"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pagta ýygymy bosagada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň boldumly hasylyny ösdürip ýetişdirýän edermen pagtaçylarymyz üçin gyzgalaňly hem jogapkärli döwür bolan pagta ýygymy barha golaýlaýar. Daýhanyň zähmet deri siňdirilip kemala getirilen hasyly çalt we gysga möhletde ýygnap almaga şu günlerden ykjam taýýarlyk görmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda Sarahs etrabynyň hojalyklarynda möwsüme taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy bilen gyzyklanyp, Sarahs etrap pagta arassalaýjy kärhanasynda bolduk. Şu ýyl etrabyň hojalyklarynda 18 müň gektar meýdanda gowaçanyň boldumly hasyly kemala getirilip, şol meýdanlardan 39 müň tonna pagta almak meýilleşdirilýär. Ýurduň esasy baýlyklarynyň biri bolan pagtanyň öndürilişini artdyrmak, ýerden ýokary hasyl almakda daýhany ähli tarapdan goldamak we olary ykdysady taýdan höweslendirmek babatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilýär, döwlet tarapyndan oba hojalyk pudagyna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokary bolmagyny üpjün etmekde gazanylýan ykdysady görkezijileriň iki tarapa-da bähbitli bolmagyny gazanmak babatynda aýdyň wezipeler kesgitlenilip, şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini ýola goýmak çäreleri üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pagtany

Gallaçy daýhanlar ekişe taýýarlyk görýärler

Güýzlük däne ekişi daýhanlarymyzyň öňünde durýan jogapkärli möwsümleriň biri bolup durýar. Ak bugdaý etrabynyň gallaçy daýhanlary hem möhüm möwsüme göwnejaý taýýarlanýarlar. Häzirki wagtda gyzgalaňly alnyp barylýan tekizlew we geriş çekmek işleriniň güýzlük däne ekişine taýýarlyk çärelerinde uly ähmiýeti bardyr. Agzalan meýdan işlerinde kämil oba hojalyk tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar yhlasly işleýärler. Etrapda tohumyň taýýarlygyna hem uly ähmiýet gönükdirilýär. Tohumlyk hojalyklarynda taýýarlanan tohum degişli talaplara laýyklykda arassalanýar. Ekiji tehnikalary güýzlük däne ekişine taýýarlamakda etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň we daýhan hojalyklarynyň abatlaýjy-hünärmenleriniň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Bu işler geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişine taýýarlykly girişmäge we guramaçylykly alyp barmaga şert döredýär.

Dertlere derman ary baly

Asylly zähmet — üstünlikleriň açary. Islendik käre yhlas siňdirip, ondan oňat baş çykaryp bilseň, çeken zähmetiň ýerine düşüp, il içinde belent at-abraýyň eýesi bolýarsyň. Edýän işiňe höwesli çemeleşilende bereket çeşmesiniň gözbaşy bol rysgal eçilýär. Her bir işiň özüne ýetik ugur-täri bolup, ony amala aşyrmak üçin zehin, başarnyk, ugurtapyjylyk gerek. Balarylary idetmek ýaly hysyrdyly hem-de zähmeti köp talap edýän jogapkärli iş bilen meşgul bolmak Aždar Abdullaýewiň ýaşlykdan höwes bildiren işidi. Ol uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli zähmet çekip, baý tejribe toplan balçydyr. A.Abdullaýew balary idetmek işine baş goşan ilkinji günlerinden tejribeli balçylaryň göreldesine eýerip, bu käriň inçe syrlaryny ele almagy başarypdyr. Aslynda, balary idetmek döwri ýaz, tomus, güýz aýlary hasaplanýar. Bu döwürde işewür balçylar ekerançylyk meýdanlarynda bolmak bilen, ynsan saglygyna peýdaly azyk önümi bolan ary balyny taýýarlamak bilen meşgul bolýarlar. Ýaz aýlarynda taýýarlanýan ary baly, esasan hem, meýdan otlarynyň gülüniň şiresinden ýygnalýar. Munuň üçin tejribeli balçylar ýaz aýlarynda gül-pürçüge bürenen meýdana çykyp, dürli ösümlikleriň hasabyna önüm ýygnaýarlar.

Bazarlaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy gül-gülzarlyga öwürmek, bagy-bossanlyga büremek barada berýän tabşyryklaryny, «Gök guşak» syýasatyny durmuşa geçirmekde Köneürgenç etrabynyň bagbanlary işjeňlik görkezýär. Bagbanlar bagçylyk hojalyklarynda dürli miweli nahallary ekip, olara ideg edip, boýy ýetenlerinden bol hasyl almak üçin bu ugurda yzygiderli tagalla edýärler. Etrabyň ähli hojalyklarynda bagbançylyk bilen meşgullanýan ýer eýeleriniň sany barha artyp, olar bu ugruň tejribeli ussatlaryndan halypalyk maslahatyny soraýarlar. Netijede, yhlaslary ýerine gowşup, ýaşajyk nahallar datly miwesi bihasap agaçlar bolup, gözüňi dokundyrýar. Etrabyň hojalyklarynda ýetişdirilen miweler bazarlarymyzyň berekedine bereket goşup, saçaklarymyzy dürli nygmatlar bilen bezeýär. Döwletimiziň agrar pudagynyň ösüşlerini ilerletmekde topragyň çyn hossarlaryna döredilip berilýän giň mümkinçilikler olary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Tejribeli bagbanlaryň göreldesine eýerip, döwrüň ösen tehnika-tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýan, az ýerden ýokary hasyl we girdeji alýan adamlaryň sany barha artýar. Bu bolsa etrapda agrar ulgamynyň bagçylyk ugrunyň-da giň gerim alýandygyny görkezýär. Etrabyň bagbanlary döwlet Baştutanymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bazarlarymyzy dürli miwe önümlerinden doldurýarlar.

Dowarlaryň güýz gyrkymy

Kaka etrabynyň maldarlary dowarlaryň güýz gyrkymyna taýýarlykly başladylar. Etrabyň maldarlary häzirki jogapkärli möwsümiň dowamynda dowarlaryň müňlerçesinde güýz gyrkymyny geçirmegi meýilleşdirýärler. Möwsüme taýýarlykly gelnendigini aýratyn bellemek bolar. Möwsüm üçin amatly ýerleriň saýlanyp alynmagy güýz gyrkymynyň göwnejaý alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Möwsümde zähmet çekýänler üçin göwnejaý iş we dynç alyş şertleri döredildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň wekilleri bolup, möwsüme gatnaşýan maldarlar bilen duşuşýarys hem-de armalaryny ýetirýäris.

Bosagada — pagta ýygymy möwsümi

Welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary şu ýyl 135 müň gektar meýdanda gowaça ýetişdirip, şondan 280 müň tonna “ak altyn” almagy maksat edinýärler. Bu bolsa, oba zähmetkeşlerimize häzirki günlerde gowaçaly meýdanlaryň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gowaçanyň ideg işleriniň ahyrky tapgyrlary ähli etraplarymyzda göwnejaý alnyp barylýar. Daýhanlarymyz pagta ýygymyna hem ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Etraplaryň “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleri pagta ýygyjy kombaýnlary taýýarlyk hatarynda goýmak ugrunda tutanýerlilik görkezseler, pagta arassalaýjy kärhanalaryň işgärleri harmanhanalardyr kabul ediş nokatlarynyň taýýarlygyny birjik-de ünsden düşürmeýärler. Sazlaşykly tagallalar oba hojalygyndaky jogapkärli möwsüme guramaçylykly başlamaga we gysga wagtda tamamlamaga şert döreder.

Möwsüme ykjam taýýarlanylýar

Garaşsyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişi möwsüminiň golaý gelmegi bilen, oňa doly taýýarlykly girişmeklige gönükdirilen çäreler welaýatymyzyň ähli künjeklerinde hem ýokary depginde barýar. Şunda şu mahala çenli ekin meýdanlarynda sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly gaýragoýulmasyz işler bilen bir hatarda, ekişe gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalaryň, olaryň gurallarynyň talabalaýyk gözden geçirilmegine, kemçilikleriniň düzedilmegine aýratyn üns berildi. Häzirki günlerde bolsa daýhan birleşiklerinde, degişli edara-kärhanalarda bugdaý ekişini guramaçylyky amala aşyrmak boýunça ýörite meýilnamalar düzülip, işleriň bökdençsiz dowam etdirilmegine derwaýys şertler döredilýär. Şeýle möhüm işleri durmuşa geçirmek ugrunda Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem gaýratly zähmet çekýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar kärhananyň hasabynda bar bolan sürüm hem-de bejergi traktorlaryny, olaryň iş gurallaryny abatlamaklyga, doly taýýarlyk hataryna çykarmaklyga öz wagtynda girişip, bu babatda göwnejaý netijeleri gazandylar.

Mugallymyň bagy

Halkymyzyň arasynda bagbançylyk bilen meşgullanýan adamlara hemişe hormat-sarpa goýulýar. Zähmetsöýer bagbanlarymyzyň alyn derini ene topragymyza siňdirip ýetişdiren ir-iýmişleridir miweleriniň hasabyna bazar bolçulygy, saçaklarymyzyň berekedi artýar. Bu gün bag ekmek ýaly sogaply işe dürli kärde zähmet çekýän ynsanlar hem baş goşýarlar. Olaryň çekýän gaýratly zähmeti netijesinde, ene topragymyzda bişip ýetişýän miweleriň görnüşleri-de, mukdary-da ýylsaýyn artýar. Şeýle asylly işe baş goşanlaryň biri-de Baýramdurdy Atabaýewdir. Ol käri boýunça mugallym. Baýramdurdy mugallym birnäçe ýyl mundan öň ýanýoldaşy, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülşat Annamädowanyň kärende ýeriniň bir bölegini bagçylyga öwürmegi ýüregine düwdi. Mugallymyň bu pikirini daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary, oba adamlary goldadylar. Zähmetsöýer mugallym tiz wagtda ýeri bag nahallaryny ekmäge taýýarlady, erik, şetdaly, garaly, ülje, beýi, alma, armyt nahallarynyň hersinden onlarça düýbüni göni hatarlar boýunça belli çäk aralygynda oturtdy, wagt tapdygy, yhlas bilen olaryň idegini ýetirdi.

Kuwwatly tehnikalar güýçli gollarda

Ene topragy işläp bejerýän adamlaryň baş maksady oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak bolup durýar. Munuň üçin bolsa ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ýaly ýeňil bolmadyk meseläni üstünlikli çözmeli bolýar. Belent maksatlara ynamly ýetmek üçin berk esaslaryň bardygyny-da bellemek ýakymlydyr. Indi ýer eýeleri daýhançylygyň her bir işinde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň güýjüne, olaryň giň mümkinçiliklerine daýanýarlar. Ýetip gelýän güýzlük bugdaý ekişinde hem tehnikalar esasy güýç bolup durýar. Häzirki günlerde ýerlerde olary möwsüme taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde daýhanlara kämil tehnikalar barha elýeterli bolýar. Munuň şeýledigine biziň welaýatymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kuwwatly tehnikalaryň uly toplumy «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki önümçilik kärhanalarynda jemlenendir. Olarda gün-günden golaýlaşyp gelýän bugdaý ekişinde işlediljek tehnikalary, iş gurallaryny abatlamakda we taýýarlyk nyzamyna goýmakda ýokary guramaçylyk görkezilýär. Abatlaýjy ussalar özlerine degişli işleri ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Şeýle çemeleşme bolsa bugdaý ekişi ýaly jogapkärli möwsümde tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegine uly ýardam berer.

Ikinji ekin — bolçulyk çeşmesi

Welaýatymyzyň ussat daýhanlary yhlasly zähmet çekip, ýylda toprakdan iki hasyl almakda görelde alarlyk işleri bitirýärler. Munuň üçin olar bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekip, olardan bol önüm alýarlar we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl hem olar beýleki önümler bilen bir hatarda ýurdumyzyň ilaty üçin şalyny köp öndürmegi maksat edinýärler. Bereket tohumy taşlanan meýdanlarda bu dänelik ekiniň bol hasyly ýetişdirilýär. Häzirki günlerde tejribeli ýer eýeleri bu ekine yhlas bilen ideg edýärler. Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Ogulbaýram Allaberdiýewa hem şolaryň biri. Daýhan zenan geçen orakda özüne berkidilen üç gektar meýdandan 15 tonna 440 kilogram guşgursak bugdaýy Watan ammaryna tabşyrypdyr. Munuň özi daýhan birleşigi bilen baglaşylan şertnamalaýyn borçnamada bellenilenden 6 tonna 140 kilogram köpdür. Şonda her gektardan alnan hasyl 51,5 sentnere golaýlapdyr. Ýer eýesi orak tamamlanan dessine 2,3 gektar meýdany şaly ekmäge taýýarlapdyr, ekişi aýny wagtynda geçirip, endigan gögeriş gazanypdyr. Onuň gök öwsüp, gün-günden boý alnan ekinlerini synlanyňda, olara yhlas bilen garaşyk edilýändigine aýdyň göz ýetirip bolýar. Ogulbaýram daýhan birleşigi bilen şalynyň her gektaryndan 46 sentnerden geçirip hasyl tabşyrmak barada şertnama baglaşypdyr. Ol şertnamalaýyn borçnamasyny a

Solmazyň bereketli meýdany

Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary bugdaýdyr gowaça, gökdür bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, olardan ýokary hasyl almakda ýylyň-ýylyna üstünlik gazanýarlar. Hojalykda ene toprakdan bol hasyl alýan öňdebaryjy toparlaryň birnäçesi bar. Sylap Allanazarowyň ýolbaşçylyk edýän 6-njy kärendeçiler toparynyň edermen gallaçylary hem şolaryň hatarynda. Olar geçen orak möwsüminde hem bugdaý ekilen 24 gektar meýdanyň her gektaryndan meýilnamada görkezilen 30,7 sentnere derek 40 sentnerden gowrak hasyl ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy başardylar. Öňdebaryjy toparyň agzalary şu güýzde 48 gektar meýdana bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar, her gektaryň hasyllylygyny bolsa 50 sentnere ýetirmegi maksat edinýärler. Häzirki günlerde bugdaý ekiljek meýdanlar ekişe taýýarlanylýar, ýerler dokünler bilen gurplandyrylýar. Olar şüdügär sürümini iň soňky gektarlarda alyp barýarlar. Bu işlerde mehanizatorlar Astan Aganyýazow, Ýagşymyrat Hudaýnazarow, Agamyrat Hudaýnazarow yhlaslylyk görkezýärler. Toparyň ussat kärendeçileriniň biri-de Solmaz Muhyýewadyr. Solmaz her ýyl bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla oragyny hem üstünlikli jemlemegi başardy. Ol şertnamalaýyn borçnamada görkezilen 28 sentnere derek gektaryň hasyllylygyny 60 sentnerden geçirip, galla almagyň hötdesinden geldi. Biz toparyň «Çapalak atyz» diýlip atlandyrylýan meydanyna gel

Oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek

Her bir pudagyň ösüşi — bu milli ykdysadyýetimiziň geriminiň giňelmeginiň kepilidir. Azyk önümleriniň bolçulygy, şeýle-de öndürilýän önümleriň ýaramlylyk möhleti, olaryň içerki we daşarky bazarlardaky müşderileriň islegini doly kanagatlandyrmagy — bularyň ählisi oba hojalyk pudagynyň görnetin ösýändiginiň güwäsidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda bu ylmy-barlag institutlarynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň Diýarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de Döwlet ýer kadastryny ýöretmek boýunça işleriň çäklerinde zerur bolan tehnikalar, enjamlar bilen üpjün etmek babatda zerur bolan tagallalar ýerine ýetirilýär.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Daýhan yhlasy — bereketli hasyl Toprak — ekleýjimiz. “Ýykylsaň ýere ýapyş” diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Muňa oňat düşünýän oba zähmetkeşleri onuň her daban ýerini ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarlar. Daýhanyň maňlaý deri siňen ene toprak atylan her bir dänäni müň edip yzyna gaýtarýar.

Möhüm möwsüme taýýarlyk

Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlarynyň tutanýerli zähmeti bilen, şanly ýylymyzda ak bagta deňelýän «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilýär. Daýhan üçin gyzgalaňly döwür bolan häzirki günlerde gowaça meýdanlary joşgunly zähmete beslenýär. Möhüm möwsüme taýýarlygyň çäginde oba hojalyk düzümleriniň sazlaşykly hereketi ýola goýuldy. Şu günler welaýatyň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýygym möwsüminde işlediljek kombaýnlaryň, dürli kysymly tehnikalaryň, traktorlaryň tirkegleriniň tehniki ýagdaýy gözden geçirilýär, düýpli abatlanyp, taýýarlyk hatarynda goýulýar. Sebitiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda, harmanhanalarda täze hasyly bökdençsiz kabul etmek, aýawly saklamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirildi. Patrak ýaly açylan gozalar ýygym möwsüminiň barşynda taýýarlanylmagy göz öňünde tutulan 275 müň tonnalyk sepgide ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin bökdençsiz kabul ediler.

Bu toprakda mekan tutan del ekin

Mundan ýarym asyr ozal, talyp döwrümde «kabaçok ikrasy» atly çüýşe gaba gaplanan, özem biraz goňras-gyrmyzy reňkli arzandan hümmetli tagamy witamin zerurlygy bilen ilkinji gezek iýip görüpdim. Görüp otursak, bu goýultmanyň düzüminde üwelen kabaçok bilen käşirdir sogan we pomidor üwmeji bar ekeni. Bizde ösdürip-ýetişdirip boljak ösümligiň beýleki goşundylarynyň ählisi bilen şol döwrüň ýerli azyk senagatynyň hem öndürip biljek harydy heniz nätanyşdy, çünki bu-da ozalky soýuzyň gaýry ýerlerinden getirilýärdi. Hawa, şol mahalky ýörelge-düzgünleriň bazar ykdysadyýetinden alys-daşdalygy sebäpli, ýurduň haryt üpjünçiliginiňem häzirki dürli-dümenlik bilen asla deňeşdirip bolmajak ebla ýagdaýdadygyny gören nesil bolan biz — ýaşy ulular üçin bu köpdürli eşretli ýaşaýşyň gadyr-gymmaty aýry. Dünýäniň alys künjündäki islendik harydy öz bazaryňda görmek, ylaýta-da, şolaryň aglabasynyň öz ýurduňda-da öndürilýändigi ozal hyýalyňa-da gelmedik hakykat. Özem şolaryň galabasy — hemmä elýeterli bahaly. Muňa köp mysallardan biri — ýene kabaçok. Tagamy badamjanyňka çalym edýän bu önümiň bahasy hem edil badamjanyňky ýaly. Munuň sebäbi, onuň ýurdumyzda geregiçe öndürilýändiginden. Üstesine, munuň şindi hem müşderisi bol däl. Onsoň bu bişirip-düşürmesi hem iňňän ýeňil-aňsat önümiň, iň bolmanda, käbir jähetlerini öwrenmegi müwessa bildim. Internet maglumatlarynyň birinde asly Demirgazyk Me

Mäşiň bereketli hasyly kemala gelýär

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň gündelik isleg bildirýän ter gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça oba hojalyk işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça Köneürgenç etrabynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde etrabyň Akgala daýhan birleşiginiň çäginde mülkdar Gurbanmyrat Ýazmyradowyň alyp barýan işlerini bellemek bolar. Gurbanmyrat aga özüniň 3 gektar ýerinde her ýyl däneli ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, bol hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Öňki ýyl ol künji eken bolsa, geçen ýyl mekgejöwen ekip, bol hasyl almagy başardy. Ol Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda özüniň mülk ýerinde mäşiň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Her ýyl dürli ekinleriň ekilmegi ýerleriň hasyllylygyny artdyrmakda oňyn netije berýär. Şonuň üçin mülkdar bu işi ünsden düşürmeýär. Şu ýyl hem ol mäşiň ekişini öz wagtynda geçirip, otamak, ýekelemek, zyýankeşlerden goramak, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly ähli agrotehniki işleri öz wagtynda ýokary hilli geçirdi. Bu bolsa bol hasylyň kemala gelmegine şert döretdi. Mäş ekilen meýdanlar mülkdaryň çeken zähmetiniň ýerine düşjekdiginden habar berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň or

Ussat kärendeçi zenan

Ekini ösdürip ýetişdirmek üçin yhlasly zähmetiň gerek bolşy ýaly, birkemsiz ýetişen hasyly yrýa etmän, ýygnap almaga hem başarnyk, guramaçylyk gerek. Halkymyzda ene topraga ak bugdaýyň tohumyny ekmek, ondan bol hasyl almak, saçaga bereket goşmak sogap iş hasaplanýar. Ynha, gadymy Lebap topragynyň gallaçy daýhanlarynyň hem döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirmekde gazanan üstünlikleri olaryň hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp çeken zähmetleriniň datly miwesi, bereketli topraga siňdiren yhlaslarynyň ajaýyp görkezijisi boldy. Şeýle göreldeli daýhanlaryň biri hem Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýgül Jumaýewadyr. Halal zähmeti bilen hemmelere görelde bolýan Aýgül gelneje özüne degişli 2 gektar kärende ýerinden ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny alyp, döwlet harmanyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Şu ýyl hem zähmetkeş zenan her gektardan 5 müň 200 tonna, jemi bolsa 10 müň 400 tonna bugdaý hasylyny döwlet harmanyna tabşyryp, özüniň öňde goýan maksadyna ýetdi, abraý bilen borçnamany berjaý etdi.

Ýorunjany ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy

Biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýorunja mallar üçin ýokumly ot-iýmlik ekindir. Bu ekin terligine we guradylan bede görnüşinde mallara bermek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Ýorunja diňe bir mallar üçin ýokumly ot bolman, eýsem, ol özüniň kökündäki bakteriýalaryň kömegi bilen howadaky erkin azot maddasyny toplap, ony özleşen halda, ýagny ýorunja sökülenden soňra ekilen ekin üçin taýýar dökün maddasynyň ýagdaýyna öwürýär. Şonuň üçin pagtaçylyk bilen meşgullanýan etraplarda ekin dolanyşygy geçirilende ýorunja uly üns berilýär. Ýorunja belogy köp saklaýan gymmatly ot-iýmlik we topragy gurplandyryjy ekindir. Ýorunjanyň gök otunda dürli ýokumly maddalar bolýar, şol sanda belok 3,3 göterim, karotin we mineral duzlar köp mukdarda saklanýar. Onuň düzüminde oba hojalyk mallaryna zerur bolan witaminleriň ählisi diýen ýaly bar, esasan hem karotin we askorbin kislotasy köp bolýar. Ýorunjanyň 100 kilogram bedesinde 53,4 göterim ot-iým birligi bolup, ol göklügine, bede we senaž edilen görnüşinde mallara berilýär.

Gülzar obasynyň gülçüsi

Ýurdumyzyň ak bazarlarynda oba hojalyk önümleriniň giň bolçulygy dolup-daşýar. Onuň hakykatdan şeýledigine biziň her birimiz gözli şaýat. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bazar bolçulygynda kärendeçi daýhanlardyr bagbanlar, maldarlar bilen bir hatarda, şahsy mellek eýeleriniň hem goşandy kiçi-girim däl. Melleginde kömekçi hojalygy ýola goýup, dürli önümleri öndürýän, maşgalasyna köp mukdarda girdeji getirýän maşgalalar hem az däl. Biz hem gazetimizde täze rubrika arkaly ýurdumyzyň dürli künjeginde mellegini has netijeli peýdalanýan adamlar dogrusynda dürli žanrdaky gazet makalalaryny yzygiderli berip durmagy göz öňünde tutýarys. Şabat etrabynyň Nowbahar geňeşliginde bir obanyň ady Gülzar. Oba bilen tanyş bolanyňda, «Bu ady tüýs bilip dakypdyrlar» diýeniňi duýman galýarsyň. Sebäbi bu obada gül ösdürip ýetişdirmeýän maşgala ýok. Obanyň ýol ýakasynda miweli agaçlar bar diýäýmeseň, ilatyň mellekleri durşuna dürli görnüşli güllerden doly. Melleginde bezeg gülleriniň nahalyny oturtmak, otag güllerini edinmek, ter çemen dessesini satyn almak isleýänler ýöriteläp şu oba gelýärler. Welaýat merkeziniň, etrabyň gül bazarlaryny ter gül desseleri, gül nahallary bilen doldurýan-da, esasan, şu obanyň adamlary.

Belent maksatly iş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynyň agzybir işgärleri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak üçin joşgunly zähmet çekýärler. Ady agzalan birleşigiň işeňňir adamlarynyň 14-sini özünde jemleýän önümhananyň işçi-hünärmenleri telekeçilerdir daýhanlardan, içerki bazarlardan amatly nyrhlardan satyn alynýan pomidor, hyýar ýaly gök önümleri, miweleri aýna gaplara gaplap, ilatyň gaplama önümlerine bolan ösen islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. — Önümhanamyzyň işgärleriniň hemmesi öz işine ussat, işeňňir adamlar. Olardan Begenç Saryýewiň, Oguljemal Gutjaýewanyň, Güljeren Hotjyýewanyň adyny ilkinjileriň hatarynda agzasym gelýär. Bu işçiler göreldeli zähmet çekmek bilen, birleşigimizde halypa-şägirtlik ýörelgesiniň nusga alarlyk derejede dowam etmegine-de özleriniň gowy täsirlerini ýetirýärler — diýip, birleşigiň önümçilik boýunça hünärmeni Begenç Pendigulyýew gürrüň berýär.