"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmeniň döwletliliginiň ykrary

Halkymyzyň goşa ganaty Garaşsyzlygymyz hem hemişelik Bitaraplygymyzdyr. Bu beýik mukaddeslikler il-günümiziň agzybirliginiň, nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda bu barada: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk her bir türkmenistanly üçin deň derejeli mukaddesliklerdir» diýip belleýär. Biziň üçin beýik hem gymmatly bolan bu düşünjeler bölünmezdir we bitewüdir. Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk türkmen halkynyň pähimlilik, çuň manylylyk, maksada okgunlylyk, sabyrlylyk, baş ugry saýlap almak, başlan işiňi ahyryna çenli alyp gitmek ýaly başga-da köp milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Ata-babalarymyzyň arzuwlan ynsanperwer ýörelgeleri bu gün döwletli Diýarymyzyň baş şygaryna öwrülip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny öňküden-de belentliklere ýetirýär.

Bitaraplyk — parahatçylygyň nyşany

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň belentligini, döwletiň ynsanperwer syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän senedir. Bu ajaýyp baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da täze mazmuna eýe bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly joşgun bilen bellenildi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň guran döwletli ýollarynyň ugry bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän Bitaraplyk, parahatçylyk, ynsanperwerlik syýasaty barha dabaralandyrylýar we güneşli Diýarymyzyň mertebe-derejesi barha belende galýar. Hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyza Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iberen Gutlagynda: «Bitaraplyk syýasatymyzy yzygiderli dowam etdirýäris. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär, Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny has-da pugtalandyrýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri hil taýdan baýlaşdyrylýar we çuň mazmunly syýasata öwrülýär. Bu bolsa, demokratik, hukuk, dünýewi, parahatçylyk söýüji döwletimiziň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitraplygy ykdysady we medeni ösüşleriň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde, ýurdumyzyň içerk

Çekseň zähmet, ýagar rehnet

10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlananlara Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy. Olaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri bar. Munuň özi Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda sylaglara mynasyp bolanlar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp waka öwrüldi.

Goşa şatlyga beslendi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň — Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäheriniň iň gözel künjeginde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady — jemi 300 hojalyga niýetlenip, täze gurlan bäş sany, her biri dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybaratdyr. Binagärlik babatda özboluşly gözelligi emele getirýän bu täze jaýlaryň açylyş dabarasyna welaýat, Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylarydyr jogapkär hünärmenleri, medeniýet we sungat ussatlary, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy. Täze jaýlaryň açylyş dabarasynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna mynasyp bu şatlykly waka bilen gyzgyn mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy maksatlarymyň biri bolar» diýip aýdan sözleriniň hakykat ýüzünde myrat tapýandygyny aýratyn nygtadylar. Ýokary hil talaplaryna laýyk gurlan öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalara eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynyň hatyrasyna

Nusgalyk ýörelgeleriň beýany

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary bilen utgaşyp, taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy. Türkmen halky hemişe-de parahatçylygyň, asudalygyň, hoşniýetliligiň we hyzmatdaşlygyň tarapdary. Şöhratly taryhymyzyň many-mazmuna eýlenen sahypalary türkmen Bitaraplygynyň öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen nesillerini öz baýdagynyň astynda jemläp, adalatly hökümdarlyga eýe bolupdyr. Ol goňşy bilen goňşynyň özara ylalaşykda ýaşamagynyň, birek-birek bilen gatnaşyk saklamagynyň, sylag-hormatda bolmagynyň berk taglymatyny döredip, öz nesillerine bu ýörelgäni berjaý etmegi sargyt edipdir. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz geçen ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahyp

Pa­ra­hatçyly­gyň berk bin­ýa­dy

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Bi­ta­rap­lyk — pa­ra­hat­çy­ly­gyň bin­ýa­dy, ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň ba­ky da­ýan­jy. Bi­ta­rap­lyk üm­zü­gi bir ta­ra­pa — di­ňe öňe gö­nü­gen döw­le­tiň öň­den­gö­rü­ji­lik­li pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty. Bi­ta­rap­lyk — bag­ty­ýar mil­le­ti­mi­ziň da­şy­nyň pe­na­sy. Gah­ry­man Ar­ka­dag­ly, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdar­ly türk­men hal­ky Bi­ta­rap döw­let bo­la­ny­na bir ke­mi otuz ýyl wag­tyň için­de kän ösüş­le­ri, öz­ge­riş­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­dy.

Dünýäniň parahatçylyk taglymaty

Dünýäde şeýle bir hikmetli söz bar. Adamlaryň hoşniýetli gatnaşyklary, birek-birege ynanyşmagy şol sözden gözbaş alýar. Oňa «Salam» diýilýär. Bir-birege salamatlygy, saglyk-amanlygy, öý-maşgala abadançylygyny dilemek ýaly ýagşy arzuw-niýetler «salam» diýen sözde jemlenýär. Dünýäniň islendik halkynyň «salam» sözüniň sözköküni yzarlasaň, ynsanperwerlige ýugrulan şeýle hikmetli manylara eýedigine göz ýetirýärsiň. Diýmek, külli adamzadyň baş maksady — parahatçylyk, her bir adamyň arzuw-niýeti — abadançylyk. Türkmen aganyň iki elini uzadyp, «Essalawmaleýkim» diýip berýän gadyrly salamynda hem uly hikmet bar. Halkymyzyň görüm-göreldesine muwapyk gelýän salamlaşmak edebindäki elleri mäkäm gysyşmakda hem ýürekdeşlige, ynanyşmaga meýil şöhlelenýär. Türkmeniň salamynda päkize asman ýaly ýüregi açyklyk, ümmülmez sähra ýaly giňlik, halkymyzyň birek-birege, dost-ýara gadyrlylygy bar.

Türkmen bitaraplygy we parahatçylyk filosofiýasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ýer ýüzünde parahatçylyk, dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy, Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki, Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde Er-Riýadda geçirilen «Bitewi suw» sammitindäki çykyşlarynyň halkara jemgyýetçilikde uly seslenme tapmagy, Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar Halkara Bitaraplyk gününiň dabarasyny has-da artdyrdy. Baýramçylygyň öňüsyrasynda elimize gowşan «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmegiň halkymyzyň nesilbaşymyz Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen Bitaraplygynyň mazmunyny düzýän parahatçylyk filo

Bitaraplyk — parahatçylyk taglymaty

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, parahatçylygy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Şanly baýrama bagyşlanan çäreler Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Bu dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň beýik nusgasy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp 11-nji dekabrda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Iri foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara maslahatyň ýokary derejeli mejlisiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde guralan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň möhüm seneleri öz içine alýan geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilýändigi aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bar.

Halkymyzyň belent buýsanjynyň beýany

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. 12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi, oňa döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy milli we halkara ähmiýete eýe bolup, sebitde, bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen dabara ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem tomaşaçylaryň hatarynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar boldy. Olaryň bu çärelere gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar.

«Maksatlar myrat tapyp, bagta ulaşsyn dünýä!»

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Her ýylyň 12-nji dekabrynda milli senenamamyzda möhüm orun alan Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilip geçilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda guramanyň Baş Assambleýasynda Bitaraplyk babatda ilkinji resminama kabul edilip, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edildi. Bu resminama ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolmagynda galýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

Buýsanja beslenen maslahat

Esenguly etrap häkimliginde beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň,  işjeň partiýa agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, ak saçly eneleriň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirdik. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklaryň  giňeldilmegine hem-de  ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň, asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen  dostluk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak ugrundaky beýik başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini,  eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň  has-da belende galmagyny arzuw  etdiler.

Şanly senä bagyşlandy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Etrap medeniýet öýünde geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işler, Garaşsyz döwletimiz, baky Bitaraplygymyz barada buýsanç bilen nygtadylar. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ata Watanymyzy, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durup, ýurdumyzy ýagty ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini, bagtyýar we eşretli zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Belent ykrarly Watan

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetiren şanly sene — Halkara Biataraplyk güni tutuş ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden dabaralandyryldy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy umumadamzat ýaşaýşynyň gymmatly ýörelgelerini özünde jemleýändigi bilen has ähmiýetlidir, gudratlydyr, mizemezdir. Şonuň üçin baky Bitaraplyk hakyndaky ajaýyp söhbetler diňe bir günüň ýa-da bir ýylyň gürrüňi däldir, eýsem, ol asyrlaryň, döwürleriň, zamanlaryň, eýýamlaryň baky öçmez belent mukamydyr, parahatçylygyň hoş owazly nagmasydyr. Baky berkararlygyň binýady

Bilim işgärleri sylaglanyldy

Halkara Bitaraplyk güni we tamamlanyp barýan ýyl mynasybetli etrap bilim bölüminde göreldeli bilim işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa etrap bilim bölüminiň ýolbaşçylary we öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. 2024-nji ýyl biziň etrabymyzyň bilim işgärleri üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Mugallymlarymyz, terbiýeçilerimiz welaýat, döwlet derejeli bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelediler. Olaryň tagallalary bilen üstünlik gazanýan okuwçylarymyzyňdyr körpelerimiziň sany hem barha artýar. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen dabarada gazanylan üstünliklere sebäp bolan hem-de özüniň baý iş tejribesi bilen beýleki kärdeşlerine görelde bolýan bilim işgärleriniň uly topary etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Şatlygymyzy goşalandyran waka

Ýurdumyzda baky Bitaraplygyň şanly 29 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralarynyň joşguna beslenen günlerinde şatlykly wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky halkara baýragy bilen sylaglanmagy buýsançly wakalaryň birine öwrüldi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de söz ussadynyň ajaýyp ýadygärliginiň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlaryndan gözbaş alýar.

Bagtyýarlygyň nyşany

Berkarar Watanymyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny baky Bitaraplygyň 29 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralary bütin Äleme äşgär etdi. Halkara Bitaraplyk gününiň toý çärelerine utgaşan dabaralaryň şatlyk-şowhuny Diýarymyzyň ähli ýerini gurşap aldy. Toý günleri ildeşlerimiziň uly toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy has-da buýsançly boldy. Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglananlaryň arasynda daşary ýurt raýatlaryň hem bardygyny bellemek ýakymlydyr. Toý günleri ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de Arkadag şäherinde binadyr desgalaryň açylyş dabaralaryna-da şaýat bolundy. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Kofe we kofe önümleri kärhanasy, Nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylyp, işe girizilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

11-nji dekabrda paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahatyň ýokary derejeli mejlisiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi.

Bitaraplyk — baky binýadym

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan «Bitaraplyk – baky synmaz binýadym, buýsanyp syn edýär ýakynym-ýadym» ady bilen Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirilen aýdym-sazly dabaraly maslahat ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň BMG-ä agza ýurtlaryň biragyzdan goldamaklarynda ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 29 ýyllygyna bagyşlanan bu dabara TDP-niň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň hünärmenleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy. Onda çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyzyň Garaşsyz Diýarymyzyň berk binýatly sütünleriniň biridigini, onuň ata Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesini arşa götermekde, «Açyk gapylar» syýasatyna daýanyp, dünýäniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara guramalaryna agza bolup, umumadamzat ähmiýetli meseleleri çözmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar. Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar bu baýramçylyk dabarasyna aýratyn röwüş çaýyp, adamlara ruhy lezzet paýlady.