"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halal gazanç — rysgal-döwlet

Halkymyzda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýen paýhasly söz bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary üçin bu, hakykatdan hem, şeýle boldy. Olar şu ýyl Watan harmanyna bereketli bugdaý hasylyny tabşyryp, zähmet üstünligini gazandylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakyndaky Karary kabul etdi. Şonuň netijesinde-de, kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň yhlasly zähmet çekip, has-da uly girdeji almaklaryna şert döredildi.

Gowaça meýdanlaryndaky joşgunly zähmet

Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli künjeklerinde gowaça göwnejaý ideg etmeklige gönükdirilen çäreleriň depgini barha giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemegi maksat edinýän pagtaçy daýhanlar giň meýdanlarda ir ertirden giç agşama çenli öndürijilikli zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde-de günsaýyn boý alyp, gül-gunçalara basyrynýan gowaçalar atyzlara bezeg berýär. Munuň şeýledigini Görogly etrabynyň çäklerinde hem görmek mümkin. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň hem bu babatdaky derwaýys işleri guramaçylykly alyp barýandyklaryny bellemek bolar. Olar şu ýylyň baharynda jemi 1600 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazanmak bilen, onuň ideg çärelerine-de öz wagtynda girişipdirler. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Jumageldi Çülliýewiň aýtmagyna görä, şu geçen döwürde gowaçalary ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, iýmitlendirmek boýunça işler ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Şu günlerde bolsa olara ösüş suwuny tutmaklygy talabalaýyk amala aşyrmak ugrunda ähli çäreler görülýär.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Daýhanyň bagty Şu günler welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri gowaçanyň idegini ýetirmek maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Her bir kärendeçi gowaçalaryň hasylynyň bereketli bolmagy üçin agrotehniki çäreleri geçirmek bilen meşgullanýar. Baýramaly etrabynyň “Gökdepe” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurgözel Öwezmyradowa hem şolaryň hatarynda. N. Öwezmyradowa şu ýylyň baharynda 15 gektar ýerine gowaça ekdi. Ýerleriň ekişe agrotehnikanyň talaplaryna görä taýýar edilmegi, ekişiň öz wagtynda ekilmegi netijesinde topraga atylan her bir tohum kadaly gögerdi. Daýhanyň yhlasly idegi netijesinde häzirki wagtda şahalary sagdyn, ýapraklary doýgun gowaçalaryň açylýan gülleri hasylyň bereketli boljagyndan habar berýär.

Çekseň zähmet — ýagar rehnet

Bagy bereketli bagban Halkymyzda guýy gazmak, köpri gurmak, ýol çekmek sogaply iş hasaplanylýar. Edil şonuň ýaly, bag ekmegi hem şolaryň hataryna goşsaň ýerlikli bolar. Sahawatly işlere baş goşup, il alkyşyna mynasyp bolýan ynsanlary göreniňde buýsanjyň artýar. Welaýatymyzda dürli baglary ýetişdirmek bilen, bereketli saçaklarymyzyň naz-nygmatdan doly bolmagyna mynasyp goşant goşýan bagbanlaryň birnäçesi bar. Olaryň biri hem Sakarçäge etrabynyň «Akýap» daýhan birleşiginden Şemşat Rahmanowadyr.

Bereketli saçaklaryň bezegi

Azyk bolçulygy — eşretli ýaşaýşyň kepili Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri agrosenagat pudagynda gazanylýan üstünliklerde mynasyp beýanyny tapýar. Gallaçy daýhanlarymyzyň ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnap almakda ýeten belent sepgitleri muny doly tassyklaýar. Welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleri hem bu zähmet üstünligine mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanyna gelip, galla oragyna ak pata bermeginden ruhlanan kärendeçiler şertnamalaýyn borçnamalaryna ilkinjileriň hatarynda abraý bilen hötde geldiler.  

Ideg işleri geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda belent menzillere ýetilýär. Döwletimiz tarapyndan pudagyň zähmetkeşleri üçin döredilýän ýeňillikler kärendeçilerimiziň ýylyň-ýylyna ene ýerden bol hasyl almaga bolan höwesini, yhlasyny has-da artdyrýar. Tomsuň ilkinji aýlarynda bereketli pellerden bugdaýyň bol hasylyny ýygnan kärendeçilerimiz şu günler şalynyň hem göwnejaý idegini alyp barýarlar. Şu ýyl etrabymyz boýunça jemi 3140 gektar meýdana şaly ekildi. Işiniň ugruny bilýän ussat daýhanlar bu ekinden bol hasyl almakda öňdebaryjy iş usullaryndan göwnejaý peýdalanýarlar. Ekin meýdanlarynda endigan gögeriş alnan şalynyň hasyllylygyny artdyrmak ugrundaky işjanlylyk kärendeçilerimiziň arzyly sepgide üstünlikli ýetjekdiklerine ynamy artdyrýar.

Bakjaçylaryň yhlasy

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň gazanýan üstünlikleri milli ykdysadyýetimiziň ösüşlere beslenmegine, azyk bolçulygynyň has-da berkemegine itergi berýär. Munuň şeýledigini 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki hasabatlar-da tassyklaýar. Onda şu ýylyň geçen 6 aýynda oba hojalyk pudagynda 5,8 göterim ösüş gazanylandygy nygtalýar. Pudagyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegi üçin bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanlarymyza ýeňillikli goldaw-hemaýatlary berýär. Şeýle hemaýatlardan netijeli peýdalanýan hojalyklaryň biri-de Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýolly» daýhan hojalygydyr. Ene topraga idi-yssuwat etmekde köplere görelde bolýan, halal zähmet çekip, eşretli durmuşyň hözirini görýän Aždarguly Rejepgulyýew ogly Maksada daýhançylyk kärini heniz ýaşlykdan öwredip başlaýar.

Garpyzyň bol hasyly

Sarahs etrabynyň «Ýolly daýhan» daýhan hojalygynda gök-bakja önümlerini öndürmekde hem guwandyryjy işler alnyp barylýar. Şu ýyl tejribeli bakjaçylaryň yhlasy bilen ýerleriň irgözünden ekişe taýýarlanmagy, topraga tohum taşlanyp ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy netijesinde daýhan hojalygynda garpyzyň guwandyryjy hasyly ýetişdirildi. Bu gün meýdanlar gözel görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýär. Idegi ýetirilip, dökünden, suwdan kemsiz gandyrylan garpyzly meýdanlaryň bol hasyly göwnüňi göterýär. Daýhanlar hasyly ýygnamak işi bilen gümra. Tejribeli bakjaçy daýhanlar Döwran Ataýewiň, Gurbandurdy Baýramdurdyýewiň ýetişdiren garpyzlary meýdanlardan ýygnalyp, ak bazarlarymyzda ilata terligi bilen ýetirilýär.

Waharmanly bakjaçylar

Şu günler ak bazarlarymyzdaky bakja ekinleriniň bolçulygyny göreniňde gözüň dokunýar. Tomus günlerinde köpleriň islegli önümleri bolan gawun-garpyzlaryň bolçulygy başarjaň bakjaçylaryň yhlasly zähmeti bilen döreýär. Tejen etrabynyň «Waharman» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer bakjaçylary-da her ýyl türkmeniň şirin-şeker nygmaty bolan gawun-garpyzlaryň bol-bereketli hasylyny ýetişdirip gelýärler. Tejeniň, Babadaýhanyň we beýleki etrap merkezleriniň ak bazarlarynda gürrüňi edilýän hojalygyň zähmetsöýer bakjaçylarynyň alyn derini siňdirip ýetişdirýän gawun-garpyzlarynyň alyjysy ýetik. Türkmen bakjaçysynyň guwanjy bolan waharman gawunynyň adyny buýsanç bilen göterip gelýän bu hojalygyň başarjaň bakjaçylary uly ösüşlere we özgerişlere, wakalara beslenýän şanly ýylymyzda-da gawun-garpyzlaryň göwün göteriji hasylyny ýetişdirdiler. Ak bazarlarymyzda hemişe islegli önümleriň biri bolan baldan süýji, hoşbaý ysly, keşde torly waharman gawunlarynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde hojalygyň zähmetsöýer bakjaçylaryndan Çary Ýalkabow, Arslan Öwezow, Atajan Muhammedow, Merdan Çaryýew, Süleýman Muhammetgulyýew, Gurbanýaz Öwezow dagynyň tagallalary has-da uly boldy. Islegli önümleri ýetişdiren bakjaçylarymyzyň datly nygmatlary bu gün ak bazarlara, supralara bezeg goýýar.

Ussat daýhan

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginde ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde adygan kärendeçi daýhanlaryň onlarçasy bar. Şolaryň biri-de 2-nji kärendeçilik toparynyň öňdebaryjy kärendeçisi Parahat Durdyýewdir. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi zähmetsöýer kärendeçiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetişdiren galla hasyly has-da bereketli boldy. Ol 10 gektar kärende ýerinde «Alekseýiç» görnüşli bugdaýy ýetişdirip, şol meýdandan bugdaýyň 20 tonna 230 kilogramynyň ýerine, 60 tonnadan gowragyny Watanymyzyň galla harmanyna goşdy. Şeýlelikde, öňdebaryjy daýhan bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny 298 göterim ýerine ýetirdi.

Göwnejaý taýýarlyk görülýär

Kaka etrabynyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Şoňa görä-de, olar meýdanlary ekiş möwsümine göwnejaý taýýarlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň oba zähmetkeşleri şu günler ekerançylygyň we daýhançylygyň ýörelgelerinden ugur alyp, ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini alyp barýarlar. Işleriň alnyp barlyşynyň ýokary hilli, talabalaýyk bolmagyny gazanmak üçin işe dahylly hünärmenler yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Ekişe niýetlenilen ýerleri dökünlemek hem taýýarlyk işleri utgaşykly amala aşyrylýar. Ekerançylyk meýdanlar fosfor bilen iýmitlendirilip, ýerler gurplandyrylýar.

Gowaçalar hasyl toplaýar

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Myrat Töräýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçilik toparynyň pagtaçy daýhanlary üstümizdäki ýylda 100 gektar meýdana gowaçanyň saýlantgy görnüşini ekip, şu günler ekiniň ideg işlerinde yhlasly zähmet çekýärler. Toparyň kärendeçileriniň her biriniň häzirki işleri göwnejaý alnyp barmagy gowaçanyň ýokary hasyl toplamagyna getirýär. Kärendeçiler Şamuhammet Myradow, Mähri Meredowa, Merdan Muhyýew, Enejan Hojageldiýewa, tejribeli suwçy Atabaý Meredow dagynyň çekýän asylly zähmetleri öwgä mynasypdyr. Mehanizator Öwezmyrat Jumanýazow gowaçalaryň hatarara bejergi işlerini ýokary hilli geçirip, gündelik tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirmegi başarýar.

Sürüm işleri geçirilýär

Ak bugdaý etrabynda bugdaý hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Üstümizdäki şanly ýylda etrabyň gallaçy daýhanlary 26 müň gektaryň hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak bilen, bu işe turuwbaşdan jogapkärli çemeleşýärler. Sürüm işi hem oba hojalygynda möhüm çäreleriň biridir. Ýokary hilli sürümiň topragy indiki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamakda uly ähmiýeti bardyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň oba zähmetkeşleri häzirki meýdan işlerini göwnejaý ýerine ýetirýärler. Sürümde tehnikalaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynda bu babatdaky işler aýratyn bellärlikdir.

«Daýhan ädimi» üstünlige beslenýär

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň tejribeli kärendeçileri şu ýyl tutanýerli zähmet çekmek bilen, dänäniň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrmakda ýokary görkezijilere eýe bolup, bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny elmydama üstünlikli berjaý edip gelýärler. Has takygy, daýhan hojalygy tarapyndan 3 müň 300 gektar meýdana bugdaý ekilip, şertnamalaýyn borçnama 112 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa daýhan hojalygy tarapyndan Watan harmanyna 5 müň 955 tonna guşgursak dänäniň tabşyrylandygyny aňladýar. «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň Gyzylarbat etrabynyň çägindäki Garagum derýasynyň boýunda ýerleşmegi we suw bilen üpjünçiliginiň talabalaýyk bolmagy ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işlerini geçirmäge şert döredýär. Daýhan birleşiginiň işgärleri häzirki wagtda 800 gektar ýerde ekilen gowaçalara edilýän ideg işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Bu bolsa ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna getirýär.

«Ak derýanyň» gawuny

Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginiň bakjaçy kärendeçisi Babamyrat Ýuldaşow hem ata-baba bakjaçylyk kesp-kärini dowam etdirýär. Ýakynda biz bu bakjaçy kärendeçi bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol gawuny ösdürip ýetişdirmek barada şeýle gürrüň berdi: — Bakja ekini bolan gawuny ösdürip ýetişdirmek ata-baba kesp- kärlerimiziň biri. Maşgala agzalarym bilen bilelikde ençeme ýyllardan bäri 1 gektar ýerde gawunyň birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýärin. Şu ýyl gawunyň gök gürbek, gökje, igde ýaprak, garrygyz ýaly görnüşlerini ekdik. Gawun ekişini maý aýynda geçirdim. Otag, suw tutmak, zyýankeşlerden goramak ýaly, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirdik. Gawunly atyzlara suw tutulanda, aýratyn ähmiýet bermeli. Howanyň gelşine görä, her on günden tä gawunlar torlap başlaýança suw tutulýar. Munuň özi gawunlaryň tagamynyň datly bolmagyna mümkinçilik berýär. Ähli ideg işlerinde maşgalam Zulfiýa Halmyradowa, gyzym Aziza ýakyndan ýardam berýärler.

Giň meýdanda zähmet joşýar

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gowaça ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzda ekin ekilýän meýdanlaryň agramly bölegini tutýan gowaça meýdanlarynda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek kärendeçi daýhanlaryň irginsiz çekýän zähmetine, başarjaňlygyna, tejribesine bagly. Bu ugurda baý tejribe toplan daýhanlar Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri-de, Baýramaly etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hudaýberdi Akmyradow. Ol özüne berkidilen 12 gektara golaý kärende ýerinde orta süýümli gowaçanyň «Ýolöten–7» sortuny ösdürip ýetişdirýär. Daýhan yhlasy bilen giň meýdanda gunçalap, gülläp, bir çetinden gozalap başlan gowaçalara ser salanyňda, bu ýerlerden bol hasylyň öndüriljekdigine bolan ynamyň artýar. — Şu günler gowaça meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, iýmitlendirmek bilen bir hatarda bu ekiniň zyýankeşlerine garşy bioserişdeleri hem peýdalanýarys. Ylaýta-da, biokärhanalarda öndürilýän altyngözlüjeleriň bu babatdaky ähmiýeti has-da uly. Şoňa görä-de, şu ýyl gowaçanyň her gektaryndan 45 sentner hasyl almagy maksat edinýäris. Biz, daýhanlara abadan durmuşda erkana ýaşamaga, yhlasly işlemäge, sahawatly toprakdan bol hasyl öndürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys — diýip, tejribeli daýhan Hudaýber

Azyk senagaty: düýe çalynyň taýýarlanylyşy

Halkymyzyň durmuşynda derde derman düýe çalyna taý geljek içgi, megerem, ýok bolsa gerek. Häzirki döwürde — tomus günlerinde teşneligiňi gandyryjy bu içgini taýýarlamagyň tehnologiýasy has ýokary derejelere ýetirildi. Aýratyn hem, türkmen telekeçileri tarapyndan senagat taýdan gaýtadan işlenilip, ýörite gaplara gaplanylyp, söwda nokatlaryna iberilýän düýe çalynyň hyrydary hemişe ýetik. Azyk senagatynda düýe çalyny taýýarlamagyň tehnologiýasynda ilki bilen, gönezlik taýýarlanylýar. Soňra şol gönezlik önümçilige iberilýär we ondan çal taýýarlanylýar.

Nohut — aralyk ekilýän kösükli ekin

Ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny, şol sanda onuň däneçilik pudagyny ösdürmäge ünsi has-da güýçlendirdi. Ýurdumyzda däneçiligi ösdürmek, kösükli ekinleriň agrotehnikasyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde kösükli, däneli ekinler hem esasy orny tutýar. Nohut birýyllyk kösükli ösümlik bolup, ol azyklyk we ot-iýmlik maksady bilen ekilýär. Onuň dänesinde 21 — 31 göterim belok, 4 — 7 göterim ýag, 2,4 — 12,4 göterim kletçatka bar. Nohudyň ununa 10 — 12 göterim bugdaý uny garylyp, dürli görnüşli çörek önümleri taýýarlanylýar. Nohut dünýäniň birnäçe ýurtlarynda ekilýär.

Gowaçanyň ujuny çyrpmak — bol hasylyň girewi

Gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri agrotehniki çäreleriň biridir. Gowaça ösümligi ösüşiniň dowamynda köp mukdarda hasyl şahalaryny – gunça, gül, goza emele getirýär. Emma birnäçe agrotehniki çäreleriň bozulmagy bilen çyrpym geçirmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Birinji suwuň has giç tutulmagy, ikinji suwuň arasynyň uzaklaşdyrylmagy, azot döküni berlende köp mukdarynyň peýdalanylmagy, hasyl elementiniň zaýalanmagy we zäherlenmegi, ýokary ýylylykda uzak wagtyň dowamynda saklanmagy ýaly amatsyz şertler sebäpli, gowaçanyň hasyl synalary ýere gaçýar. Ýokary hilli agrotehniki şertlerde emele gelen gunçalaryň diňe 45– 50 göterimi gülleýär. Hasyl synalarynyň köpçülikleýin dökülýän wagty iýul–awgust aýlaryna gabat gelýär. Bu döwürde ösümlikler güýçli ösüp, hasyl toplaýandygy sebäpli, iýmit maddalaryny we yzgary köp talap edýär. Şoňa görä-de, kök ulgamy ähli hasyl şahalaryny we hasyl agzalaryny iýmit we suw bilen ýeterlik üpjün edip bilmeýär. Şol sebäpli gunçalar we güller hasyl şahalarynda saklanyp bilmän dökülýär.

Tygşytlylyk — rysgal berekediň çesmesi

Tebigat zähmetkeş halkymyza baýlyk baryny eçilipdir. Türkmen tebigaty ýerasty we ýerüsti baýlyklary, keremli daglary, ajaýyp sährasy, gül-gülälekli baýyrlary, tereň derýalary, gojaman deňzi, miweli we saýaly agaçlary, bag-bakjalary, dermanlyk ösümlikleri, täsin haýwanat dünýäsi bilen Ýer ýüzüni haýrana goýýar. Ýaşaýşy gowulandyrmagyň gözleginde bolan ata-babalarymyz ähli nygmaty tygşytly, ýerlikli ulanmagy gündelik durmuşyna ymykly ornaşdyrypdyr. Mysal üçin, babadaýhan pederlerimiz suwy ýerlikli ulanyp, toprakdan bol hasyl almagyň inçeliklerini öwrenipdirler. Olar ekiniň suwy ýetmese guraýandygyny, suwy artyk bolsa çüýreýändigini bilipdirler. Diýmek, ýerden bol hasyl almak üçin suwy örän rejeli peýdalanmaly. Bu bolsa irginsiz zähmeti talap edýär. erkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bolelinlikde, eşretli durmuşda ýaşaýar. Il-ulsumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Ülkämiziň nazu-nygmatlardan doly toý saçagy gözleri, göwünleri dokundyryp, agzybirligiň, zähmetsöýerligiň, tygşytlylygyň bereket bulagydygyny görkezýär. Şeýle-de halkymyz zaýaçylyga, isripçilige ýol bermez. Munuň bilen bagly Keý-Kowsuň «Kowusnama» eserinde gymmatly pikirler öňe sürlüp: «Her betbagtlygyň bir sebäbi bardyr, garyplygyň sebäbi-de zaýaçylykdyr. Diňe bir mal-döwleti harçlamakda däl, iýmek-içmekde, işlemekde, gürlemekde — haýsy zatda bolsa-da, isrip etme