"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pileçiler höweslendirildi

Bäherden etrabynda ýüpekçilikdäki häzirki jogapkärli möwsüm guramaçylykly alnyp barylýar. Etrabyň ýüpekçileri 521 guty ýüpek gurçugyny degişli talaplara laýyklykda idetmek arkaly taýýarlanan piläniň ilkinji kilogramlaryny kabul ediş kärhanasyna tabşyryp başladylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýüpekçilikde uly zähmet üstünligine beslemegi maksat edinýän etrabyň ýüpekçi kärendeçileri şanly ýylda çig piläniň 19 tonnasyny taýýarlamaga borçlanýarlar. Olaryň şu günlerki çekýän yhlasly zähmeti bu babatda meýilnamalaryna hötde geljekdigine ynamy artdyrýar.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Babadaýhan etrabynyň ak ekin ussatlary galla oragy möwsümine ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin etrabyň gallaçylary 30 müň gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirýärler. Däne ekilen meýdanlardan 60 müň 700 tonna bugdaý almagy meýilleşdirýän gallaçylar orak möwsümini guramaçylykly başlap, gysga möhletde tamamlamagy gazanmagy maksat edýärler. Möwsümde däne orujy kombaýnlaryň 63-sini işletmek göz öňüne tutulýar. Kombaýnlary netijeli işletmegi, ýygnalan hasyly kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamagy üpjün etmek barada häzirden etrap häkimliginiň, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, galla kabul ediş kärhanasynyň, beýleki ugurdaş kärhanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahatynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýüpekçilik

Ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstümizdäki ýylda işlerimiziň rowaçlyga beslenip, ýurdumyzyň ösüşlere eýe bolmagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berilýär.

Pileçiler yhlaslylyk görkezýär

Gökdepe etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gündelik gelip gowuşýan kümüşsöw gymmatlygyň tonnalary hem şeýle diýmäge esas berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda etrabyň pileçileri 657 guty ýüpek gurçugyndan ýokary hilli çig piläniň 24 tonnasyny taýýarlamagy maksat edindiler. Bu asylly maksadyň ýerine düşjekdigine olaryň şu günki iş-aladalaryndan göz ýetirip bolýar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna ýüpekçilerden gelip gowuşýan pile degişli talaplara laýyklykda kabul edilýär. Bu işde kärhananyň hünärmenleriniň tagallalary öwgä mynasypdyr.

Ýüpekçilik

Armalary ýetirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpekçilige hem aýratyn üns berilýär. Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri hem bereketli pile hasylyny taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezýärler.

Ekine yhlas siňdirilýär

Ak bugdaý etrabynyň “ak altyn” ussatlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 21 müň 900 gektarda gowaçanyň bol hasylyny öndürmegi maksat edinýärler. Bu asylly maksat oba zähmetkeşlerini gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag ýaly şu günüň möhüm çärelerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmaga ruhlandyrýar. Häzirki günlerde ýer eýeleriniň, pagtaçy kärendeçileriň her biri gowaçanyň ideginde yhlasly zähmet çekýär. Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynda ekiniň ideg işleri has göwnejaý alnyp barylýar. Ideg işlerinde kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar.

Kümüşsöw piläniň ilkinji tonnalary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda oba hojalygynyň ähli ugurlaryny oňyn görkezijilere beslemek hyjuwy bilen işleýän Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň zähmetkeşleri ýokary hilli çig piläni taýýarlamakda hem tutanýerlilik görkezýärler. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasynda ýüpekçilerden gelip gowuşýan kümüşsöw baýlygyň ilkinji tonnalary olaryň maksatlarynyň myrat tapjakdygyna ynamy artdyrýar. Ýeri gelende, gökdepeli ýüpekçileriň pile taýýarlamakda baý tejribesiniň bardygyny bellemek gerek. Üstümizdäki şanly ýylda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işiniň tejribeli pileçilere ynanylmagy — üstünlikleriň kepilidir. Möwsümiň öňüsyrasynda ýörite hünärmenler ýerlerde bolup, ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşdylar, ýüpekçiler bilen iş üstünde duşuşdylar we özara pikir alyşdylar.

Bagban bagyndan belli

Bahar pasly bu barlyga özgerdiji täsirini ýetirýär. Üstümizdäki ýylyň ýazy bolsa has bereketli geldi: ygal köp ýagdy, howa maýyl boldy. Şahandaz paslyň jadyly demi, ylaýta-da, baglarymyzyň berekede beslenmegine ýardam berdi. Baglarda sahawatly topragymyzyň bezegi bolan datly miweler bolluk bilen ýetişdi. Munuň şeýledigine Tursunbaý Ýusupowyň eýelik edýän miweli bagynda bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik. Ol Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Isbaz obasynda tejribeli bagban hökmünde tanalýar. «Bagbany bagyndan tana» diýleni. Her düýbüne yhlas siňdirseň, baglary mähir-muhabbet bilen gurşap alsaň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Tursunbaýyň eýelik edýän 7 gektar meýdany eýeleýän bagynda erikden başga-da alma, şetdaly, ülje daragtlary hem bol hasyllanýar. Bagban bize bagynda ilkinji bolup erikleriň köpçülikleýin bişip ýetişendigini, indi olary ýygmak we ýerlemek işleri bilen meşgul bolýandygyny gürrüň berdi.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Yhlasly zähmet Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly sözlerini dillerinde sena edinýän oba zähmetkeşleri üstümizdäki ýyly guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda aladalanýarlar. Şu günler welaýatymyzda galla oragyna taýýarlyk, şeýle hem iki gulak bolup çykan gowaçalara ideg etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr

BEREKET TYGŞYTLYLYKDAN BAŞLANÝAR Hormatly Prezidentimiz ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseläni hemişe üns merkezinde saklap, bu wajyp meseläniň çözgüdine gönükdirilen wezipeleri öňde goýýar. Şu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi zerur harajatlary we ýadawsyz aladalary talap edýär. Sebäbi, arassa agyz suwy bellenilen kada laýyk getirilip, sarp edijilere ýetirilýänçä köp çykdajylar edilýär we irginsiz zähmet çekilýär. Bu ýagdaýy aýtmak bilen, biz arassa agyz suwundan tygşytly peýdalanmagy nygtamakçy bolýarys.

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň, daýhanlar üçin döredýän oňaýly şertleriniň netijesinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň bugdaý meýdanlarynda bereketli hasyl kemala getirilýär. Şonuň bilen birlikde, ony öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnamak üçin taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Golaýlap gelýän şeýle jogapkärli möwsüme Akdepe etrabynyň bu ugra dahylly edara-kärhanalarynda, daýhan birleşiklerinde hem ýokary depginde taýýarlyk görülýär. Şeýlelikde, bu ýerde bugdaý oragynda ulanyljak tehnikalary, galla kabul ediş bölümlerindäki şertleri, ekin meýdanlarynyň töwereklerini gözden geçirmek, kemçiliklerini düzetmek boýunça derwaýys çäreler göwnejaý amala aşyrylýar.

Oba hojalygy

Yhlasly zähmetiň netijesi Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan maldarçylykda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, olardan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýän Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty Döwlet birleşiginiň welaýat bölüminiň agzybir maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şonda bölümiň hasabynda bar bolan 31074 ene dowardan 25886-a derek 26986 sany owlak-guzy öndürilip, meýilnama 104,2 göterim, 1799 ene düýeden 810 sany köşek alnyp, meýilnama 100 göterim berjaý edildi.

Kadaly ideg — bol hasyl

Zähmetiň joşýan ýerinde Welaýatymyzda şu ýyl 13 müň gektar ýerde gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleri ekilip, ondan oňat gögeriş gazanyldy. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, gögeriş we ösüş suwlaryny öz wagtynda tutmagyň, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmegiň bol hasylyň gözbaşydygyna oňat düşünýän pagtaçy kärendeçiler şonça meýdandan 16 müň tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýärler.

Belent maksada eýerip...

Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmaga biziň etrabymyzda hem uly üns berilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmagy maksat edinen «Gökçäge» daýhan birleşiginiň ýüpekçi kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň pileçilik möwsümini ýokary derejede alyp barýarlar. Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 13,5 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçileriň 370-si yhlasly zähmet çekýär. Daýhan birleşiginiň öňdebaryjy, tejribeli ýüpekçileriniň hatarynda Şükürbaý Mädrimowy, Güýçgeldi Berkeliýewi, Malika Ibragimowany, Bike Amanşirowany görkezmek bolar. Bu kärendeçiler ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde köplere görelde bolmagy başarýarlar. Olar häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryny tut ýapraklary bilen wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, kadaly ýylylykda arassa saklamak ýaly, zerur çärelere aýratyn üns berýärler.

Pileçiler höweslendirilýär

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda täze önümçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ussat pileçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi üçin döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Zähmetsöýer pileçileriň uly zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda ýurdumyzda pile möwsümini guramaçylykly geçirmekde ýokary netije gazanýan pileçiler höweslendirilýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň wekilleri etrabyň çägindäki pileçi kärendeçileriň iş ýerlerine aýlanyp, zähmet üstünliginiň gazanylmagyna öz goşantlaryny goşýan, ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmekde hem-de ýokary hilli pile ýygnamakda göreldeli zähmet çekýän Garaşsyzlyk geňeşliginden Hemra Gullyýewe, Bagtyýarlyk şäherçesinden Aýjemal Ataýewa, Ö.Japarow daýhan birleşiginden Maksat Ataýewe Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Munuň özi pileçileriň has-da yhlasly işläp, ýokary netijeleri gazanmaga bolan höweslerini artdyrýar.

Ýaşyl hatarlaryň idegi

Şu günler 162 müň gektara gowaça ekmegi maksat edinen Mary welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň yhlasy ýerine düşýär. Göwnejaý gögeren gowaçalar bu ýylky gowaça hasylynyň bereketli boljakdygyna umyt döredýär. Bu Baýramaly etrabynyň Agaýusup adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynyň mysalynda hem äşgär görünýär. Bu ýerde kärendeçileriň onlarçasynyň kärende ýerlerinde ekilen gowaçalar eýýäm hatar tutup başlady. Özünde işine ussat pagtaçylaryň uly toparyny jemleýän daýhan birleşiginde şu ýyl 1 müň 400 gektara gowaça ekilip, ondan bol hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda işiň hiline aýratyn üns berilýär. Ekin meýdanlarynda ýaşyl hatarlaryň sany günsaýyn köpelýär. Şoňa görä-de, kärendeçi daýhanlar ýekeleme we otag işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

Guzulary saýlap-seçmegiň usullary

Azyk önümlerini öndürmekde dowardarçylyk pudagyna uly orun degişlidir. Mallaryň geljekde sagdyn we ýokary önüm bermegi üçin guzulary öz wagtynda seçmegiň hem-de ot-iým bilen ýeterlik üpjün edip, olaryň idegini ýetirmegiň ähmiýeti örän uly. Boýuny-inini alyp, sagat ösen mallar öri meýdan şertlerinde ýaşamaga we ýokary önüm bermäge ukyply bolýarlar. Hojalykda ýaş guzularyň seçilişi zootehniki talaplara laýyk geçirilse, olardan sürüler döredilse, onda sürülerden önüm almagy dogry guramak hojalygyň has düşewüntli bolmagyny üpjün edýän aýgytlaýjy şertleriň biridir. Şonuň üçin guzularyň seçimi we olardan süri düzmek möwsümine guramaçylykly, ýokary derejede taýýarlanmak zerurdyr.

Begli mugallymyň bagy

(Oçerk) «Görogly» şadessanynda Görogly beg Harmandäli gyzyň çarbagynyň bärräginde düşläp, Gammar bilen Mirem diýen şägirtlerini ugradýandyr: «Baryň, bilip geliň, şo bagyň ne hikmeti bar?» diýip. Oglanlar girseler, görseler, miweler şahada bişip, ýere düşüp, dişläniň agzyňda bal bolup eräp, depesinde guşlar perwaz urup, bilbiller kah-kah saýrap, güller parlap açylyp, suwlar şildiräp akyp, peri-peýkerlere gaýra dur diýdirýän gyzlar saýasynda uz basyp şadyýana ýören.

Süýt önümçiligi ýokarlanýar

ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan ýakynda çap edilen hasabata görä, Meksikada sagymlyk sygyrlaryň hataryna 50 müň sygryň goşulmagyna we her sygyrdan alynjak süýdüň ortaça 1 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu bolsa Meksikanyň süýt önümçiliginiň 2024-nji ýylda 2 göterim ýokarlanyp, 30,4 milliard funtdan geçmegine ýardam berer. Häzirki wagtda Meksikada süýdüň ýarysyndan gowragy gaýtadan işlenilýär, galan bölegi içimlik süýt görnüşinde bazara çykarylýar. Ministrligiň habar bermegine görä, Meksikada ýagsyz süýdüň sarp edilişiniň 2024-nji ýylda 11 göterim artyp, 498 müň tonna ýetmegine garaşylýar.

Oraga taýýarlykly barylýar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem möhüm möwsüme — bugdaý oragyna ýokary guramaçylyk ýagdaýynda taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda edýän aladalaryndan we döredýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan babadaýhanlarymyz ýetişdirilýän hasyly ýitgisiz ýygnamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Hemmämiz üçin jogapkärçilikli bolan bu möwsümi agzybirlikde geçirmekde Saýat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlarynyň hem hyzmaty uludyr. Daýhanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrülýän sürüjiler şu günlerde etrap boýunça bugdaý ekilen 27766 gektar meýdanyň hasylyny wagtynda ýygnamaga ykjam taýýarlyk görýärler. Ýeri gelende aýtsak, şunça meýdanyň 521,25 gektaryna ýerli tohum, 11778,75 gektaryna bolsa Alekseýiç tohumy ekildi. Häzirki wagtda kombaýnlaryň jemi 49-sy oraga gatnaşmaga doly taýyn edildi. Şeýle-de kärhananyň ussalary tarapyndan ulaglary zerur bolan tehniki şaýlar bilen üpjün etmek boýunça hem bökdençsiz işler alnyp barylýar.