"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bugdaý ekişi badalga alýar

Ýene-de bereketli güýz pasly bosagamyzdan ätledi. Bu döwre öňden garaşýan daýhan bilini mäkäm guşap, meýdana çykdy. Kemsiz tekizlenip ekişe gowy taýýarlanan atyzlar göýä tohuma garaşýan ýaly. «Çarşenbede çar ýana» diýýän türkmen bu güni sähetli gün hasaplap, döwletli tutumlary şoňa gabatlapdyr. Ine, şu gün, çarşenbe gününde hem ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy esasynda, ak sakgally ýaşulularymyzyň «bismilla» bilen başlap bermeginde güýzki bugdaý ekişi badalga alýar. Daýhanlaryň ýeri ekişe birkemsiz taýýarlaýşyndan, tehnikalaryň üpjün edilişinden bugdaý ekişiniň öz möhletinde, ýokary hilli geçiriljekdigini aňmak bolýar. Galyberse-de, bu ýyl oba hojalygynda geçirilen özgertmeler daýhanyň-da, mehanizatoryň-da ýere bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgüdi bilen, esasy oba hojalyk önümleri bolan pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy önümçilige oňyn täsirini ýetirdi. Janypkeş daýhan her daban ýerden aljak hasylyny, topragyň düzümini nazary bilen ölçeýär. Bu babatda asylly ýörelgelere eýerýär. Ata-babalarymyzdan galan “Baýlygyň enesi — ýer, atasy zähmet”, “Arykdan suw akar, daýhana Hudaý bakar”, “Ala sürlen ýeri çöp basar” ýaly onlarça pähim-paýhasa ýugrulan sözler bu günki günde hem asylky ähmiýetini saklap galýar.

Bol hasyl ýetişdirildi

Babadaýhan etrabynyň edermen pagtaçylary şu ýyl 24 müň gektara gowaça ekip, şol meýdanlardan 51 müň 300 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 6-synda, daýhan hojalyklarynyň 49-synda gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilip, şu günler pagta ýygymyna doly derejede taýýarlyk görülýär. Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta kabul ediljek harmanhanalaryň, hasyly daşajak tehnikalaryň taýýarlygyna uly üns gönükdirilýär. Möwsümde etrabyň pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 3-sinde hasyl bökdençsiz kabul edilip, onuň arassalygyna we çyglylyk derejesine doly gözegçilik ýola goýlar. Munuň üçin barlaghanada zerur enjamlar ýerleşdirilipdir.

Gyş gawunlarynyň seresi

Garrygyz gawunynyñ gyş möwsüminde bereketli saçagymyzda bolmagy üçin, ony awgust aýynyň başynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekmeli. Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýolly daýhan» daýhan hojalygynyñ zähmetsöýer bakjaçylary muňa oňat düşünýärler. Olar türkmen bakjasynyń guwanjy bolan garrygyz gawunyny awgust aýynyñ başynda 10 gektar meýdana ekip, oňat gögeriş gazandylar. — Gyş gawunlarynyñ seresi bolan garrygyz bişip ýetişýänçä 90-120 gün gerek bolýar. Ortaça agramy 3-5 kilogram bolan garrygyz gawunynyñ düzüminde 18 göterime çenli süýjülik bolansoň, oňa ak bazarlarymyzda hemişe isleg uly. Daýhan hojalygymyzda 50 gektar meýdanda ekip ýetişdiren «Astrahan» sortly garpyzlarymyzyñ hasyly-da bereketli boldy. Öz zähmetimiz bilen ýetişdirýän bakja önümlerini ilatyñ bereketli saçagynda görmek, ýurdumyzyñ azyk bolçulygyna goşant goşmak biz üçin uly bagt. Bizi şeýle bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip, daýhan hojalygynyñ işjeň agzasy, tejribeli bakjaçy Aždarguly Rejepgulyýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Ýeriň görki galladyr

Edermen, zähmetsöýer gallaçy daýhanlar her ýylyň güýzlük bugdaý ekişini ýokary taýýarlyk bilen garşylaýarlar. Tomusda, galla oragy tamamlanansoň, dessine ýerler şüdügärlenýär, dökünler bilen iýmitlendirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş berip, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berjaý edilýär. Ekiş üçin ýokary hasylly bugdaý sortlarynyň ýokary hilli tohumlary taýýarlanylýar. Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilýär. Netijede, ekişe hemmetaraplaýyn, doly taýýarlyk görlensoň, mele topragyň gerşine guşgursak dänäni ekmegiň wagty gelýär. Ekiş möhletini örän takyk bellemeli. Munuň üçin howanyň güýzlük ekişe, ekişden soňky gögerişe oňaýly bolaýjak ýagdaýyny içgin öwrenmeli. Dogry, halk arasynda ekiş döwürlerini tebigy alamatlar boýunça kesgitlemek ynanjy hem bar. Mysal üçin, «güýzki bugdaýyň ekişine igde miwesiniň daşy ýaldyrap başlanda girişibermeli» diýýärler. Bu bir ynanç. Aňymyzda ýer alan şeýle yrym-ynançlary diňe milli mirasymyzyň bir ülşi hökmünde kabul etmeli. 2025-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine hormatly ýaşulularyň «Bismi

Gallaçylarymyz ekişe girişýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, şu gün biziň welaýatymyzda hem 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin güýzlük däne ekişine dabaraly ýagdaýda girişilýär. Welaýatymyzda bu möhüm çärä ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Şu ýylyň bugdaý hasylyny isripsiz ýygnap alan welaýatymyzyň daýhanlary sürüm, tekizlemek, geriş çekmek işlerine turuwbaşdan uly ähmiýet berdiler. Şeýlelikde, ekiş geçiriljek meýdanlaryň möwsüme talabalaýyk taýýarlanmagyny gazandylar. Ekişde ulanyljak tehnikalar we iş gurallary hem taýýarlyk hatarynda goýuldy. degişli hünärmenler güýzlük däne ekişinde ulanyljak tohumlaryň taýýarlygyna jogapkärli çemeleşdiler. Bu bolsa, bugdaý ekişi möwsümine guramaçylykly başlamaga itergi bolýar.

Yhlasly zähmetiň üstünlikli netijesi

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek we ilatyň gök-bakja, miwe, däne önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak baradaky öňde goýan belent wezipelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Isgender» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçileri şu ýyl bugdaý meýdanlaryndan bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryna üstünlikli hötde geldiler. Daýhan birleşigiň ussat kärendeçisi Baýrammämmet Çopanow şu ýyl özüniň ideg edýän 40 gektar bugdaýly meýdanyndan 185 tonna bugdaý hasylyny alyp, şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etmegi başardy. häzirki wagtda tejribeli kärendeçi 5 gektar ýerde hasyla duran gowaçaly meýdanyna ideg etmek bilen, «ak altynyň» bol hasylyny almak üçin agrotehnikanyň talaplaryndan ugur alyp, has-da yhlasly işleýär. «Çekseň zähmet – ýagar rehnet» diýleni. Kärendeçiniň tutanýerli zähmeti netijesinde gowaçalardan oňat gögeriş alnyp, ideg işleri talabalaýyk geçirildi. Maşgala agzalarynyň yhlasly zähmeti özüniň oňat netijesini hem berdi. Munuň şeýledigini gowaça meýdanlarynda ak hanalaryny güjeňläp oturan gozalar hem habar berýär.

Önümçiligiň depgini ýokarlanýar

Köneürgenjiň ösümlik ýag kärhanasynyň süýt önümlerini öndürýän bölüminde şu günler işiň has gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Adatça bolşy ýaly, ýaz, tomus, güýz aýlarynda kärhanada süýt önümleriniň öndürilişi has ýokary bolýar. Kärhananyň önümçiligi ilatdan satyn alynýan süýdüň hasabyna alnyp barylýar. Süýt önümleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini alyp barýan kärhanada ýylyň başyndan bäri gazanylan önümçilik netijeleri ýokary boldy. Başgaça aýdylanda, häzirki wagta çenli kärhanada süýdüň 1 müň 33 tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi. Şonuň netijesinde süýt, gaýmak, gatyk ýaly önümleriň 165 tonnasy, mesge ýagynyň 38 tonnasy, peýniriň we dorogyň 4 tonnasy, turşadylan süýt önümleriniň 78 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Ýeri gelende aýdylsa, kärhananyň önümleriniň saldamly bölegi çagalar baglaryna, harby bölümlere ugradyldy.

Bol hasyl alynýar

Megerem, tomusda ýetişýän bakja önümleriniň arasynda iň köp küýselýänleriň biri garpyz bolsa gerek. Suwsuzlygyňy gandyrýan, birentek syrkaw-sökellikden saplanmaga kömek edýän, iýseň tagamy agzyňdan gitmeýän köz ýaly garpyzlary işden aryp gelip, günortan ýa agşamara nahardan öň ýa soň iýseň hem onuň lezzeti üýtgeşik. Hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmäge uly üns berip, bazar bolçulygyny döredýänler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem az däl. Baýramaly etrabynda iki-üç ýyl mundan ozal «Tebigat keramaty» atly hususy kärhanany esaslandyryp, pagta, bugdaý, bakja ekinlerinden, gawun-garpyz ýaly behişdi nygmatlardan bereketli hasyl alýan göreldeli ekerançy hökmünde adygyp başlan Orazgeldi Kümmäýew öz telekeçi ýoldaşlary bilen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda yhlasly işleýär. Bu hususy kärhananyň ekerançylary geçen ýylyň güýzünde 274 gektar meýdana bugdaý ekip, şu ýyl her gektardan 35 sentnerden hasyl aldylar. Häzir bu ýerde işleýän adamlaryň bir topary 15 gektar meýdanda garpyz ýetişdirýär. Ala garpyzlar bazarlara, dükanlara, alyjylara ulaglar arkaly ugradylýar, ilata hödürlenýär. Hususy kärhananyň garpyzlaryna isleg uly. — Garpyz türkmen halkynyň naz-nygmatlarynyň arasynda mynasyp orun tapan bakja önümleriniň biri. Biz bu ekine höwes bilen hyzmat edip,

Atadan pentli meýdan

Obanyň günbatar — günorta tarapyndan niýetlenen ýerden bölünip berlen täze mellegi ädimme-ädim diýen ýaly gözden geçiren Abdylla aga çil çekmek bilen gümra bolup, işläp ýören ogludyr gelniniň ýanynda aýak çekdi-de, olara ýüzlendi: — Allamyrat, Ogulşeker, tüweleme, mellegiňiz-ä tüýs diýýäniňiz bolupdyr. «Kesewiňi dürtseňem gögerdýär» diýlip, öwgüsi ýetirilýän ýer şü. Akar ýabyň hem gyrasy. Mellek üçin suw gerek bolanda, açjak gulagyň hem hiç adam bilen dahylly däl. Nesip etsin, ýurt garşy alsyn, mellegiňiz rysgal-döwletli bolsun!

Maldarçylykda innowasion tehnologiýalaryň orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda gara mallaryň sagdynlygyny gazanmakda we önümliligini artdyrmakda geçirilýän weterinar çäreler ähmiýetliligi bilen tapawutlanýarlar. Çünki oba hojalyk mallaryny ýokanç we parazit kesellerden gorap saklamak maldarçylykda esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Biz hem mallaryň gelmintoz keseli bilen baglanyşykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Türkmenistanda gara mallaryň 95 göterimi hususy, iri bolmadyk fermalarda saklanýar. Ýurdumyzyň howa şertleriniň mallary saklamaga amatlydygy üçin mallar köplenç, bassyrma görnüşli jaýlarda ýa-da üsti kölegeli aýmançalarda saklanýar. Daşoguz welaýatynda gyşyň has sowuk bolýandygy sebäpli, göleleriň üşemezligi üçin ýyly jaýlar gurulýar, uly mallar bolsa köplenç, bassyrmada saklanylýar. Mallary tomsuň yssysyndan goramak üçin aýmançalarda telär gurup, kölege edilýär. Häzir köp hojalyklarda gara mallary örüde (öriýatak usuly) bakyp saklaýarlar. Öriniň oty ýeterlik bolanda mal bakmagyň ykdysady netijeliligi pes bolmaýar, ot arzan, idegi ýeňil bolýar. Sygyrlaryň önümliligini ýokarlandyrmak, ýaş mallaryň tiz ösmegini gazanmak üçin diňe örüde bakmak ýeterlik däl, olara kada görä iýmitlendirmek maksady bilen, goşmaça ot-iým bermeli bolýar. Bäherden etrabynyň «Saýwan» daýhan birleşiginde şwisz

Miwelerdäki syrly belgiler

Gündelik durmuşymyzda bazarlarda we dükanlarda miwe satyn alýan wagtyňyz ondaky kiçijek ýelmentgileri hemmäňiz görýänsiňiz. Kompaniýanyň ady öndüriji zawod üçin gowy mahabat bolup durýar, emma ol kiçijek ýelmentgilerde dürli sanlar bar. Eger sanlaryň mukdary 4 sandan ybarat bolsa, onda olar 3 ýa-da 4 diýen sanlar bilen başlaýar. Bu sanlaryň toplumy miweleriň iň çalt ösdüriji serişdeler we usullar arkaly, ýagny dökünleriň we pestisidleriň kömegi arkaly ösdürilip ýetişdirilendigini aňladýar. 5 sandan ybarat, 9 diýen san bilen başlanýanlar: bu iň gowy önüm bolup, adaty, ýönekeý serişdeler hem-de usullar arkaly ösdürilip ýetişdirilen önümler hasaplanýar. Şeýle miweler tebigy şertlerde ösdürilip ýetişdirilýär. 5 sandan ybarat bolan kod, emma başy 8-lik san bilen başlanýan bolsa, bu miweler GMO (Genetiki taýdan modifisirlenen) toparyna degişli. Bulara köplenç daşary ýurtdan gelýän gawunlar, banan hem-de papaýa degişli.

Düýe hakynda

• Ýatkeş düýe maly endik eden ýolundan gije hem, gündiz hem azaşmaýar; • Düşbi, akylly, duýgur, şeýle hem agyr ýük götermäge ukyply we çydamly bolýar;

Möhüm möwsüme taýýarlykly barylýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak we bu babatda kärendeçileriň hem-de ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmeklerini gazanmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalygyndaky özgertmeleriň çäklerinde biziň welaýatymyzda-da 2025-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Welaýatyň edermen daýhanlary geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenilen oba hojalyk meýdanlaryny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda sürüp, suwaryp, tekizläp, mineral we organiki dökünler bilen gurplandyryp, jogapkärli möwsüme taýýarlykly geldiler. Şu oba hojalyk ýylynda welaýat boýunça 130 müň gektar meýdana bugdaý ekmek meýilleşdirilýär. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly ýerli görnüşleri bilen bir hatarda biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Alekseiç» we «Bezostaýa-100» ýaly görnüşleriniň tohumlary hem taýýarlanyldy. Geçen ýyllarda synagdan geçen bugdaýyň «Alekseiç» görnüşi şu ýyl welaýat boýunça 93 müň 206 gektara, «Bezostaýa-100» görnüşi bolsa 31 müň 10 gektara ekiler. Bu möwsümde dünýäniň öňdebaryjy «John Deere», «CLAAS», «Case» kompaniýalaryndan satyn alnan traktorlar, ekijiler we beýleki tehnikalar ulanylar. Geljek ýylda 310 müň tonna bugdaý hasylyny almagy meýilleşdirýän gallaçy kärendeçilerimiziň alyp barýan işleri arz

Pagta galyndylaryndan kagyz önümçiligi ýola goýulýar

Türkmenistanda pagta ýygnamakdan, takmynan, 240 müň tonna galyndy kagyz öndürmek üçin gaýtadan işlener diýlip garaşylýar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine salgylanyp, liga-pm.ru websaýtynda habar berildi. Ýerli çig maldan, ýagny oba hojalyk we dokma önümleriniň galyndylaryndan gaýtadan işlenýän kagyzyň öndürilmegi, daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek baradaky degişli döwlet maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar. Bu premium kagyz we kitap öndürmek üçin 85 göterimden gowrak ak reňkli kagyz önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Pagta ýygymy — jogapkärli möwsüm

Tejen etrabynyň pagtaçy daýhanlary pagta ýygymyna ykjam taýýarlanýarlar. Etrabyň oba zähmetkeşleri gowaçanyň ideg işlerini ahyrky tapgyrda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmek bilen birlikde, tehnikalary jogapkärli möwsüme taýýarlamak işlerini sazlaşykly alyp barýarlar. Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýygyma gatnaşdyryljak pagta ýygyjy kombaýnlary we gaýry tehnikalary doly derejede taýýarlyk hatarynda goýmakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 30 müň 100 gektar meýdanda ekilen gowaçadan ýokary hasyl almagy maksat edinýän etrabyň pagtaçylary şanly ýyly zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy bilen işleýärler.

Oba hojalygynyň kanunçylyk binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda uly  ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda kabul edilen «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny oba hojalyk önümleriniň we azygyň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek oba hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde öňe sürülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, raýatlarymyza oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary, buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdir

Oba hojalygy: möhüm möwsüm ýetip geldi

ÝOKARY TAÝÝARLYK ÜPJÜN EDILÝÄR Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýokary ösüşler gazanylýar. Halk hojalygynyň esasy pudagy bolan oba hojalygynda hem ýokary netijelere eýe bolunýar. Bu bolsa halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär.

Topragy bugdaý ekişine taýýarlamagyň aýratynlyklary

Oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda güýzlük bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek köp derejede agrotehniki çäreleriň ylmy esasda, ýokary derejede geçirilmegine bagly bolýar. Ylmy taýdan işlenip düzülen ekin dolanyşygy, 3 meýdanly ýorunja — gowaça — bugdaý ekin dolanyşygy ýa-da 2 meýdanly gowaça — bugdaý ekin çalşygy ulanylanda, bugdaý ekilen meýdanlardan ýokary hasyl alyp bolýar.

Joşgunly zähmetiň guwandyryjy netijeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalygynda öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we ylmyň gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümlere daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilmegi, şonuň ýaly hem ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberiniň barha artmagy obasenagat pudagynyň ýokary hilli önümleriniň eksport ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Mallary sagdyn saklamagyň usullary

Mallaryň saglygyna zyýan berýän amatsyz şertleriň biri-de, olarda ýüze çykýan näsazlyklar bilen baglydyr. «Malym — janym» diýip, maldarçylykda uly tejribe toplan pederlerimiz olaryň sagdyn ösmegine, talabalaýyk otlamagyna, köpelmegine aýratyn üns beripdirler. Çünki mallaryň sagdynlygy olaryň örňemegine gönüden-göni täsir edipdir. Maldarçylykda ýokanç keseller oba hojalyk pudagyna ykdysady taýdan uly zyýan ýetirýär. Olardan mallara we adamlara howp salýany hem-de has giň ýaýran anaerob ýokanjy — klostridiozlar (howply çiş, emfizamatoz karbunkul, anaerob enterotoksemiýasy, nekrotiki enterit we beýlekiler) diýlip atlandyrylýan ýokary zäherlilik häsiýetli kesellerdir. Maldarçylyk pudagyny häzirki zaman şertlerinde ösdürmäge bökdençlik döredýän ýokanç keselleriň biri hem garasandyr (EMKAR — emfizamatoz karbunkul, gangraena emphysematosa). Bu kesel gadymy wagtlardan bäri belli bolup, ilkinji gezek 1872-nji ýylda ylmy taýdan öwrenilipdir. Şu wagta çenli garasana garşy göreşmek boýunça gazanylan üstünliklere garamazdan, geografik ýerleşişine we toprak-howa şertlerine bagly bolmazdan, ol dünýä ýurtlarynda duş gelýän we maldarçylygyň ösmegine uly zyýan ýetirýän keselleriň biri hasaplanylýar.