» eden ýazyjynyň şahsy gündeliginde galdyran ýazgylaryna ser salanymyzda-da, bellibir derejede düşünmek mümkin. Akmyrat Şirowyň gysgajyk terjimehalyna göz gezdirenimizde hem, onuň her hili ruhy ahwalatlary başdan geçirendigine göz ýetirmek bolýar. Ýazyjynyň gysgajyk terjimehaly şeýle: «Ýazyjy Akmyrat Şirow 1947-nji ýylda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol etrabyň 1-nji orta mekdebinde 11 ýyllyk orta bilimi alandan soň, şol wagtky M. Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetine okuwa girip, ony 1971-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.

Ak­my­rat Şirow ba­ra­da aý­dy­lan­lar­dan:

Akmyrat Şirow päkligiň, halallygyň, ylhamlylygyň, hoşniýetliligiň nusgasydy. Ol diňe edebiýat üçin doglupdy. Şoňa ygrarly bolubam ýaşady. A.Şirow öz pikir hem duýgy giňişligi bilen dünýä edebiýatyna goşant goşmagy başardy. Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy.